09:41 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -13: Garşydaş garaşmaýar | |
13. Garşydaş garaşmaýar Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp oturan bir obanyň gyrasynda eli okly, ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturyşyna, ok atym aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim, şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip, jogap beripdir. «Heý-de, onuň üçinem gözýaş dökerlermi?! Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp atyp goýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy alaryma garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr. Ol «Türkmeniň ýedi ýaşlysy şeýle pikir edýän bolsa, ýaşy ýetip, akyly goýalyşanlarda Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duýgusyna telpek goýupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |