15:41 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -1: Şübheleri syrýan delil | |
1. Şübheleri syrýan delil
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Balhda ýaşan pirleriň biri wagtal-wagtal adamlary ýanyna üýşürip wagyz-ündew eder eken. Ol «Mende Allanyň bardygyny subut edýän ýüz sany delil bar. Geliň, öwredeýin» diýip, ýörite sapak berer eken. Emma şol ýere täzelikde göçüp baran bir ýaş ýigidiň onuň maslahatyna barmaýandygyny pire aýdypdyrlar. Pir bu ýigidi öyüne getirmek üçin her hili usullar ulanyp görüpdir, emma ol öz okuwy, ylym-bilimi bilen meşgul bolup ýörüpdir. Ahyry piriň özi ýigidiň huzuryna barypdyr. Onuň näme üçin öz söhbetlerine gatnamaýandygyny, özünde Allanyň hakykatyny subut edyän ýüz deliliň bardygyny aýdypdyr. Ýigit edep bilen jogap beripdir: «Hormatly pir, delil şübhani aradan aýyrmak üçin gerek. Mende bolsa Allanyň barlygyna hiç hili şübhe ýok, şonuň üçin bu zadyň maňa ähmiýeti ýok. Men özüme gerekli zatlary öwrenmek isleýärin» diýipdir. Taryhçylar bu ýigidiň Nejmeddin Kubradygyny öz eserlerinde ýatlapdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |