08:49 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -2: Hydyr gören bedew | |
2. HYDYR GÖREN BEDEW
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ylym-bilimde, takwalykda ady uzaklara ýaýran Abdylla ibn Mübarek Merwezi dor atyny depip, duşmana garşy söweşip ýörka, birdenkä aty büdräp ýykylypdyr. Ol näderini bilmän aljyrapdyr. Töweregine garanjaklapdyr. Birdenkä alnynda jowur ak sakgally bir adam peýda bolup: «Sen ýene-de şu atyň bilen söweşe galkmak isleýarmiň?» diýip sorapdyr. Abdylla ibn Mübarek Merwezi «Elbetde» diýip, jogap beripdir. Ak sakgally adam başyndan sagrysyna çenli, atyň ýagryny birlaý sypalap goýberipdir welin, ol tarsa aýak üstüne galypdyr. Abdylla hezretleri haýal etmän jeňe girişipdir. Duşmanlaryny tary-mar edip, ýeňiş şemaly ýüzüni ýelpände, ýaňky ýaşulynyň hem özleri bilen şol meýdanda söweşip ýörendigini görüpdir. Abdylla hezretleri: «Ýaşuly, meniň atymy bejeren siz dälmi? Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorapdyr. Ak sakgally, perışde pisint ýaşuly oňa özüniň Hydyr atadygyny tanadypdyr. Şondan soň Abdylla hezretleri bu keramata düşünipdir we behişdi bedewleriniň ýanynda elmydama Hydyr atanyň gezýändigine göz ýetiripdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |