21:00 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -8: Bir ädim aralyk | |
8. Bir ädim aralyk
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Taryhy çeşmeleriň birinde şeýle waka gürrüň berilýär. Bedew atyny özünden hem eý gorýän türkmen serkerdeleriniň biri ganym duşman bilen garpyşmak üçin ala meýdana başa-baş söweşe çykypdyr. Bedewiň üstünde aňyrdan howalanyp gelşine, naýzasyny elinden düşürman duşmana tagna saljak bolýarmyşyn welin, bir ädim aralyk ýetmän dur diýýär. Türkmen serkerdesi üç gezek dagy bu hüjümini gaýtalapdyr, emma her gezegem bir ädim ýeter-ýetmez aralyk galanda, duşman hyrra yzyna öwrülip sypara maý tapýan eken. Türkmen yzyna lapykeç dolanypdyr. Mundan öň bu bedewi bilen kowalan awuny tutandygyny göz önünde aýlapdyr. Bu bärden gaýtmagyň sebäbine teý düşünip bilmändir. Ahyry şol pikirlerine ulaşyp, uka batypdyr. Düyşünde aty oňa adam dilinde: «Hojaýyn, düýn sen maňa bir çuwal iýmlik arpa alaňda, söwdagäre bir dirhem puly kem berdiň. Ana, şol bir dirhem hem seni maksadyňa ýetirmän, bir ädim bärde saklaýar. Atyň arpasy halal, ýigidiň alny-arkasy arassa bolanda, alynmaýan sepgit, aşyImaýan menzil galmaz» diýipdir. Düyşünden oýanan dessine, türkmen ol söwdagäre bilmezlikden kem tölan bahasynyň üstüni ýetiripdir we şol gün hem maksadyna ýetipdir. Halal hörek hökman maksada ýetirýändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |