09:10 Türkmenler hakynda 100 hekaýat-9: Men ýykylsam turaryn | |
9. Men ýykylsam, turaryn... Bir gezek halypasy ýaşajyk şägirdi Abdylla ibn Mübarek Merweziniň palçykIy ýolda ylgap barýanyny görüp, oňa gygyrypdyr: «Balam, seresap bol, aýagyň taýyp, ýykylaýma!» diýipdir. Kiçijik Abdylla biraz säginìpdir-de: «Halypam, meniň aýagymyň taýmasy hiç zady ùýtgetmez. Eger men ýykylsam, özüm ýykylaryn, özüm turaryn. Emma, siziň aýagyňyz taýsa, siziň yzyňyzdan gelýänleriň hem taýyp ýykylmagy mümkindir. Olaryň hemmesini galdyrmak hiç aňsat bolmaz» diýipdir. Halypasy bu sözlere haýran galypdyr, şägirdine bolan guwanjy artypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |