19:36 Türkmenler hakynda 100 rowaýat / 15-30 | |
■ 15. Ahmet Ibn Tulunyň adyllygy Müsüriň türkmen hökümdarlarynyň biri Ahmet ibn Tulunyň adyllyk çawy alyslara ýaýylan eken. Ol hepdäniň her gününde raýatlaryň arzy-halyna, şikaýatyna sereder ýaly ýörite wagt kesgitläpdir. Her kimiň haýyşyny hut öz gulagy bilen diňläp, kanunalaýyk höküm çykarypdyr. «Döwletiň sütüni adalatdyr. Hökümdar adalatdan ýüz öwürse, raýatlar tagatdan ýüz owrer» diýýän eken. Günleriň birinde onuň ogly Apbas eline tüýdük alyp, ýolboýy zoguldadyp, çalyp gelýän eken. Bir adam onuň öňünden çykypdyr-da, ur-tutApbasyň elinden tuýdügini alyp, ony şarta iki bölüpdir. Kiçijik Apbas muňa öýkeläp, kakasynyň huzuryna barypdyr. Ýolda sataşan adamdan şikaýat edipdir. Hökümdaryň buýrugy bilen ol adam dessine köşge getirilipdir. «Tüýdügi döwen adam senmi?» diýip, Ahmet ibn Tulun ondan sorapdyr. «Elbetde, men» diýip, ol adam eda bilen başyny egipdir. «A sen onuň kimiňkidigini bilýärmiň?» diýende, «Elbetde, hökümdarym, ol siziň ogluňyzApbasyň tüýdügi» diýipdir. Soltan bu jogaba gaharlanmandyr, ýone geňirgenmek bilen sorapdyr: «Ýeri, mundan habarly bolsaň, ony meniň hormatym üçin bir sylaýmaly ekeniň» diýipdir. «Hökümdarym, çaga edebi bilen ezizdir. Onuň bolmasyz bir hereketine biperwaý garamak soňlugy bilen biabraýlyk getirer. Ýörär ýoluňdan aýrylmadyk çöp nemiň ýetmegi bilen kök urar we şaha ýaýradyp, seniň öňüňi beklär. Bu wagt göz ýumlan ownuk edepsizlik soňlugy bilen uly düzgünbozmalara ýol açar. Apbas tüýdügini oňa muwapyk ýerde çalmalydy. Öten-geçeniň ýüzüne üfläp durmaly däldi. Köpüň oňlamajak, Hakyň halamajak işinden gaça durmaly» diýipdir. Bu sözler hökümdara ýarapdyr: «Edebe sygmaýan zady gören ýeriňde derhal düzet, arkanda men duraryn» diýip, gaýta ol adama hoşallyk bildiripdir. ■ 16. Hak iş bilen aldasyn Taryhda ýaşan türkmen begleriniň biri Muzaffareddin Gökböri jomartlykda we sahawatlylykda juda adygan eken. Ol her ýylda birnäçe guly ýa-da bendi-ýesiri hojaýynyndan satyn aiyp, erkinlige çykarar eken. Muzaffareddiniň öz howlusynda hem köpsanly hyzmatkär bolupdyr. Şolaryň arasynda haýsysy haýyr işi köp edip, tagat-parzyny birkemsiz ýerine ýetirse, Muzaffareddin olary hem azatlyga goýberer eken. Munuň şeýledigini bilen hyzmatkärleriň köpüsi il gözüne namaz okamaga başlapdyr. Bäş wagtyna eglip- galyp, parz-nepil ýerine ýetirip, begiň ünsüne ilmegi başarypdyr. Beg hem olary önki endigine göra erkinlige goýberipdir. Muzaffareddiniň birnäçe ýoldaşy hyzmatkärleriň şeýtmek bilen ony aldaýandygyny, bu diňe azatlyga gowuşmak üçin hile bolup durýandygyny ýaňzydypdyr. Muzaffareddin muňa darykmandyr: «Goý, Taňry bendesi bizi aldasa-da, hak iş bilen aldasyn» diýip jogap beripdir. ■ 17. Edebi bozulyp ugrasa... Türkmen soltanlarynyň biri ogluny terbiýelemek üçin tanymal atabegiň eline beripdir. Bir gün ogly mekdepden öyüne dolanyp gelende, hökümdaryň onuň yüzünde gyzaryp duran şarpyk yzlaryna gözi düşüpdir. «Kim seni bu hala saldy?» diýip, hökümdar oglundan sorapdyr. «Atabegim» diyip, oglanjyk jogap beripdir. Hökümdar derrew oglunyň mugallymyny getirmeklerini buýrupdyr. Atabeg huzuryna gelende, hökümdar onuň bilen mesawy söhbede başlapdyr. Saçak başynda bile oturyp, iýip-içipdirler. Soňra köşgüň howlusyndaky bossanlyga gezim edipdirler. Şonda hökümdar atabege ýüzlenip: «Şu gün oglumyň yüzünde mazaly düşen şarpyk yzlaryna gözüm kaklyşdy. Oglumyň özüni alyp barşy nähili?» diýip sorapdyr. Atabeg: «Hökümdarym, ol meniň buýruklaryma boýun sunmady we maňa gödek sözler bilen ýüzlendi. Men hem gaharyma bas edip bilmän, ýüzüne şarpyk çalanymy duýman galypdyryn» diýip, müýnli ýüzüni aşak salypdyr. Hökümdaryň ogluna gahary gelipdir: «Eger mugallymynyň diýenini etmeýän bolsa, ursaň-da, adyňa zat diýmerin. Edebi bozuk bolanyndan, goý, onuň barlygyndan tamamyz üzük bolsun» diýip, atabegiň bu çäresini makullaýjylyk bilen kabul edipdir. ■ 18. Gudaçylyk geňeşi Merwiň kazysy Nuh ibn Merýemiň ýaşy ýeten ulugyzy bar ekende, onuň üçin gudaçylyga gelýänleriň haýsy biriniň sözüni kabul etjegini bilmeýän eken. Ol ahyry bu mesele bilen özüniň kese milletden bolan goňşusyna sala salypdyr. Goňşusy muňa ör-gökden gelipdir: «Ähli mähelle senden maslahat soraýar, saňa geneş edýär, sen bolsa bu mesele bilen maňa ýüz tutýarsyň» diýipdir. Nuh kazy hem öz diýenine tutupdyr: «Ýakyn gonşymyň maslahaty göwnüme jaý görünýär. Sen maňa hökman salgy bermelisiň» diýipdir. Onda gonşusy: «Parslaryň patyşasy Kesra baýlygyna seredip saýlaýardy. Rumlaryň hökümdary Kaýsar gözelligine seredip saýlaýardy. Araplaryň hökümdary ata-baba aslyna seredip saýlaýardy. Siziň hökümdaryňyz adamkärçiligine we arassalygyna seredip saýlaýardy. Sen bularyň haýsyna eýerýän bolsaň, şona göra hem saýlaber» diýipdir. ■ 19. Terbiýe Bir gezek Ybraýym as-Sulydan: «Sen munça edep-terbiýäni kimden öwrendiň?» diýip sorapdyrlar. Ybraýym: «Öz-özüm owrendim» diýip jogap beripdir. «Heý-de, terbiýe diýilýän zady biri öwretmese, öz-özünden nädip öwrenip bolýar?» diýip, adamlar geň galyjylyk bilen bakypdyrlar. «Kimde gowy häsiýet görsem, özümde terbiýeledim, özleşdirdim. Halamadyk zatlarymy inkär etdim, gaça durdum. Ine, şeýdibem özümi terbiýeledim. Her bir işde halypa ýa ussatdan öňürti özüňde höwesiň bolmagy has zerur» diýip, as-Suly jogap beripdir. ■ 20. Türkan hatynyň gyzyna nesihaty Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem abraý bolar. ýanyoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüňe we burnuňa esewan et: hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstünden diňe hoşboý ys alsyn. Göwnünden turmak üçin özüňe serenjam bermegi unutma. Suw (tämizlik) bilen sürme (gözellik) iki eý görülýán zatdyr. Ajygan wagty naharyny gijikdirme. Ukuda ýatan wagty rahatlygyny bozma. Çünki açlyk howry ýakyjydyr, bozulan ýa birahat uky bolsa ömri tutuksy edýändir. Öýüne we baýlygyna eýegilik gözi bilen gara. Özüne we kowum-garyndaşlaryna hormat-sylag bilen bak. Hergiz syryny ile paş etme we diýeninden çykma. Gamgyn wagty ýanynda gülüp, bälçirap oturma ýa-da begençli wagty ýüzüňi salyp oturma. Sen ony näçe beýik görseň, sylasaň, ol hem seni şol gadar ezizlär. Sen ne gadar onuň göwnünden tursaň, ol hem şol derejede seni ýanyndan goýmaz. Onuň göwnüni öz göwnüňden beýik tutmasaň, onuň islegini öz islegiňden ileri tutmasaň, ýanýoldaşyň söýgüsini gazanyp bilmersiň. Onuň halan zadyny söý we halamadyk zadyny ýigren. Şonda Alla size her zadyň haýyrlysyny miýesser eder». ■ 21. Deň bolma, beýik bol! Seljuk hökümdary Soltan Sanjar geçirimlilik-de juda adygan eken. Bir gün wezir-wekilleri we nökerleri bilen bir obanyň deňesinden geçip barýarka, ýaşaýjylaryň biri soltana gödek sözler bilen ýüzlenipdir. Nökerler salymyny bermän, ýaňky şyltakçynyň goluny gandallap, soltanyň ýanyna getiripdirler. «Muňa degmäň, elini çözüň we öz ýoluna goýberiň. Goý, diýesi gelen zadyny diýip, içini sowatsyn. Göwnünde arman galmasyn» diýip, soltan parahatlyk bilen buýruk beripdir. «...Emma, hökümdarymyz, bu siziň şanyňyza dil ýetirdi ahyry. Edepsizlige eglişik etmek, bigadyra ýagşylyk etmek şor ýere tohum sepmekdir. Yhlasyňyzy yrýa etmekden başga hiç zat gazanyp bilmersiňiz» diýşip, wezir-wekiller soltana gylaw bermäge çalşypdyrlar. «Bendesiniň dil uzadany bilen ynsanyň mertebesi peselmez. Deň bolmaly däl, beýik bolmaly. Onsoňam geçirimlilik bilen iň möhüm zat — ömrüň berekedi gazanylýandyr» diýip, soltan jogap beripdir. ■ 22. Arkasynda adam bolanyň... Pirlik ýolunda uly keramata ulaşan Sarahs babanyň birnäçe şägirdi bar eken. Şolaryň arasynda iki sanysy ylym-bilim, düşbülik babatda beýlekilerden has-da tapawutlanypdyr. Bir gün pir şägirtleriniň öwrenen zadyna amal edişlerini we ynamlaryny synamak maksady bilen, ýaňky ikisini uzak ýola sapar-syýahata ugradypdyr. Ençeme aýdan soň şägirtler sag-salamat öz illerine – piriň huzuryna dolanyp gelipdirler. Olaryň biri öňküsinden-de ýigdelen ýaly juda gujurly we dogumly, beýlekisi bolsa nämedir bir zada akyl ýetirip bilmeýän ýaly ünjüli eken. Pir şagirleriniň habaryny sorapdyr. Munça wagtyň dowamynda gören-eşidenleri, başdan geçirenleri, öwrenen we özleşdiren zatlary hakda öz dillerinden eşitmek isläpdir, ýogsa bu zatlaryň ählisi pire owaldanam aýan eken. Birinji şägirt ähli zadyň şowly bolandygyny, dünýániň pynhanlyklaryna we gözelliklerine nazar salyp, her zatdan ybrat alandygyny, öran köp zat öwrenendigini, in esasy zat hem ähli işleriň duýdansyz ýüze çykyan bir sebäp bilen öz-özünden ugrugyp gidendigini gürrüň beripdir. Beýleki ýigit bu hörpden gopmandyr. Adaty adamlar ýaly kynçyIyklara gabat gelendigini, gaýta her gezek “Arkamda pir atam bar” diýip, işe başlan pursady, oslanmaýan bir sebäp bilen işiniň paşman galandygyny aýdypdyr. Pir bularyn söhbedini diňländen soň: “Bu hut şeýle-de bolmaly” diýip, öz netijesini, pikirini ýaňzydypdyr. Şägirtleriň ikisi hem geňirgenmek bilen ussadynyň ýüzüne bakypdyr. “Arkamda adam bar diýýäniň, garşysynda hem bir adam peýda bolar, emma arkamda Alla bar diýýäniň öňüni hiç kim bökdäp bilmez. Siziň biriňiz Haka töwekgellik edipsiňiz, beýlekiňiz adama. Netijesi hem hökman bolaýmaly zat bilen jemlenipdir, bu ýerde başga syr ýok” diýip, Sarahs baba düşündiripdir. Bu hikmet şägirtlere ýene bir durmuş sapagy bolupdyr. ■ 23. Watan söýgüsi Ýat illere ýesir düşen memluk türkmenleriniň biri hökümdaryň janpenasy hökmünde hyzmata alnypdyr. Bu ýigidiň wepalylygy, çalasyn-çeýeligi, işine erjelligi hökümdaryň hoşuna gelipdir. Ony hergiz ýanyndan goýmandyr. Ýöne gün geçdigiçe bu ýigidiň meňzi saralyp, bitap bolup barýandygy hökümdaryň nazaryndan sowa düşmändir. Ýigidiň özünden habar alsa, ol kesgitli jogap bermändir. Onsoň hökümdar bialaç ýurduň ökde tebiplerini çagyryp, özüniň wepaly esgerini bejermeklerini talap edipdir. Tebipler ýigidiň ýüzüne seredip, derrew bir netijä gelipdirler: “Onuň bu derdi kimdir birini ýürekden küýseýändigini aňladýar”. Şeýdip, köne edähede göra, yşka düşen bu ýigidiň damar urgularyna barmak goýup, şol jelegaýda bar bolan gyzlaryň adyny birin-birin agzap başlapdyrlar, emma ýürek joşgunly urmandyr. Ahyry türkmen gyzlarynyň adyny sanap ugrapdyrlar, emma netije üýtgemändir. Tebipleriň biri “Aslynda, bu ýigit nireli?” diýip soranda, onuň türkmen illerinden ýesir edilip getirilen memlukdygyny aýdypdyrlar. Tebip: “Düşnükli, diýmek bu Watanyny küýseýän bolmaly” diýipdir. “Watan” sözüni eşiden ýigidiň sünňüne gujur aralaşyp, damar urgusy batlanyp ugrapdyr. Şeydip onuň öz Watanyny, ilini küýseýändigini bilipdirler. Şeýdibem, bu waka taryh kitaplaryna siňen türkmeniň watansöýerligi hakdaky dessanlaryň üstüni ýetiripdir. ■ 24. Mazasyz ukynyň sebäbi Hindistandaky türkmen soltanlarynyň biri birnäçe günläp diýen ýaly uzak gije uklap bilmändir. Ýatyp karary bolmandyr. Nähilidir bir güyç ony deňze tarap çekip duranmyşyn. Ahyry ol deňiz begleriniň birini ýanyna çagyryp, deňze aýlanmaklaryny we şu tarapda näme habaryň barlygyny bilmeklerini tabşyrypdyr. Özi bolsa otagynda toweregi synlamaga durupdyr. Deňiz begi esgerlerine gämini taýýarlamagy we ýörişe-aňtawa çykmagy buýrupdyr. Ertesi irden soltan töwerege aýlanmaga çykanda, öten gije ugradan gämisiniň kenarda durandygyna gözi düşüpdir. Ol deňiz harby serkerdesini ýanyna çagyryp, näme üçin tabşyrygy ýerine ýetirmändigini sorapdyr. Serkerde deňze çykandyklaryny we tüm gijäniň içinde deňziň ortasyna aralaşyp, şol ýerde hem gark bolan bir bendäni halas edendiklerini aýdypdyr. “Olaryň taýmyly rnundan birnaçe gün ön gark bolupdyr. Bu bende bolsa soňky deminde ýatyrka, dadyna yetişdik” diýipdir. Soltan halas edilen adamyň ýanyna baryp, onuň ýagdaýy bilen gyzyklanypdyr. Ol gark bolanlary bäri umytdan düşmän, Taňrydan ýardam diländigini we bir halasgär ibermegini sorandygyny aýdypdyr. Soltan hem näme sebäpli şol günden bäri ukusynyň gaçandygyna düşünipdir. ■ 25. Ibn Tulun we hammal Günleriň birinde lbn Tulunyň egninde sandyk göterip barýan bir hammala gözi kaklyşypdyr. Hammal agyr yüküň astynda sandyrap, gagşyldap barýarmyşyn. Onuň bu bolup barşy lbn Tulunda ikirjiňlenme döredipdir. “Eger ýüküň agyrlygyndan ýaňa aýagy tap etmeýär diýsek, onda sandygyň agyrlygy onuň boýnunda yz galdyrardy, emma onuň boýny oňki reňkinde. Bu ýerde bir syr-a bar. Hammal göterip barýan zadyndan howatyr edip, sandyraýan bolmaly” diýipdir. Soňra nökerlerine şol hammaly getirmeklerini we sandygy açmaklaryny buýrupdyr. Görseler, sandygyň içinde atyň şaý-esbaby bilen zer sowut hem-de birnäçe tylla teňňeler bar eken. “Sen näme howanyň alaçag wagty gyş aňzagyna uçran ýaly bolup, sandyrap gelýaň?” diýipdir. “Hökümdarym, günämi otüň, meniň göterip barýan bu altyn şaý-seplerim ogurlyk baýlyk bolmaly. Dört adam elime pul berip, şuny gämi duralgasyna eltmegimi tabşyrdy. Ogurlyk zatdygyny, hiç kime duýdurmaly däldigimi aýdanlarynda bolsa, süňüm sandyrap başlady. Ýöne güzeran ýagdaýym agyr bolansoň, mejbury boýun boldum” diýipdir. lbn Tulun bu etmişi üçin hammalyň arkasyna iki ýüz gamçy urmagy buýrupdyr. Dört ogryny bolsa zyndana taşladypdyr. ■ 26. Ýatkeşlik Taryh kitaplarynda şeýle hakykat öwran-öwran teswirlenýär. Bir mejlisde gürrüňden gürrüň çykyp, Ymam Şapygy hakda söz açylypdyr. Şonda alymlaryň biri Ymam Şapygynyň ýatkeşligine haýran galypdyr. Sebäbi Ymam Şapygy 300 jilt kitaby ýatdan bilýän eken. Adamlar Ymam Şapygy hakda eşiden gürrüňlerini ýatlap, ony öwüp, taryplamaga başlapdyrlar. Şol wagt çüňkde oturan, ýönekeý geýimli biri: “Ol meniň ýatdan bilýänimiň diňe zekat bölegiçe bilýän eken” diýipdir. Mejlisde oturan adamlar muňa haýran galypdyrlar. Hiç kim bu ýigidiň sözüni inkär edip bilmändir. Ol ýigit Ahmet as-Sarahsy eken. Ol şol wagt on dört müň jilt eseri ýatdan bilipdir. ■ 27. Küşdüň gözelligi As-Sulynyň döredijilik işi halyf ar-Razynyň döwründe has rowaçlanýar. Taryhçy Mesgudy gyzykly bir maglumaty berýar: “Günlerde bir gün halyf ar-Razy aw-şikara çykanda bir gülzarlygyň üstünden barýar. Täsin öwsüp duran güller halyfyň kalbyny heýjana salýar. Ol ýanyndaky adamlaryndan: “Heý, şundan gözel zady ozal görüpmidiniz?” diýip sorapdyr. Olar hem gülzarIygy biri-birinden beýik taryp etmäge, halyfyň göwnünden turmaga jan edipdirler: “Dünýäniň ähli gülleri jem bolsa hem, munça gözellik emele gelmezdi”, “Megerem, bu behişdiň kokusydyr”, “Gözelligin asyl gönezligi şu meýdandyr” diýipdirler. Emma halyf ar- Razy başyny ýaýkap: “Ýok, siz her näme diýseňizem, meniň diýjegimden juda bärden gaýdýar. As-Sulynyň oýunlary mundan we siziň ähli wasplaryňyzdan has owadan görünýär” diýipdir. ■ 28. Farabynyň gudratly sazy lbn Hallikanyň “Tanymallaryň wepaty we döwürdeşlerifi söhbedi” atly eserinde ýatlamagyna göra, “Faraby öz döwrüniň hökümdarlarynyň biri Seýfeddöwläniň huzuryna barýar. Birnäçe wakalardan we geň galmalardan soňra, al-Faraba göwni ýeten Seýfeddöwle sarpaly myhmanyndan göwün küysegini soraýar. Faraby aýdym-saza suwsandygyny aýdansoň, Seýfeddöwle özüniň iň ussat sazandalaryny çagyrypdyr. Ýöne olaryň haýsy biri saza başladygy, Faraby onuň nogsanlygyny aýdyp otyrmyşyn. Seýfeddöwle muňa geň galyp: “Halypamyz, sen mundan hem baş çykarýarmyň?” diýip soraýar. Faraby “hawa” diýip, baş atansoň, ýanyndaky goştorbasyndan saz guralyny çykaryp, saz çalyp berýär welin, oturan märekäniň ählisi aglaşyp-eňreşip, gözýaş döküp otyrmyşyn. Soň saz guralyny täzeden düzüp, başga bir sazy çalypdyr welin, ýaňky aglaşyp oturanlar gülşüp, şadyýan bolşup otyrlar diýýär. Faraby sazyny üçünji ýola düzüp, täze bir mukamy çalanda, ol ýerde oturanlaryň ählisi çuňňur uka batyp galypdyr. Farabynyň özi bolsa, olaryň hiç birini oýatman daşary çykypdyr...”. Rowaýata meňzeş bu ýagdaý Farabynyň döwürdeşleri we ondan soňky alymlar tarapyndan köp sanly eserlere girizilipdir. ■ 29. Bilmek bilmezlikden haýyrlydyr Abu Reýhanyň ylma berlenligi hakda rowaýatlar örän kän. Bir gezek ol agyr ýarawsyz ýatyrka dostlarynyň biri halyny soramaga gelipdir. Sähel mejaly bolan Biruny ondan bir mesele hakda sorapdyr. Ol adam: “Haly teň ýagdaýda ýatyrsyň, bu wagt ylym bilen meşgullanmak hökmanmy?” diýip sorapdyr. Biruny oňa “Men bu dünýäden şuny bilip gidenim bilmän gidenimden haýyrly dälmi näme?!” diýipdir. Soňra ikisi bu meseläniň üstünde dürli pikir alşypdyrlar. Ahyry Biruny kanagatlanarly jogap tapypdyr. Ol adam çykyp gaýdýar we ýolda gelýärkä hem Biruniniň dünýäden ötendigi hakdaky habary eşidip galýar. ■ 30. “Bu Abu Bekr Horezmidir...” Abu Bekr Horezmi şygyr düzmegiň ussady bolupdyr. Ol bir gezek şol dowrüň abraýly weziri, ussat we dilewar şahyr Sahyp ibn Abbadyň huzuryna goşgy okamaga barypdyr. Abu Bekr derweze sakçysyna: “Bar-da wezire aýt, goşgy okamaga geldim” diýipdir. Derwezeban bu habary Sahyp ibn Abbada mälim edipdir. Sahyp oňa: “Bar-da şol gapyda durana aýt, meniň ýanyma her dürli şahyr gelip gitdi. Ýöne indi men arap şahyrlaryndan 20 000 (ýigrimi mün) beýt goşgyny ýatdan bilmeýän adamy kabul edemok” diýipdir. Derwezeban bu sözleri Abu Bekre ýetiripdir. Abu Bekr Horezmi derwezebana: “Bar-da weziriňden sora, şol 20 000 beýt goşgy arabyň erkek şahyrlaryndan gerekmi ýa-da aýal şahyrlaryndan?” diýipdir. Derwezeban ýene Sahybyň ýanyna ýumlugypdyr. Sahyp bu sözleri diňläninden: “Gapyň agzynda duran Abu Bekr Horezmi bolmaly, goýberiň ony bärik” diýip, oňa rugsat beripdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |