23:19 Türkmenlerde sema | |
TÜRKMENLERDE SEMA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türkmenleriñ däp-dessurlarynda tansyñ, şygyryñ, sazyñ, sözüñ, söhbetiñ aýratyn uly ähmiýeti bar. Türkmenler belli-belli günlerde sema aýdýarlar. Sema toýda, baýramda, hudaýýolyda, çaga doglanda, adam ýogalanda, gelen myhmanyñ hormatyna we başga maksatlar üçin aýdylýar. Saz çalynýar, aýdym aýdylýar. Üýşüp bilelikde sema aýdylýar. Bular ýaly üýşmeleñlere ýediden-ýetmişe obadaky ähli aýal-erkek çagyrylýar. Şeýle köpçülikleýin dabaralar öýlerde, baglyk ýerde geçirilişi ýaly, obanyñ ortasynda-da geçirilýär. Gelen haýsydyr bir myhmanyñ hormatyna berilen zyýapata tomaşa edeliñ: Zyýapata obanyñ ähli adamlary çagyrylýar. Zyýapata gelenler hersi öz ýanynda bir tabagy dolduryp nahar alyp gelýärler. Üýşmeleñiñ boljak ýerine düşekçeler we palaslar atylýar, saçak ýazylýar, ýassyklar oklanýar. Bular ýaly giñden ýazylan saçaklarda 100-150 adam oturyp, iýip-içip bilýär. Oba adamlary çagyrylan wagta gabatlap, zyýapatyñ bolýan öýüne ýa-da ýerine kem-kemden üýşüp başlaýarlar. Gelenleriñ her biri ýany bilen alyp getiren naharlaryny saçakda goýýar. Myhmanyñ hormatyna berilen zyýapat oba adamlary tarapyndan bilelikde gurnalýar. Zyýapata gelen myhmanlary bir erkek adam garşy alýar we "Hoş geldiñiz" diýýär. Olara saçak başynda oturmaly ýerleri görkezýär. Mysal üçin: "Aýşa, sen Alynyñ ýanynda otur. Ýazgül, senem Weliniñ ýanyna geç. Patma, sen Mustapanyñ ýanyna..." Gepi biri-birine alşanlary ýörite saýlap, saçak başyna oturdýar. Bu işe jogapkär beyemçi hormatlanýan, gepi-sözi diñlenýän sylagly-sarpaly kişi bolmalydyr. Çünki saçak başynyñ serenjamyny diñe şeýle artykmaçlyklary bar bolan adam oñaryp bilýär. Sagatlap dowam edýän söhbetleriñ, aýdylýan hekaýatlaryñ, okalýan şygyrlaryñ, garşylykly aýdyşyklaryñ, aýdymlaryñ, oýnalýan semalaryñ däp-dessurlara laýyk görnüşde we ruhubelentlik bilen geçirilmegi dabarany gurnaýjylaryñ tejribesine we ussatlyk derejesine baglydyr. Özem her obanyñ şular ýaly zyýapatlary ussatlyk bilen dolandyrýan "halypalary" bolýar. Saçak başyna desterhançybaşy jogap berýär. Eline we biline ýörite edilen mata dolaklary bolýar. Ol dolagy biline üç gezek dolaýar. Saçak başyna birkemsiz esewan etjekdigine söz berýär. Ynha, bu "halypa" her kesiñ näçeräk iýip-içjekdigini bilýär we saçaga hem şoña görä serenjam berýär. Gürrüñçiligi-de üns bilen diñleýär, hemmeleri özlerine syr bildirmän ýakyndan syn edýär. Adamsy üýşmeleñde ýok aýal sema tansyna goşulmaýar. Sema üçin aýal erkegi çagyrýar, ýöne ol erkek aýalyñ adamsy bolmaly däl. Aýal üýşmeleñde adamsynyñ ýanynda-da oturmak bolanok. Ýewropalylaryñ "oturlyşyklary" hem edil şular ýalydyr. Ýöne bir tapawudy bar: Olar stol başynda, biziñkiler ýerde - saçak başynda oturýarlar. Ýewropalylar ýüregedüşgünç zerurlygyñ hatyrasyna, biziñkiler bolsa tüýs ýürekden çykýan dost-doganlyk duýgusyna baglanyp iýip-içýärler. Türkmen zyýapatlarynda her ýeten desterhançybaşy bolup bilmeýär. Sema suprasy adamlaryñ "äheñli" söhbetleri bilen sagatlap dowam edýär. Ine-gana iýilýär, içilýär. Ýunus Emreden, Garajaoglandan goşgular okalýar. “Burjy, burjy kükär durar Mutuñ gülleri, gülleri. Bilbil ýaly saýrar durar Yaryñ dilleri, dilleri. Ýat illere barmak gerek, Yşga köñül bermek gerek, Ýene birje sormak gerek, Inçe bIlleri, billeri. Garajaoglan ýary ünlär,* Geçdi ajy-süýji günler Türkmen gyzy neçün iñlär, Sazyñ telleri telleri.” Saçagyñ başy edebiýat howasyna bürenýär. Hekaýalar gürrüñ berilýär, hoşsöhbet kişiler saçagyñ başyna bezeg berýär. Şirin labzy, sesi barlar aýdym aýdýarlar, sazlar çalynýar. Käte hemmeler birlikde edil orkestr ýaly aýdym aýdýar: “Bu dünýä bir gelindir Ýaşyl gyzyl bürenmiş. Kişi täze geline Näçe baksa az bolar.” (Ýunus Emre) Sema başlanjak wagtynda aýal ýerinden turup erkegiñ garşysyna gelýär. Dyzyna çökýär. Nyýaz alýar we ony sema oýnamaga çagyrýar. Sema bir jübüt, iki jübüt, dört jübüt, alty jübüt, sekiz jübüt bolup oýnalýar. Öñler obanyñ ortasyndaky meýdançada kyrk jübütiñ sema oýnandygyny aýdýarlar. Sema dini ynanç bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän özboluşly sungatdyr. Onuñ özbaşyna pelsepesi bardyr. Şonuñ üçinem semany gowy bilmeýänler ýerine ýetirip bilmez. Sema aýdymyny saz bilen we hor bolup ýerine ýetirýärler. Şol bir wagtyñ özünde jübüt-jübüt sema çykanlar saza goşup hereket edýärler. Jübütler kyrka ýetse-de, bir wagtyñ özünde pyrlanýarlar. Sema tansyna ilkinji gezek tomaşa edýän başga ýerli ony walsa meñzedip biler. Sema dört bölümden ybarat. Birinji bölüm diýseñ agyrdyr. Onda jübütleriñ diñe gollary bir saga, bir çepe hereket edýär. Jübütler iki metre çenli uzaklykda bir-birlerine gabatlaşyp durýarlar. Çep aýaklarynyñ üstüne sag aýaklaryny goýýarlar, deñagramlylygyny bozmanam, ýere tarap epilip, biri-birlerine hormat bilen salam berýärler. Saz agrasdan agras sema sazlaryny çalyp başlaýar. “Dön, dön şah boýlym…” Birinji bölüm adamyñ doglanyndan ýigrimi bäş ýaş arasyndaky döwrüni janlandyrýar. Birinji bölümden soñ ikinji bölüm başlanýar. Jübütler biri-birlerine golaýlaşýar. Aýal hormat bilen egilip iki elini erkegiñ egnine goýýar. Aýal bilen erkek ýuwaşjadan başlaryny biri-birine degirip nyýaz edýärler. Soñra sag elleriniñ külembikelerini çep elleriniñ külembikelerine ildirip saga-çepe pyrlanmaga başlaýarlar. Ikinji bölümde tans öñküden biraz batlanýar. Jübütleriñ hereketi sazlaşýar. Göwreler we başlar dim-dik bolýar. Deñ hereketler bilen tans dowam edýär. Ikinji bölüm adamyñ ýigrimi bilen kyrk bäş ýaş aralygyny janlandyrýar. Adam ogly bu ýaşlarda basan ýerinden ot çykarýar, mähir-muhabbete, söýgä we nesil taýdan köpelmeklige iñ oñaýly döwür şu döwürdir. Soñra üçünji bölüm başlaýar. Hereketler hasam ýygjamlaşýar. Bu bölüm adamyñ kyrk bilen altmyş ýaş aralygyny janlandyrýar. Adam oglunyñ janyny, mal-mülküni, öý-öwzaryny, çaga-çolugyny, dost-ýaryny, ylmyny we pähim-paýhasyny doly manysynda degerlendirip bilýän döwri şu ýaşlarda bolýar. Bu bölümde tans, saz, söz başgaça many-mazmuna eýe bolýar. Çünki bu ýaşlar agraslyga, aýyllyga, kämillige gadam urulýan döwrüdir. Soñra semanyñ dördünji bölümine geçilýär. Ýer bilen gök birleşýär. Pyrlanylýar, pyrlanylýar... Aýaklar ýerden üzülýär. Ümzük asmana tarap uzaýar, gollar açylýar. Şol wagt semada "ylahy" bir sahna emele gelýär. Eger tans edýän erkek ýadasa, ýerine oturan erkekleriñ biri geçýär. Dördünji bölüm adamyñ altmyş bilen segsen ýaş aralygyndaky döwürdir. Adam ýer bilen gök arasynda gider-geler durar. Adam ömrüni dörde bölüpdirler. "Ömür segsen ýaşa çenli gymmatlydyr" diýipdirler. "Segsenden soñky ömür boşlukda ýaşamakdyr". Şeýdip sema tamamlanýar. Jübürler saçak başyna gelýärler, seždä egilýär. Soñra saçak başyna geçip, biri-birlerine nyýaz edýärler, semalaryny gutlaýarlar, şerbetli badalardan owurtlaýarlar. Saçak başyna ine-gana iýip-içip, gürrüñçiligi diñläp, ýadawlyklaryny aýyrýarlar. Birnäçe ýyl mundan owal şeýle supranyñ myhmany bolupdym we haýran galypdym. Megerem, ösen medeniýetden mysal getirilýän günbatar ýurtlarynyñ döwrebap "siwilizirlenen" ýaşaýyşyny ençeme asyrlap biziñ obalarymyz ýaşap gelýär. Özem uç-gyraksyz pelsepe bilen, ynanç bilen we asyllylyk bilen. Aýratynam men Ýewropda aýalyñ erkegi tansa çagyrýan ýerine heniz duş gelmändim. Ynha, biziñ Anadolymyzda şular ýaly siwilizirlenen däp-dessurlar häzirem bar. Elbetde, döwrüñ geçmegi bilen Anadolynyñ ähli sebitlerindäki adamlaryñ däp-dessurlary, edim-gylymlary hem üýtgeşmä sezewar bolýar. Bu tebigy ýagdaýdyr. Emma biz, bu üýtgeşme döwründe Anadolynyñ ýaşaýjylary bilen ýeterlik gyzyklanýarysmy? Olaryñ dowam edip gelýän gurluşyna kybap nämeleri hödürläp bilýäris? Köne däp-dessurlary öwrenmek üçin näme edýäris? Hususanam adamlarymyzyñ gelip çykyşyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek üçin niçiksi işleriñ başyny tutýarys? Elbetde, bular ýaly müñlerçe ýyllyk däp-dessurlary şindiki tehnologiýa asyrynda dowam etdirmek mümkinem däl. Emma halkymyzyñ geçmişini ~ hem şu günümizde, hem soñky asyrlarda gowy bilmek üçin bu ugurdaky etnografik barlaglarymyzy alyp barmak hökmany iş bolup durýar. Professor Sabiha TANSUG, etnolog. __________________________ * ünlär - derejelär, eý görer manysynda. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |