19:01 Türkmenleriñ Adat Hukugy | |
TÜRKMENLERIŇ ADAT HUKUGY
Taryhy makalalar
Respublikamyzyň syýasy garaşsyzlygynyň berkarar edilmegi, mundan has ozalrak türkmen diliniňem döwlet dili diýlip ykrar edilmegi, geçmişdäki baý ruhy hem material mirasymyzy doly öwrenmäge, şu esasda-da, onuň oňaýly hem-de halkymyza eý bolan taraplaryny gündelik durmuşymyzda ulanmaga giň ýol açdy. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyzyň adat hukugyna göz aýlamagy, has dogrusy, onuň döreýşi, we manysy baradaky anyklaşdyrylan maglumatlary okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi şu günüň talaplaryna laýyk tapdyk. XVIII asyrda Orta Aziýada saparda bolan, türkmenleriň arasynda ençeme wagt ýaşap, olaryň gündelik durmuşyna hem däp-dessuryna gözegçilik eden meşhur gündogary öwreniji wenger alymy A.Wamberi türkmenleriň arasyndaky adatyň güýç-kuwwatyny, ine, şeýle äşgär edýär: “Sähra ýaşaýjylaryny dolandyrýan, göze ilmeýän, emma hemme ýerde özüniň bardygyny aýyl-saýyl edýän, erki gögeriji hökümdar bar. Olam – adat. Türkmenler gümürtiksiz adata boýun. Ol olaryň etmeli hem-de etmeli däl zatlaryny tükelleýin kesgitleýär”. Geçmiş ata-babalarymyz “Dinden çyksaň çyk weli, adatdan çykma!” diýip bitertip, galarak ýaşlara ýüzlenipdirler. Şu günler nakyla öwrülen bu pähim adat kadalarynyň dini taglymatdan, onuň dessurlaryndan has ilerräk goýlanlygyny äşgär edýär. Hakykatdanam adat rewolýusiýadan ozalky türkmenleriň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alyp, olar arasyndaky maşgala, tire, urugdyr taýpa hem-de örän çylşyrymly emläk gatnaşyklaryny kadalaşdyrypdyr. Rus kolonial adminstrasiýasynyň wekili A.Lomakiniň 1897-nji ýylda çapdan çykan “Oбычное право (Адат)” diýen kitapçasy bolaýmasa, aslyýetinde türkmenleriň yzygider jemlenip, hat üsti bilen beýan edilen adat kadalary hemiz-henizlerem ýok. Diňe dilden-dile geçmek bilen ol kadalar häzire çenli saklanypdyr. Sowet häkimiýetiniň ilkinji ýyllarynda bolsa, adat kadalary esasynda jedelli meselelere hem jenaýat işlerine sudda garamak gadagan edilipdir. Adaty ündeýän, köneden habarly ýaşulular köplenç halatda ony “kowahat” diýibem atlandyrýarlar. Bu söz arap dilinden alnyp, “düzgün” ýa-da “tertip” diýen manyny berýär. Adatyň döreýşini äşgär etmek üçin mundan müň ýyldan ozal has öňräk bolan bolan taryhy wakalara ser salmaklyk zerur bolar. Hukuk häsiýetdäki bu ruhy ýadygärligi döreden halk geçmiň ata-babalarymyz bolan oguzlardyr. Orhon derýasynyň boýunda, häzirki Mongoliýanyň çäklerinde dörän, şol döwrüň kuwwatly döwletlerinden biri, Türk kaganlygynyň düzümindäki göçme-çarwa taýpalaryň arasynda oguzlaryň ady ilkinji gezek tutulýar. Hukuk kadalarynyň ýygyndysy hökmünde, adatyň döremegi üçin döwlet guramaçylygy hem-de jemgyýetiň synplara dargamagy ýaly sosial-syýasy şertlerem gerek. VI-VIII asyrlaryň arasynda oguzlar Türk kaganlygynyň düzüminde döwlet dolandyryşy başdan geçiripdirler. VIII-XI asyrlarda bolsa, oguzlaryň hut öz döwlet guramasy hereket edipdir. Şu ýerde ýabgu lakamly oguzlaryň patyşasyny, soýubaşy adyny göterýän olaryň leşgerbaşysyny ýatlamak gerek. “Oguz ülkesiniň” aýry-aýry welaýatlaryny dolandyran ýerli häkimler, hudarkinler ady bilen belli bolup, olar köplenç halatlarda dawa-jenjelli meseleleri çözüji sülçülerdir sudýalar hökmünde çykyş edipdirler. Şuňa görä-de adat kadalarynyň ilkibaşda jemlenmegi, olaryň taraşlanmagy hem-de dilden dile geçip başlamagy hudarkinleriň hyzmatydyr diýip tekrarlamak bolar. Sosial babatda oguz jemgyýeti bit bütewi bolmandyr. Ol adamlar arasyndaky deňsizligi hem-de synplara bölünmegi başdan geçiripdir. Bu ündewimizi oguz ýaýlalarynda saparda bolan arap syýahatçysy Ibn Fadlanyň maglumatlary bilen şeýle delillendirmek bolar: “Merhum garyp-gasaryň degsin-aşy bir janly bilen çäklenen bolsa, baý merhumyň degsin-aşy, pukaranyňka garanyňda iki ýüz esse köp – iki ýüz janla barabar”. Bu maglumat şol wagtdaky oguz jemgyýetiniň ýiti sosial deňsizligi başdan geçirýänligine güwä geçýär. Eseriniň başga bir ýerinde Ibn Fadlan oguz jemgyýetindäki çürt-kesik biri-birlerinden tapawutlanýan üç sosial synpy topary aýyl-saýyl äşgär edip, şeýle setirleri getirýär: “Oguzlar arasynda 10 müň ýylka hem-de 100 müň ownuk mala eýelik edýän örän baý adamlar bilen barabar, garyp-pukaralaram, gullaram bar”. Türkmenleriň ýa-da oguzlaryň asylky ilkibaşdaky adat kadalary biziň günlerimize gelip ýetmändir. Çünki, wagtyň geçmegi. Döwürlerdir zamanlaryň üýtgemegi hem-de sosial gatnaşyklaryň täzelenmegi bilen ol kadalar üýtgedilipdir ýa-da olaryň üsti ýetirilipdir. Şeýle ýagdaýlar ilkinji nobatda, musulman dininiň ýa-da musulman hukugynyň-şerigatynyň täsiri netijesinde amal edilipdir. Patyşa Russiýasynyň XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ülkämizi basyp almagy bilen baglanyşykda Zakaspi oblastynyň adminstrasiýasy, kolonizatorçylyk maksatlary göz öňünde tutup, biziň adat hukugymyza ençeme täzelikler girizipdir. Adat kadalarynyň “Maşgala hukugy”, “Jenaýat hukugy”, hem-de “Emläk hukugy” diýen üç bölümini beýan edenimizde, A.Lomakiniň ady tutulan kitapçasyna we beýleki ugurdaş edebiýat eserlerine salgylanyp, asylly, ilkibaşdaky adat kadalaryna girizilen täzelikleri, mümkingadar, aýyl-saýyl ederis hem-de A.Lomakiniň işindäki öte geçmeleri we nätakyklyklary anyk seljereris. Ganybir kowum-garyndaşyk esasynda ýüze çykýan maşgala hukugynyň köpdürli hem-de çylşyrymly ugurlaryndan diňe iň möhüm uguryny – nika gatnaşyklaryny, adat kadalaryna salgylanyp, beýan etmekçi. Oglana 15 ýaşynda, gyza bolsa 12 ýaşynda nikalaşyp, är-aýal hökmünde ýaşaşyp başlamaga adat rugsat berýär. Gyz maşgalanyň biliniň açylyp başlamagy bilen, ýokarda görkezilen ýaşdan ozalam gyzyň durmuş gurmaga ýetişenligi kesgitlenipdir. Ine, şuňa laýyklykda, “Telpek bilen urlanda, gyz ýykylmasa, ol çykarmaga ýetişipdir” diýen ündew ata-babalarymyzyň arasynda ýaýrapdyr. Nikalaşyp durmuş gurýanlar üçin, olary ýaş tapawutlylyklaryny olaryň biriniň gögele ýaşlygyny, beýlekisiniň bolsa garrylygyny adat kadalarynda hiç hili çäklendirmeler göz öňünde tutulmaýar. Şuňa görä-de, geçmişde uly ýaşly, hat-da garry erkek adamlar boý gyzlara-dyr dul galan ýaş aýallara öýlenipdirler. Söz aýtmak ýaş ýigidi öýlendirmek üçin edilýän ilkinji ädim bolupdyr. Söz aýdyjy, köplençhalatlarda, öýlenjek ýigidiň garyndaşlaryndan biri ýa-da il içinde tanalýan ýaşuly bolmaly. Ol gelin ediniljek gyzyň ata-enesi, olar dünýäden öten bolsalar, ýakyn garyndaşlary bilen guda bolup, gelinlik üçin tölenmeli galyňyň möçberleri hem-de toýuň bolmaly güni barada gelinligiň tarapy bilen ylalaşýar. Nika adat boýunça, hat arkaly hiç hili resmileşdirilmändir. Ony diňe dil üsti bilen, dogrusy Kurandaky aýatlar we ündewler okamak esasynda amal edipdirler, esasan, molladan ýa-da işandan hem iki şaýatdan-pyýadakazydan ybarat bolupdyr. Pyýada kazylar hökman erkek adamlar bolmaly. Molladyr işan nikalaşýanlaryň biri-birine razyçylykly goşulýandyklaryny sorag arkaly äşgäredip, Kuranyň baş – “Fatyha” üsresiniň aýatlaryny okamak esasynda nika gyýmak işini tamamlaýar. Nika gyýlanda ýigitdir gyzyň garşysynda süýji suwly tabak goýlup, onuň üsti ýaglyk bilen örtülmeli, şol ýaglygyň bir burçuna-da pul düwülmeli. Nika gyýlandan soň, ilki bilen nikalaşýanlara süýjülik suwdan bir owurt içirilýär, süýjülik suwuň galany bolsa töwerekdäkilere paýlanylýar. Tabagyň üstüne örtülen ýaglyk pyýada kazylaryň birine, onuň burçuna düwlen pul bolsa pyýada kazylaryň ikinjsine berilýär. Nikalaşanlara süýji hem bagtly durmuş, Allatagalanyň olara goç-goç, il-güne penaly ogul bermegini arzwu edip, olary ýekelikde galdyrýarlar. Adatyň kesgitlenmegine görä, öýlenen her bir erkek kişi gelinliginiň töleg haky hökmünde, onuk kakasyna, eger ol dünýäden öten bolsa, erkek göbekli iň ýakyn hossaryna, kiçilikden ýetim ösen bolsa, ony ekläp-saklanhem-de terbiýeläp, kemala getiren erkek kişä hökman galyň geçirmeli. Galyňyň möçberleri gelinligiň sypaýydan owadanlygyna, el işiniň (çeken keşdesiniň), dokan halysynyň hem palasynyň ilgezerligine, esasanam onuň boý gyzlygyna ýa-da dul aýallygyna bagly. Taraplaryň gurplulygyny ýa-da garyp-pukaralygyny göz öňünde tutmak galyňy kesgitlemekde esasy ýörelgelriň biri bolupdyr. Gudaçylyga köplenç halatlarda pukaralar garyp-gasarlara, hanlardyr begler hem baýlar öz deňlerine barypdyrlar. Köpräk galyň töläp, barly sosial toparyň wekilleri garyp-pukaralaryňam syratly hem görmegeý, eli çeper gyzlaryny gelin edinipdirler. Şu ýagdaý bilen baglanyşykda, geçmişde biziň halkymyzyň arasynda “Baý hem – baýa, Hudaý hem baýa berer” diýen nakyl giňden ýaýrapdyr. Adat kadalaryna laýyklykda, ýigitleri öýlendirmekde, gyzlary bolsa çykarmakda garşa, dul ýaş zenanlaryň başyny boş galdyrmazlyk üçin dakmak ýa-da dakylmak ýaly däplerem berjaý edilipdir. Garşa guda bolmak garyp maşgalalaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Ýetişen ogullarydyr göze görnen gyzlary bolan pukaralar, galyň tölemäge gurplary çatmandyklaryna görä, alyş-çalyş hökmünde, galyňsyz biri-birlerine gyzlaryny gelinlige beripdirler. Adat kadalarynda göz öňünde tutulan dakmak ýa-da dakylmak däbi taryh ylmynda lewirat ady bilen bellidir. Onuň manysy: dünýäden öten adamynyň dul aýalyna, inisi ýa-da ýakyn garyndaşlaryndan birisi öýlenmeli. Rewolýusiýadan ozal dakylmak däbi ildeşlerimiziň arasynda giňden ýaýrapdyr. Häzir dakmak we dakylmak däbi ildeşlerimiziň arasynda kem-kemden ýitip barýar. Adatyň kesgitlemegine görä, toýdan soň adamsy bilen 40-60 gün ýaşaşan gelin hökman atasynyň öýüne äkidilmeli. Bu däp gaýtarma adyny göterýär. Gaýtarma barada ýazan hem gürrüň gozgan propogandistlerimiz şu güne çenli, bu däbi diňe galyňyň tölenmän galan bölegini almagyň çäresi hökmünde görkezýärler. Gaýtarma däbiniň şu tarapyny çakdanaşa çişirip görkezmeklik, hakykata onçakly bir dogry gelmeýär. Adatyň öňe sürýän “Galyň doly üzülenem bolsa, gaýtarma atasynyň öýünde bir ýyl ýa-da çagasy bolynça galyp biler” diýen tekrarlamasynyň bardygyny olar gözden salýarlar. Nikany bozmak barada adat aýal maşgalany ärine doly elgarma ýagdaýda galdyrýar. Erkak adam “Sen menden talak!” diýen sözler arkaly, aýaly bilen nikasyny bozup bilýär. Eger äri razy bolmasa, adat, her edip, hesip edip, aýala ondan aýrylmaga ýol bermeýär. Zenan maşgalanyň elgarma hem hukuksyz ýagdaýy köp aýallylykda has äşgär görünýär. Adat, musulman hukugyndan ugur alyp, her erkek kişä bir wagtyň özünde dört aýal bilen nikada bolmaga rugsat berýär. Ýöne her bir aýalyň özbaşyna öýi bolmaly. Ykdysady mümkinçiliklerine görä, adat erkek kişä ýene gyrnaklar saklamaga-da, olar bilen ýaşaşmaga-da ýol berýär. Şerigat kadalarynda bellenişine görä, galyň bütinligine durmuşa çykýan aýalyň eýeçiligine geçmeli. Şuňa görä-de, nikalaşmasynyň öňüsyrasynda, zenana galyňyň bir bölegini almaga-da, ondan doly el çekip, äri boljak kişini galyň tölemeklikden halasetmäge-de hukuk berilýär. Galyň meselesinde adat, şerigatdan hasöteräk geçip nikalaşýan aýal maşgalany galyň almak hukugyndan çürt-kesik mahrum edýär. Bu ýagdaý maşgalada maşgalabaşy erkek kişiniň çäksiz hökmürowanlygynyň amal edilmegi bilen düşündirilýär. Şuny şöhlelendirýän adatda şeýle kada bar: “Maşgalanyň ähli emlägi maşgalabaşy – erkek kişiniňki. Ol maşgalabaşylarynyň hiç biri bilen maslahatlaşmazdan, emlägi satyp hem bilipdir, kärendesine berip hem bilipdir ”. Türkmen zenany hemişe hukuksyz we elgarma ýagdaýda bolupmy? Bu sowala jogap bermek üçin ata-babalarymyzdan miras galan “Gorkut ata” eposyna ýüzlenmek zerur. Eposy hem-de adat kadalaryny döreden halk oguzlardyr. Adatyňym, “Gorkut ata” eposyňam kemala gelmeginiň hronologik çäkleri VI-IX asyrlaryň aralygyny öz içine alýar. Eposda türkmenleriň geçmiş aňrylarynyň durmuşy ýa-da däp-dessurlary görkezilýär. Eposyň esasy gahrymanlary bolup çykyş edýän zenan maşgalalary erkana adamlar,olar ykballaryny özleri kesgitleýärler. Käbir mysallara ýüzleneliň: eseriň esasy mazmuny öýlenmek meselesine syrygyp, olam başarjaňlykly hem edermenlikli hereketlerarkaly amal edilipdir. Şol hereketlerde ýaryş hökmünde hem ýigit, hem-de gyz bir-birlerini ýüzbe-ýüzlükde gatnaşypdyrlar. “Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy” diýen eposyň bölüminde öýlenjek ýigidiň at çapmakda, nyşana ok atmakda hem göreşde saýlan gyzyndan üstün çykmagy nikalaşmagyň şerti hökmünde kesgitlenipdir. Ýaryşyň ýokarda agzalan görnüşleriniň birinde ýigit gyzdan asgyn çykaýsa, onda gyz ony özüne ömürlik ýoldaş bolmaga mynasyp hasaplamandyr. Galyň kesmek däbi eposda diňe bir ýerde gozgalýar. Olam paýhasy düz adamyň erk-iselgi bolman, aklyndan azaşanyňky bolup çykýar. Köp aýallylyk barada eserde gürrüňem gozgalanok. Baş gahrymanlardan biri Derse han ogulsyzlykdan zeýrenýär. Emma ikinji aýal alyp, önelge öndürmek – ogully bolmak hakda pikirem edenok. Bu ýagdaý şol wagtda köp aýallylygyň bolmanlygyna güwä geçýär. Aýdylanlardan äşgär bolşuna görä, adatyň entek üýtgedilmedik asly kadalary hereket edýän mahalynda zenan erkana hem erkek kişiler bilen deň hukukly bolupdyrlar. Bu ýagdaýyň düýp manysyny, ine şeýle düşündirmek mümkin. Oturymly, ekerançylyk bilen meşgul bolýan halklardyr taýpalarda matriarhatdan patriarhata ýa-da enelik urugyndan atalyk urugyna geçilmegi jemgyýetiň zenan ýarysynyň ähliumumy ýeňlişi, erkek kişilere elgarma ýagdaýdagoýluşy hasaplanýar. Emma bu tekrarlama çarwa halklardyr taýpalaryň aýal-gyzlaryna degişli däl. Patriarhal-feodal gatnaşyklary mahalynda, çarwa ilatynyň aýallary ykdysady erkliligi saklapdyrlar. Hojalygy dolandyrmakda – mal bakmakda, döl almakda, süýt sagyp, ondan sargan, garagurt, akgurt, çekizedir süzme, mesge ýaly önümleri taýýarlamakda – olar erkek kişiler bilen deň durup işläpdirler. Dogrusy, aýal maşgalanyň hojalykdaky ähmiýeti erkek kişileriňkiden kem bolmandyr. Şuňa görä-de olar erkanaçylykdan hem erkek adamlar bilen deň hukukdan peýdalanypdyrlar. Bu sözler dogrudan-da, irki döwürleriň türkmen aýal-gyzlaryna-da degişli, çünki, biz, biziň aňrymyz-oguzlaram, aslyýetinde çarwalar ahyryn. Soň-soňlar aýal maşgalanyň erkek adamlara elgarma, hukuksyz halda galmagyna näme sebäp bolduka? Birinjiden, dünýäde iň köp ýaýran dinleriň hemmesinde, meniň pikirimçe yslamda-da, hristiançylykda-da, buddizmde-de zenan maşgala garanyňda, kemsidilen, hukuklary bolsa köp babatda çäklendirilen. Ata-babalarymyzyň yslam diniň däp-dessurlarydyr kadalaryna uýmaklary bilen türkmen aýal-gyzlarynyň ilkibaşdaky erkana ýagdaýynyň soňuna çykylypdyr. Munuň üçin, dini ündewiň erkek adamyny aýalyň kiçi hudaýy hasaplaýanlygyny ýatlamak ýeterlikdir. Ikinjiden, aýal maşgalanyň rewolýusiýadan ozalky adat kadalarynda kesgitlenen hukuksyz hem kemsidilen ýagdaýynyň ykdysadyýetde şöhlelenmesi, ine, şu aşakdaka syrygýar: oturymly durmuşa geçilmegi bilen, erkek adamynyň hojalyk ähmiýeti kesgitleýji häsuýete eýe bolýar, çünki ol elýär hem hasyl alýar, dogrusy, maşgalanyň ýeke-täk güzeranyny aýlandyryja öwrülýär. Zenan maşgala bolsa öý hojalygyna – ojaga, gap-çanaga baglanyp, nakyla görä aýdylanda “Ärim getirer, Hudaýym ýetirer” diýen naçar halda galdyrylypdyr. Adatyň “jenaýat hukugy” diýen bölüminiň üstünde örän ýüzleýje durmakçy. Çünki, bu biziň ugrumyz däl-de, hukuk ylmynyň dogrudan-dogry iş salyşýan ugry. Bu ýerde biz diňe halk sudlary hem ülkämizi patyşa Russiýasynyň basyp almagy bilen baglanyşykda kolonial adminstrasiýanyň ol sudlaryň işine girizen täzelikleri barada gürrüň gozgamakçy. Kolonial döwre çenli hiç bir türkmen taýpasynyň möçberlerinde doly kadalaşdyrylan sudlaram, hukuk meselelerini ýörite berjaý ediji hemişelik işleýän sülçülerem, sydýalaram bolmandyr. Ejir çekeniň ýa-da dawa gatnaşýan taraplaryň islegleri nazarda tutulyp belli bir obada, köplenç metjidiň ýa-da şol obada tanalýan abraýly adamynyň öýüniň golaýynda ilatyň gatnaşmagy üçin açyk meýdanda halk sudunyň mejlisi ýa-da maslahaty çagyrylypdyr. Sud mejlisini alyp barmak üçin dawa gatnaşýan taraplar kethudalar ady bilen belli bolan belli bolan ýaşululary ýa-da aksakallary saýlapdyrlar. Sud mejlisiniň gidişi hat üsti bilen protokollaşdyrylmandyr. Dawalaşýan taraplardyr, şaýatlar diňlenenden soň, diňe adat kadalaryna salgylanyp, kethudalar özara pikir alşypdyrlar hem höküm çykarypdyrlar. Adat esasynda amal edilen sudlaryň esasy tagallasy – jerime salmak, öldürilen adam hakda iş gozgalan bolsa, onda jenaýatça hun töletmek arkaly dawalaşýan taraplary ylalaşdyrjak bolmaga syrygypdyr. Halk sudunyň höküminiň berjaý edilmegi ýa-da edilmezligi, köplenç halatda, sud mejlisine ýolbaşçylyk eden kethudalaryň at-abraýyna bagly bolupdyr. Çünki şol wagtda ildeşlerimiziň arasynda suduň höküminiň berjaý edilmegini üpjün edýän mejbur ediji organlar bolmandyr. Suduň hökümi ýerine ýetirilmedik halatynda, ejirçeken tarap ikinji gezek halk suduna ýüz tutmaly bolupdyr. Kazy sudy şerigat kadalaryna laýyklykşmagy da amal edipdir. Bu hakdaaýratyn bir makalada gürrüň ederis. Türkmenistan patyşa Russiýasy tarapyndan eýelenenden soň, ülkämizde oba, uýezd we pristaw, käriz sudlary hem-de halk sudýalarynyň Adatdan daşary gurultaýlary işläp ugrapdyr. Bu sudlaryň hemmesi adat hukugynyň kadalary esasynda ýerli adamlaryň sudýalyk we ekspertlik kolonial adminstrasiýasynyň ýiti gözegçiligi astynda hereket edipdir, ilkinji bu ýerde göze ilýän zat – kolonizator çinownikleriň umuman sud işleriniň ykjam merkezleşdirilmegi, dogrusy, obadyr käriz sudlaryny uýezd we pristaw sudlaryna, olaram halk sudýalarynyň Adatdan daşary gurultaýyna tabyn edip goýmaklary. Şeýle etmek bilen bolsa olar Zakaspi oblastyndaky ähli sud işlerini özleriniň doly kontrollygynda saklapdyrlar hem-de olary patyşa hökümetiniň maksatlaryny berjaý etmäge gönükdiripdirler. Oba sudlary ülkämiziň diňe Aşgabat uýezdinde döredilipdir. Her bir obanyň çäklerinde, belli bir kesgitlenen ýerde, bu sud hepdede bir gezek, ýeke anna gününde öz mejlisini geçiripdir. Mundan has öň oba mejlisinde erkek göbekli uly adamlar, üç sany sudýalaryny, şeýle hem üç sudýalyga kandidatlary üçýyl möhletinde saýlapdyrlar. Sud hökmüniň doly kuwwatynda bolmagy üçin halk sudýalarynyň üçüsiniňem onuň mejlisine dogrudan-dogry gatnaşmagy zerur eken. Eger-de halk sudýalaryndan biri, öňünden suduň mejlisine gatnaşyp bilmejekdigini äşgär etse, obanyň arçyny sudýalyga kandidatlardan birini onuň ornuna wagtlaýyn belläp bilipdir. Oba sudunyň ähli hereketleri kolonial adminstrasiýanyň ynamly wekili bolan patyşa hökümetiniň erk-islegini oba ýerlerde gögerdýän arçynyň ugrukdyrmagynda geçipdir, suduň çykaran hökmüni berjaý etmegem arçyna degişli bolupdyr. Ine, şuňa görä-de, arçynyň gödek jeýatçylykly hereketleri barada oba ilatynyň wekilleriniň, şikaýat arzasyna oba sudunyň garamaga hukugy bolmandyr. Kolonial adminstrasiýa oba sudlarynyň gerimlerini diýseň çäklendiripdir. Emläk babatynda olar ejir çekeniň diňe 100 manada çenli bolan arzasyna, köplenç halatlarda bolsa, är bilen aýal hem-de ata-eneler bilen perzentler arasyndaky maşgala dawalaryna seredipdirler. Olaryň günäkär tarapa berýän temmisi hem gaty çäklendirilip, günäkäre üç manada çenli jerime salyp ýa-da ony ýedi güne çenli tussag edip bilipdir. Ahal etraplarynda kärizlere eýelik etmek barada dawaly hukuk meselelerini kadalaşdyrmak üçin, 1893-nji ýylda Aşgabat uýezd uprawleniýesiniň ýanynda käriz sudy döredilipdir. Bu suduň başlygy wezipesini Durun pristawynyň naçalniginiň orunbasary berjaý edipdir. Oba käriz işlerinde garalan, emma dawa gatnaşan taraplaryň ylalaşmaklary üpjün edilmedik işler uýezd we pristaw sudlarynyň garamaklygyna berlipdir. Bu halk sudlar uýezddir pristaw uprawleniýeleriniň ýanynda ýerleşip, olaryň düzümi gaty bir bellem edilmändir. Köplenç ýagdaýlarda olaryň mejlisleri obalardan çagyrylyp getirilýän bäş sany wagtal-wagtal çalşyrlyp durlan halk sudýalarynyň, Mary etraplarynda bolsa, “diwan begleri” lakamlary bolan bäş hemişelik sudýalaryň gatnaşmagynda geçipdir. Her bir uýezd we pristaw sudunyň düzüminde sud eksperti wezipesini berjaý ediji kazy ýa-da ahun bolupdyr. Sud mejlisinde emläkdir nika meselelerine garalanda, olar bu meseleleriň musulman kanunçylygynda – şerigatda çözülişini sudýalara salgy beripdirler. Uýezddir halk sudýalary diýen ady göterenem bolsalar, oblastyň harby kolonial adminstrasiýasy olary dogrudan-dogry öz kontrollygy astynda saklapdyr. Bu ýagdaý aşakdaky çäklendirmelerde aýyl-saýyl äşgär bolýar: - Bu sudlaryň mejlisleri uýezd naçalniginiň ýa-da pristaw naçalniginiň baştutanlygynda geçirilipdir; - ölüm-ýitim, alaman hem-de talaňçylyk bilen baglanyşykda uýezddir pristaw sudlarynyň sürgün etmek we beýleki şunuň ýaly möhüm hökümleri diňe Zakaspi oblastynyň tassyklamagy bilen güýje girişipdir. Uýezd we pristaw sudlarynyň çykaran hökümleri barada düşen şikaýat arzalary halk sudýalarynyň Adatdan daşary gurultaýynyň garamaklygyna berlipdir. Bu sud, emma atlandyrylyşyna görä, gurultaý, ilkinji gezek 24-nji ýanwarda 1894-nji ýylda ýygnalypdyr. Şol wagt onuň düzüminde adat kadalaryndan hatasyz baş çykaran dörtsany ýerli ilatyň wekilleri hem bir kazy bolupdyr. Soň-soňlar bolsa, onuň düzümi ýedi adama çenli artdyrylypdyr. Halk sudýalarynyň Adatdan daşary gurultaýy 1895-nji ýyldan başlap, her ýylda iki gezek, ýagny iýun wedekabr aýlarynda çagyrylyp başlanypdyr. Onuň mejlislerinde harby-kolonial adminstrasiýanyň wekillerinden oblastyň sud komissiýasynyň baştutany başlyklyk eden bolsa, onuň orunbasary wezipesini kolonizatorlaryň ikinji bir wekili gündogar dilleriniň kursuny tamamlan rus ofiseri berjaý edipdir. Aýdylanlardan äşgär bolşuna görä, rus harby-kolonial adminstrasiýasy oblastyň çäklerinde hereket eden halk sudlarynyň aşakdan ýokary basgançaklaýyn dört görnüşini hem özüne doly tabyn, garaşly ýagdaýda goýup, adatyň hukuk kadalaryna-da düýpli täzelikler girizilipdir. Bu bolsa, häzir adatyň başdaky, asyl hukuk kadalaryny dikeltmekde uly kynçylyklar döredýär. Iň beterem, halk sudlaryny özlerine doly garaşly ýagdaýda goýmaklarynyň hem-de adat hukuk kadalaryna düýpli özgerişler girizmekleriniň sebäbini kolonial adminstrasiýanyň wekilleri hukuk meselelerinde, hamala diýersiň, türkmenleriň düşünjesiniň entek pesligi bilen düşündirjek bolupdyrlar. Halkymyza şeýle äheňde şyltak atmak şol wagt Saragt pristawynyň naçalnigi bolan A.Lomakine hem mahsus. Ol ýokardaady tutulan kitapçasynda, ine, şeýle belleýär: “Türkmenler jenaýatyň jemgyýetiň bähbitlerine zyýan ýetiriji etmişdigine düşünmek hetdine heniz-henizlerem baryp ýetmändirler”. Eger halkymyzyň irki wekilleriniň adamlar, adamlar bilen urug-taýpa guramasy arasyndaky hem-de bütewi türkmen halky möçberlerinde gatnaşyklary kadalaşdyran adat atly hukuk kodeksiniň irki döwürlerde, ýagny VI-IX asyrlarda döredilendigini ýatlasak, A.Lomakiniň ýokarda getiren sözleriniň halkymyzyň üstüne atylan tüýkesme töhmetdigi äşgär bolýar. * * * Ynsan zähmetiniň ýerdir suwa siňdirilmegi bilen, ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli maddy nygmatlyklaryň döredilýänliginden ugur alyp, adatda şöhlelendirilen çylşyrymly hem köp ugurly emläk hukugynyň düzüminden diňe bir ýer-suw gatnaşyklaryny alyp, olar hakda gürrüň etmegi maksada laýyk tapdyk. Adat kadalaryna laýyklykda irki ildeşlerimizde obşina ýa-da sanaşyk, hususy eýeçilikdäki mülk ýer eýeçilikleri bolup, olaryň meýdanyndan bir bölegi kärendesine berlipdir. Sanaşyk türkmenler arasynda iň köp ýaýran ýer eýeçiliginiň görnüşi bolup, ol ildeşlerimiziň durmuşynda şol zamanlar höküm süren tiredir urug-taýpa guramaçylygynyň ykdysady esasyny düzüpdir. Taýpanyň garamagyndaky umumylaýyn peýdalanylýan ýer we suw ilki uruglar, soň tireler ahyrynda bolsa, aýry-aýry obalar paýlanypdyr. Her bir obanyň özüne degişli ýer we suw geçiriji ýaby bolup, adatça ýer iki bölekden-mallar üçin öri meýdany bolup hyzmat eden ýaýladan hem ekerançylyk üçin saklanan meýdandan ybarat elen. Obanyň ýabynyň suwaryp hem taba getirip biläýjek meýdany şol öýlenen erkek adamlarynyň arasynda bije atmak arkaly deňeçerräk paýlanypdyr. Obalarda sanaşyk ýeridir suwuny täzeden paýlaşmak diňe güýzde amal edilipdir. Şonda öňki ýerdir suw alan öýli-işikli erkek adamlardan daşary täze öýlenen erkek kişilerem ýer-suw paýyny alypdyrlar. Şu däp ýylyň-ýylyna gaýtalananlygy üçin adat kadalaryna “nika suwy” diýen düşünje berk ornaşypdyr. Adat kadalary mülk ýer eýeçiliginiň döremekliginiň üç ugry hakynda gürrüň edýär. Olardan birinjisi, oba geňeşiniň kesgitlemegine görä,öýüň ýanynda her bir maşgala uly bolmadyk ýer bölegi berlipdir. Maşgala onda bag hem bakja ekmek bilen ony özüniň kiçiräk emlägine, mülküne öwrüpdir. Ikinji ugur, gurply adamlar uly çykdajylar etmek bilen ýakyn garyndaşlarynyň güýjüne daýanmak hem-de hakyna tutulan adamlaryň zähmetini ekspluatirlemek arkaly çeşmeleriň üstüni açypdyrlar ýa-da kärizler gazdyrypdyrlar. Şeýle adamlaryň çeşmelerdir kärizleri hem olaryň suwaryp janlandyran, öňden boş ýatan ýerleri, olaryň hususy eýeçiligine geçip, mülküne öwrülipdir. Bu babatda adat şerigat kadalaryna eýerýär. Öň jansyz ýatan girdeji bermedik ýeri kimde kim suwarsa, janlandyrsa, ekip-bejerip, girdeji berýän ýere öwürse, şerigat boýunça,ol şol adamynyň hususy eýeçiligindäki mülküne öwrülipdir. Üçünji ugur,jemgyýetçiligiň öňünde bitiren aýratyn ganymy gaýtarmak, ýer asty suwlaryň çeşmedir kärizleriň gözbaşyny salgy bermek hem mekdep açyp, çagalary hatly-sowatly etmek ýaly hyzmatlary üçin, meşhur-tanymal adamlara, sanaşyk ýeridir suwundan bölüp, mülk bagyşlanypdyr. Obşina eýeçiligindäki sanaşyk ýerlerinden tapawutlylykda, mülk ýerleri, aýratyn bir adamynyň hususy emlägi hökmünde atadan ogla, soňam nesilden nesle geçipdir. Ol satylmak esasynda bir adamdan ikinji bir adama-da geçipdir hem girewine-de goýlupdyr. Biziň ildeşlerimiz irki döwürlerden başlap, öňünden gepleşilen ylalaşyk esasynda özlerinden süýşük ýerleridir suwlaryny kärendesine bermegi däp edinipdirler. Şu sebäbe görä, adat kadalarynda kärendäniň aşakdaky dört görnüşi barada gürrüň gozgalýar: 1). Ýerdir suwuň eýesi kärendeçä hem ýeri, suwy kärendesine beripdir; 2). Kärende beriji kärendeçä diňe suwuny kärendesine beripdir. Şeýle ýagdaýda kärendeçi öz ýerinden peýdalanmaly ýa-da beýleki birinden ýeri kärendesine almaly bolupdyr; 3). Kärendeçi ýer we suw eýesinden onuň diňe ýerini kärendesine alanda, ol öz suwundan peýdalanmaly ýa-da başga birinden suwy kärendesine almaly bolupdyr; 4). Emläk eýesi kärendeçä ýeri hem, suwy hem, tohumlyk dänänem, iş malydyr zähmet gurallarynam kärendesine beripdir. Kärende haky hasylyň belli bir bölegini kärende berijätölemeklige syrygypdyr. Kärendäniň birinji görnüşiniň tölegi hasylyň üçden birine, ikinji we üçünji görnüşleriniň tölegi hasylyň dörtden birine, dördünji görnüşiniň tölegi bolsa hasylyň deň ýaryna barabar eken. Kärende ýerleridir suw mülkden berlen bolsa, onuň tölegi dogrudan-dogry mülk eýesiniň eline geçipdir. Sanaşyk ýerleridir suwundan süýşürilip berlen kärendäniň tölegi obanyň umumy eýeçiligine geçip, ol köplenç metjitleriň, işanlaryň, öwlüýäleriň hem-de ekerançylygyň piri bolan Babadaýhanyň ýoluna sadaka bermeklige harajat edilipdir. Adat kadalaryna laýyklykda, her bir obanyň sanaşyk ýer-suw eýeçiliginde Babadaýhanyň paýy hökman bolaýmaly. Ol paýyň tohumlyk dänesi sadaka hökmünde oba ilatyndan toplanypdyr. Ýeri bolsa, ýowar görnüşinde oba uly adamlarynyň gatnaşmagynda ekilipdir. Şeýle esasda Babadaýhanyň ýer-suw paýyndan alnan hasyl obanyň ýetimleridir, garyp-gasarlaryna hem dul aýallaryna paýlanypdyr. Adatyň bu kadasynda ejizi goldamak, oňa arkadag bolmak ideýasy bar. Adat hukuk häsiýetindäki ýygyndy bolup, ençeme asyrlaryň dowamynda ol ildeşlerimiziň arasynda dörän örän çylşyrymly gatnaşyklary kadalaşdyryp, çykgynsyz ýaly aldym-berdimli pursatlarda, aňrylarymyzyň biri-birlerine arka bermeklik bilen ysnyşykly ýaşamagy öwredipdir. Ine, şu hem dilden-dile geçip, bize gelip ýeten bu ruhy ýadygärligiň gymmatyny has-da artdyrýar. Gurban RAHMANOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. # yaskommunist_91 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |