02:57 Türkmenleriñ Kiçi Aziýa ilkinji göçhä-göçlükleri | |
TÜRKMENLERIÑ ANADOLY DIÝARYNA EDEN ILKINJI GÖÇHÄ-GÖÇLÜKLERI
Taryhy makalalar
♣ Türkmen göçüniñ sebäpleri: Dandanakan söweşinden soñra yslam ýurtlarynda Seljukly türkmen häkimiýetiniñ gurulmagy bilen türkmenleriñ bir asyrlap dowam eden ýer-ýurt ýetmezçiliginiñ soñuna çykylan ýaly bolup görünse-de, barha artýan ilat sany we täze göçler sebäpli, ýerleriñ türkmenlere azlyk edip başlamagy täze ýer-ýurt gözlegine çykylmagyna getirdi. Şonuñ üçinem türkmenler yslam ýurtlaryna çapawulçylykly hereketleri gurnaýardylar. Bu bolsa merkezi döwlet apparatyny gönüden-göni kyn ýagdaýa düşürýärdi. Netijede Togrug beg tabynlyndaky begleriñ üsti bilen "türkmenleri Anadola Wizantiýanyñ üstüne ýörişe çykmaga" çagyrdy. Çagry begiñ tabynlygyndaky begler türkmenlere we döwletiñ içinde emele gelen bu ýagdaýa çykalga tapmak maksady bilen Anadola ýörişleri gurnadylar we 1045-nji ýylda Horasan sebitinde ýaşaýan türkmenleriñ hem gatnaşmagynda Gündogar Anadola girdiler. Şol döwürden söz açýan ermeni çeşmeleri türkmenler barada: "Ermeni esgerleri olar bilen garşylaşanda olaryñ birgeñsi sypatly, elleri ýaýly we aýalyñky ýaly uzyn saçlydyklaryny gördüler... Türkmenler ok atyp birgiden ermenini öldürdiler..." diýip ýazgy galdyrypdyrlar. Türkmen birlikleriniñ garşysynda ýeñlişe uçran Wizantiýa güýçleri yza çekilipdir we Wan kölüniñ ep-esli bölegi türkmenleriñ golastyna geçýär. Emma Çagry beg ýanyndaky 5-6 müñ atlysy bilen bu ýerde uzak galyp bilmejegini bilensoñ, yzyna dolanýar. Ol dolanyp gelensoñ, Anadolyda özlerine çynlakaý garşylyk berip biljek güýjüñ ýokdugyny we Anadoly topraklarynyñ eýelenmäge amatly ýerlerdigi barada hasabat berýär. Çagry beg Türkmeniñ Anadolyda düýpli garşylyga duş gelmezligine bolsa, bu ýerleriñ has öñräklerden bäri yslam goşunlary we ol goşunlaryñ düzümindäki türkmen birlikleri tarapyndan yzygiderli ýörişleriñ gurnalyp durulmagy sebäp bolupdy. Aýratynam oguz ilinden bölünmeler başlan wagtyndan bäri Azerbaýjana we Anadola çenli gelip, bu ýerlerde jemlenişen türkmenlerem Gündogar Anadola yzygiderli diýen çapawulçylykly hereketleri gurnap durýardy. ♣ Türkmen gysyşy we ermeni göçhä-göçlügi: Şunuñ ýaly çapawulçylykly hereketlere döz getirip bilmedik ownuk ermeni knýazlyklary ygtyýarlyklaryny doly diýen ýaly Wizantiýanyñ eline bermäge mejbur boldular. Wizantiýa bu ýerdäki ermenileri Kapadokiýanyñ töwereklerine göçürip, sebiti doly boşadýar we gündogar serhete hüjümlerden goranmak üçin hakyna tutma esgerler (peçenegler) ýerleşdirilýär. Anadolynyñ ilatynyñ selçeñleşmegine-de hut Wizantiýanyñ amala aşyran bu goranyş çäresi sebäp bolan bolsa gerek. Bu barada taryhy çeşmelerde ýygy-ýygydan agzalýar. Urfaly Mateosyñ "häkimiýetsiz we heleýleşen ýigrenji rum milleti Ermenistanyñ iñ gaýduwsyz perzentlerini ýurtlaryndan jyda düşürip dargatdylar, halkymyzy pytradyp türkmenleriñ basyp alyjylykly hereketlerini añsatlaşdyrdylar" diýip ýazan setirleri bu goranyş çäresi barada gürrüñ berýän anyk taryhy çeşmedir. Hatda Mateos bu ýerleriñ ilatynyñ boşadylmagynyñ çapawulçylykly ýörişlerden ýadamaýan türkmenlere hasam beleñ berendigini aýdýar. Bu pikir biziñ nukdaýnazarymyzdan hem dogry bolsa gerek. Görlüşi ýaly, Wizantiýanyñ amala aşyran bu çäresini özleri üçin amatly pursata öwüren we hiç hili garşylyk görmedik türkmenler arkaýynlyk bilen Gündogar we Günorta Anadola aralaşýarlar. Şol bir wagtyñ özünde serhetýaka ýerlere goranyş maksatly ýerleşdirilen peçenegleriñ hem aglaba bölegi olar bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda asly bir doganlaryna garşy uruşmak islemeýärler we öz ganybir kowumdaşlarynyñ tarapyna geçýärler. Şeýle-de bolsa, Togrul beg döwründe türkmen begleri tarapyndan Anadola gurnalan ýörişler sistemalaýyn görnüşe geçip ýetişmändi. Türkmen birlikleri Anadolynyñ jümmüşine çenli gidip alamançylykly hereketleri amala aşyrýanam bolsalar, baran ýerlerinde uzak saklanyp bilmän yzlaryna dolanýardylar. Malazgirt söweşine çenli Alp Arslan döwründe gazanylan ýeñişleri gysgaça şu aşakdaky tapgyrlara bölmek mümkin: ◇ 1064-nji ýylda türkmenleriñ Karsa we Merkezi Anadola ýaýylmagy; ◇ 1067-nji ýylda türkmenleriñ Gyzyl Yrmak jülgesiniñ ugry bilen Kaýserä we Niksara ýaýylmagy; ◇ 1068-nji ýylda türkmenleriñ Ammuriýäni (Amorium) we Konýany ele geçirmegi. Mundan beýläk türkmenler baştutanlyk edýän begleri bilen birlikde Anadolynyñ gündogar sebitlerinde isleýişleri ýaly hereket etmäge we Merkezi Anadola tarap süýşmäge başlaýarlar. Muña garamazdan Anadoly türkmenler üçin entek-entekler howpsuz däldi. Çünki Wizantiýa döwletinde içki agzalalyklaryñ dowam edýändigi üçin türkmen ýörişlerine düýpli garşylyk berilenokdy. Wizantiýa goşunynyñ kiçijik türkmen toparlarynyñ amala aşyrýan bu hereketlerini dargadyp biljek kuwwatynyñ bardygyny oñat bilýändikleri üçin ýörişler juda seresaply geçirilýärdi. Çeşme: E.SERT "XII asyr Türkiýe Seljuklylarynda türkmenler". Terjime eden: © Has Türkmen. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |