21:34 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -5: Watan küýsegi | |
5. Watan küysegi
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gadym döwürlerde goňşy ýurtlaryň bir hökümdary awa-şikara çykypdyr. Bir keýigi yzarlap barşyna ýoldaşlaryndan aýra düşüp, azaşypdyr. Ýurduň çäginden daşlaşanyny, türkmen illerine aralaşanyny duýmandyr. Surnugan atyna dem-dynç bermek üçin golaýdaky çarwa düşelgesinde düşläpdir. Mazaly özüni dürsäpdir. Hökümdaryň ol çarwa türkmen bilen gepi-sözi alşypdyr, juda göwnüne ýarapdyr. Ony öz ýany bilen alyp gitjekdigini, uly wezipeler we engamlar, gymmatbaha halatlar we serpaýlar berjekdigini aýdypdyr. Çarwa hernäçe boýun towlasa-da, hökümdar onuň «ýoguna» bakman, ýany bilen öz ýurduna alyp gidipdir. Özünden gowy iýdiripdir, özünden gowy geýdiripdir. Emma çarwa türkmeniñ ýüzi açylyp gidibermändir. Мüň tilsimli darbazlar, hokgabazlar oýun görkezipdir, çarwanyň ýüzünde bir ýylgyryş peýda bolmandyr. Hökümdar ahyry onuň öz ilini ýiti küýseýändigini bilipdir, emma çarwa dostuny gözüniň alnyndan gideresi gelmändir. Köşgüň tanymal ymaratçylaryny, binagärlerini çagyryp, çarwanyň ýaşaýan ýeriniň-dogduk iliniň çyzgysyny, suratyny çekip getirmegi we şonuň esasynda edil şoňa meňzäp duran ýaşaýyş toplumyny bina etmegi buýrupdyr. Buýruk kemsiz ýerine ýetirilipdir. Hökümdar çarwany ýanyna alyp, täze mesgenlere aýlanmaga çykypdyr. Çarwa türkmen haýran galypdyr: jaýlaram, baglaram — ähIi zat edil öz ilindäki ýaly, topragy bilen göçürlip getirilen kysmy diýýär. Çarwa bu meňzeşlige birsellem haýran galyjylyk bilen seredipdir, ýöne göwni açylmandyr. Sebäbi, jaýynda-bagynda müň menzeşlik, ýüz artykmaçIyk tapsaňam, ol seniň Watanyň däl ahyry, iliňdäki ajaýyp adamlary göçürip getiräýeniňde näme, ýeri, onuň müň derde melhem howasyny niçiksi alyp gaýtjak?! Ahyry bolmajagyna gözi ýetensoň, hökümdar gözýaşa gark bolup, çarwa dostuny öz iline ugradypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |