09:06 Türkmenler hakynda 100 hekaýat -6: Jennet topragy | |
6. Jennet topragy
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bagdat medreseleriniň birinde müderris talyplarynyň üşügini, zehinini, ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir. Ol talyplaryny ýanyna çagyryp: «Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan bir gysym alyp geliň» diýipdir. Her talyp okan, öwrenen zadyny hatyrynda gaýtalapdyr, küti-küti kitaplary dörjelemäge başlapdyr. «Ajaýybul-mahlukat we garaýibul-mewjudat» ýaly eserleri hem sahaplap söküpdirler. Jennet topragynyň nirede ýerleşýändiginiň haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin ürç edipdirler. Şol günleriň birinde Al-Merwezi lakamly bir şägirdiň müderrisden rugsat alyp, Merwe gidendigini talyplar bilip galýar. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp: «Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly. Öňki alymlaram Merwi jennetiň nusgasyna ýönelige deňän däldirler, şol ýerde bir mukaddes ýer bardyr, ony hem şu ýoldaşymyz bilýändir. Biziň bu zatlary bilmeýşimizi diýsene» diýşipdirler. Birnäçe günden soň al-Merwezi bir gysym topragy müderrisiñ öñünde goýupdyr: «Tagsyr, ynha, size jennetden bir gysym toprak getirdim» diýipdir. Müderris hiç zat bolmadyk ýaly düwünçegi kabul edipdir we ony ähli talybyň önünde açyp görkezipdir. Üýtgeşik topragy görmäge höwesek talyplar düwünçegiň daşyna egele bolupdyrlar. Görseler, adaty bir gum. Talyplar bu wakaň syryna akyl ýetirip bilmändirler. Müderris ondan: «Hany, şägirt, munuň jennet topragydygyny ýoldaşlaryňa hem düşündir, ýogsam, olar ynam etmeýäne meňzeýar» diýipdir. «Tagsyr, hezreti pygamberimiziň «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen mübarek sözleri bar. Men hem obama baryp, enemiň basyp giden aýak yzyndan bir goşawuç gum aldym, ine, şu hem jennet topragydyr» diýip, jogap beripdir. Müderris bu jogapdan hoşal bolupdyr. Beýleki talyplaryň bolsa haýran galmakdan başga çykalgasy galmandyr. Olar owrenen zatlarynyň ýatlarynda galmandygyna we talap edilýän zady düýbünden başga ýerden gözländiklerine düşünipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |