17:26 Türkmenistanda basmaçylyk hereketi | |
TÜRKMENISTANDA BASMAÇYLYK URŞY
Taryhy makalalar
(BIRINJI, IKINJI WE ÜÇÜNJI GARAGUM URUŞLARY) • Birinji Garagum urşy 1920-nji ýylyň ýanwar aýynda Jüneýit hanyň Hywa tagtyndan el üzüp, Garaguma çekilmegi bilen basmaçylyk hereketi yzygiderli dowam edyän uly syýasy häsiyete eýe bolup baslady. 1921-nji ýylyň 21-nji aprelinde Jüneýit hanyň 1000-e atly-ýaragly nökerleri gyzyl esgeriň kiçeňräk otrýadyny gylyçdan gecirip Ýylanlyny eýeledi. 17-nji iýulda Akdepede duran otrýad bilen söweşe girdiler. Ýöne gyzyl esgerler tarapyndan berk gaýtawul görlensoň yza çekilmäge mejbur boldular. Şol ýylyň tomsunda Daşoguz etraplarynda Jüneýit han öz goşunyna nöker toplady. Oňa ilatdan ýene-de 25 atly gelip goşuldy. Nökerler Tagta (häzirki Görogly), Ýylanly, Köneürgenç, Goňrat, Hojaili ýaly etrap merkezlerine çapawulçylyk etdiler. 1921-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Köneürgençde Horezm Halk Sowet Respublikasynyň delegasiýasy Jüneýit han bilen ýaraşyga gol çekdi. Ýaraşygyň şertlerine görä, Jüneýit hanyň Hywa türkmenleriniň ýanyndaky türkmen meýletin toparlaryny dargatmak baradaky we beýleki talaplary berjaý edildi. Onuň bilen birlikde Horezm Respublikasynyň dokumentiniň düzümine Jüneýit handan iki adam girizmek, onsoňam hanyň ýaşakal ýerine Köneürgenjiň 40 km günbatarynda Garasaç diýlen ýere Amyderýadan ýap çekip bermek barada ylalaşyga gelindi. Başgaça aýdylanda Horezm Respublikasy Jüneýit hanyň ähli talaplaryny berjaý etmäge razylyk etdi. Buhara Halk Sowet Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hem käbirleriniň Türküstan hökümýeti bilen “mäşi bişişenokdy”. Olar ýurtdan rus goşunlarynyň çykarylmagyny talap edýärdiler. Buharada Kerki we Çärjew welaýatlarynda basmaçy toparlary peýda bolup, ýagdaý has-da ýitileşdi. 1922-nji ýylyň baharynda Buharadaky basmaçylara bu ýere gelen Osmanly imperiýasynyñ iñ soñky Goranmak ministri Enwer Paşa (Enwer Paşa gelip çykyşy boýunça gagauz türkmenlerinden -t.b.) ýolbaşçylyk edip baslady. Onuň täsiri bilen basmaçylaryň sany gün – günden artyp, tiz wagtyň içinde 16 müň adama ýetdi. Basmaçylyk hereketi indi diňe Demirgazyk Türkmenistanda däl eýsem beýleki raýonlarda hem döräp başlady. 1921-nji ýylyň awgust aýynda Murgap, Tejen derýalarynyň aşak akymynda basmaçy toparlary peýda boldy. Mysal üçin Hojaguly hanyň ýolbaşçylygynda Tejen we Sarahs etraplarynda hereket edýän basmaçylar toparyna 600 atly dagy bardy. Ýeri gelende aýtsak, Hojaguly han 1918-1920-nji ýyllarda Jüneýit han Hywada hanlyk sürende onuň ýanynda bolup, gullugyny edipdi. Ol häzirem Jüneýit bilen ýakyn aragatnaşykdady. Elbetde, Jüneýit han Kerki, Çärjew taraplarynda hereket edýän basmaçy toparlarynyň döremeginden habarsyz däldi. Şeýlelikde dürli regionlarda dörän basmaçy toparlary göräýmäge dagynyk ýaly bolsa-da hakykatda olar Jüneýit han bilen baglanyşyklydy. Ol mümkin boldugyça hemme türkmen taýpalaryny “kapyrlara” ýagny Sowet häkimýetine garşy aýaga galdyrmaga çalyşýardy. Onuň pikiriçe baknadar orslar bilen bolşewik orslaryň arasynda tapawut ýokdy. Olaryň ikisem türkmeni özüne boýun egdirmäge, has takygy türkmen halkyny öz gününe goýman, onuň boýnuna boýuntorluk salmaga gelipdi. Şunuň üçinem Jüneýit han türkmeniň ili ýaragty tutanyň ata çykmagyny talap edýärdi. Kimde kim söweşden ýüz öwürse has beteri bolşewiklere goşulsa, ol Jüneýit üçin ganym duşmandy. 1922-nji ýylyň noýabr aýynda Hywada türkmenlerden we özbeklerden düzülen meýletinçiler toparlary döredilip, tolly pulemýotly, Somolýotly Gyzyl Goşun bölümleri bilen bilelikde Jüneýit hanyň üstüne iberildi. 1923-nji ýylyň ortalaryna çenli Gaplaňgyr, Akýaýyr, Oklysüzek diýlen ýerlerde Balykly, Aknabat – Göknabat, Igde guýularynyň ýanynda Orta guýuda uly söweşler bolup, basmaçylaryň esasy güýçleri palaç ýatyrylan ýaly ýatyryldy, ençeme çarwa obalar ýakylyp ýndyryldy. Gyzyl esgerler müňlerçe düýe, on müňlerçe goýun olja aldylar. Jüneyit han Garagumyň has jümmüşine yza çekilmäge mejbur boldy. 1922-nji ýylyň awgustynda Buharada söweşde Enwer Paşa wepat boldy. Buhara basmaçylarynyň beýleki serdarlary Owganystana geçip gitdiler. 1923-nji yylyň ortalaryna çenli Ferganada, Zerewşanda hem basmaçylyk hereketi gutarnykly suratda derbi – dagyn edildi. Emma Jüneýit hanyñ at – owazasynyň ýaýran ýerlerinde basmaçylyk hereketi hiç togtamaýardy. Gaytam kem – kemden giňelýärdi. Onuň esasy sebäbi bolşewikleriň eden – etdilikleridi. Mysal üçin, 1923-nji ýylda Horezm Halk Sowet Respublikasy Sosialistik respublika diýlip yglan edildi. Şonuň bilen birlikde haýdan-haý kazyýetler ýatyrylyp, sowet kazyýetleri girizildi. 1924-nji ýýlyň ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde Horezm respublikasynyň gd raýonlarynda oturan özbek ilaty aýaga galdy. Şol bir wagtyň özünde olar Jüneýit hanyň ýanyna öz wekillerini iberip, ondan gozgalaňy goldamagyny soradylar. Hut şol wagtyň özünde beýleki delegasiýany bolsa Hywa iberip, Horezm Sowet Sosialistik respublikasynyň hökümetinde sowet mekdeplerini ýatyrmak, ozalky mekdepleri, medereseleri dikeltmek, kommunistleri respublikadan çykaryp kowmak barada ýörite ultimatum berdiler. Elbetde “üstünlikden” basy aýlanan Horezm SSR-niň hökümeti gozgalaňçylaryň talaplaryny berjaý etmedi. Jüneýit han bolsa diňe bir kömek bermek däl eysem gozgalaňa umumy ýolbaşçylygam öz üstüne aldy. Özem ol döwre çenli han yene-de mazaly güýç toplady. Onuň nökerleriniň arasynda zakaspi türkmenlerem hatda owganly türkmenleriň onlarçasy bardy. Hanyň goşunyna dürli ýerlerden ýarag ok-däri ýükli kerwenleriň ençemesi eýýäm gelipdir. Kelteminardan hana beýleki türkmen obalaryndan Jüneýit hana kömege gelen köp sanly türkmen atlylaryna ata taýpasynyň baştutany Agajan işan ýolbaşçylyk edýärdi. 1924-nji ýylyň 10-ny ýanwarynda umumy sany 6-7 müňe ýetyän gozgalaňçylar Hywany gabadylar. Ýanynda müňlerçe atlysy bolsa-da Jüneýit han bada – bat söweşe giri bermän, ozaly bilen Hywa halkyna Hywanyň kethudalaryna hat üsti bilen ýuzlendi. Hywa galasyny garaýjylar ol ýüzlenmäniň nähili täsir edendigi barasynda häzirlikçe maglumat ýok. Emma ondan garaşylan netijäniň çykmandygy welin bellidir. Galanyň içinde 100 sany gyzyl esger, 700-den gowrak eli ýaragly goragçy bardy, olara bolşewikler hem komsomollar ýolbaşçylyk edýäridi. Olaryň elinde 10 sany pulemýot bardy. Tiz wagtyň içinde Hywanyn goragçylaryna Daşoguzdan 80 adamly türkmen özbek meýletinleçiler otrýady, Hojailiden 130 adamly gyzyl esger otrýadly kömege geldi. Aldym-berdimli söweşler baslandy. Bu wagtlar Hywany goraýjylara kömek üçin iberilen. 82-nji Türküstan atly polky hem ýetip gelýärdi. Bu polk ozal Ferganada we Buharada bamaçylygy basyp ýatyrmaga gatnaşypdy. Polk 22-nji ýanwarda Çärjewe gelip, durman Hywa tarap gecip gitdi. Şol aýyň 28-inde Jüneýit han polkyň golaý gelenini bilip, nökerleri bilen galany taslap ýene-de Garaguma siňdi. Şu aýyň 29-ynda polk Hazaraspda gozgalaňçylaryň Agajan işan tarapyndan baştutanlyk edilýän topar bilen garpyşdy. 18 sagada çeken söweşden soň gozgalaňçylar guma çekildiler. Polk Hankeni, başaryhy basmaçylardan arassalap, Baydak aýynyň 4-de Hywa girdi. Gozgalaňçýlardan 2,14 adam tussag edilip zyndana taslandy. Jüneýit han 82-nji polkuň esasan özüne garşy iberlendigini onuň hökmany suratda yzyna duşüp gelýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol Hywadan çykanda polkuň bada bat yzyndan elýetmezligi üçin Ýylanlyda Anna baba bastutanlygynda 500 atlyny, tagtada hem Ahmet begiň 800 atlysyny goýup, özi bolsa 1500 – 2000 atly bilen Balykly guýusyna çekildi. 27-nji fewralda Balykly guýusynyň ýanynda polk Jüneýit hanyň esasy güýçleri bilen söweşe girdi we agyr söweşden soň Jüneýit han çyryşly guýusyna çekildi. 3-nji martda bu ýerde agyr söweşler bolup, han ýene-de yza çekilmeli boldy. 8-nji aprelde Jüneýit han, güýjüniň has azdygyna garamazdan Igde guýusynyň oýunda yzyndan polk bilen ýene bir gezek garpyşdy. Söweşde ýigitleriň 30-yny ýitirip, galan atlylary bilen Garagumyň jümmüşine siňip gitdi. Basmaçylyk hereketiniň garşysyna bu gezekki urlan zarba taryha Birinji Garagum urşy diýen at bilen girdi. Ol sowet hökümýetiniň uly ýeňşi höküminde bellenip gecildi. • Ikinji Garagum urşy 1924-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda urlan urgulardan soň basmaçylyk hereketi aýňalmajak ýalydy. Emma örän tiz wagtyň içinde basmacylyk herekete ýene-de aýaga galdy. Ýöne ol indi göreş taktikasyny üýtgetdi: basmaçylar bir ýere toplanman aýratyn toparlara bölünşip hereket edip basladylar. 1924-1925-nji ýyllarda Türkmenistanda şeýle toparlaryň 50-ä golaýy bolup, olarda diňe eline ýarag alyp, ata münip çöle çykan basmacylaryň umumy sany, doly däl maglumatlara görä 2000-denem gecýärdi. Basmaçy toparyndan Daşoguzda Şaltaý batyryň, Ahmet begiň, Ýerbentde Berdimyradyň Maryda Durdy baýyň Kerim hanyň, Tejende Hojaguly hanyň, Kerkide (Atamyrat) Jora Emmiň, Gylyç Mergeniň, Gazanjykda Orazgylyç mollanyň toparlary has iri toparlardy. Basmaçylyk hereketiň baş serenjançysy ruhlandyryjysy, adatça bolşy ýaly, Jüneýit handy. Ol öz nökerleri bilen Orta guýuda mekan tutupdy. Basmacylylar bilen bir hatarda galtamanlaram peýda boldy. Basmaçylaryň düýp maksady sowet hökümetini ýykyp, “kapyrlary” ýurtdan kowmak bolsa, galtamanlar ýol urmak il talamak bilen meşguldy. Onsoňam basmaçylar gum içinde bolup, wagtal-wagtal medeni zonadaky obalaryň üstüne dökülen bolsalar, galtamanlar gös-göni medeni zonada ýaşaýan ilaty talaýardylar. Mysal üçin, Ýylanlyda Anna balanyň galtaman topary obalaryň üstünden musallat bolup indi. Ilat ondan gorkýardy. Onsoňam Anna bala örän uly müldarlary we söwdägärleri 40 müň manat berip kärendesini alandansoň, ol Daşoguz okrugynyň ähli bazarlaryny eýeledi. Yzmykşirde Gulamaly han özüne özüne gala saldyryp, töwregine onlarça atly toplap, ýol urup kerwen talaýardy. Ol öz obadaşlaryna şaly ekdirip, 100 gektara golaý ýeriň hasylyňam alýardy. 1925-nji ýylyň iýunynda Gulamaly han sowet organlary tarapyndan duýdansyzlykda öldürildi. Gulamalynyň ölümi galtaman toparlarynyň serdarlaryna özboluşly bir duýduryş bolup hyzmat etdi. Olaryň birnäçesi, şolaryň arasynda Anna bala-da şu wakadan soň öz atlylary bilen baryp Jüneýit hana goşuldylar. Jüneýit hanyň mekan tutan ýerleriniñ orta guýy balaişem çyryşdy guýularynyň ýene-de mähellesi artdy. Oňa Daşoguz etraplaryndaky özbek basmaçylaram gelip goşuldy. Onda-da han açyk söweşde giribermekden saklandy. Ol amatly pursat gelýänçe sowet hökümeti bilen ylalaşyp ýaşamaga mejbur boldy. 1925-nji ýylyň fewral aýynda Jüneýit han Aşgabada bütin türkmen sowetleriň Birinji Uçreditel gurultaýyna öz wekili Abdyrahman ahun Gurbanseýit ogluny iberdi. Wekil hanyň gurultaýa iberen hatyny okap berdi. Onda Jüneýit han basmaçylara töwegelçilik edilmegini, indi olary yzarman belli bir ýerde mekan tutmaga rugsat berilmegini belent mertebeli ýygnanşykdan soraýardy. Gurultaý hanyň haýyşnamsyny kanagatlandyrdy. Ýöňe beyle ylalaşyk uzaga çekmedi. Bu gezek ýagadýyň ýitileşmegine ähtimal daşarky wakalar täsirini ýetirdi. Eýranyň Horasan Astrabat – welaýatlarynda Etrek – Gürgen etraplarynda ýaşaýan türkmenler şanyň zulumyna garşy baş göterdiler. 1924-nji ýylyň maý aýynda olar Garaşsyz Gürgen türkmen respublikasyny döredip, Osman ahuny onuň prezidentligine saýladylar. Eýran şasy Ryza dergazap bolup, türkmenlere garşy jeza beriji otrýad, goşun iberdi. Emma Nepis serdaryň 2000 atlysy, Allaýar hanyň 5000 atlysy Gök serdaryňam 500 atlysy birleşip şa goşunyny kül-peýkun etdiler. Ryza han indi ähli nemes lýotçiklerini hakyna tutsy. 5000 adamly jeza beriji ekspedisiýasynam dişine çenli ýaraglandyryp. 1925-nji ýylyň ýazynda “kakabaşlary amana getirmek” üçin ýola saldy. Ýokardan lýotçikler türkmen obalaryny “nemes anyklygy” bilen öwran-öwran bombalasalar, aşakdan ygtyýarsyz gyzybaşlar öňünden çykany gylyçdan geçirdiler. Türkmenler bolsa hiç ýerden kömek bolmady. Şonda-da olar mertlerçe söweşip 1925-nji ýylyň güýzüne çenli garaşsyzlygyny saklamagy başardylar. Ýüregine bire baglap, türkmeniň erkanalygy diýip ata çykanlar üçin elbetde, munuň täsiri boldy. Gana gark edilendigine garamazdan dagyň aňyrsyndaky arkadaşlaryň özbasdak Türkmen döwletini gurup ony bir ýarym ýyla golaý saklap bilmegi basmaçylyk hereketiniň täzeden göterilmegine getirdi. Basmaçylar ylaýta-da Mary etraplarynda häkimiýetiň ynjalygyny gacyrdy. Bu ýerdäki basmaçy toparlaryň serdarlary Berdimyrat, Hydyr ärsary Hangeldi, Annageldi, Sary tiz-tizden Jüneýit hanyñ ýanyna gatnap başladylar. Syýasy ýagdaýyň üýtgemegi bilen Jüneýit han has arkaýynlaşdy. Onuň nökerleri diňe bir gum içinde däl, eýsem respublikanyň ähli raýonlarynda gypynçsyz aýlanyşyp ýördüler. Ilaryň belli bir bölegi basmaçylara açykdan-açyk ýardam edyärdi. Mysal üçin 1925-nji, 1927-nji ýyllarda çarwalar hana öz mallarynyň kyrkdan birini zekat berdiler. TSSR Halk komissarlar sowetiniň başlygy türkmeniň söwer ogly Gaýgysyz Atabayew emele gelen ýagdaýdan çykalga gözleyärdi. Ol synply göreşiň bähbitleri üçin bir halkyň wekilleriniň biri-birini çapmagynyň galatdygyna, bu betbagtçylygyň her edip nesip edip öňüni almagyň zerurdygyna düşünýärdi. Şu maksat baradaky ol Jüneýit hanyň ýanyna ýörite wekiller iberip, onuň bilen gepleşikler geçirýärdi. Oňa azyk kömeklerini-de berýärdi. Gaýgysyz Atabaýewiň töwekgellik edip Jüneýit han bilen aragatnaşyk saklamagy oňa degerli wagty azyk kömeklerini bermegi hana täsir edipdir. Ol töweregindäki 200 hojalyk bilen Wasda özüne mekan tutmaga razy bolupdyr. Ýöne MK-nyň şol wagtky jogapkär orunbasary H.Sähetmyradow bu meselede Atabaýew gaty ýazgardy. Şeýlelelik-de hökümetiniň Jüneýit han bilen aragatnaşygy kesildi. Basmaçylyk ýene-de ýetjek derejesine ýetdi. Muny ymykly aňan Jüneýit han eýýä 1927-nji ýylyň awgustynda öz goragyny güýçlendirdi we basmaçylaryň mekan tutan guýularyň hemmesine öz adamlary goýdy. Öz nökerlerini 12 sany uly otrýada bölüp, otrýadlara baştutan edip özüniň ynamdar adamlaryny. Uly ogly Eşşi hany, kiçi ogly Igdir hany, Şaltaý batyry, Anna balany, Ahmet begi, Durdygylyç hany, Nurgeldi hany, Zana barmagy, Ýazan öküzi, Temiralyny, Şakir balany, Zair balany goýdy. Basmaçylaryň esli bölegini bolsa hut öz ýanynda rezerwde goýdy. Han bolşewikler bilen boljak aýgytly söweşe taýýar boldy. 1927-nji ýylyň sentýabrynda Merkezi Aziýa okrugy Jüneýit hanyň garşysyna Türkmenistanda iki sany goşun toplumyny doretdi. Demirgazyk topluma 83-nji we 84-nji atly polklar, 1-nji Türküstan atlylar polkunyň batalýony, 1-nji turkmen atly polkunyň eskadrony, awrasiýa otrýady, Günorta topluma bolsa basmaçylar yza tesende öňunde çykyp ýok etmek tabşyryldy. 1927-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Jüneýit hanyň hut özi goşuna baş bolup, ýörişe ugrady. Türkmenistanyň çäklerine seredende, Garagumda uly uruş başlandy. Jüneýit han ilatdan kömek osläp, birnäçe otrýady Köneürgenç, Ýylanly, Tagta raýon merkezlerine iberdi. Han obalarda dayhanlaryň goldamagyna garaşypdy. Emma onuñ diýeni bolmady. Gaytam, daýhan köpçüligi Jüneýidiň nökerleri bilen söweşe giren gyzyl esgerlere kömek berdiler. Netijede Jüneyit hanyň ilatdan goldaw isläp, ýerlere iberen toparlary yzly-yzyna güýçli garşylyga duçar boldular. Mysal üçin; Köneürgenjiň ýolunda Köpükli, Ketgenli öý obalarynda, Tagtanyň Hojakümmet obasynda atyşyk birnäçe güne çekdi. Hasam Hojakümmetde bolan söweş gazaply boldy. 29-njy sentýabryndan başlap 3-nji oktýabra çenli dowam eden söweşe Jüneýit hanyň özi ýolbaşçylyk etdi. Gyzyl Goşun bölümleri ýerden, uçarlar ýokardan yzarlap Ata guýuň oýunda Jüneýit hanyň yzyndan ýetdiler. • Üçünji Garagum urşy 1929-njy ýylda zorluk astynda geçirilýän uçdan tutma kollektiwizasiýasynyň başlanmagy bilen ýene-de ýaraga ýapyşanlaryň sany köpeldi. Basmaçy toparlarynyň uly birikmesine indi Şaltaý batyr ýolbaşçylyk edýärdi. Asla il arasynda aýdylyşyna görä Jüneýit han serhetden geçjek bolanda, Şaltaý batyr gara kelläni togalaýmasalar atdan düşmejekdigine oňa kasam edipdir. Şonuň üçinem onuň goşunyna beýleki okrugdakylardan basmaçy toparlarynyň wekili-de gelip gidýärler. 1929-njy ýylyň 5-7-nji maýynda Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerli feodal-klerikal hereketiniň baştutany Bäçe Sakanyň Jüneýit hanyň özara Buhara emiri Seýit Alym hanyň hem-de iňlis ofiserleriniň gatnaşmaklarynda maslahat bolup geçdi. Maslahatda şura hökümetine garşy göreşýän basmaçylara kömek bermek üçin üç sany topar döredildi. Şolaryň ikisi Türkmenistana ýagny, Lebaply Döwlet serdaryň 75 atlysy Kerkä, Çärjewe Eşşi hanyň, Mämmedaly hanyň 130 atlysy Tejene, soňra Daşoguza iberildi. Emele gelen toparlar birnäçe gezek serhetden geçip tabşyrygy berjaý etdiler. 1930-njy ýylda Şaltaý batyr Ýylanly etrabynyň Gökleňňer obasynda eden gyzgynçylygynda agyr ýaraglanýar we şehit düşýär. Şaltaý batyr wepat bolansoñ, basmaçylara Ahmet beg ýolbaşçylyk edýär. 1931-nji ýylda Türkmenistanda birleşen uly basmaçy toparlary emele geldi. Olar öz aralarynda Garagumyň merkezi guýulary arkaly gatnaşyk saklaýardylar. Ol toparlar raýon merkezlerine, obalara dökülip dürli sowet edaralaryny otlaýarladylar, kolhozyň mallaryny sürüp, “kapyrlardan” öç alýardylar. Çarwa ilatyň arasynda ýykgynçylyk hasam güýçli boldy. TK (b) PMK-sy we TSSR HKS garaguma ýagny basmaçlara garşy harby syýasy ekspidisiýa ibermegi karar etdi, ştab döwlet boýunça bäş müňe golaý atlyny özünde jemleýän basmacy toparlaryny gyryp, soňuna çykmagynyň planyny düzdi. 1931-nji ýylyň sentýabr aýynda başynda Garagumda ýene-de uruş başlandy. Gyzyl Goşun bölümini bir wagtyň özünde Türkmenbaşydan, Bereket, Tejen, Mary, Hywa we Daşoguzdan basmaçlara garşy hüjüme gecdiler. 8-nji Aýratyn türkmen atly brigadasynyň beýleki goşun bölümleriniň esgerleri harby uçarlaryň kömegi bilen bary ýogy on güniň içinde basmaçy toparlarynyň derbi dagyn etdiler. Öňde-soňda bolmadyk gyrgynçylyk boldy. Diňe basmaçylar däl, eýsem olary penalan hökmünde gumly edaralar-da gan ýuwtdylar. Şeýle keç ykbally obalarynyňam biiri Keltegoňur bolmaly. Keltegoňur gyrgynçylygynda 56 adam sehit boldy. (Bu gyrgynçylyk tanymal ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner oglynyñ "Keltegoñur kyssasy" powestinde beýan edilýär -t.b.). 1031-nji ýylda Garagumda gopan kyýamatdan soň basmaçylar doly amala gelmedi. Eýýäm 1932-nji ýylyň ahyrlarynda Türkmenistanda hersinde ortaça 20-25 atlysy bolan 28 sany basmacy toparlary herket edyärdi. 1933-nji ýylyň ortalaryna çenli olaram dargadyldy. Ýöňe şonda-da iň soňky basmaça çenli “gyryp gutarmaklyk” bolşewikere başartmady. Olaryň käbir galyndylary soň-soňlaram tä 1935-1936-njy ýyllara çenli göreşi dowam etdirdi. Çünki halkyň bir böleginde kapyrlaryň zulum zynjyryny gyrmaga, erkin howadan dem almaga ymtyluşy çäksiz güýçlidi. Şeýlelikde üçinji Garagum urşy hem basmaçylaryň ýeňilişi bilen gutardy. Ýagny şunuň bilen Türkmenistanda uzaga çeken basmaçylyk hereketi rayatlyk urşuň has takyky, milli azat edijilik hereketi gutardy. Elhenç gyrgynçylyklarda iki tarapdanam türkmeniň müňlerçe, men-men diýen ärleri gerçek ýigitleri guma garyldy. Bu elhenç näletli hadysa külli türkmen üçin öwezini dolup bolmadyk nähak pidady. Ine şu ýokarky wakalar hem türkmen halkynyň topragy, ar – namysy, özbaşdak milli döwlet gurmak ugrundaky göreşi, onuň näderejedäki halk bolanlygyny yenede bir gezek görkezyär. Şu maglumatlara esaslansañ, türkmen dogrudanam beýik millet. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşy "Ruhnama" kitabynda şeýle diýýär: “Türkmen halkynyň beýik halkdygyna durkym bilen ynanýaryn. Türkmen halky beyik halk, emma ol ikinji bir halkdan beyik däl. Türkmeniň zandynda onuň ýaly peslik ýok. Şu pendi her bir türkmen ömür ýadynda saklasyn” (71 sah). Şu agzalýan döwür barada bolsa "Ruhnamada" şeýle diýilýär: “20-30-njy ýyllarda munuň özi bolşewikleriň we menşewikleriň arasyndaky sosializm ugrunda görkezmeler we ona garşy çykýanlaryň baýlar we gulaklar diýlip atlandyrylýanlaryň arasyndaky göreşdi” (270 sah). "Türkmenistanyñ taryhyndan materiallar" P.S.: Jüneýit hanyñ we basmaçylaryñ gahrymançylykly göreş ýoly Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Öwezdurdy Nepesowyñ "Gurbanmämmet serdar" atly uly göwrümli romanynda şöhlelendi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |