13:05 Üç dünýäniň arasy | |
ÜÇ DÜNÝÄNIŇ ARASY
Ýatlamalar
2017-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ine Türkmenistanda geçirilen Täjigistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda kino görkezilişi boldy. Täjigistandan gelen kärdeşlerimiz bilen tanyşlyk açanymyzda, «Täjikfilmde» 45 ýyl zähmet çeken kinooperator Zaur Dahte bilen gürrüňdeş bolduk. Ol uly buýsanç bilen ak mermerli paýtagtymyzyň waspyny ýetirdi. Zaur türkmen topragyny diňe bir doganlyk ýurt däl-de, «Watanym» diýip atlandyrdy. şonda ol öz çagalygynyň Tejen şäherindäki çagalar öýünde geçendigini tolgunma bilen gürrüň berdi. Zaur Dahte «Ruslan we Suhrab» atly meşhur kinofilmiň kinooperatory. «Täjikfilmde» işlän döwründe ildeşimiz, belli kinoaktýor Baba Annanowyň «Adam tüýsüni üýtgedýär» atly filmde («Человек меняет кожу») ilkinji gezek surata düşende, onuň bilen tanşandygyny gürrüň berdi. Kinooperator Zaur Dahte: «Soň-soňlar Baba Annanow «Täjikfilmde» birnäçe kinofilmlerde surata düşüp, biziň kino gahrymanymyza öwrülip gitdi» diýip aýtdy. Soňra ogly Kerim Annanowyň onuň ýoluny dowam edendigini ýatlady. Birdenem ol dymdy. Ýüzüni gam-gussa örtdi. Zaur aga Kerim Annanowyň aradan çykandygyny eşidipdir. Ol gözlerine ýaş aýlap: — Biz ýakyn dostduk. Ol hemişe biziň aňymyzda ussat kinoaktýor bolup galar — diýip, gynançly gürledi. Men Zaur agany dessine begendirmegiň pikirine düşdüm. — Siz gam çekmäň! Meşhur Annanowlaryň maşgalasynda ýene-de döredijilikli durmuş dowam edýär — diýip, B.Annanowyň agtygy Annan Annanowyň atasynyň hem-de kakasynyň döredijilik ýoluny dowam edýändigini aýtdym. Onuň Türkmen döwlet medeniýet institutynda kinorežissýory hünärini ele alyp, aktýor, režissýor, operatordygyny hem-de surata düşüren filmleriniň seplemek işlerini-de özüniň amala aşyryp bilýändigini aýtdym. Zaur aganyň gözlerine begençli gözýaşlar indi we uly guwanç bilen: — Men ol ýigidi tanamok, ýöne öz dostumyz, doganymyz Baba Annanowyň ussat döredijiliginiň yzy üzülmän, dowamat-dowamdygyna diýseň begenýän — diýdi. Baba Annanow barada söz açylsa, halypam, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýram Abdyllaýewden özüme miras galan B.Annanowyň portreti göz öňümde janlanýar. 2005-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyp bolup, kinorežissura hünäri boýunça okap, döredijiligiň bir ujundan giripdim. Biziň kafedramyz «Türkmenfilm» birleşiginiň binasynda ýerleşýärdi. Baýram aganyň okuw otagy ikinji gatda ýerleşýärdi. Ana, şol ýerde agaç çarçuwaly bir fotosurat bardy. Baýram aga surata bakyp, göz bilen gürleşip, onuň dünýäsine siňip gidýärdi. Bu hakda özi söz açmasa, onuň ünsüni bölmezlige çalyşýardym. Bir günem onuň özi dillendi: «Bilýäňmi, şu kim?». Men: «Aýgytly ädimdäki» baş gahrymanyň keşbini ýerine ýetiren Baba Annanow» diýip jogap berdim. Ol uludan dem alyp, birdenem ýatlamalar ummanyna çümdi-de: — Baba Annanow, Akmyrat Bäşimow bilen aramyzdan gyl geçmez dostduk. Maýyny tapsak, Garagum sährasyna — ulgam-ulgam çägeli depelere, gür sazakly tokaýlyga dynç almaga giderdik — diýip, olaryň şahandazlygy, ussatlygy, ugurtapyjylygy barada köp gyzykly gürrüňleri berdi. — Baba Annanow türkmeniň milli sungatynyň düýpsüz we köpöwüşginli dünýäsine okgunly tizlik bilen girdi. Ol döredijilikli ömrüniň bütin dowamynda özüniň ýiti zehini, aýratyn hyjuwy, gaýduwsyzlygy hem-de gaýtalanmajak yhlasy bilen zähmet çekip, ýaşaýan döwrüniň keşbini, adamlaryň ruhy-ahlak zandyna mahsus bolan sypatlaryny şöhlelendirmegiň ýoluny görkezip, hiç haçan öçmejek uly ruhy mirasy galdyrdy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Baba Annanow halk tarapyndan-da, döwlet tarapyndan-da iňňän hormatlanylýan adamdy. Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly adyň eýesidi. Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna-da mynasyp bolupdy. Ol daşary ýurtlarda-da tanalýan artist bolmak bilen, kino sungatynda režissýorlyk bilenem meşgul boldy. Dramaturgiýadan-da ökdelik bilen baş çykarýardy. Babanyň ýazan «Ak at» atly pýesasy türkmen sahnasynda goýlupdy. şol döwürde ol «SSSR-iň halk artisti» diýen iň ýokary hormatly ada-da eýe bolupdy. Baba ajaýyp kyssaçydy. Onuň ýazan nowellalary, hekaýalary, powestleri özboluşly täsir galdyrýardy. Türkmen kinosynda Babanyň hekaýalarynyň esasynda bäş film surata düşürildi. Baba poeziýa bilenem meşgul bolýardy. şygyrlary bilen gazet-žurnallarda çykyş etmedigem bolsa, birgiden ajaýyp goşgular toplumyny döredipdi — diýip, Baýram aga öz ýatlamalarynda belledi. Kafedramyzyň halypalar toparynda Kerim Annanow hem bardy. Ol köp halatda Baýram aganyň ýanyna maslahata gelýärdi. Maňa bu ägirtleriň döredijilik, sungat hakdaky gyzykly gürrüňleri ele aljak hünärimde bimöçber hazyna bolup hyzmat edýärdi. Men durkum bilen gulaga öwrülip, olaryň her bir sözüni gabadymdan geçirmän diňleýärdim. Bir gezek Kerim Annanow kakasy Baba Annanowyň «Göwün» atly eserini kino düşürmekçi bolýandygyny aýtdy. Baýram aga Babanyň ýakyn syrdaş dosty hökmünde ol eseriň döreýiş taryhy hakda aýdyp, haýsy görnüşleriň hakyky başdangeçirmelerdigi, haýsysynyň bolsa toslanylyp tapylandygyny Kerime gürrüň berip, dogry ýoly salgy berdi. Olaryň döredijilik çekişmeleriniň maňa geljekde kämillige tarap öňe itergi berýändigine düşünýärdim. Gyzyla gaplaýmaly söhbetler mende kino sungatynyň gatlaryna aralaşmaga täze we täsin mümkinçilikleriň ýolgörkezijisi bolup täsir edýärdi. B.Annanowyň «Göwün» atly kyssa eseri «Güýz» atly çeper filme öwrüldi. Baýram Abdyllaýewiň aýtmagyna görä, geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortasynda «Aýgytly ädim» filmi bilen baglylykda Baba Annanow iňňän uly şöhrada eýe bolupdyr. «Film dünýä çykdy. Baba Annanow ýaly ajaýyp türkmen aktýorlarynyň bardygy aýan boldy. 70-nji ýyllaryň başynda Mokswada Baba Annanow hakynda ýazan çaklaňja kitapçamyň golýazmasyny şol döwürdäki kinematografiýaçylar birleşiginiň ýanyndaky neşirýada tabşyrmaga baranymda, Babany dünýä kinosynyň iň zehinli aktýorlary bilen deňeşdirip, onuň geljeginiň uludygyny aýdypdylar. Daşary ýurtlarda ony tanamaýan az-azdy. Türkmenistanda bolsa Baba Annanow her öýüň arzyly myhmanyna öwrülipdi. şäherde bolsun, etrap merkezinde bolsun, obada bolsun, her kim ony görüp bilse, sesini eşidip, elini gysyp bilse, armany ýokdy. Emma şonda-da ol Baba Annanlygyna galypdy. Ol özüni hemişe kiçi tutýardy, ýüregi sapdy, kalby-köňli arassady» diýip, Baýram Abdyllaýew guwanç bilen gürrüň berdi. Ýene-de Baýram aganyň gürrüňlerinden: «Aslynda şöhrat diýilýän närsäniň öňünde durmak üçin gaýratyň gerekdigi hemmelere aýan bolsa gerek. «Aýgytly ädim» kinofilmi dünýä çykandan soň, 60—70-nji ýyllarda Baba Annanowyň şöhradyň göwnüňi ganatlandyrýan lezzetini duýmak bilen bir hatarda, onuň azabyny-da çekip başlany şu günki ýaly ýadymda. Ol şol wagtlar tomaşaçylar bilen duşuşanda, özüni birhili oňaýsyz duýýardy. Utanýardy, çekinýärdi, özi hakynda, döredijiligi hakynda gürlemek oňa gaty kyn düşýärdi. Men ondan näme üçin özüni şeýle ýygra alyp barýandygynyň sebäbini soranymda, ol şeýle jogap beripdi: — Meniň tanalmagym, şan-şöhrata eýe bolmagym, döredijilik ukybyma-zehinime hormat goýýan adamlaryň ýürekleriniň ýylysy, hoş sözleri, alkyşly garaýyşlary başymy aýlamak derejesine ýetirýärdi. Ruhuň agyr ejiriniň bolşy ýaly, garaşylmadyk ýagdaýda depäňden inen şöhratyň-da ejiri biçak agyr ekeni. Oňa çekip-çydamak kyn ekeni. Ömrümiň şol ýyllaryny hiç bir aladasyz ýaşadym diýsem, galat aýtdygym bolardy. şöhratyň adama agyr ýük hem bolýandygyny hut şol ýyllarda bilip galdym... Men onuň bu sözlerini diňläp, pikir etdim. Babanyň gerşine hopba bolan ägirt uly jogapkärçilik ony uly alada goýýardy. Mundan beýläk döredijilik üstünligini şol derejede saklamagyň gamyny iýmelidi. Aýratyn hyjuw bilen işlemelidi, täze keşpleri döretmelidi. Emma şol döwürde režissýorlar kino aktýoryny saýlamakda juda erkindiler. Belli artistler Muhammet Çerkezow, Artyk Jallyýew, Sabyr Ataýewa, Sary Garryýew, Taňryguly Seýitgulyýew, Akmyrat Bäşimow, Ogulgurban Durdyýewa, Hommat Müllük, Gulluk Hojaýew, Durdy Saparow ýaly ussatlar ýeke bir «Türkmenfilm» kinostudiýasynda däl-de, Merkezi Aziýa respublikalarynyň studiýalarynda döredilýän filmlerde ýygy-ýygydan surata düşýärdiler. Has-da Baba Annanowy köp çagyrýardylar. Ol Täjigistana, Özbegistana, Moskwa, Kiýewe gitmeli bolýardy, täze filmlerde täze keşpleri döredýärdi. Ýöne näçe köp surata düşse-de, ekranda döredýän keşpleriniň aglabasyndan onuň göwni suw içmeýärdi. Ol: «Meniň aktýorlyk zehinime sarpa goýýan tomaşaçylar göwnüme bolmasa, menden ýuwaş-ýuwaşdan ýüzüni öwürýän ýaly, bu ýagdaý meni uly iňkise goýýar» diýip aýdýardy. Belki, şol sebäplidir, Baba režissura hünärine baş goşupdy. Ol režissýor hökmünde «Serdar», «Kärizgenler», «Çözmek hukugy», «Agyr ýük», «Zöhre—Tahyr» (Kerim Annanow bilen bilelikde) filmlerini surata düşürdi. Bu kino eserleriniň hersiniň türkmen kinematografiýasynda özüne mynasyp ornunyň bardygyny aýdyp oturasy iş ýok. Ýöne aktýor Baba Annanowyň režissýor Baba Annanow bilen aratapawudynyň göze görnüp durandygyny oňa şol wagtlar-da, soň-soňlar hem birnäçe gezek aýdypdym. Durmuş. Sungat. Uly şahsyýetler. Halk-da, sungat-da şeýle şahsyýetlere daýanyp hem buýsanyp ýaşaýar, ösýär, öňe gidýär. Öz zamanasynyň belli artisti Baba Annanowyň adamçylyk häsiýeti, ýaşaýşy, ruhy-ahlak sypatlary hakynda gürrüň berip, onuň aktýorçylyk senediniň aýratynlyklary, zehininiň derejesi, döredijilik ukyby, professional ussatlygy hakynda gaty az aýtdym. Baba sungatda nädip işläpdir? Baba durmuşda nähili ýaşapdyr? Bu iki närsäni biri-birinden aýyrjak gümanyň ýok. «Aýgytly ädim» kinofilmi döränden bäri, elli ýyldan-da gowrak wagt geçdi. şol wagt aralygynda Baba köp işleri etdi: filmde keşp döretdi, filmler goýdy, nowellalar ýazdy, şygyrlar döretdi. Görşümiz ýaly, edilen işler az däl. Emma şeýle-de bolsa Babanyň ýüregi hiç kanagat tapmady. Hakyky artistiň tebigaty şeýle hem bolmaly — diýip, Baýram Abdyllaýew meşhur kinoaktýor Baba Annanow barada köp gyzykly wakalary gürrüň beripdi. Biz — talyplar diplom işini ýerine ýetirdik. Işiň ady «Sazlaşyk» diýlip atlandyryldy. Filmde ýaş talyp-heýkeltaraş döredijilik gözleginde seýilgähde eneli-ogluň birek-birege siňdirýän mährine gabat gelýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussahanasyna baryp, işe girişýär. Netijede gören wakasyny heýkel edip ýetişdirýär. Biz ol iş bilen Kerim Annanowyň öňünden synagdan geçmelidik. Ol filmi gördi. Öwgüli baha hem berdi. Ýöne biziň kellämize gelmejek bir maslahaty berdi. Biz haýran galdyk. Sungatyň beýle jadysynyň bardygynyň ýene bir gezek şaýady bolduk. Ol şeýle diýdi: — Oglanlar, siz sungatyň ähli taraplaryny göz öňünde tutup, iş döredipsiňiz. Ýöne siz durmuşy bolşy ýaly, görşüňiz ýaly görkezipsiňiz. Emma sungat diýilýän zadyň akymyň garşysyna hem akyp bilýändigini unudypsyňyz. Eger-de siz işi kimiň ýerine ýetirýändigini görkezmän, elleriniň hereket bilen gudraty döredýän pursatlaryny görkezip, onuň eýesiniň kimdigi tomaşaça gyzykly bolar ýaly syry saklap, iň soňunda hem birden ýaş ýigit şunuň ýaly ajaýyplygy döredip biljek eken diýen pikiri berip, «bäh» diýdirmegi başaran bolsaňyz, filmiň täsirliligi has-da güýçli bolardy — diýip, gysga we manyly maslahat berdi. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimizi kino sungatynyň üsti bilen çeper wasp etmekde «At — myrat» atly döreden çeper filmine uly baha berip, Kerim Annanowa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ady dakdy. Talyplyk ýyllarymyz ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. Meni institutda mugallym edip, işe alyp galdylar. Ine, saňa täzelik. Meniň mugallymçylyk kärine ilkinji ädimlerim Baba Annanowyň agtygy, Kerim Annanowyň ogly Annan Annanowyň talyplyk gadamlaryna halypalyk etmek bilen başlandy. Men Annan Annanowa bäş ýylyň dowamynda kakasyndan eşidenlerimi we kino sungaty barada öwrenenlerimi geçirmäge çalyşdym. Onuň ady dakylan atasy bilen bagly wakalary halypalaryň aýdanlary esasynda aňyna siňdirdim. Annanyň aýratynlygy, öz pederleriniň kino goýujy režissýor, aktýor, ýazyjy hökmünde halal zähmetleri, jöwher zehinleri bilen öz başarnyklaryny ussatlarça äşgär edip, meşhurlyk gazanan bolsalar, Annan köptaraplylygyny has-da artdyryp bilýändigini talyplyk ýyllary subut etmegi başardy. Ol ilkinji keşbi döredip, kakasy Kerim Annanowyň «Akmaýanyň ýoly» atly çeper filminde aktýorlyk ukybynyň bardygyny-da görkezmegi başardy. A.Annanowyň süňňüne uly sungat mekdebiniň tejribesi siňen. Ýyllyk işi bolan «Men hem seni söýýärin» atly gysga göwrümli çeper filminiň edebi esasyny özi ýazyp, režissýorlyk edip, operator hökmünde surata düşürip, tehniki serişdelerden baş alyp çykyp, filmiň sepleýiş, ses beriş we saz bezeglerini hem özi ýerine ýetirip, halypalaryň berekellasyna mynasyp boldy. Annan Annanowyň diplom işi «Ümür» diýlip atlandyrylýar. Filmde ýaşlaryň durmuşyndan söýgi temasynda wajyp durmuş sahypalarynyň gatyny agtarýan wakalaryň şaýady bolýarsyň. Bu filmde hem Annan Annanow öz ukyp-başarnygyny görkezip, kino sungatynyň birnäçe hünär aýratynlyklaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. şundan misil tutsaň, «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýýänleriniň Annanowlaryň neberesinde dowamat dowam bolýanlygynyň şaýady bolýarsyň. Annan Annanow häzirki wagtda Watan öňündäki mukaddes gulluk borjuny ýerine ýetirýär. Biz bu ýaş zehiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde öz pederleriniň mukaddes ýoluny mynasyp dowam etdirjekdigine ynanýarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |