19:30 Uçýan Lela | |
UÇÝAN LELA
Geň-taňsy wakalar
Men ilki başda ol meniñ böwregimiñ keselini anyklap bilermi diýip soradym. Lela gözlerini giñden açyp meniñ ýagyrnyma ünsli seredip başlady. Birki minutdan ol haýran galyjylykly eginlerini gysdy-da meniñ iki böwregimiñ sagatlygyny aýtdy. Bir-ä agyrýar diýip, men öz diýenime tutdum. Ol ýene-de üns bilen meniñ guşaklygyma äñetdi, soñra bolsa meniñ böwreklerimde diñe bir kadadan gyşarmalar däl, hiç hili çägäniñde ýoklugyny ynamly nygtady. Men, hakykatdanam böwreklerimden hiç wagt ejir çekmänligimi boýun almaly boldum. Lela ýap-ýañy 12 ýaşyny doldurdy. Ýöne onuñ medisina praktikasy welin ýeterlik. Men onuñ diñe iki pasienti bilen gürrüñdeş boldum. Syrkaw B. diýen biri garnyndaky agyrdan köp ýyllap ejir çekipdir. Wraçlar dürli-dürli garyn agyry diagnozlaryny goýupdyrlar, bejeripdirler... Ýene netijesiz bolupdyr. Geçen ýylyñ 22-nji sentýabrynda syrkaw B. özüni Lela görkezdi. Gyzjagaz onuñ garnyndan hiç hili patologiýa tapmady, ýöne onuñ bogazynda çişiñ bardygyny ''gördi''. Syrkawy rentgene düşürenlerinde ol çişi görmediler. Garynagyryny bejerip başladylar. Dekabrda syrkawyñ ýagdaýy has-da agyrlaşýar. Ol özüni ýene bir gezek Lela görkezýär. Gyzjagaz indi gözlerini gyrpman, bogazyndaky çişiñ has ulalandygyny aýtdy. Bu gezek ony rentgende-de tassykladylar. Ýylyñ başynda onkolog-hirurglar syrkawy bogazyndan operasiýa etdiler, häzir ol sag gezip ýör. L. diýen syrkawa bolsa wraçlar uzak wagtlap şol bir mioma diýen diagnozy goýdular. Lela bolsa onda düýbünden başga kesel ''gördi''. Özem onuñ aýdany dogry boldy. Düşnükli sebäplere görä, mundan ýiti fenomenal sýujetleriñ yzynda durup biljek däl. Emma bu hakda gürrüñ welin gerekmikä diýip hasaplaýaryn. Eger Lela ökde toslaýjy bolaýanda-da onuñ baý toslamalary akylyñ oýlap tapyjylyk ukybyna üns bermäge mynasypdyr. Özüñiz pikir edip görüñ. Eger Lelanyñ özünden uly aýal dogany hiç wagt we hiç zatda ata-enesini-de, ýakyn garyndaşlaryny-da haýran galdyrmandy. Emma Lela welin, onuñ enesiniñ gürrüb berşi ýaly, eýýäm doglan gününiniñ bäşinji gününde geñ galdyryjy hem-de garaşylmadyk oslagsyz ''sowgat'' görkezdi. Ol şeýle bolupdy. Onuñ kakasy ofiser (häzir ol polkownik) çaga dogrulýan öýe geldi-de çagasyny hem aýalyny alyp zastawa gitdi. Birden ýarym ýoluna baranda enänem, atanam güýçli tolgunma gurşap aldy. Olaryñ göwnüne bolmasa gundogda bir üýtgeşik zat bolýan ýaly bolupdyr. Düşnüksiz gorky duýgusyndan ýaña olar saklansalar-da gundagy açyp, çaga seretmäge ýürek etmändirler. Geplemän yzyna öwrülip gelipdirler-de çagany geñ galan enekäniñ eline tutdurupdyrlar. ''Gör ahyry muny''. Eneke gundagy açyp gygyryp goýberipdir. Çaga birhili, öñki çaga meñzänokdy... ''Emma birden'' ol ýene-de öñki çaga öwrülipdir. Onsoñ ata-enesem eginlerini gysyp, ýene-de ony öýüne alyp gaýdypdyrlar. Aradan birnäçe aý geçenden soñ şuña meñzeş zat gaýtalandy. Ene gijäniñ bir mahaly güýçli tolgunma bilen oýanyp, hysyrdap baryp çaganyñ ýatan krowatjygyna seredýär. Ýene-de görse ''çaga, çaga meñzänokdy...'' O nähili meñzemeýärdi? Onda nämä meñzeýärdi. Ene muny häzirem düşündirip bilenok: ''Ol hiç zat diýip düşündirip bolmaýan bir zat... Emma ýene birnäçe minutdan ''hemmesi öñküsi ýaly bolýar''. Lela adatdakydan çalt ulaldy. Ol maña hiç wagt baba şeýle-şeýle diýdi diýip aýtmady-da, baba şuñ ýaly zady pikir etdi... diýip aýtdy. Dört ýaşyndan başlap, ol kosmosa uçup başlapdyr. Esasanam, Aýa. Onuñ teni hamana çuññur uky ýagdaýynda ýaly, az pikiri bolsa uzakda, Älemde aýlanyp ýör. Lelanyñ gürrüñine görä Aý iñ oñat planeta. Ol ýerde kiçijik ýaşyl adamjagazlar we ölen dini sanownikleriñ ruhlary ýaşaýar. Ölen ýönekeý adamlaryñ ruhlary bolsa Aýa goýberilýärmiş, olar özüniñ birinji etapynda Ýeriñ görünmeýän ýañy hasaplanýan 7-nji nomerli planeta barýarlar. Özem Ýer bilen Aýyñ arasynda gatnaýan sekizlik boýunça gidýär, ýagny Ýeri aýlanyp, Aýyñ orbitasyna geçýär we ýene Ýere. 20 ýyldan soñ ölen adamyñ ruhy, haýsydyr bir mekdebi geçip, özüni mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin başga ýagdaýlara geçýär. ''Çallenjer'' hem edil şol wagt onuñ startynyñ ýokarsyndan we Ýere örän ýakyn ýerden geçen 7-nji nomerli planeta baryp girenligi üçin heläkçilige uçrady. Soñ oç başga Günün Ogly tarapyndan şöhlelendirilýän galaktikadaky 800-nji nomerli planeta bilen gyzyklandy. Ol planeta Aýdan takmynan 4 esse kiçi bolup, onda üç metrlik adama meñzeş ägirtleriñ we ýaşyl reñkli göýdükleriñ ýaşaýanlygy bilen gyzyklydyr. ''Sekiz ýüzünjide'' hemişelik ýagty gün şöhlesi we hemişelik tomus bar. ''Sekizýüzinjiler'' rus dilinde gürleýärler, diñe bir az owlak aksenti bar hem-de ähli atlara ''ow'' goşulmasyny goşýarlar. Ägirtler örän intellektual jandarlardyr, ýaşyl reñkliler bolsa, tersine ýene bir gyzykly ýeri, olar özleriniñ tarelkalarynda biziñ Ýerimize uçýarlar. Ägirtler, düzgün boýunça korably sürýärler, ýaşyl reñkliler gol astyndakylaryñ roluny ýerine ýetirýärler. Marsda olaryñ geçiriş bazasy bar. Olaryñ ajaýyp sazy bar, olar beýleki siwilizasiýalardan getirilenem däl. Lela mundan bir aý öñ alnyp berlen pioninanyñ başyna baryp, ''haýsydyr bir ''ýeriñki däl'' sazy çaldy welin, meniñ ýokary saza bolan biperwaýlygymy-da haýran galdyrdy. ''Ot walsy'' diýip, Lela düşündirdi. ''Sekizýüzünjide'' balet, teatrlar... bar. Lela olaryñ durmuşy, edýän işi, özlerini alyp barşy hakynda köp gürrüñ berdi. Mundan birnäçe ýyl öñ Lelanyñ ata-enesi ony Moskwa 6-njy çagalar psihiatriki keselhanasyna getirýärler. Enäniñ gürrüñ bermegine görä, wraçlaryñ daşyndan gözegçilik etmegi hiç bir netije bermedi. Spesialistler ony psihiki taýdan doly sagdyn çaga diýip hasapladylar. Men Lelanyñ gürrüñleriniñ hakykatlygyny ynandyrjak bolamok. Ýöne olary inkär etmek hem men tarapdan nadanlyk bolardy. Onsoñam oñatja pikir etseñ, bu ýerde geñ galar ýaly we adatdan daşary hadysa-da ýok. Ol adamyñ içki organlaryny görýär, görende näme? Her bir göreji ýiti adam daş-töweregini we özüni gurşap alan uzakdaky zatlary görýär. Bu näme adam organizminiñ tebigatynyñ düşündirip bolmaýan geñligi dälmi? Biziñ daş-töweregimizdäki dünýäñi görüp bilmek ukybymyz hiç kimi geñ galdyranok. Men gowusy bu temadan pikirlenmeleri uzaldyp oturman, şu mesele bilen bilimli, okyjylara fenomen bilen düşündirmäge kömek sorap ýüzlenýärin. Paş etmeli, tassyklamaly, hakyky barlagyñ başyna barmaly... Eger-de, degişli taýýarlykly bolan alymlar şu işiñ başyna geçseler men şat bolardym. Olara biziñ gahrymanymyzyñ adresini, şeýle-de onuñ hakyky adyny aýdardym. N.WARSEGOW. "Komsomolskaýa prawda'' gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |