17:17 Ukraina-Russiýa sosial mediýa söweşi | |
UKRAINA-RUSSIÝA SOSIAL MEDIÝA SÖWEŞI: PANTOMIMA ÇEKIŞMESI ÖÑDELIGI SAKLAMAGA ÝETERLIK BOLUP BILERMI?
Publisistika
Hünärmenler sosial mediýada ulanylýan diliñ uruş tragediýasynyñ görmezlige salynmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Russiýanyñ çozuşyndan soñ ýöreden strategiýasy bilen goldanan Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial mediýada supergahryman hökmünde sypatlandyrylýar. (Twitter/@seladadefruta) Russiýanyñ 24-nji fewralda Ukraina "ýörite harby operasiýa" geçirýändigini mälim etmeginiñ yzysüre gury ýerde we howada başlan söweşiñ ýanyna ýene bir front sosial mediýada açyldy. Hem Russiýa, hem Ukraina psishologiki öñdeligi saklamak üçin propaganda kanallaryny mümkin boldugyndan açansoñ, resmi aýgytlar arkaly ýöredilýän psihologik söweş ýönekeý sosial mediýa ulanyjylaryna-da syçrady. Goşun bölümleri front meýdanynda garşyma-garşy gelse, sosial mediýa ulanyjylary-da gereginden artyk ýañsylaýjy mowzuklary ýaýradyp, internet platformalaryny uruş meýdanynyñ bir bölegine öwürdi. Uruşyñ täze formasy diýip boljak bu göreş pantomimalarda hasam köp özüni görkezýär. Sosial mediýanyñ gurluşyna laýyk biçüwde bulaşyk ýagdaýlary ýöntemleşdirýän, uruşyñ getirýän tragediýalaryny ýok saýýan we duşmany ýañsylap öñdeligi saklamaga jan edýän bu täze syýasy dil özüne aýratyn üns bermegi talap edýär. Uruşyñ gidýän ýerlerinden düşürilen fotosuratlar ýaly internetiñ çuñluklaryna aralaşýan pantomimalar hakydalara hemişelik girjege meñzeýär. Emma hünärmenler tarapyndan umuman alanda hakykatda näme bolup geçýändigini bilmäge bolan ilgezikligi gowşadýar diýip hasaplanýan bu diliñ binýady gyzgyn çaknyşyklaryñ başlamagyndan has ir tutuldy. Pandoranyñ gutusyny ýönekeý ulanyjylar däl-de, hut resmi hasaplar açdy. Geliñ, uruşyñ medeni aýagy diýip baha berip boljak bu pantomima söweşleriniñ nähili başlandygyna we haýsy ugra gönügendigine ser salalyñ. • "Russiýanyñ goñşusy bolmagyñ berýän çydap bolmajak kelleagyrysy Iki ýurduñ arasyndaky dartgynlylyk "Alyñ ala meýdanynda" indi güýjän bolsa, sosial mediýa söweşleri birnäçe ýylyñ dowamynda ädimme-ädim tutaşdy. 2020-nji ýylyñ 23-nji iýunynda Russiýa Federasiýasyna degişli Twitter hasaby Russiýada paýlaşan mowzugynda "Köp sanly ukrainaly Sowet Ukrainasynyñ ekerançylyk ammary, populýar saglyk turizmi güzergähi we industriýa ojagy bolan ajaýyp günlerini häzirem ýatlaýandyr" diýen sözler bilen birlikde birnäçe fotosuratlary berdi. Mowzukda aýratynam "bularyñ hemmesiniñ we mundanam köpüsiniñ Russiýanyñ garamagyndaky Krym ýarymadasynda häzirem bardygy" nygtalýardy. Blog paýlaşylan badyna bir sagatdan soñ garşylyk beren resmi ukrain hasaby blogy sitata alyp, gyjalat beriji dilde "Toksigi kemter" jogabyny berdi. toxic ex here https://t.co/zU7EEYoreg — Ukraine / Україна (@Ukraine) June 23, 2020 Bu kesek atyşma gelejekde tutaşjak çekişmäniñ dükürdisini berýärdi. 2021-nji ýylyñ 7-nji dekabrynda ukrain hasabyndan paýlaşylan pantomimada Russiýanyñ goñşusy bolmagyñ berýän çydap bolmajak kelleagyry döredýändigi degişmä salnyp aýdylypdy. On müñlerçe gezek retwitlenen, ýüz müñlerçe gezek laýklanan bu mowzuk sosial mediýany gülkä gark etdi. pic.twitter.com/bBtsdr7wmX — Ukraine / Україна (@Ukraine) December 7, 2021 Türkiýedenem birnäçe ulanyjynyñ ünsüni çeken bu mowzuk "Üçünji jahan urşuny başladan twit" diýip teswirlenipdi. Emma Kiýew dozany has artdyryp, 2021-nji ýylyñ 27-nji dekabrynda Russiýany asyl gorkuzýan zadyñ Ukrainanyñ NATO agza bolmagy däl-de, "adam hukuklary, metbugat azatlygy we adalatly saýlawlardygy" eýmendiriji sypatly jandaryñ we "Golden retriever" jynsly itiñ suraty bilen şekillendirmegi makul bildi. pic.twitter.com/ga1kbRAt97 — Ukraine / Україна (@Ukraine) December 27, 2021 Harby hereketiñ başlagyndan soñ gelen Gitler pantomimasy bolsa, çaknyşygyñ oduny hasam tutaşdyrdy. Faşistik Germaniýanyñ lideri Adolf Gitleriñ Russiýanyñ Prezidenti Wladimir Putini "egildirip" duran illýustrasiýasy 430 müñ gezek retwitlendi, 1,8 million gezek laýklandy. Ukraina hasaby bu suraty "Bu ýönekeý pantomima däl, biziñ we siziñ häzirki hakyky bolşuñyz" sözleri bilen paýlaşdy. This is not a ‘meme’, but our and your reality right now. — Ukraine / Україна (@Ukraine) February 24, 2022 Yzysüre ukrain hasabyndan yzly-yzyna birden artyk mowzuk paýlaşyldy. Birinji mowzukda "Russiýany sarsgyna salyñ we olara özleri hakynda nähili pikir edýändigiñizi aýdyñ" diýip, sosial mediýa kampaniýasy başladyldy. Mowzugy goldajaklaram, tankyt etjeklerem seslenmekde gijä galmadylar. Russiýany goldaýan hasaplaryñ biri "Howalaly we güýçlüdigiñi bilýärin, Russiýa" sözlerini ulansa, ýene biri Ukrainanyñ sosial mediýa kampaniýasyny ýañsylaýan TikTok wideosyny paýlaşdy. Wideoýazgyda Kiýewiñ Twitter kampaniýasynyñ Putiniñ piñine-de däldigi aýdylýardy. 28-nji fewralda Ukrainanyñ hasabyndan paýlaşykan başga bir pantomimada bolsa, dünýä kartasynda Russiýa we Ukraina görkezilip, "Ukrainanyñ görkezen gahrymançylygynyñ näderejededigini göz öñüne getiriñ" sözleri ulanyldy. pic.twitter.com/mbfTbnIPJu — Ukraine / Україна (@Ukraine) February 28, 2022 Höwesjeñ biri tarapyndan taýýarlanandygy görnüp duran, ýöne sosial mediýanyñ ruhuny görkezýän 1-nji martdaky hili pes mowzukda Putin bilen Wladimir Zelenskiý deñeşdirilýärdi we Russiýanyñ Prezidentiniñ juda ýeke galan liderdigi nygtalýardy. Two leaders, two worlds... Freedom will prevail pic.twitter.com/TG7Q8Yr4xp — Ukraine / Україна (@Ukraine) March 1, 2022 Başky mowzuklarda bolşy ýaly, Ukrainanyñ mowzuklary olary goldaýanlaryñ hem-de tankyt edýänleriñ başga pantomimalar bilen garşylyk bermegine getirdi. They're gonna lose the meme war too it seems. https://t.co/rkVoTlWG2K pic.twitter.com/T4zCuVFWbl — Chance (@Bewdreaoux) March 1, 2022 (Görşüñiz ýaly, pantomima urşunda-da ýeñilerler) • "Kömege mätäçligiñ ýok Ukraina, gül ýaly barýañ!" NATO, ÝB, ABŞ, Birleşen Korollyk, Fransiýa ýaly günbatarly güýçleriñ Ukrainany Russiýanyñ öñünde ýeke goýandygyny pikir edýänlerem pantomima uruşlarynda ýerini aldy. "Tom we Jerri" multifilminden meşhur epizodlarynyñ birine meñzedilen bir karikaturada NATO-nyñ Russiýany zorlap, Ukrainany kyn ýagdaýda goýandygyna yşarat edildi. Russia/Ukraine memes always miss context but this one is funny. pic.twitter.com/EVfnQwTYff — Commie Naruto is not Amused (@MACs_DubDON) February 25, 2022 Başga bir suratda bolsa kömek soraýan ukrain esgerine BMG-nyñ uçary "gül ýaly barýañ" jogabyny berýärdi. Ýagny, NATO we BMG ýaly guramalaram bu ýañsylamalardan ýeterlik paýyny aldy. Ukrain: send dudes. NATO/ US/ Eu: You mean nudes? Ukrain: dudes. I'm middle of the fckin war. #UkraineRussia #russianinvasion #worldwar3 #Memes #memes2021 #WWIII pic.twitter.com/GoVoG3JFbz — Erupting Volcano (@eruptingmind) February 25, 2022 Twitter we Facebook ýaly platformalarda köp sanly ulanyjynyñ paýlaşan başga pantomimasynda "Ýüzükleriñ hökümdary" ("The Lord of the Rings") çeper filmine meñzedilip çekilen suratda Günbataryñ Ukrainanyñ bir özüni uruşa ýollandygyna yşarat edilýärdi. Suratda hobbit sypatynda çekilen Ukraina kömek beriljegini aýdýan adam, elf we girdenek sypatly Günbatar güýçleri diñe ýarag kömegini edip yza çekilýär. How accurate “We will fight Russia until the last Ukrainian” pic.twitter.com/wOiyCYVOZF — Astro (@EyesonSouth) March 3, 2022 Okkupasiýanyñ tutarygyny gyjalat beriji dil bilen ýazgarýan başga bir pantomimada bolsa, Moskwanyñ adyna gürleýän biri "NATO girmäñ, ýogsam sizi basyp alarys" diýse, Kiýewiñ adyna gürleýän adam "NATO-nyñ düzümine diñe bizi basyp aljak bolýanyñyz üçin girýäris" diýip jogap berýär. Muña Russiýa "NATO giräýme!" diýip gygyrsa, Ukraina-da "Basyp alma!" diýip garşylyk berýär. Pantomima ýañsylaýjy öwüşgin çaýan soñky böleginde Moskwanyñ adyna gürleýän adam "Diñe NATO girmegi pikir edendigiñiz üçinem basylyp alynarsyñyz" diýýär. A meme. You know, for the kids.#Ukraine #NATO#Russia pic.twitter.com/DzCq4TUwgf — Tim Ireland (@bloggerheads) February 24, 2022 • Kapitan Ukraina Tanosa garşy Marwel kinomatografiýa dünýäsiniñ (Кинематографическая вселенная Marvel) janköýerleri-de bu çekişmeden gaýra durmady. Dürli baglanyşyklarda ýygy-ýygydan üns merkezine düşen "Awengers: Endgame"-niñ ("Мстители: Финал") meşhur jemleýji sahnasy Ukraina-Russiýa uruşy üçin täzeden çeperleşdirildi. Kapitan Amerikanyñ Tanos bilen ýekme-ýek galýan epizodynda Stiw Rojers Ukraina hökmünde sypatlandyrylsa, Thanos hem Russiýa hökmünde sypatlandyryldy. Rojersi goldamak üçin portallardan çykyp gelen beýleki supergahrymanlar bolsa, ÝB-i, ABŞ-ny, Birleşen Korollygy añladýardy. @marveltok24 Hopefully Putin doesn’t take this down… #fyp #marvel #mcu #spiderman #avengers #worldwar3 #avenger #ukraine #russia #russian #war original sound - Marveltok Şol epizody başga görnüşde teswirlän ýene bir wideoda Kapitan Amerika Kapitan Ukraina öwrülýär we Wladimir Zelenskiý supergahrymanyñ obrazynda garşymyza çykýar. Captain Ukraine - Volodymyr Zelenskiy #Zelenskiy #ukraine #RussiaUkraineWar #SaveUkraine pic.twitter.com/jXgPm6fL2C — Selada de Fruta (@seladadefruta) February 26, 2022 • "Janköýer köpçülikleriñ medeni mantygy syýasy gatnaşyga bürendirilýär" Kopengagen uniwersitetinde janköýer medeniýetiniñ syýasat bilen baglanyşygy boýunça işleri geçiren barlagçy Line Nybro Peterson Kiýewiñ Moskwa garşy goragynyñ supergahryman dünýäsiniñ kodlary bilen rowaýatlaşdyrylýandygyny nygtaýar. "Ulanyjylar käte syýasy argumenti ýa-da pozisiýany dogry görkezjek bolup çeper-fantastikanyñ ahlagyny ulanýar" diýen Peterson sosial mediýa ulanyjylarynyñ syýasy maksatlary babatda supergahrymanlaryñ aýratynlyklaryny susup alandygyny aýdýar. Peterson bu fenomeni gysgaça düşündirmek üçin şeýle diýýär: "Janköýer jemendeleriñ medeni mantygynyñ syýasy gatnaşyga we bu babatda söweşjeñ ýagdaýa bürendirilendigini görýäris." • "Bu ýöntem beýan etmeler parahatçylykly çözgütleriñ gözlegine palta urup biler" Pantomima önümçiliginiñ öz ýany bilen getirýän meselelerine ünsi çekýän we "West of England" uniwersitetinde syýasy gatnaşyklar we sosial mediýa boýunça işleri alyp barýan Stiw Bakleý bolsa şulary aýdýar: "Bu kyn ýagdaýdaky ukrainalylar üçin aýgytly döredijilikli çykalga we belli bir derejede sylanşyksyzlyk döretse-de, añrybaş derejede buýr-bulaşyk we dowamly üýtgäp duran ýagdaýa dahylly haýsydyr bir nýuansy gereginden artyk ýöntemleşdirip we bu nýuanslary aradan aýryp biler. Bakleý hakykatda bolup geçýänleri aşa törpileşdirýän bu diliñ "jemgyýetçilik pikirine we basyp alyşyñ sebäp bolýan meselelerine gönükdirilen çözgütleriñ gözlegine" zyýan berip biljekdigini nygtap geçýär. Şunuñ bilen birlikde pantomimalar informasiýa urşunyñ diñe bir ýüzi. Ukraina bilen Russiýanyñ arasyndaky propaganda uruşlary birnäçe ugurda alnyp barylýar. • Kremliñ tarapdary propogandanyñ aýratynlyklary Stanford internet obserwatoriýasynyñ 22-nji fewralda beren maglumatnamasynda Moskwanyñ tarapyny tutýan propogandanyñ görnüp duran birnäçe aýratynlygynyñ bardygy bellenip geçilýär. Hususanam rus programmisti Pawel Durowyñ taýýarlan Telegram setindäki hasaplardan ýaýradylýan şeýle propaganda formasy rus döwlet metbugat serişdeleriniñ sözleýiş diline anyk kwalifikasiýa gazandyrýar. Maglumatnamada döwlet metbugat serişdelerinde sözlenenler Telegram kanallarynda ýöntemleşdirilip radikallaşdyrylýar. Russiýanyñ harby operasiýa başlamagyndan öñ çap edilen bu işde Telegram kanallarynda ABŞ-nyñ rus isteriýasyny döredendigi baradaky mowzuklaryñ has köpdügi nygtalýar. Ukrain konfliktine ABŞ-nyñ sebäp bolandygyna yşarat edýän bu surat Kremliñ tarapyny tutýan Telegram kanallarynyñ birinde paýlaşylypdy. (Stanford Internet Observatory) Beýleki bir tarapdan Ukrainanyñ günbatarly ýaranlary bilen arasyna çöp atmaga gönükdirilen mowzuklaryñam ýygy-ýygydan paýlaşylýandygy aýdylýar. Meçew beriji mowzuklar ua-nationalism.livejournal.com, blog.i.ua, politiko.ua, kaniv.net ýaly saýtlarda ýaýradylýar we esasanam ukrainalylaryñ pikirini üýtmegi maksat edinýär. Agzalalyk dörediji dile eýe şeýle mowzuklaryñ umumy meñzeşligi bolsa, seýrek duş gelýän dogry habar çeşmelerine gollanmagydyr. Rus tarapdarlarynyñ ýöredýän propogandasyna umumy häsiýetnama berýän bu maglumatnama hereketden soñky hemleler boýunça hernäçe maglumat bermejek bolsa-da, halkara habar beriş serişdeleriniñ hemmesi-de Russiýanyñ dezinformasiýa strategiýasyny alyp barýandygyny aýdýar. Putin zol-zol "Star Wars" dünýäsindäki Galaktika respublikasynyñ soñky prezidentine we Galaktika imperiýasynyñ ilkinji imperatory Palpatine meñzedilýär. (Pikabu.ru) • Ukrainanyñ propagandasy agressiwleşýär Emma Tomas Brewsteriñ "Forbes" žurnalynda beren habarynda Ukrainanyñ ýöredýän propaganda strategiýasynyñam Russiýadan peslär ýaly däldigi, olaryñ ýüzüniñ ýuwarlygynyñ ýokdugy aýdylýar. Informasiýa uruşlarynda Ukrainanyñ barha agressiw pozisiýa oturmagyny üpjün edenem Zelenskiniñ 2019-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasyny alyp baran 31 ýaşly Mihail Fedorow. Ukrainada 2019-njy ýylyñ 29-njy awgustynda açylan Sanly ulgama geçiş ministrliginiñ ilkinji ministri Fedorow Kiýewiñ kiber goşunynyñ görlüp-eşdilmedik töwerekleýin uruş alyp barýandygyny aýdýar. Fedorowyñ orunbasary kyrk ýaşly Alekseý Bornýakow bolsa Russiýanyñ propoganda we kiber hüjümlerine garşy Ukraina kömek etmek isleýän adamlar bilen koordinasiýaly işleşýändiklerini nygtaýar. Bornýakow alyp barýan işlerini şeýle sözler bilen düşündirýär: "Biziñ maksadymyz olara syýasatyñ Putiniñ pikirleriniñ we edýän işleriniñ bütin Russiýany ýykjakdygyny görkezmek. Ýalan-ýaşryklara we galp mowzuklara garşy dogruçyllygy elden bermän göreşýäris." ABŞ-nyñ "Silverado Policy Accelerator" düşünje guramasynyñ başlygy Dmitriý Alperowiç Ukrainanyñ agressiw hüjümlerine Russiýanyñ jogap bermekde yza galýandygyny aýdýar. Alperowiç hernäçe hakykata gabat gelmese-de, Ukrainanyñ aýratynam harby üstünligi görkezmek babatda artykmajy bilen birkemsiz hereket edýändigini öñe sürýär. Ukrain propogandasynyñ çişirilen we nädogry maglumatlar bilen doludygyny aýdýan Alperowiç bu mowzuklaryñ aglabasynyñ "şübhelidiginiñ ýa-da ýalñyşdygynyñ" subut edilendigini-de aýdýar. Ýalñyşdygy subut edilen şeýle maglumatlaryñ arasynda Fedorowyñ Moskwa biržasy barada aýdan sözi-de bar. Ol 28-nji fewralda ýapyk duran Moskwa biržasynyñ kiber hüjümler sebäpli ertesi günem ýapyk durandygyny öñe sürüpdi. "King's College London"-da modern dünýäniñ uruşlary boýunça ylmy-barlaglary alyp barýan Dewid Bets hem Ukrainanyñ interneti boş maglumatlar bilen doldurandygyny aýdýar. Bets iki tarapyñam Telegram arkaly biri-birine garşy hemle urýandyklaryny belläp geçýär. Ukrainanyñ Orsyýete garşy artykmaçlygynyñ Günbataryñ goldawyndadygyny belleýän Bets şeýle diýýär: "Ukraina halkara jemgyýetçiligini öz tarapyna çekmegi oñardy. Emma bu köp derejede Günbatarly metbugat serişdeleriniñ we hökümetleriniñ ukrain propogandasynyñ ýalandygy subut edilen ýagdaýynda-da olaryñ galp informasiýalarynyñ güýçlendirmeginden we gaýtalamagyndan gelip çykýar. Esra GÜNGÖR. 05.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||