08:52 Täzeden geçmiş: Populýar medeniýetde türk mifologiýasynyñ ösüşi | |
TÄZEDEN GEÇMIŞ: POPULÝAR MEDENIÝETDE TÜRK MIFOLOGIÝASYNYÑ ÖSÜŞI
Edebi makalalar
Hünärmenler türk medeniýetine we mifologoýasyna bildirilýän gyzyklanmanyñ soñky ýigrimi ýylyñ dowamynda güýçlenendigini aýdýar. Türk mifologiýasyna we şamanizme degişli illýistrasiýalary döredýän we wideo oýunlaryny taýýarlaýan Alijan Meýdanyñ "Zyýarat" atly suraty Soñky ýyllarda türk mifologiýasyna we şamanizme bolan gyzyklanmalaryñ artýandygyny görkezýän yşaratlary hemme ýerde görüp bolýar. Aýratynam 2000-nji ýyldan soñ arasy barha ýygjamlaşan ylmy işler, romanlar, komiks romanlar, kompýuter oýunlary, illýustrasiýalar türk mifologoýasyna özüni örän uzak duýýanlary-da özüne çekip biljek giñlikde ullakan manzara hödürleýär. Populýar medeniýetiñ jümmüşinde ýer alan "Ýüzükleriñ hökümdary" ("Lord of the Rings"), "Tagt oýunlary" ("Game of Thrones"), "Jadygöý" ("The Witcher") ýaly fantastiki dünýäleriñ muşdaklary elfleriñ, girdenekleriñ, hobbitleriñ, agzyndan ot sowurýan aždarhalaryñ ýany bilen şamanlaryñ, Umaý zenan hudaýynyñ, Erlik hanyñ we türk mifologiýasyna degişli başga motiwleriñ janlandyryşyny görenlerinde, Günbatar mifologiýasy esasynda döredilen eserlerden birjigem pes däldigini arkaýyn duýarlar. Bu ugurda ylmy barlaglary geçiren Seçkin Sarpkaýa, Hayretdin Ihsan Erkoç, Merwe Köken, Ýusuf Reha Alp, ýazyjy Baryş Müstejaplyogly we pýesa goýujy Alijan Meýdan dagy bilen türk mifologiýasyna gyzyklanmalaryñ artmagynyñ sebäpleri we tema bilen baglanyşykly eserleri barada pikir alyşdyk. • Sarpkaýa: "Aslyña dolanmak" pikiri gyzyklanmagyñ artmagynyñ añyrsynda ýatan sebäplerden Seçkin Sarpkaýa "Türkleriñ şeýtany ertekileri. Türk ertekilerinde we legendalarynda demonik jandarlar" ("Türklerin Şeytani Masalları: Türk Masal ve Efsanelerinde Demonik Varlıklar"), "Töwrizden ertekiler. Eýran türklerinden toplanan ýazgylar" ("Tebriz'den Masallar: İran Türklerinden Derlenen Metinler") kitaplarynyñ awtory Egeý uniwersitetiniñ mugallymy Seçkin Sarpkaýa türk mifologiýasyna we şamanizme degişli ylmy işleriñ ýüz ýyldan gowrak taryhynyñ bardygyny nygtamak bilen birlikde soñky döwürde göze ilýän mesaña artyşyñ sebäpleri barada şeýle diýýär: "Aýratynam 2000-nji ýyldan bäri başlan we soñky ýyllarda düýpli artan gyzyklanmadan söz açyp bileris. Ilki bilen "aslyña dolanmak" pikiri munuñ añyrsynda ýatan sebäplerden. Bu "aslyñ" düşünjesi şahsy, ýerli, milli ýa-da hemmetaraplaýyn ölçegde bolup biler. Käbirleri muny "şahsy ösüş serişdesi", käbirleri "medeni kod", käbirleri bolsa industriýalaşan we belli bir derejede robotlaşan tehnologiki dünýäden, sifrowoý dünýäden "tebigata we tebigt bilen baglanyşykly taraplarymuza dolanyp gelmek" hökmünde görýär. Aslyýetinde bularyñ her biri öz içinde makul we ýerlikli sebäpler". Sarpkaýanyñ işleri (Karakum) Sarpkaýa fantastiki çeper edebiyatyñ nusgalarynyñ kinomatografiýa düşürilmeginiñ ýa-da teleýaýlymlarda berilmeginiñ bular ýaly obrazlara bolan gyzyklanmany oýandyrandygyny nygtap, "şamanizmiñ berýän pikiri, estetiki ölçegi we mifologiki tejribesi sungat üçin baý ugry salgy berýär" diýip nygtaýar. Orta Aziýa we yslamdan öñki türk taryhy boýunça işleri geçiren Çanakkale 18-nji mart uniwersitetinden Haýretdin Ihsan Erkoç hem şuña meñzeş ýere ünsi çekip, "Munuñ özi belli bir derejede "aslyña dolanyp gelmek" hereketine meñzeýär" diýýär. Erkoç maglumatlaryñ elýeterliliginiñ artmagynyñ we şekillendiriş sungatyndaky üýtgeşmeleriñem möhüm mümkinçilikleri döredendigini nygtaýar. • Müstejaplyogly: "Bu boýunça ýazylan eserler domino täsirini döredýär" Beýleki bir ýandan Fantaziýa we ylmy-fantastika sungaty jemgyýetini (FABISAD) esaslandyryjylardan ýazyjy Baryş Müstejaplyogly edilen gowy işleriñ belli bir derejede "domino täsirini" döredip, biri-birine täsir edýändigini we munuñam edilen işleriñ artmagyna getirendigini şu sözler bilen gürrüñ berýär: "Şamanizm hakynda ýazylan islendik gowy kitabyñ, düşürilen islendik gowy çeper filmiñ dürli döredijilik adamlaryna we alymlara bu baý medeniýetiñ we ynanç sistemasynyñ üstünde işlemäge ruhlandyrandygyny hem-de domino daşynyñ täsirini döredendigini pikir edýärin. Sungatyñ çäginden daşyna çykyp, jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan seretsek, meniñ pikirimçe şamanizm tebigat bilen ylalaşykly bolmak, saz we tans bilen ruhy kämillige göterilmek ýaly faktorlar bilen häzirkizaman dünýäniñ agitirleýän materialistik ýaşaýyş-durmuş formasy we tebigatdan üzñeleşme sebäpli ýadan adamlara rahatlyk berýän ýaly bolýar. Şonuñ üçinem giñ seslenme tapýar we gyzyklanylýar". Müstejaplyoglynyñ "Şamanlar ýurdy" trilogiýsy (İthaki) Edil Müstejaplyoglynyñ aýdyşy ýaly, "Berzah Game"-ni esaslandyryjy Alijan Meýdan hem dürli gözlegleriñ gyzyklanmalary artdyrandygyny nygtap, "tehnologiki ösüşiñ netijesinde robotlaşmagyñ, maşynlaşmagyñ, ýalñyzlaşmagyñ ýetjek derejesine yeten döwründe adamlar nägile ýagdaýda global manyda magnawy gözleglere ýüz urdy we olar özlerine hödürlenýän zatlardan kanagatlanmaýar" diýýär. "Şamanizm, tasawwuf we aýauaska. Gadymy türkleriñ dini garaýşy" ("Şamanizm, Tasavvuf ve Ayahuasca: Kadim Türklerin Din Anlayışı") kitabynyñ awtory Ýusuf Reha Alp hem "maşynlaşmagyñ", "döwrebap añ rahatlama" mätäçliginiñ dürli çeşmelere ýönelmeleri çaltlandyrandygyny nygtap, sözüniñ üstüni ýetirýär: "Öz durmuşyny üýtgetme güýjüne eýedigini pikir etmäge başlan adamlaryñ öz ruhy öñbaşçylyklaryna ýetmek islemeleri bir sebäp bolup biler. Ruhy krizisi başdan geçirýän, munuñ gözbaşyny agtarþan, ruha tokunma mätäçligini duýýan gaty köp adamyñ aslyna, ruha gaýdyp gelme tagallasyny-da şu sebäpleriñ arasynda sanap bileris. "Türk mifologiýasy" ("Türk Mitolojisi") kitabynyñ awtory Merwe Köken aýratynam şahsy tagallalary bilen orta atylan ylmy işleriñ ünsi çekijidigini we gyzyklanmany artdyrýandygyny aýtmak bilen sosial mediýanyñ bu işleriñ giñden bilinmeginde möhüm rol oýnandygyny öñe sürýär. Merwe Köken ylmy işi barada "Meniñ kitabym bu ugra gyzyklanma bildirýänler üçin ilkinji gollanma" diýýär (Karakarga) Soñky döwürde şu ugurdan öñe saýlanan kitaplaryñ arasynda ýokarda agzalan işlerden başga Ahmet Burak Turanyñ "Türk jandarlarynyñ sözlügi. Şamanist sözleýişinde jandarlar we şeýtany ruhlar" ("Türk Canavarları Sözlüğü: Şamanist Söylencelerde Canavarlar ve Şeytani Ruhlar"), Irfan Polatyñ "Türk ertekilerinde we legendalarynda adatdan daşary güýçler we mahluklar. Türkiýe şahasynyñ demonologiýasy we diobologiýasy" ("Türk Masal ve Efsanelerinde Olağanüstü Güçler ve Varlıklar: Türkiye Sahasının Demonoloji ve Diabolojisi"), Salim Fikret Kyrgynyñ "Osmanly wampirleri. Sözleýişler, täsirleşmeler, garşylyklar" ("Osmanlı Vampirleri: Söylenceler, Etkileşimler, Tepkiler") kitaplaryny görkezip bolar. Bartu Bölükbaşynyñ türk mifologiýasynyñ esasynda ýazan Hazariýaly Gesaryñ başdan geçirmelerini gürrüñ berýän komiks romanlar tapgyry-da ady agzalmaga mynasyp işleriñ arasynda ýer alýar. Gesar: Tutuşan bozgyrlar https://t.co/1KGdOtYMfy-da satuwda. Fantastiki "Witcher", "Lotr", "Warhammer" dünýäsini halaýan bolsañyz, Gesar hem hökman ünsüñizi çeker. pic.twitter.com/FNOZ8mfbUQ — Hazaryalı Gesar (@HazaryalG) January 3, 2021 Beýleki bir ýandan dürli awtorlaryñ hekaýalaryndan düzülen "Anadolynyñ gorkuly hekaýalaryny" ("Anadolu Korku Öyküleri") hem agzalan eserleriñ hataryna goşubermeli. Ýygyndyda Seride Funda, Özlem Şelan, Mehmet Berk Ýaltyryk, Murat Başekim ýaly ýazyjylaryñ hekaýalary bar ("Bilgi" neşirýaty) Türkiýede çeper fantastikanyñ görnükli wekilleriniñ başyny çekýän Baryş Müstejaplyoglunyñ täze "Osminogyñ düýşi" ("Ahtapotun Rüyası") kitaby-da türk mifologiýasynyñ we şamanizmiñ biziñ günlerimizde çeper edebiýatda näderejede täzeden şöhlelenişine örän gowy mysal bolup biler. Baryş Müstejaplyogly "Osminogyñ düýşi" romanynda başdan geçiren göwnüçökgünlikleriniñ yzyndan ölüleriñ ýurdunda gysylyp galan Dag guşunyñ syryny çözmäge ömrüni bagyş eden Hasanyñ hekaýaty gürrüñ berilýär. Okyjy Hasan bilen birlikde Dag guşunyñ yzyndsn gidip barýarka, şamanlaryñ dünýäsine-de gezelenç edýär, Gorkut ata bilenem tanyşýar, Şahmeranyñ hekaýatyna-da täzeden şaýatlyk edýär. Biziñ döwrümizde ýaşaýan Hasan öýüne getiren antikwar stoly arkaly hem öz durmuşy boýunça täze dünýägaraýyş edinýär, hemem ölüler ýurdy bilen şu dünýäniñ arasynda adatdan daşary köpri gurýar. Müstejaplyogly agzalan eserinde "bu ýerleriñ hyýaly güýjüne ýeke kitapda resmi geçelge gurmak isländigini" nygtaýar. "Osminogyñ düýşi" awtoryñ 2002-nji ýylda çap edilen "Gorkak we jandar" ("Korkak ve Canavar") bilen başlan "Perg legendalary" tapgyryndan hem-de 2012-nji ýylda çap edilen "Şamanlar ýurdy" ("Şamanlar Diyarı") tapgyryndanam elementler göterýär. Müstejaplyogly 2000-nji ýyllaryñ başyndan bäri okyjylaryna fantastiki dünýäleriñ gapysyny açyp, olary müñlerçe ýyl öñki döwürlere uzaýan medeni motiwler bilenem täzeden tanyşdyrýar. "Osminogyñ düýşi" romanynda mifologiýadan we şamanizmden örän köp dürli elementler bar (Dogan Kitap) Ýazyjy gürrüñi edilen eserleriniñ ýany bilen 2009-njy ýylda çap edilen "Bir hyýaldy hakykatdanam owadan" ("Bir Hayaldi Gerçekten Güzel") romanynda XIV asyrda ýaşan suratkeş Mehmet Siýah Kalemiñ işlerinden täsirlenip täze hyýaly älem we medeniýet döredendigini aýdýar. Adatdan daşary örän köp güýji şekillendiren Mehmet Siýah Kalemiñ işlerinden şamanostik ikonografiýanyñ özboluşly mysallaryny tapyp bolýar. Müstejaplyogly Mehmet Siýah Kalemiñ eserlerinden täsirlenendigini nygtaýar (Wikipedia) Müstejaplyogly "Bir hyýaldy hakykatdanam owadan" romany barada şeýle diýýär: "Mehmet Siýah Kalemiñ suratlaryndaky ýylan guýrukly iblisler üçin hyýaly ýurt we medeniýet döretdim, olary adamlar bilen bile ýaşaýan "harnan" atly hyýaly millet hökmünde ulandym. Bu eserlerimde şamanlaryñ tans edip ruhlaryny bedenlerinden aýyrmagy, ölüleriñ ýurdunda gezip bilmegi, haýwanlara öwrülil erbet ruhlara garşy göreşmegi ýaly epizodlara kän ýer berdim. 2009-njy ýylda şamanlar we şamanizm hakda ýazmak juda adatdan daşary zatdy, bular ýaly çeşmäniñ çeper edebiýatymyzda ulanylmaýandygy meni bu boýunça işlemek üçin heýjanlandyrýardy". Dünýä edebiýatyna we kinomatografiýasyna kämil eserleri bermek üçin medeni taryhymyzda ýer alan gaty köp elementleri ulanyp boljakdygyny nygtaýan Müstejaplyogly "öz ýaşaýan ýurdumyza kesekileşsek, iñ ýakynymyzdaky hazynalary görmän başlarys. Bulam bizi dünýä edebiýatyna ýa-da kinomatografiýasyna goşup biljek gaty köp özboluşly pikirden, temadan, obrazdan binesip goýar" diýýär. Mehmet Siýah Kalemiñ çeken suratlarynda köp sanly demonik obrazlar bar (Wikipedia) Türk mifologiýasynyñ we şamanizmiñ täzeden öndümli ugra öwrülmegi taýdan çeper edebiýatda Müstejaplyoglynyñ eserlerini mysal bermek mümkinem bolsa, wideo oýun industriýasynda Alijan Meýdanyñ işleri ünsi çekýär. Meýdanyñ işläp düzen "Uruz: Return of the Er Kishi" we "Bukan" kompýuter oýunlary şu ugurda aýratyn çekişmä mynasyp. Alijan Meýdan Orta Aziýanyñ türk medeniýetine esaslanyp düzülen "Uruz: Return of the Er Kishi" oýnunda oýunçylar harap bolan şäherleriñ içinden geçip barýarka adamlara kömek edýär, jandarlar we ruhy mahluklar bilen gabatlaşýar. Orazyñ hekaýasy "Gorkut ata" hekaýatlarynyñ esasy bölümlerinden "Gazan begiñ ogly Orazyñ tussag edilmegi" hekaýatyndan ugur alýar. Oýunçylar Orazyñ Burla hatynyñ we Gazan begiñ ýardamy bilen duşmanyñ elinden halas bolmagynyñ yzyndan oýna goşulýar. Dabara taýynlyk görlüp durka-da garañky güýçler ýer ýüzüne inip, Orazyñ obasyna çozýarlar. Oraz ýakynlaryny ýitirmejek bolup örän köp howp-hatarlara döş germeli bolýar. Alijan Meýdan 2020-nji ýylda satuwa çykarylan oýny barada şeýle diýýär: "Wirtual önümçilikde geçmişi bolşy ýaly kopiýalap almagyñ ýerine muny biziñ günlerimizdäki gymmatlyklar bilen utgaşdyryp bermegiñ has gowy boljakdygyny pikir edýärin. "Uruz: Return of the Er Kishi" oýnunda Dädem Gorkudyñ ertekisini ilki kinematiki taýdan detallaýyn gürrüñ bermegi we şondan soñ birmeñzeş elementler bilen tapawutly hekaýany beýan etmegiñ ýoluny saýladym". Oýunçylardan oñyn baha alandygyny aýdýan Meýdan ady agzalan "Dädem Gorkut" hekaýatynyñ gutarýan ýerinden soñ nämeleriñ bolup geçendigi barada oýun industriýasynyñ serişdelerini ulanyp, alternatiw sýužet hödürleýär. "Berzah Games"-iñ üstünde işleýän we entek taýýarlyk tapgyryndaky ýene bir oýunam "Bukan". Şaman bolasy gelýän ýaş ýigidiñ mistiki başdan geçirmeleriniñ üstünde durýan oýun barada Meýdan oýny oýnan adamyñ "hem-ä şaman bolma müddetindäki tapgyrlary, hemem türk medeniýetindäki dessanlary we kyssalary täsirli ýagdaýda başdan geçirip öwrenjekdigini nygtaýar. • Meýdan: "Şaman öz jemgyýetiniñ çapraz adamydy" Gadymy döwrüñ şamanlary bilen şu günüñ döredijilik adamlarynyñ arasynda jemgyýetçilik "borjy" taýdan alanda baglanyşyk bardygyny aýdýan Meýdan şeýle diýýär: "Şaman öz jemgyýetiniñ çapraz adamydy, şu günüñ döredijilik we sungat adamsy-sa şeýle. Häzir hakyky şaman aramyzda gezip ýören bolsa, ony derrew dälihana ýerleşdireris. Sebäbi häzirkizaman jemgyýetiniñ şamana berjek manysy şu. Döredijilik adamlary-da edil şolar ýaly sistema tarapyndan igelenmek, ýoluna böwet bolunmak islenýär. Men bärde iñ bolmanda öz boýnuma düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirip adamlara öz köklerinden aljak ruhy güýç bilen umyt we batyrgaýlyk susup almaga, olara üýtgeşik alternatiw dünýä döretmäge synanyşýaryn". Şamanizmiñ we şamanlaryñ biziñ günlerimizde döredijiligiñ dürli ugurlarynda ulanylyp, täzeden öñe sürülmegi babatda Müstejaplyogly-da şoña meñzeş pikire eýe. Şamanlaryñ edil geçmişde bolşy ýaly biziñ günlerimizde-de şeýle göreşýändigini nygtan ýazyjy pikirlerini şeýle düşündirýär: "Şamanlar özlerine ynanylýan döwürlerde adamlaryñ adyndan erbet ruhlara garşy göreşýärdiler. Biziñ günlerimizde-de döredijilik adamlarynyñ galamlarynda jan tapyp, materialistik dünýäniñ çaşyryjylygyna we ruhsuzlygyna garşy üýtgeşik göreş alyp barýarlar". Alijan Meýdanyñ "Kami" atly suraty Munuñ bilen birlikde Meýdan öz oýunlaryndan daşgaryn 2017-nji ýylda satuwa goýberilen "Hellblade: Seuna's Sacrifice" oýnunyñam örän şowly bolandygyny aýdýar. Oýun göwni ynjan kelt urşujysynyñ öli söýgülisiniñ ruhy üçin söweşmegiñ hatyrasyna başdan geçirenleri hakda. Bu oýun gönüden-göni Orta Aziýa medeniýeti bilen baglanyşykly bolmasa-da, şamanik motiwler diñe türki medeniýete mahsus däl we Günorta Amerikada-da güýçli mysallaryny tapmak mümkin. • Alp: "Şaman biziñ ýiten ruhumyzy tapar we halas eder" Ýusuf Reha Alp Şu nukdaýnazardan Ýusuf Reha Alpyñ 2018-nji ýylda çap edilen "Şamanizm, tasawwuf we aýauska. Gadymy türkleriñ dini garaýşy" atly kitaby örän ähmiýetli maglumatlary dykgatymyza ýetirýär. Alp hem-ä türkleriñ şamanizm ýörelgesine degişli hemmetaraplaýyn nukdaýnazary orta atýar, hemem Günorta Amerikada gatnaşan şaman çärelerinden gören zatlaryny gürrüñ berýär. Alp şamanyñ belli-başly jemgyýetçilik funksiýasynyñ ýa-da "borjunyñ" bardygyny, emma bh borjuñ ýerine ýetirilme formalarynyñ arasynda tapawutlylygyñ bardygyna yşarat edýär. Şamanyñ hemme zatdan öñ ot-çöpçi "tebipdigini" aýdýan Alp onuñ borjuny we bu borja amal etme formasyny şu sözler bilen beýan edýär: "Şaman biziñ ýiten ruhumyzy tapar, halas eder we täzeden aslumyza dolanyp gelmegimizi üpjün edip, bizi gowulaşdyrar. Muny edip bilmegimiziñ ýeke-täk ýoly-da ruhuñ barýan älemine syýahat edip bolmagydyr. Orta Aziýa türk tipindäki şsmanlykda bular ýaly astral syýahatlar köplenç depregiñ kömegiñ edilýär. Aziýa şamanynyñ iñ uly kömekçisi bolan deprek münülýän atyñ wezipesini ýerine ýetirip, şamany (köplenç) aşakky dünýä alyp gidýär we şaman ol ýerde ýa uly göreşler bilen ýa-da aşakky dünýäniñ häkimi Erlik han bilen "söwdalaşyp" näsagyñ ruhuny halas etmäge dyrjaşýar". Alp kitabynda şamanizme degişli deñeşdirmeli nukdaýnazar hödürleýär (6:45 Dükan) Orta Aziýa türk tipindäki şamanlykda şamanlaryñ jemgyýetde passiw biçüwde kesgitlenýändigini, başgaça aýdylanda "wezipä çagyrylýandygyny, saýlanýandygyny" aýdýan Alp ýerli amerikanlaryñ ýerine ýetirýän şaman rituallarynyñ tersine hereket edilýändiginu aýdýar. Alpyñ aýdyşynfsn beýin öýjükleriniñ üstünde aýratyn täsirleri döredýän "aýauska", "simson oty", "peýote" ýaly ösümlikler arkaly amala aşyrylýan amerikan tipli şamanlykda islän adam ritualyñ parçasy bolup bilýär, ýagny oña gatnaşyp bilýär. Alp iki modeliñ arastndaky esreme tehnikasyndan gelip çykan tapawut sebäpli "aktiw we passiw şamanlyk" tapawudynyñ bardygyna ünsi çekýär. • Erkoç: "Şamanlar aýratyn hukukly synp saýylmaýar" Haýretdin Ihsan Erkoç hem şuña meñzeş çemeleşme bilen "Şamanizm näme?" soragynyñ örän jedellidigini we dürli çemeleşmelere yşarat etmegiñ mümkindugini aýdýar. Erkoç şamanist jemgyýetlerde şamanyñ jemgyýetçilik pozisiýasy we wezipesi barada şeýle diýýär: "Şamanlaryñ adatdan daşary güýçlere eýedigine, joşma (wejd, trans) ýoly arkalu hudaýlardyr ruhlar bilen görüşip bilýändigine, şeýdip syrkawlary bejerip bilýändigine, aýratynam pal atyp geljegi görüp bilýändigine we doga-jadydan baş çykarýandygyna ynanylýar. Emma şamanist jemgyýetlerde şanlar umuman alanda aýratyn hukukly synp saýylmaýar". Haýretdin Ihsan Erkoç Erkoç şamanizm we şaman düşünjeleriniñ ilkinji bolup rus edebiýatynda orta çykandygyny, munuñ aýratynam Sibirdäki we Orta Aziýadaky ynançlar bilen baglanyşyklylykda ulanylandygyny aýdýar. Emma agzalan düşünjeleri XX asyrda Mirça Eliade ýaly ylmy-barlagçylaryñ gürrüñi edilen sebitlerden daşgaryn halklaryñ ynançlaryny kesgitlemek üçinem ulanmaga başlamagy Erkoçyñ pikiriçe has tapawutly şamanizmleriñem gönükmä dahylly bolmagyny öz ýany bilen getiripdir. Alijan Meýdanyñ "Masal" atly suraty Munuñ bilen birlikde Erkoç dürli şamanizm praktikasyny ýa-da garaýyşlaryny biri-birine baglanyşdyrýan aýratynlyklaryñam gürrüñiniñ ediljekdigini nygtaýar. Erkoçyñ pikiriçe, şamanlaryñ hudaýlar we ruhlar bilen gatnaşyk açyp bilýändigine bolan ynanjyñ ýany bilen "tebigat bilen oñşuklylygyñ we adamyñ iñ ýokary jandar bolmakdan zyýat, tebigatdaky janly-jandarlaryñ diñe biri hökmünde" pikir edilmeginiñem dürli şamanizm garaýyşlarynyñ arasyndaly umumylyklaryñ biridigini aýdýar. • Köken: "Sözli medeni gözleglerden ugur alyp, täz ýollar arçalar we soraglar orta atylar" Merwe Köken Bir gezekde örän köp işiñ adyny sanamak mümkin bolaýanda-da, heniz bu ugra degişli bilinmeli işleriñ doly tamamlanandygyny aýdyp bolmaýar. Türk medeniýeti boýunça işleriñ ähli taraplary bilen giñişleýin dowam etmeginiñ juda begendirýändigini aýdýan Sarpkaýa "Elbetde, entek hiç zat gutaranok. Toplanmaly täze maglumatlar, edilmeli täze işler her biriniñ üstüne täzesi bilen doldurar" diýýär. Meýdan işleriniñ ähmiýetiniñ uludygyny aýdýan Köken bolsa, "Sözli medeni barlaglardan ugur alyp täze ýollaryñ arçaljagyny we soraglaryñ orta atyljagyny pikir edýärin" diýip, ýene köp sanly täze işleriñ ediljegini aýdýar. Alijan Meýdanyñ "Umaý" atly suraty Türk mifologiýasyna we şamanizme degişli dürli ugurlarda edile işleriñ gymmatly gor döredendigini, aýratynam populýar medeni eserleriñ bu mirasy wagyz etmek taýdan örän işjeñdigini nygtamak gerek. Erkoç hem Osmanlynyñ soñky ýyllaryndan we respublikanyñ ilkinji ýyllaryndan bäri bitirilen ähli işleriñ ullakan ensiklopedik ýygyndyny emele getirendigini aýdýar. Alijan Meýdanyñ bir şamanyñ tans edip o dünýä geçýän pursatyny şekillendirýän "Trans" atly suraty Hem ylmy işler, hem çeper eserler türk mifologiýasynyñ mirasyny täzeden öwrenýär, üstünde işleýär we dürli wersiýalarda ony gaýtadan köpçüligiñ dykgatyna ýetirýär. Birnäçe dürli ugurda edilen ýokarky işler, orta atylan önümler bu ugurda ediljek işleriñ artjakdygyny we dürli ölçeglerde garşymyza çykjakdygyny görkezýär. Başdan geçirmeler bir ýany bilen hem täzeden başlanýan hemem ýüzlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän ýaly bolup görünýär. Edil wagtyñ çäklerini aşyp gelen goja we dana şaman kimin... Esra GÜNGÖR. Şenbe, 10.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |