21:29 Ulug baý | |
ULUG BAÝ
Taryhy şahslar
■ ýa-da "Aýgytly ädim" romanyndaky Halnazar baýyñ hakyky keşbi. Türkmen gadymdan bäri şan-şöhrata beslenen taryhy, belent ruhy bilen Ýer ýüzünde öçmejek yz galdyrypdyr. Eger geçmişe ser salsañ, beýik şahsyýetleriñ, merdana hanlaryñ, sahy-sahawatly baýlaryñ, akyl-paýhasly, nurana ahunlaryñ işan-mollalaryñ bolandygyny görmek bolýar. Ýöne öñki SSSR-iñ hökmürowanlyk süren zamanasynda olaryñ hemmesi "halk duşmany", garyp-gasarlary eziji synp hökmünde çeper eserleriñ otrisatel gahrymanlaryna öwrüldiler. Türkmen sowet edebiýatynda baýlaryñ, hanlaryñ, dini adamlaryñ ýekeje-de gowy obrazy, hakyky keşbi döredilmedi. Sebäbi olaryñ keşbine erbetlik ýokundysyny bermek sowet syýasatynyñ birinji talap edýän zadydy. Diñe mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soñ, türkmenuñ belli şahsyýetleri, baýlary, hanlary, işan-mollalary hakyndaky taryhy hakykaty açyp görkezmäge doly mümkinçilik döredi. Türkmenistanyñ ilkinji Prezidenti, türkmeniñ Serdar ogly Saparmyrat Türkmenbaşy öz çykyşlarynyñ birinde: "Aýgytly ädimdäki" Halnazar baýyñ gowy adam bolandygyny bilýärin..." diýip, buýsanç bilen agzamagy-da ýöne ýere däldi. Ýogsa-da Halnazar baý kimkän? Halypa žurnalist Rejep Gaýypgulyýew Berdi Kerbabaýewiñ "Aýgytly ädim" romanyndaky Halnazar baýyñ ykbaly bilen gyzyklanyp, 1999-njy ýylda uly göwrümli makala ýazypdy. Häzirki wagtda her ýyl geçirilýän "Türkmeniñ Altyn asyry" atly edebi bäsleşigiñ ilkinji möwsümi bolan "XXI asyra - Türkmeniñ altyn asyryna ruhubelent gadam basalyñ!" bäsleşigine hödürlenen bu makalany geçdigimiz ýyllarda "Edebiýat we sungat" gazeti öz sahypalarynda çap hem edipdi. Sowet ýyllarynda kemsidilen, ýanalan, yzarlanan, garalanan belli şahsyýetlerimizi, ata-babalarymyzy ýat etmek, olaryñ belent ruhuny tanatmak we nesillerimizi şolara laýyk görnüşde terbiýelemek, ajysyna ajy, süýjisine süýji diýip olaryñ hakyky keşbini çeper eserlerde suratlandyrmak, kinofilmlerde gaýtadan janlandyrmak döredijilik intelliensiýamyzyñ jana-jan borjudyr. "Ulug baý" atly taryhy eserde hem "Aýgytly ädim romanyndaky Halnazar baýyñ hakyky keşbi örboýuna galýar. Bu gezek siz onuñ bilen www.kitapcy.ml edebi-çeper saýtynda tanyş bolup bilersiñiz. * * * ▶ ULUG BAÝ Patyşa Russiýasynyñ basybalyjylary Türkmenistany eýeländen soñra, Tejen ili-de öñki ýaly bir ýyllyk bije atyşyp, ýarym oturymlylykdan hemişelik oturymlylyga geçip başlaýar. Emme Tejen derýasynyñ ýaz aýlary joşup, tomus aýlarynyñ örküjinde-de guramagy zerarly, oturymly ýaşamagam añsat düşenok. Suw meselesi ýylba-ýyldan örboýuna galýar. ■ Tejen derýasynyñ ugurlary boýunça bije atyşlyk. Şonda Amanşa halkynyñ bijesine, käbir säwlikler sebäpli şowuna bolman, Tejeniñ ilerki belent-magallak ugurlary düşýär. Ozallar Mamur, Dolyhan, Ýolbarsly sebitlerinde bolup ýören halk Tejen derýasynyñ ugry Tañygazandan hantamady. Emma "Bijeli oglan aglamaz" diýlişi ýaly, nesibäñe kaýyl bolmaly bolýar. Nähilem bolsa, göwün küýsän ýerleri düşmänsoñ, adamlaryñ keýpi ýok, özlerem sus, dym-dyrslyk. Maslahatda esasy mesele Amanşa obasyna ýagşy adamy arçyn saýlamakdy. Birnäçe adamlary arçynlyga hödürleýärler. Emma biriniñ sowady ýok, beýlekisiniñ sahawaty ýok, ýene biriniñ rysgaly kem... Garaz, laýykatly adamlar däl-dä. Öñem ýer-suw meselesinde bijesi galyp, ykbalyndan närazy halkyñ arasyna ýene-de dym-dyrslyk aralaşan. "Süri agsaksyz bolmaz" diýlişi ýaly, märekäniñ arasynda agzy ýelliräk, geplemsek bir kişi-de bar. Dymyşlyk içini ýyrtyp baransoñ, ol çydap bilmän gürlemäge hyýallanýar, emma agras gojalaryñ, ýigitleriñ ýüzüne gözi düşenden, onuñ sussy basylyp, dili tutulýar. Şol öwlüýä ümsümligi wagtynda hälki galagopuñ arkasyndan "jüüýýýp" edip, howa guşjagazy uçan. Ol müýnürgäp töweregine ýaltaklaýar, hiç zat bolmadyk, hiç zat eşidilmedik ýaly, şol dymyşlyk. Muña has-da ýüregi gysan galagop kişi oturyp bilmän, "Ähem-ähem" edip, ardynjyrap, ahyrsoñy seslenen: - Hawa adamlar, indiki maslahat?! Agras başyny çalarak galdyryp: - Indiki maslahata hanym, her kim öz otyrýerine bek bolmaly - diýenden, Ulug aganyñ sözüne gülşenler. Garaz, gülkiniñ soñuny çynyrgadyp, halaýyk bary müwessa kylyp, Ulug baýy uly iliñ arçyny-emin ýaşulysy saýlamakçy bolýarlar. Ol näçe garşylyk görkezse-de netije bermeýär. Miraplaryñ halypasy, ýöne gaty garran Berkeli mirap: - A-how, inim, Ulug jan, seniñ ata-babañam köpe ýaran ýagşy adamlardy. Hemmämizem gandüşer, garyndaş ahyryn. "Il oñlasa, atyñy soý" diýipdirler. Senem indi iliñ raýyny ýykma-da! - diýen sözüni aksakgallaryñ hemmesi goldaýar. ■ Indiki derwaýys mesele bolsa, Beg kanalyndan bu magallak-alañlyk ýere suw çykarmak. Esasy birinji meseläniñ, ýagny, arçyn saýlamaklygyñ örän laýykatly-adalatly çözgüdine begenen halk özara gürleşýärler. Ýöne indiki meseläniñem añsat däldigine düşünýärler. "Älhepus-älhepus, bu beýiklige nädip suw çykaryp borka?". "Aý, bir alajy tapylar-la". "Ulug jan, mundanam kyn hallarda ugur tapardy. Seret, bakaly, onuñ miraplary ýeke-ýeke sözledip, munuñ dessine çözgüdini tapyşyna tomaşa et!"... Dogrusy, her kim bir hyýalda, her kim bir köýde. Kimsi guma göçüp, ýene-de çarwaçylyga ýüz urmaga meýillense, kimsi gaýrak Tejen derýasynyñ aşak akymynyñ aýaklaryna göçmek hyýalynda... Boýy iki ýarym metre barabar, düýäniñ üstündäki zady eglip alýan, argyş çuwallaryñ tikinsiz ýerinden saman dykyp, ýumrugy bilen ýarýan (onda-da garry wagtlarynda) äpet, emma gurby ýetip süññüne buýurýan adam gowsunyp, adamlara ýüz tutdy: - A-how, jemagat. Dolyhan, Üçdepe, Atgyran, Bozoglan han, Üçburç, Ýylgynly guýma ýaly ýerler ata-babalarymyzyñ ýaýlalary ahyryn. Biz ýylyñ gelşine görä, haýsy ýaýlada ot bolsa, şol ýerlerde ýazlardyk. Gyşymyzy hem odunyñ-ojaryñ köp ýerinde gyşlardyk. Ýöne näme çarwa tertibinde okuw, mekdep-medrese, çagalara Gurhan okamagy öwretmek... gaty kynrak düşýär. Onsoñam Keýmiriñ baş serdary Amandöş atamyñ aýtmagyna görä, biziñ ata-babalarymyz gadym zamanlarda şu ýerlerde oturymly, bag-bakjaly, galaly-şäherli, derejeli bolupdyrlar. Geliñ, indi bizem ata-babalarymyzyñ bir ýerde oturymly, mekdepli, medreseli bolmak baradaky wesýetlerine dolanalyñ, indi çen bolan bolsa gerek, adamlar! - diýip, ol düýäniñki ýaly öñe uzalyp duran sag dyzyny dikeldip, töweregine ser saldy. Ol eýýäm eýläk-beýläk dagamak barada ham-hyýallaruñ sumat bolandygyny oturanlaryñ ýüzlerinden gördi. Hemmeleriñ ünsi Mele gotjagyñ ("gotjak" onuñ çagalyk lakamydyr) sözüniñ dowamyna tamdyranyñ tary kimin düzgünli dartylan. Ol: - Garyndaşlar, hemmäñize munda Gurhan, ahyretde zowalsyz jenneti rowan etmegini Tañrytagaladan dileýärin. Hany, indi "Müñ işçiden bir başçymyz" bolan Ulug inim näme diýerkä? Ol niçik pikirdekä? Bolgusyz ham-hyýal kölünden hemmämizi alyp çyksa gerek. Geliñ, onuñ köñül-hyýalyny diñläliñ! - diýen. Ulug aga bolsa ilki başyny galdyryp, al-asmana, soñra hem gara ýere nazaryny salan. Onsoñ bolsa oturanlaryñ ýüzlerinden ýüregini görýän ýaly, ählisini gözden geçirýär. Bu onuñ Tañrytagaladan oturanlara, il-gününe uzak ömür, abraý-iman diledigidi. Gara ýere girmäge ajala sabyr bermegini belent mertebeli hem bimöçber rehimdar Tañrytagaladan dileg etdigidi. Ýaşulular muña berk düşünýärdiler. Ol: - Owwalda "Bismillahyrrahmanirrahyýým" - diýip, söze başlady. - Soñra bolsa: - Garyndaşlar! Men ýaşululygy mejbury boýun almaly boldum. Emma meniñem rugsat etseñiz, siziñ öñüñizde goýjak şertlerim bar - diýende, Mele gotjak, Molla Batyr Burun ogly, Porpoç han Artyk ogly, Ýahybaý Orazsähet ogly, Oraz Jylaw serdar ogly, Seýitli beg ogly Öwez ahun, Sopy işan Pürli ogly, Kerimberdi Çary ogly, Mämmedaman serdar Bapba ogly, Garry soky, Hajy Hajy gaplañ ogly, Abdylla mirap, Orazmyrat ussa Orazbaý ogly, Çaýy Poton ogly, Tejen agsak baý Anat ogly, Kerbaba Öwezgylyç ogly, Nurmämmet Emingeldi ogly, Berkeli Pürnazar ogly, Myrat Gotoz ogly, Garly Ýazguly ogly, Potolok mirap Annasähet ogly dagy ýerli-ýerden baş atyşyp "aýdyber" diýen yşarat edýärler. Ulug, aga, jemagat bilen iş salşanda hemişe ilki bilen adamlaryñ dürs oturyşlarynu sazlamaga, soñra bolsa olaryñ gollaryny gowşuryp, ünsüni jemlemegiñ zerurdygyna oñat düşünýärdi. Eger şeýle etmegi başarmasañ, aýdan sözleriñ ýelä bakyp talhan iýeniñki ýaly, pikirleriñ köpçüligiñ añyna ýetmän, derbi-dagyn boljakdygyny bilýärdi. Hut şonuñ üçinem uly-kiçi hemmeleriñ ünsüniñ özüne tarap çugdamlanandygyna göz ýetirensoñ, ýene söze başlan: - Babadaşlar, obadaşlar! Ilkinji nobatsa 3-4 menzillik ýerden, onda-da şu alañlyk-beýik ýerden ýap gazmaly bolarys. Eger-de biz şu alañdan aşak syrsak, soñra suwuñ öz-özi gazar. Aşak-aýaga syrdygymyzça, biziñ rysgymyz açylar, enşalla! Ýöne şol gazy-haşar işini geçirmäge baş miraplyk etmegi geçip hem içit gazmakda ukyby-başarnygy ýetik gartañ mirabymyz Potolok mirabyñ, ähli ýaşulular bolup, öz üstüne almagyny towakga edýäris - diýende, onuñ teklibini hemmeler goldaýar. - Emma biz mirap agamyzyñ diñe şu ýap gazylyp gutarylýança boljakdygy, özüniñem hiç kimden ýüz görmejekdigi, hemmeleriñ öz paýyny-çägini almalydygy baradaky talaplaryny size hem ýetirýärin. Hawa, ildeşler, arçynam, mirabam köplük, halk, il-gün bilen adamdyr, eger siz goldamasañyz, onda işimiz şowlamaz. Haçan-da hemmämiz Tañrynyñ öñünde deñ derejede bendesi, Muhammet aleýhissalam pygamberimiziñ öñünde-de des-deñlikde ymmaty bolşumyz ýaly, ählimiz güýjümizi jemlemesek, Hak üçin, Halk üçin, geljekki çagalarymyz - nesillerimiz üçin diýen niýet bilen sogaply işe ykjam gatnaşmasak iş bitmez, abraý hem bizden daş gaçar. Onsoñam menem baýmy-garypmy, parhy ýok, esasanam, barly-barjamly adamlardan berk talap etjekdigimi äşgär edýärin. Hökmany suratda her kim gazuw-gazy paýyny, çägini alaýmalydyr. Ýada muzduny töläp, hakyna adam tutduryp gazdyryñ, ol öz işiñiz! Tañrytagala ynsana ajaldan gaýry zatlara alaç-çäre tapmaga ygtyýar berendir. Görersiñiz, ynha, suwy şu alañlykdan aşyrsak, biziñ awhalymyz gaýraky arzuwlan ýerlerimizdäkidenem ýagşy bolar, enşalla! Derýa möwç urup, joşan ýyllarynda bolsa, biziñ suwumyz Gyzylja gala (Bozoglan han gala), Bokurdak ýeñselerine çenli ýeter. Ol ýerler bolsa tüýs sepme, çişlemik ekmäge amatly oýlaryñ mekanydyr... Ulug aganyñ aýdanlary hemmeler tarapyndan goldaw tapýar. Onsoñ Beg kanalyndan ilerik, ondanam günbatara tarap Käl ýabynyñ (oña Amanşa ýaby hem diýlen) gazuw-agtaryş işi başlanýar. Ulug aga baş miraby Potolok han bilen maslahatlaşyp, Suhanberdi Annagurban gotjak ogluny-da mürzelige alýar. Iş diýseñ gyzgalañly barýar. ■ Hoz ussa we Poşmok batyr hakynda. Bu agyr gazy işi B.Kerbabaýewiñ "Aýgytly ädim" romanynda görkezilişinde-de ol Amanşa halkynyñ Gowky-Zereñ hem onuñ Goşa obasynyñ içindenem geçýär. Ol örän dürsdür. Şol uly gaza gatnaşanlaryñ biri-de kakam Gaýypguly pälwandyr. Ol başdan aýaga gatnaşyp, öz paýyny-çägini gazan hem-de ejiziräkleriñ paýlaryny gazmaga-da kömek eden. Ol pahyr 1950-nji ýyllarda "Aýgytly ädimi" okap berenimde, çokaý tikip oturan ýerinden üns berip diñlärdi. Özem Berdi Kerbabaýewiñ dilewarlygyna haýran galardy. "Älhepus, bu adamlaryñ işini, bu gep-gürrüñleri nädip tapyp, ýerbe-ýer goýup bildikä?" diýerdi. Ol eseriñ gahrymanlarynyñ, personažlarynyñ ählisini diýen ýaly çyn atlary bilen içgin-içgin tanyşdyrardy. Kitapda Hoz ussanyñ adyny eşidende, ol hakda-da gürrüñ beripdi: - Hoz ussa atly bir ussa bar. Ol häzirem bardyr. Ýöne gaty garrapdyr. Bizdenem ep-esli ulurakdyr. Oña Hoz pälwanam diýerdiler. Tokga-tokga demirleri alyp gelerdi. Oña top oklary diýerdiler. Ana, şolary çukurrak ýerde berkidilen sandalynyñ üstünde goýup, köz ýaly gyzardyrp, ýekedaban bilen ýenjerdi. Şeýdibem, mazaly ýenjimi ýetirip, şol tokga demirleriñ her birinden birnäçe pil ýasardy. Sapyny-da özi saplardy. Onuñ ýasan pillerine gum ýelmeşmezdi. Onlarça ýyllap ulansañ-da halys kepjesi çykyp, ýüzi kiçelip, dört barmaga gelse-de döwülmezdi, özem barha ýitelerdi. Oña "Tejen pili" diýerdiler. Onuñ nusgasy üýtgeşikdi. Agzy hem ýaýbañ, gabarak ýüzli pildi. Hemme kişi şonuñ pilini almagyñ arzuwyndady. Meniñem pilim şol ussanyñ ýasan pilidi. Gumlary ýokarky ahyrçalara, ondanam raýyşa zyñardyk. Jar barha çuñlaşýar, sebäbi diýseñ gitdigiçe beýgelýärdi. Şol alañlykdan geçäýýänçäñ iş bardy-da. Gum çykarmak iki, soñabaka üç gat ahyrçaly bolupdy. Miraplar hem Ulug aga dagy ýygy-ýygydan aýlanyp, "armawerimizi" ýetirýärdiler. Käte olar gaty ýadan ejizräklere atdan düşäge-de hut özleri-de kömek bererdiler. Olar hemişe egin-başlary syrdambitin, daýhan sypatyndadylar. Aý, Ulug aga dagy hiç haçanam bezenip-beslenip, şu dünýäniñ malyna gyzýan adamlar däldiler. Hawa, iller bilen bile gara güýjümizi gaýgyrman işleýärdik. - Adamlar, essalawmaleýkim, armaweriñ! Pälwan, neneñ, çägiñi alyp bilýärmisiñ-how?! Seretsem Poşmok han. Oña il içinde Poşmok batyr, Poşmok pälwan, Poşmok däli hem diýerdiler. Dogrudanam, ol şol atlara mynasypdy. Ol örän daýaw, syrdam boýly, gözleri ýanyp duran, nazarkerde, emma öte gyñyr, hatda ýüzüne dogry garabam bilmezdiler. Ol azana musallat bolýan, il-gününiñ iç-daşyny goramaga baş goýan töwekgel hem özboluşly batyr, edermen, bütin ömründe azgyn gelmişeklere garşy göreşen gaýduwsyz ýigitdi. Poşmok batyr özüni il tarhany hasaplap, gazy paýyny alman, arkaýynlyga salan bolup gelşidi. Meniñ bilen at üstünden düşmän gürleşip durdy. Oña ýaşulularan añsat zat diýmezdiler. "Aý, Poşmok handyr bü" diýip, sarpa goýardylar. Sebäp şol zamanlarda gelmişekleriñ içinde gözi gyzaran azgynlar köp bolardy. Poşmok bolsa şolara sataşsa gözi açylardy. Ol: "Eý, Tañrym, azdyrma, ýöne azandan welin sowma" diýýän töwekgellerdendi. Hemişe ejiziñ tarapyndady. Bir ýerde guýy gazylsa, köpri gurulsa... garaşylmadyk ýerden peýda bolýan Poşmok batyr aram-aram ýaşululara öz-özüni keýpine urdurybam gezerdi. Emma gaýtargy bermezdi. Ol muny gaty gowy görýänlerine şeýle ederdi. Şol gezegem ol Ulug baý bilen Potolok miraby synamak üçin, gazyçylara tomaşa görkezmek üçin gelen bolara çemeli. Men muny añýardym. Ol maña: - Hawa, pälwanymyz, kömek gerekmi? - diýen bolup degşip söz atýardy. - Aý, hawa, pälwan, çägimizem alýas, kömegem berýäs. Ol maña ýuwaşja seslenip: "Pälwan, şäherse otly duralgada bir murtlak goçsumak düýn öýländen bäri aýlanjyrap: "Türkmeniñ goçam bolmaz, tekesem, gelsin gorkmadyk ýanyma, para-para ederin" diýip ýörendigini eşidip, şoña gyssagly barşym. Armaweriñ diýäýeýin diýip sowluşym" diýip, gürrüñ berip durdy. Emma birdenkä onuñ depesinden şarpa-şarpa gamçy inip başlady. Poşmok batyram gañrylyp garasa, ynha, bir daýaw goja mirap. Ol dessine elleri bilen ýüzüni gorap durşuna: - Haý-haý, mirap agam, duraweri-duraweri! - diýip, ellerini daldaladýar. Potolok mirap bolsa barha gazaplanyp: - Äteñenälet, bolsañ-bolupsyñ-da meniñ halypam Berkeli mirabyñ ogly, meniñ üçin hanam, batyram, baýam, garybam birdir. Seni gözleý-gözleý tapmadym. Hanha, özem pälwan, özem biriniñ ýeke oglg, Gaýypgulam işläp dur ahyryn. Al çägiñi derrew, bolmasa... - diýip, ýene-de gamçysyny ýokary göterip inderip başlanda, bir ýerden peýda bolab Berkeli mirabam gelip: - Potolok halypa, gatyrak ursan-a! - diýip, özem gamçylap başlan. Poşmok bolsa iki goja mirabyñ arasynda ýüz-gözüni gorap, hem ýalbarýar, hem gülýär. Emma añyrdan dor atyny säpjedip gelýän Ulug baýa gözi düşenden, ol dessine tomaşa görkezmekden el çekip, beýleräk gaçan bolup, şelaýynlyga ýüz urdy: - Be-e, agam jan! Kakam ikiñiz ýöne eñterip dursuñyz-laý. Indiberi duraweriñ ahyryn. Munyñyz adalatsyzlyk ahyryn. Hanha, Ulug agamam gelýär. Aýdaryn... - Şol wagtam ýuwaşjadan ümläp, "Bolsa-da ýagyrnymyñ gijisin-ä galdyrdyñyz. - Ulug agam, essalawmaleýkim, armaweriñ! Menem geldim welin, kakam bilen Potolok agam ikisi uruberdiler. Saña aýtjagymy aýdamsoñ, köşeşdiler. Hiý, çägiñem gürrüñi bolarmy diýsene?! (dowamy bar)... | |
|