18:05 Ýagşyny älem arzuwlar | |
ÝAGŞYNY ÄLEM ARZUWLAR
Ýatlamalar
Halk arasynda professor Mäti Kösäýewe ”Şygyr mülküniň şasy“ diýýärdiler. Ol, hakykatdanam, şeýledi. Gündogar klassyk edebiýatynyň wekili bolsa bolsun, onuň üçin parhy ýokdy, şolar hakdaky söhbetini şahyrlaryň şygyrlary bilen baglanyşdyryp aýdar oturardy. Diňleýjiler bolsa 4-5 sagadyň geçeninem duýman, käselerindäki çaýlaryny buza döndererdiler. Ol bolsa şygyr ummanynda gulaçlap ýüzýän dek, barha möwç alardy. Özüniň tutuş göwresi-de, sesi-de barha batlanyp, özboluşly ýakymly mukama öwrülerdi. Diňleýji içinden entekler gutarmazlygyny arzuwlardy. Mäti aga bilen 1957-nji ýylda tanyşdyk. Şol wagtlar M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýardym. Biz hemişe Mäti aganyň sapagynyň gelerine howlugardyk. Gelensoň welin, 2 sagatlyk leksiýanyň nähili geçeninem duýman galardyk. Magtymguly–Pyragynyň ”Diýdi: Ýaman töhmet agyr asmandan“ diýen agyr labyry alymyň gerdenine düşdi. Bihaýaçylykly töhmet zerarly, biziň ”Janly ensiklopediýamyza“ ymykly zarba uruldy, işden çykaryldy... Indi onuň ýanynda öňki ýognas-ýognas saçak, aş dostlarynyň biri-de ýok. Emma baş dostlary welin, barha köpelýärdi. Bir gezek edebiýatsöýer oglanlaryň birnäçesi bilen Mäti agalara baranymyzda, ol bizi Pyragynyň: Bir ýaman söz ýürek bular, Ýagşyny älem arzuwlar. Ýatdan çykmaz, görmek tilär, Birewden köňli hoş bolan – diýen setirleri bilen garşy aldy. Ol hödür-kerem edip, söhbetini dowam etdirdi: ”Ýogsa-da ýigitler wagtynda geläýdiňiz ýap-ýaňyja-da ýatlap otyrdym. Şahyryň ”Ýagşyny älem arzuwlar“ diýen setiriniň astynda ozaly bilen parahatçylyk ýagşy zamana, ýagşy kada-kanun, düzgün-nyzam, edep-ekram, adamkärçilik, ýagşy adam, ýagşy niýet, dostlukly gatnaşyklar umuman ähli gowulyklar ýatyr“ Oglanlaryň biri: —Mäti aga, Magtymgulynyň ”Dawa etmek dälilikdir ölene“ diýen setirine nädip düşünmeli ?-diýip sorady. Ol asudalyk bilen ardynjyrady. ”Ozaly bilen–ä ony ”dawa“ diýip okamaly däl, çünki ”dawa“ sözüniň birinji çekimlisini uzyn aýtsaň, onda ol dawa, uruş, jenjel, jedel, jeň... manyny berer. Şonuň üçin hem bu ýerde, ony gysga aýtmak gerek, sebäbi şol birinji bogundaky çekimlisi gysga aýdylanda ol söz düýbünden başga many, has dogrusy, ”derman-däri“ diýen manyny berer. Pars dilinde ”dawa“ sözi (birinji çekimlisi gysga aýdylanda) derman-däri diýmekdir. Şonuň üçinem Beýik Watançylyk urşundan öňki ýyllarda häzirki dermanhanalaryň ýüzünde ”Dermanhana“ däl-de, ”Dawahana“ diýlip ýazylardy diýdi-de, sözüni dowam etdirdi:—Magtymgulynyň hut öz golýazmalarynyň, has takygy, asyl nusgasynyň bolmazlygy zerarly, göçürilen golýazmalaryň hersinde birhiliräk ýazylmagy kynçylyk döredýär. Başga birinde bolsa ”Doga etmek delalatdyr ölene“ diýlip ýazylypdyr. Bu ýerde bolsa ”doga“ sözi ”aýat“ dileg manyda gelýär. Ýöne şol döwürde şahyryň şygyrlarynyň dini äheňlerinden daşrak durlardy. Eger şeýle edilmese, şahyryň bir setiri ýa-da bir sözi sebäpli tutuşlaýyn bir goşgusyny aýyrmaga mejbur bolnardy. Hut şonuň üçinem, bu setirleriniň ikisine-de ýalňyş diýmek bolmaz. Oturanlaryň biri Magtymgulynyň ”Mala seretmez“ diýen goşgusynyň birinji bendini sanady: Owalda mal ýagşy, maldan baş ýagşy, Baş döwletin tapan mala seretmez. Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy, Nadan ogul atasyna seretmez. Mäti aga näme diýiljek bolýanyny aňdy: ”Daaş“ däl ”daş“ diýip, çekimlini gysga çek, ýokarky ”baş“ sözi bilen sazlaşdyr. Şonda nadan oglam dogmadyk hasabynda, ondan daşgyn doganlar, dostlaram... ýagşydyr diýen many berer. Ýogsa-da, şahyryň ”Türkmeniň“ diýen goşgusynyň 5-nji bendiniň birinji setirini hem edil siziň okaýşyňyz ýaly basymlarda säwliklere ýol berip okaýarlar. Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar. Ine şu setirlerdäki ”başlar“ sözüniňem ikinji bognuny agzyňy gaty açman, gysga çekip okamaly. Bu ýerde türkmenleriň göwünleriniň, ýürekleriniň, başlarynyň (serleriniň) birleşmegi barada gürrüň gidýär. Gelen myhmanlaryň sany eýýäm ep-esli bolupdy. Mäti aganyň bolsa gürrüňi barha gülleýärdi. Ahyrysoňy bir amatly maý boldy welin, göwnümde besläp oturan niýetimi mälim etdim: —Ýoldaş mugallym, kiçijik haýyşymyzam bar! —Aý, bolasy, häliden bäri urup gaçjak bolup otyrdyň-la, aýdyber, ynha köpçülik bolup çözeris-diýdi. —Siz şygyr okap berseňiz, bizem magnitofona ýazaýsak... —Aý, nämä gerek, indi segseni sermeläp ýörkägem ”hossarlarymyz“ ýygnaýamasyn. Iň gowusy, ýigitler, magnitofona däl-de, öz kellefonyňyza ýazanyňyz bilen oňaýsaňyzlaň-diýip, gülüşdirdi. Soňra oturanlaryň hemmesiniň haýyşy bilen onuň razylygyny aldyk. Mugallymyň sesi gyryljagrakdy, demi agyr alýardy. Şol ýagdaýda şygyr okamak agyr düşýärdi, dogrusy oňa ýüregimiz awap gynanardyk. Göýä bagşynyň ýapbyldak heňlerden tutup ugraýşy ýaly, Mäti aga, başdan pessaýrak ses bilen şygyr okpa başlady, gitdigiçe gyzyşdy. Ol şahyryň ”Türkmeniň“, ”Bäşimiz“ ýaly şygyrlaryny okady. Şahyryň ”Meniň sahypjemalymny gördüňmi?“, ”Gözüm düşdi“ ýaly goşgularyny welin ýerinden turup, owsun urup okaýardy. Arasynda ýüzüniň ugruna kyn, düşnüksizräk sözleri-de düşündirerdi. ”Bilmezmiň“ şygyrynyň taryhyny düşündirip, 4 sagada barabar söhbet etdi. ”Şirwan hanyň söwdasy ne ajaýyp söwdadyr“ diýen setirinde hem Şirwan adyl diýen patyşanyň ozal Şirwan zalym bolandygyny, onuň köp şäherleri weýran edendigini giňden düşündirýärdi. Ol bir ýurdy kül-peýekun edip gelýär eken. Bir harabalygyň içinden geçip barýarkalar iki sany baýguşuň bir-birine bakyp gygyryşlaryny eşidýär. Onuň ýanyndaky baş weziri hem muňa üns bilen seredýär. Ol wezirine ýüzlenip: —Ýogsamam, sen ähli haýwanlaryň diline düşünýärsiň, belki, şu baýguşlara-da düşünensiň?-diýip, soraýar. Ol hökümdarynyň bir çemçe ganyny geçse, aýtjakdygyny duýdurýar. Şirwan onuň ganyny geçýär. Wezir şonda jogap berýär: —Eý güýçlüleriň güýçlüsi, ol baýguş beýlekä ýüzlenip, gel ikimiz guda bolaly-diýýär. Ol bolsa: —Şu ýaşaýan harabaňy berermiň?-diýýär. Beýlekisi hem: —Bererin, ine, şu haraba şu günden beýläk seniňki bolsun!- diýip jogap berýär. Onda ol baýguş: —Bu harabaňy maňa berip, soň özüň nirede ýaşajak?-diýýär. —Aý, sen meni gaýgy etme. Şirwan zalymyň jany sag bolsa, haraba gyt bolmaz-diýip jogap berýär. Ine, patyşahym, guşlaryň gürrüňi şeýle-diýip, wezir sözüni tamamlapdyr welin, Şirwan zalym gylyjyna ýapyşmakçy bolanda, ähdi ýadyna düşüp, saklanýar. Şondan soň Şirwan şa zalymlygyny, talaňçylygyny taşlap, düzüw ýola düşüpdir, adalatly iş alyp barypdyr. Şeýdibem, Şirwan adyl adyny alypdyr. Aý, garaz, Mäti agany gaty ýadadypdyrys. Lentamyzyň gutarandygy sebäpli onuň ençeme goşgularyny, rowaýatlaryny ýazga alyp bilmedik. Gün ýaşyberende biz mugallym bilen hoşlaşdyk. Ol bize ýene-de gelip durmagy tabşyrdy. Biz ondan müňdebir razydygymyzy, gelip durjakdygymyzy özünem lentamyzy köpeldip geljekdigimizi aýdanymyzda, ol begençli ýylgyrdy. Şygyr bilen garşylamak we şygyr bilen hoşlaşmak endigine görä setirleri aýtdy: Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy Bar gullukdan ýegdir haknyň ryzasy. Meger dogry gelse ajal kazasy, Hiç syndyrmaz, müň ýol ýalbarmak bilen Soňra: ”Saglyk mazasy mydama başyňyzda bolsun. Ajal- kaza bolsa owarradanam aňyrda bolun! Hakyň hakykatyň halkyň gullugynda bolmagam saglykda miýesser etsin. Eýsem mundan belent bagt döwlet bolarmy?!“ diýip, ýola saldy. Onuň ýanyna ýene-de gitmegi höwesläp ýörkäk, ömürlik arany açandygyny eşitdik. Barsak edil diri ýaly, gepläýjek, çalaja ýylgyrjak ýaly parahat ýatyrdy. Respublikamyzyň ýazyjylary, alymlary, mugallymlary we başgalar geldiler. Ilki M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hoşlaşyk guramak barada gürrüň boldy. Emma hoşlaşyk hut öz öýünde, öz otagynda guraldy. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni, TSSR-iň ylymda at gazanan işgäri, professor M.Kösäýew hakynda gazetlerde nekrolog hem berilmezligi ähli halky gynandyrdy. Mäti aganyň ylym meýdanynda goýup giden baýlyklary biziň iň gymmatly mirasymyzdyr. Haýp Staliniň şahsyýet kulty, durgunlyk döwri zerarly, klassyk şahyrlarymyzyň syrly we beýleki çylşyrymly meseleleri çözýän setirleri baradaky düşündirişleriň ol özi bilen alyp gitdi. Mäti aga hemme taraplaýyn dünýewi adamdy. Ol tebipçilikden-de, ussaçylykdan-da habarlydy. Jüründigi döwülen çäýnek, ýa-da çat açan käse ýaly zatlary bejerip, çeňkläp, edil bile biten ýaly edýändigine köp gabat gelipdik. Onsoňam, bilagyry, sowuklama, basyk, çigrek, zoralma, damar çekme ýaly keselleri, ylaýta-da, çaga kesellerini bejermekde-de ep-esli tejribesi bardy. Basyk keseline uçran çagalaryň kiçi dilini galdyryp, aşagyna azajyk gara burç sepmek, çigreklän çagalaryň ýagyrnysyna derlediji ýaglar, porsaňňaza çalmak arkaly gaýnag, gaýzykma ýaly ençeme çaga kesellerini bejerendiginiň şaýady. Magtymgulynyň ”Owal akan ýerden akarmyş aryk“ diýşi ýaly, Mäti aga tebipçilik ukyby ejesi Artykgül daýzamyzdan geçipdir. Ejem pahyr aýdardy: Biz Tejen raýonynyň ”Oktýabryň 14 ýyllygy“, Mäti agalar bolsa ”1-nji Maý“ kolhozynda goňşy obada ýaşardyk. Meniň düýş ýaly ýadymda, 1936-njy ýylda çep golum çişip, köýnegimiň ýeňine sygmandy. Tutuş golum boýnuma çenli güp ýaly çişdi. Ejem pahyr Artykgül daýzama eltip görkezende ”Wah- wah-eý, Aýnagözel jan, muňa beze diýerler“ diýdi-de, garagurdy ezäge-de, goluma çalyp, soňam dolap daňdy. Men nähili uklanymy-da bilmändirin. Ertir tursam golumdaky çişden nam-nyşan galmandyr. Onsoňam pahyr ”Wah, Aýnagözel jan, oglumam komsomol“ diýdi, beýleki diýdi, garaz, ”Eje senem şu tebipçiligiňi goýaýsana, ýogsam şunuň üçinem maňa azar berjek bolşup durlar“ diýýär diýerdi. Artykgül daýza köplenç çagalara serederdi, ýeňil-ýelpaý dertlilere em-ýom edip, köpüň alkyşyny alardy. Mäti aganyň kakasy Annadurdy (lakamy köse) bolsa örän ýuwaş, ýönekeý, daýhan adam eken. Mäti aganyň sadalygyny görenler, onuň şu babatda atasyna çekendigini ýatlardylar. Ol örän ýönekeý, ýuwaş, rehimli, pähimli, kanagatly, adalatly, jomart, pes pälli, dogruçyl, ynanjaň hem türkana, ýatkeş adamdy. Berdi Kerbabaýewiň aýdyşy ýaly, Mäti Kösäýew diýilende halk döredijiliginiň ähli žanrlary birleşip, bir göwrä öwrülip, göýä ýöräp barýan ýalydy. Rejep GAÝYPGULYÝEW, SSSR Žurnalistler soýuzynyň çleni. # "Edebiýat we sungat" gazeti, 06.07.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |