19:45 Umytsyzlyk we ýaşaýyş | |
UMUTSYZLYK WE ÝAŞAÝYŞ
Oýlanmalar
(şahyrana oýlanma) Maňlaýyma umytsyzlyk, ruhdan düşmek ýazylan bolanlygynda, men bireýýäm bu dünýäni terk ederdim. Elbetde, bu durmuş ençeme ýola meniň üçin bimany bolup duýlupdy. Käte aldawçylyk, garyplyk, käte bolsa edýän işiň oňuna bolanok... Bu barada hiç kim bilen gürleşip bilmeýäniň saňa ejir berýär welin, sen eýýäm ýaşaýyşa umytsyz seredip başlaýarsyň. Pikir edýäň, bu dünýä biderek Günüň daşyndan aýlanyp dur. Eýsem ol aýlanmak üçin dörän bolsa, men hem ýaşamak üçin ýaradyldym. Käte umytsyzlyk ynsany doly özüne boýun egdirýär. Emma iň soňky pursatlarda pikirlenmäge başlaýarsyň, her bir owunjak zatlar üçin-de ýaşaýyşy dowam etmeli, ruhdan düşmeli däl. Siz geň galarsyňsyz, käbir başa barmaýan zatlar ýüregiňde ýagtylyk döredip başlar. Aýdaly, men näme-de bolsa bir zat edip bilýärin ahyry, çagalara tigirçek sürmegi öwredip ýa-da jaňjagazlary kakyp, olary şatlandyrmagy başararyn. Agşamara işden öýe dolanyp gelip, öz ezizlerime şatlyk paýlap bilerin. Dostlarymyň işine kömegim degip biler, olar bilen duşuşyp, iç döküşip bilerin, şatlygyna şatlanyp, agyrylaryna aglamagy-da başararyn... Ynsan umytsyzlyga gol berse, men onuň tarapynda däl. Meniň pikirimçe, umytdan düşmek gowy däl. Biz beýle adamlara kömek edip, olary ruhlandyryp bileris, şonda olar edil biz ýaly, sada hem bagtly ynsana öwrüler. Meniň öýüm dünýäde iň owadan öýleriň biri. Umytlylyk barada pikir edeniňden soň, öýüň has-da ýakymly hem owadan görünýär. Emma siz owadan öý diýip onuň bezeglerine düşünmäň, ýagny telewizor, sowadyjy, tutular, reňkler, her dürli suratlar... Bular meniň üçin aňrybaş gözellik däl. Men gözellik diýip ýanýoldaşyma, ýoldaşyma, çagalaryma, enem-atama, päklige, guşdur kepderilere, al-ýaşyl öwüsýän ösümliklere hem-de gol ýetmeýän arassa gök asmana düşünýärin. Hatda kitaplardyr aýdymlarda-da bular barada köp aýdylyp geçilýär. Ýanýoldaşymyň we çagalarymyň her bir sözünde, gözlerinde ýaşaýşy duýýaryn, görýärin. Hamrak aýalyň: ''Nahar taýýarlaýynmy? Iýersiň gerek?'' diýip soranda ýa-da çagalaryň nazardan nämedir bir zatjagaz getirip bermegimi haýyş edenlerinde, maňa hatda ýönekeý suwam bal ýaly duýulýar. Hoştap howadan dem alan ýaly bolýan. Hawa, men öýümiň garşysynda ýaşyl öwsüp oturan otly, sonarly meýdany bagryma basýan... Öz şarlawuklary, derýalary, deňizleri bilen owadan tebigata guwanýan. Bu dünýäni çagalaryň gülküsi özgerdip biler. Meniň çagalarym iňlis diliniň dört sanyny hemişe tersine ýazýarlar. Eger-de meniň öýüme gelseňiz, onda men size görkezerin. Siziň gülüp içiňiz gyrlar. Aýalym: ''Aýalym: ''Çagalykda men hem hindiniň dokuz sanyny tersine ýazardym'' diýýär. Barymyz gülüp heziller edinýäris. Men ondan edil şol wagtlardaky ýaly dokuzy ýazyp görkez diýip soraýaryn. Ol ýazyp görkezip tutuş öýi ala-ýaz edýär. Ýaşamak üçin meniň öýümde, gör, näçe güýç bar! Öýümiň umytly ojagy meni umytsyzlykdan gorap saklaýar. Terjime eden: Maral GURBANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |