16:26 Urşa gitmekden ýüz dönderen esgerler | |
URŞA GITMEKDEN ÝÜZ DÖNDEREN ESGERLER
Edebi makalalar
Angliýada harby gulluk mejbury däl. Meýletin, öz islegiň boýunça gidip gulluk edip bilýärsiň. Emma bir gulluk edensoň welin, hemişe esger kimin özüňi alyp barmaly bolýaň. Ikinji jahan urşunda 18-41 ýaş aralyk ähli erkekler gulluga alyndy. 1948-1951-nji ýyllarda 19-25 ýaş aralyk erkekler 21 aý, 1951-1960-njy ýyllarda 24 aý gulluk etmek hökmanydy. 1960-njy ýyldan soň hökmany harby gulluk ýatyryldy. 1991-nji ýylda Pars aýlagy urşunda özüni harby gullukçy ýaly alyp barmaýan esgerleriň başyna gelenler Angliýada köpçüligi birnäçe günläp başagaý etdi. Artilleriýanyň seržanty Wiktor Wilýams “Bu uruş meň urşum däl” diýip Pars aýlagyna gitmekden ýüz dönderdi. Soňra ele salyndy. Harby tribunala çykaryldy. 14 aý azatlykdan mahrum edildi. Goşunyň hataryndan çykaryldy. Emma 7 aýdan soň azatlyga goýberildi. Haýsydyr bir seržantyň Pars aýlagyndaky urşa gitmekden ýüz öwürmegi we munuň üçin gözenegiň aňyrsyna girmegi, goşunyň hataryndan çykarylmagy, özüni gowy aýlykdan we otstawka çykanda berilýän goşmaça heşdekden mahrum etmegi iňlis jemgyýetçiliginde uly gowur turzupdy. Özem ol seržantyň suduň zalynda: “Wyždanyma görä hereket etdim. Ökünemok, özümi gaty arkaýyn duýýaryn” diýip, düşündiriş bermekden ýüz öwürmesine näme diýjek diýsene! Harby derňewçiler öýüni barlanlarynda gündeligi çykdy. Bu gündelik sudda subutnama hökmünde goýlanda, gündelige ýazylanlar habar beriş serişdelerine syzdy, köpçüligiň diline düşdi. Gulluk edýän ýerinden gaçan Wiktor kakasynyň gubruna zyýarat eden güni gündeligine şeýle ýazypdyr: “Şindiki uruş juda ýowuz. Adam diňe özüni goramak üçin uruşyp biler. Ýöne başga sebäp bilen däl. Muňa hemmeleriň düşünmegi hökman dal. Emma düşünerler diýip umyt edýärin.” Wiktor bir syýasy partiýanyň agzasy bolmaýşy ýaly, syýasy taýdanam hiç hili sowady ýokdy. Ele salnandan soň aklawjy bilen duşuşan güni gündeligine şulary ýazypdyr: “Men sosialist däl. Diňe Yrakda edýän işleriňiziň dogrudygyna ynanamok. Bolany.” Sudda meşhur aklawjylaryň biri onuň peýdasyna çykyş etdi. Adam hukuklary boýunça ýöredilen sud prosesleriniň ählisinde diýen ýaly ady geçýän Ýelena Kennedi kaza we onuň oturdaşlaryna şu soragy berdi: “Artilleriýanyň seržanty Wiktor Wilýams iş ýerinden esasly sebäp bilen gaçdymy?” hemmeler bu sowala “Elbetde, ýok!” jogabyna garaşsa-da, Ýelena Kennediniň jogaby şeýle bolupdy: “Hawa, esasly sebäp bilen gaçypdyr. Çünki ol wyždanyna garşy hereket etmejegini duýupdy.” • WYŽDANLAR WE URUŞLAR Häzir iňlis harby gullukçysynyň urşa gitmekden ýüz döndermegi diňe şu manyny aňladýar: goşun bilen baglaşan borçnamanyň talaplaryna ters hereket etmek we borçnamany birtaraplaýyn bozmak. Ýagny, harby gullukçy uruşdan ýüz dönderse iňlis kanunlarynda bellenen düzgünlere görä diňe hukuk bozulmasyndan ybarat hasaplanýar. Ahlaky taýdan nyrh kesilenok. Emma bu garaýyş 1960-njy ýyldan soň hökmany harby gullugyň ýatyrylmagy bilen ornaşdy. Şondan öň ýagdaý beýle däldi. Galyberse-de, häzirem “Uly uruş” diýip atlandyrylýan Birinji jahan urşunda urşa gitmekden ýüz dönderen esgerleriň başyna gelenler şu günki günüň adam hukuklaryny goraýjylar üçin ybrat beriji mysallardan doludyr. Şol döwür wyždanynyň sesini diňläp uruşdan ýüz dönderen harby gullukçylaryň sany resmi dokumentlerde 16 müňe ýetipdir. Iňlis imperiýasyna gulluk etmek hemişe meýletinleriň işi bolupdy. Bu, tä “Uly uruşda” şowluylyk iňlislerden ýüz öwrüýänçä şeýle boldy. Iňlis taryhynda birinji gezek 1916-njy ýylyň ýanwar aýynda kanuny esasda hökmany harby gulluk girizildi. Uruş ministrligi gaçgaklyga ýüz urmadyk, ýöne uruşa gitmekden ýüz öwren harby gullukçylara nähili temmi bermelidiginiň düzgünnamasyny işläp düzdi. Berilmeli temminiň ähli frontlarda ýerine ýerine ýetirilmegi üçin ýazmaça görkezme berdi. Temmi görkezmede şeýle düşündirilýär: “Haç görnüşinde ýere gazyk dikilýär. Uruşdan ýüz dönderen şahs bu haçyň öňünde dik durmaly. Onuň ellerini arkasyna gaňryp gazygyň iki ganadyna, aýaklarynam duşap gazygyň düýbüne daňmaly. Haçy front meýdanyna golaý ýerde we duşmanyň ok atymyna “ep-esli açyk” ýerde dikmeli. Düzgün bozujy günde iki sagat haça daňylgy durmaly. Jezanyň möhleti köplenç üç aýa çenli. Uruşdan ýüz dönderenlere nämüçin bular ýaly temmi berlendigi barada aýdylanda: harby gullukçyny söweş meýdanyndan uzaklaşdyrmazlyk. Uly iliň gözüniň alnynda bir ýerde şeýle jeza berip, hemmelere göz etmek. Hem munuň şeýleräk praktiki tarapy bar: uruş gidip durka, harby gullukçyny gabawhana dykyp oňa esewan etmegiň çykdajylaryndan we hysyrdylaryndan dynýaň. Uruş ministrliginiň bu görkezmesiniň urşa garşy gidýänlere garşy gynama maksatly ulanylandygynam aýdýarlar. Emma bu aýyplamalar boýunça içgin barlaglaryň geçirilmändigi-de belli zat. Özem top atyjy maşynlaryň tekerlerine daňlyp goýlanlaram az bolmandyr. Bular barada muny hut öz başyndan geçirenler segseninji ýyllarda teleýaýlymlara, radio çykyp gürrüň beripdiler. Resmi ýagdaýda-da görkezme beripdiler. Emma “režim” bu aýyplamalary görmezlige-duýmazlyga saldy. Urşa garşy gidenleriň haça daňlyp goýulmagyndan diňe 1923-nji ýylda el çekildi. • GALA GABALAN WYŽDANLAR Elbetde, “Uly urşa” garşy gidenleriň barsy haça daňylmandy. Tylda tussag edilenlerem az bolmady. Bularyň ýatlamalary on ýyl öňem jemgyýetçilige ýetirilýärdi. Döwletiň urşa garşy gidenlere duşman ýaly garaýşy dokumental kitaplaryň gatyna girdi. Angliýada urşa garşy gidenleriň tussaglykda saklanan ýerleriniň birem Ýorkşir oblastyndaky meşhur Riçmond galasydyr. Galanyň orta asyrlardan galan dälizlerine orta asyrlaryň düzgünlerine laýyklap “düzgün bozujylary” dolduryp çykýardylar. 2.50 x 1.90 metrlik darajyk gözeneklere alty adam dykylýardy. Olar harby lybas geýmekden ýüz dönderendikleri üçin ýarym-ýalaňaç ýagdaýda aýlaýardylar. Ýyladyş sistemasy düýbünden ýokdy. Örän kiçijik penjirejikden yşyk düşýärdi we howa girýärdi. Şol döwrüň harby tussaghanalaram şundan gowy däldi. Tussaglar ilkibaşda 28 günläp ýeke adamlyk gözenekde oturýardy. Munuň başky 14 gününi ýerde ýatyp geçirmelidi. Olara okara-ýazara galam kagyz, gazet berilmändir. Öňden oturan tussaglar bilen gepleşmegem, penjireden daşary seretmegem gadagan eken... Tussaglara diňe gury çörek we suw bilen üç gün ýeke adamlyk gözenekde saklamak ýaly goşmaça jeza çäresini hem berip bolupdyr. Uruşyň gidişi soňabaka Angliýanyň garşysyna bolup başlaýaram welin, 1916-njy ýylyň maý aýynda tussaglar zynjyrlara baglanyp, fransuz frontuna ugradylypdyr. Eger şonda-da uruşmakdan ýüz dönderen bolsa, ölüm jezasy berilmelidi. Şeýle-de boldy. Emma jezalar ýerine ýetirilmän galdy. Sebäbi otla mündürilip durlan wagty tussaglaryň biri bolýan zatlary bir kagyza ýazyp oklapdyr we kagyz şol ýeriň halk deputaty Edward Harwä gowşupdyr. Mesele Obşinalar palatasynda orta atylypdyr. Halk deputatlary uruşdan ýüz dönderen harby gullukçylara ölüm jezasynyň berilmegine garşy çykypdyr. Şol sebäpli tussaglar yzyna getirilip, öňki oturan ýerlerine dykyldy. Birinji jahan urşunda uruşmakdan ýüz dönderenleriň iň soňkusy 1919-njy ýylda türmeden çykdy. Çünki olara haýsy işiň başyna barsalar ýoň bolan şu soragy berýärdiler: “Uly uruşda näme etdiň? Nirede söweşdiň?” Şonuň üçin aglabasy alan bilimleri bilen badaşmaýan işlerde we ujypsyz hak-heşdek üçin işlemäge mejbur boldular. Urşa garşy batyrgaý çykyşlary bilen tanalan meşhur filosof Bertrand Rasseliň hut öz geçiren barlaglarynyň netijesi “Uly uruş” döwründe urşa garşy çykanlaryň 69-y “ýaramaz çemeleşmelerden”, şeýle-de gynamalardan ölüpdi, 39-y aklyndan azaşypdy. Uruşdan ýüz öwrenleriň sanynyň 16 müňe ýetendigine seretseg-ä, Rasseliň anyklan sany hiç zadam däl. Şol döwür tussag edilenleriň sany 6.312, bularyň 819-y iki ýyldan agdyk türmede oturypdyr. Ýorkşirdäki Riçmond galasy häzir ammar deregne ulanylýar. Galany parahatçylyk muzeýine öwürmek üçin synanşylanam bolsa, bu asylly çykyş goldanylmady. Emma dar gözenekleriň diwarlaryna tussaglaryň oýup ýazan goşgy bentleri, kalendarlary, çyzan tablisalary fotosurata düşürilip halk köpçüligine ýetirildi. • 1945-nji ÝYLDAN SOŇKY ÝUWAŞ OKEAN GIŇIŞLIGI Ikinji jahan urşy gutaransoňam iňlisler dürli frontlarda urşy dowam etdirdiler. Meselem, Müsürde, Koreýada, häzir Malaýziýa diýilýän Malaýada. 1960-njy ýylda hökmany harby gulluk ýatyrylýança ýene-de köp sanly ýaş oglanlar gulluga gitmekden ýüz dönderdi. Uruşdan ýüz dönderenler Londonyň “Wormwood Scrubs” türmesine salyndy. Raýat tussaglary saklaýan bu türme häzirem işleýär. Uruşdan ýüz dönderenleriň ýene bir bölegi Kolçesterdäki harby tussaghana ugradylýardy. Bu türmede raýat düzgünleri däl-de, harby düzgünler ýöreýärdi. Tussaglara hem şol esasda çemeleşilýärdi. Mysal üçin, uruşdan ýüz dönderen tussaglara her gezek hajathana we foseptik arrasaçylyk işleri buýrulýardy. Hatda otstawkadaky ofiser gözegçileriň sadist çemeleşmeleri-de bolman durýan zat däldi... Muňa meňzeş keç kyssalaryň soňuna 1960-njy ýylda hökmany harby gullugyň ýatyrylmagy bilen nokat goýulýar. • AÝAL-GYZLAR Urşa garşy gitmek Angliýada häli-häzirlerem dowam edýän hereket. 1990-njy ýyldan öňki “Sowuk uruş” ýyllarynda iň täsirli jemgyýetçilik guramalaryndan Ýadro ýaragsyzlandyryş kampaniýasy (CND) häzirem doly güýjünde işleýär. “Sowuk uruş” kagyz ýüzünde gutaranam bolsa, bular ýaly ýaraglar şindem parahatçylyk üçin uly howp bolmagynda galýar. Bolmanda satuw tarapdan alanda-da şeýle. Şonuň üçinem CND-iň agzasy köpelmese azalanok. Angliýada ýadro urşuna garşy iň uly protest bir aerobazanyň agzynda bäş ýyla çenli dowam etdi. 1981-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Greenham Common” bazasyna ýöriş eden bir topar aýal-gyz meşhur “Grinhem Kommon tolgunşygynyň” başyny başlady. Paýu-pyýada 165 kilometr ýol aşyp Kardiff şäherinden gelen aýal-gyzlaryň käbiri özlerini bazanyň demir gözenekli haýatyna zynjyrlap goýdular. Tolgunşygyň sebäbi ABŞ-nyň Angliýada ýadro urşuna gönükdirlen “Cruise” raketalaryny ýerleşdirmek bolmagydy. “Greenham Common” bazasynyň agzynda topar tutup oturan aýal-gyzlar zol-zol baza girdiler. Tussag edildiler. Gözenegiň aňyrsynda ýatdylar. Boşadyldylar. Ýene baza girdiler. Ýene tussag edildiler. Bu gaçdy-kowalamalar birnäçe ýyllap dowam etdi. Zenanlar çykyşlaryny başga ýerlerde-de dowam etdirdi. Mysal üçin, bir edaranyň öňünde ýere ýatyp, gür gatnawly çatrygyň ýoluny kesdiler. Parlamentiň öňünde çykyş etdiler. “Cruise” raketalary 1983-nji ýylda gelmäge başlady. Nägileçilikli çykyşlar öňküdenem artdy. “Grinhem zenanlary” diýip tanalan toparyň polisiýa işgärleri bilen ýakalaşmalary, tussag edilmeler, sud prosesleri segseninji ýyllarda habar beriş serişdeleriniň baş temasy boldy. “Sowuk urşuň” gowşamaga başlan M.Gorbaçýowly ýyllarda hem “Greenham Common" harby howa bazasynyň öňünde topar tutup oturan aýal-gyzlara duş gelmek bolýardy. Harby gulluga gitmek we frontda uruşmak erkeklere degişlem bolsa, iňli aýal-gyzlarynyň arasynda-da urşa garşy çykanlar aza bolmady. 1941-nji ýylyň 2-nji dekabrynda hökümet 20-30 ýaş aralagyndaky aýal-gyzlary-da harby gulluga alynjakdygyny mälim etdi. Aýal-gyzlardanam urşa garşy ýykýanlar we harby gullukdan ýüz dönderýänler kän boldy. Goşun üçin tyl üpjünçiliginde işlemekdenem ýüz öwrenlerem boldy. 1942-nji ýylyň ýanwar aýynda sud edilen Konstansa Bolam urşa gatnaşmagy wyždanynyň oňlamaýandygyny aýtmakdan çekinmedi. Edil özünden öňki geçen bir tapgyr erkekler mysaly. Angliýada Ikinji jahan urşy döwründe harby gullukdan ýüz öwrenleriň sany 62.302-e ýetdi. Bularyň 1.704-i aýal-gyzlardy. Häzir Angliýada urşa garşy çykýanlaryň aglabasy CND we ýarag söwdasyna garşy kampaniýasy (Campaign Against the Arms Trade) ýaly guramalar işleýär. Hökümetem indi harby gullukçylaryň ölmek üçin däl-de, meýletin ýagdaýda sag-salamat gulluk etmek üçin bolmalydygyna ynanyp başlady. Edip EMIL ÖÝMEN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|