04:51 Uruş ýyllarynyñ gelinleri | |
URUŞ ÝYLLARYNYÑ GELINLERI
Edebi makalalar
• Ýar sarpasyny saklan Geñlik daýza hakda söhbet Geñlik daýzany men uruş weteranlarynyñ, inwalidleriniñ etrap möçberinde geçirilýän ýygnanyşyklarynda häli-şindi görerdim. Çünki Geñlik daýza şol ýygnanyşyklara geçen uruşdan dolanyp gelip bilmedik esgeriñ maşgalasy hökmünde çagyrylýardy. Türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetleriñ ählisi Geñlik daýzada jemlenipdir. Her gezek ony görenimde bir akyldar kişiniñ: "Utanjañlyk türkmen zenanlarynyñ görküdir, gözelligidir" diýip, aýdanlary güpbe ýadyma düşerdi. Geñlik daýza ýygnanyşyklarda gabagyny galdyrman şol bir nokada seredip, agyr oýa batar oturardy. Gam-gussa, tukatlyk onuñ ýüzüni gaplap alardy. Hakydasynda köñül beren söwer ýary baradaky pikirleriñ at çapýandygyny onuñ ýüz keşbinden hem añmak bolýardy. Ýygnanyşyklarda uruş weteranlarynyñ deñinde Geñlik daýza-da sowgatlar gowşurylýardy. Ol gadyr bilen hödürlenen sowgady kabul edip, ony mañlaýyna sylyp eda bilen ornuna geçerdi. Soñ uruş zerarly özünden aýra düşen ýanýoldaşyny ýatlap, gözüniñ ýaşyny ýaglygynyñ ujy bilen gaýta-gaýta süpürerdi. Bu görnüşi kesesinden synlan her bir ynsanyñ ýüregi elenýärdi, gyýylýardy. Belli türkmen şahyry Berdinazar Hudaýnazarow geçen urşuñ ynsan ýüreklere salan ýarasyny: Dört ýyl... Dört ýyl... Gör, señ näçe günüñ bar? Eziz ýurdum, solan näçe gülüñ bar? Gözde ýaşy henize çen kepmedik, Ýöne ýow günýnde dyzyn epmedik, Ýüregi ýaraly näçe duluñ bar?! - diýen setirlerde beýan edipdir. Hawa, uruş zerarly gözde ýaşy henize deñiç kepmedik türkmen zenanlarynyñ biri bolan Geñlik daýza ilkinji söýgä baky wepalylylygyñ ajaýyp nusgasyny görkezip, ýar sarpasyny saklaýar. Uruş ýyllarynyñ gelnini Esenguly etrabynynyñ halky tä ölýänça juda hormatlap gezdi. Geñlik daýzanyñ synyk göwnüne söýget, ýaraly ýüregine teselli bermek maksady bilen onuñ öýüne baranymyzda, adamlara mähirli garaýşy özünde jemlän Geñlik daýza bizi diýsen gadyrly garşylapdy. Uruş ýyllarynyñ serwi boýly gelniniñ ýüzleri ýygyrt atypdyr, saçlary çalarypdyr. Biziñ baran günümiz ol 75 ýaşapdy (1996). Gözüniñ ýaşyny sylyp, geçen günleriñ ýumagyny çöşläp ugrady. ...1942-nji ýylyñ 14-nji maý güni hiç wagt ýadymdan çykmaz. Zoguny çalyp gelýän otly Bäherdeniñ wokzalynda saklandy. Şol gün ýanýoldaşym Hajymämmet fronta ugraýardy. Onuñ bilen bary-ýogy bäş-alty ýyl ýaşaşypdyk. Gözümiziñ görejine deñeýän goşa gumry deýin iki çagamz bolupdy. Uluja oglum Hakytuwak bäş ýaşyna gidipdi. Men balamyñ elinden tutup wokzala barýardym. Hajymämmet bolsa körpejämiz Baýramdurdyny gujagyna alyp, onuñ taýly ýañagyndan ogşaýardy. - Hajutuwak, ynha okuwa bararsyñ. Köp okagyn. Ejeñe azar berme. Bolýarmy? - diýip, ony hem wagt-wagt gujagyna alýardy. Otly ugraýanlygyny yglan edýän zoguny çaldy. - Geñlik, çagalary hor etme. Nesip bolsa, ýeñiş bilen gaýdyp geleris. Mümkinçilik bolsa, kömegimi ýetirerin. Maña garaşyñ, Geñlik! - diýip, çagalaryny gezekli-gezegine gujagyna aldy. Soñra çalasynlyk bilen otla mündi. Otly ýola düşdi. Meniñ bir elimden Hajytuwak tutup durdy. Gujagyma bolsa körpäm Baýramdurdyjygy alypdym. Hajymämmet ellerini salgap biziñ bilen hoşlaşýardy. Hajytuwak oglum hem eljagazlaryny galgadýardy. Otly gözden ýitip gitdi. Men bolaa edil doña ýaly, bir ýerde butnaman durupdyryn. - Ýigitler, ynha, ýeñiş bilen sag-aman gaýdyp geler! Gamlanma, gelnim. Indi öýüñe gaýt, balam! - diýip, goja demir ýolçy maña ýüzlendi. Şondan soñ özümi elime alyp ýaşaýan öýüme dolandym. Ajy aýralyk meni basmarlaýardy. Öýe sygmaýardym. Şol günüñ ertesi, 15-nji maýda goş-golamymy alyp, yzyma iki çagamy tirkäp, aglaý-aglaý Esengula gaýtdym - diýip, Geñlik daýza uludan demini alypdy. - Siz Bäherdene näme üçin barypdyñyz? - diýip, men soragly nazarymy oña gönükdiripdim. - Men Hajymämmet bilen 1935-nji ýylda durmuş gurupdym. Hajymämmet irki döwürde bilim alypdy. Soñra Aşgabatda okapdy. Düşünjeli, düşbi ýigitdi. Ol Esenguly raýon alyjylar jemgyýeti açylan badyna onuñ baş buhgalteri bolup işleýärdi. Irki ýyllarda hasap-hesipden örän oñat baş çykarýardy. Şol döwürde kadr ýetmezçiligi zerarly, sowatly hasabat işgärleri islendik raýona, şähere geçirýärdiler. 1941-nji ýylda Hajymämmedi Bäherdeniñ alyjylar soýuzynyñ baş buhgalterligi wezipesine işe geçirdiler. Şol ýerde bir ýyldan gowrak işländen soñ, fronta gitdi. Hajymämmet yzyny üzmän hat ýazardy. Uruş ýyllarynyñ esger hatyny size görkezäýeýin - diýip, Geñlik daýza içki otagdan bir bölek mata dolangy hatlaryñ toplumyny getiripdi. Emaý bilen saklanan üç burçly esger hatlarynyñ toplumy biziñ ünsümizi özüne çekipdi. Hatlaryñ her biri diýseñ oñat sünnälenip ýazylypdy. Olaryñ ählisi meýdan poçtasynyñ üsti bilen iberilipdir. Hatlar häzirki türkmen elipbiýinde ýazylypdyr. Esger Hajymämmet Gurbanow öz hatynyñ her bir setirine, sözüne Geñlik gelnine we perzentlerine söýgüsini, mährini siñdiripdir. Esger hatlaryny aýratyn üns bilen gözden geçirenimde: "Geñlik! Men seniñ işe ýerleşeniñe garşy däl. Ýöne ýönekeý taýmyl bilen deñizde ýüzüp, Krasnowodsk şäherine ýag, peýnir äkitmek aýal adama kyn düşmezmi?" diýen jümläni okap, köp manyly ýagdaýda Geñlik daýza seredipdim. - Dogry, ilki Esenguly posýologyndaky "Süýtpeýnirtrestiñ" sklad müdiri bolup işe ýerleşipdim. Önümleri kiçi göwrümli gämiler bilen deñziñ suw ýoly arkaly Krasnowodskä äkitmeli bolýardyk. Iş ýeñil däldi. Işe ýerleşenligimi Hajymämmede hat arkaly aýdypdym. Hyýalymda-oýumda Hajymämmet meniñ bilen hemişe bile gezip ýören ýalydy. Göwnüme bolmasa, şol kärhana işe ýerleşenimi ol kyn gören ýalydy. Sebäbi ony nägile etmäge meniñ hiç hili hakym ýokdy. Bir gün trestiñ direktorynyñ ýanyna baryp, işden boşatmagyny soradym. "Ýalñyşýarsyñ, Geñlik. Işle. Bu iş her kese ýetdirip durmaýar. Eli egrilik edeñok. Halal işleýärsiñ. Işle, aýal dogan!" diýip, direktor ýalbardy. Etmedim, Skladyñ müdirligi wezipesini tabşyrdym. Ýüküm ýeñlän ýaly boldy. Öz ýanymdan ýanýoldaşym Hajymämmediñ ynamyny ödän hasap etdim. Soñ Esengulydaky merkezi keselhana sanitarka bolup işe geçdim. Ýerli ilat meni keselhanada göbege hökmünde tanaýardylar. Çünki men hemişe göbegeneleriñ ýanynda bolup, olaryñ hünärini hem öwrenip gidipdim. Şeýlelikde, 37 ýyl keselhanada işläp, adamlara hyzmat etdim - diýip, Geñlik daýza sözüne dyngy berdi. Men üç burçly esger hatynyñ ýene biriniñ gatlaryny agtaryşdyrýaryn. Ony sesli okaýaryn. "Haty Saratow şäherindäki harby gospitaldan ýazýaryn. Söweş operasiýasynda iki aýagyma-da bir wagtda duşman oky degdi. Süñke zeper ýetmändir. Etiñ içinde gülle bar. Eli ýeñil wraçlar ýarany tiz bejerip biljekdiklerini aýdýarlar. Ýene-de söweşe gireris. Hajytuwak oglum her gije düýşüme girýär. Jany sagmy? Dogryñyzy aýdyñ! Size kömek bolsun diýip pul iberipdim. Aldyñyzmy?" Hatyñ şu ýerine ýetenimde Geñlik daýza menim sözümi bölüpdi: - Biz özara alyşýan hatymyzda birek-birekden hiç bir zady gizlemän aýdýardyk. Ikinji çagam Baýramdurdynyñ aradan çykanlygyny ona ýazypdym. Hajymämmet fronta ugranda mümkinçiligini tapsa, pul kömegini iberip durjagyny aýdypdy. Ol hemişe-de sözüne ygrarlydy. Bu gezegem sözünde tapyldy. Häli-şindi, az bolsa-da, pul kömegi bilen bizi goldady - diýip, Geñlik daýza esgeriñ bu hatyna hem giñişleýin düşündiriş beripdi. - Ýalñyz oglum Hajytuwak ösdi, ulaldy. Edil dädesi ýaly okuwa-bilime höwesli boldy. Medisina uçilişesini irki ýyllarda üstünlikli tamamlady. Ol feldşer bolup, merkezi keselhanada işleýär. Hakytuwak öz asylly hünäri bilen uly ile ýagşylyk etmekligi maksat edinipdi. Ol häzir adamlaryñ saglygyny goraýar - diýip, Geñlik daýza gürrüñiniñ üstüni ýetiripdiol soñra ýene-de front ýyllarynyñ öz durmuşy bilen baglanyşykly wakalaryny hakydasyna getiripdi. - Şol ýyllarda posýologymyzda Annameret atly ýetginjek poçyalýon bolup işleýärdi. Ol her gezekde maña esger hatyny gowşurýardy. Aýallaryñ arasynda iñ köp hat alýan özümdim. Birdenkä hat gelmesi kesildi. Ýüregime howsala düşdi. Çünki Hajymämmet diri bolsa, hat ýazaýmalydy. 1944-nji ýylyñ 9-njy fewral güni bolsa gerek. Hajymämmediñ heläk bolanlygy barada ajy habar geldi. Ynanmadyk. Şol ýylyñ 18-nji martynda onuñ özünden pul kömegi geldi. Uruş uruş bolýar. Düşnüksizlik zerarly azara galdyk. Umytly ýagdaýda Hajymämmede garaşdyk. Şondan soñ gyzyletrekli esger frontdan gelipdir. Ol Hajymämmedi görenligiji aýdypdyr. Aýagymy süýräp Gyzyletrege gitdim. Ýöne ol Hajymämmedi görmänligini aýtdy. Şeýle waka soñam iki gezek gaýtalandy. Gördüm-bildim ýok. Häzirem şol garaşyp ýörşümdir - diýip, Geñlik daýza özüniñ gürrüñiji jemläpdi ÄR-AÝAL MUKADDES MAŞGALA OJAGYNYÑ SARSMAZ SÜTÜNLERIDIR. ŞOL SÜTÜNLER HEMIŞE BIRI-BIRINE SÖÝGET BOLMALYDYR. SÖÝGI ~ MUNUÑ ÖZI ŞOL IKI SÜTÜNIÑ ARASYNDAKY YNANYŞMAKDYR, AGZYBIRLIKLI ÝAŞAÝYŞDYR. KYN IŞLER BAŞA DÜŞENDE-DE, ÄR-AÝALYÑ BAŞKY SÖÝGÄ WEPALYLYGYNDAN, YGRARYNDAN, ÄHTINDEN DÄNMÄGE BIRJIGEM HAKY ÝOKDUR. Hut şonuñ üçinem, türkmen ilimiz söýgüsine wepaly, sözüne ygrarly uruş ýyllarynyñ gelinlerine guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyr. Häzirki ýaş gelin-gyzlarymyz öz mertebelerini, ahlaklaryny uruş ýyllarynyñ şol merdana gelnlerine meñzetmäge çalyşmalydyr. Baýramgeldi GURBANOW. Surat: Dañatar Çaryýew / "Uruş ýyllary" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |