ÜSTÜNLIGIÑ SYRLARY
Her bir adamyň öz aýratyn ýeke-täk durmuş ýoly bardyr. Şonuň üçin hem her bir adamyň üstünlik düşünjesine aýratyn garaýşy bolýar. Okyjylarda üstünlik gazanmaga bolan höwesi has-da artdyrmak hem-de onuň käbir syrlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen şu rubrikany hödürleýäris.
▶ ARZUW
Durmuşda üstünlik gazanmak isleýän adamlaryň birnäçesi ony hiç hili düşündirişi bolmadyk zat hökmünde kabul edýärler. Birnäçeler bolsa «Üstünlik — meşhurlyk, adamlaryň hormaty, söýgi we baýlyk» diýip düşünýärler.
Üstünlik hakynda gürrüň edilende, ilki bilen gurplulyk göz öňüňe gelýär. Emma adam tebigaty boýunça beýleki adamlar bilen aragatnaşyga, sylag-hormata, söýgä mätäçdir. Bu mätäçlikleriň öwezini bolsa diňe pul bilen dolduryp bolmaýar. Onuň üçin dost-ýar, ýoldaş gerek. Şular bolmadyk ýagdaýynda pul hem özüniň manysyny, gymmatyny ýitiýär.
Puluň ýok bolan halatynda söýgüden, dostlukdan, şöhratdan doly derejede lezzet alyp bolarmy? Öz ýakynlarymyzyň aladalaryna geregiçe şärik bolup bilerismi? Şu ýerde şeýle netije emele gelýär: hakyky üstünlik maddy we ruhy derejeleriň sazlaşygyndadyr. Üstünlik durmuşymyzy isleýşimiz ýaly ýaşap bilmekdedir. Öňüňde goýan maksadyňa ýetip, ondan lezzet almagy başarmakdadyr.
Her bir adamyň durmuşa öz, ýeke-täk, gaýtalanmajak garaýşy bar. Üstünlik düşünjesi hem şonuň ýaly adamlaryň häsiýetlerine görä, her kimde her hili bolýar. Belki, her bir adam bu sözüň özüne nähili degişlidigi barada pikirlenmelidir. Bir pursatlyk saklanyň, ähli aladalary wagtlaýynça terk ediň we pikirleniň: niýetiňiz näme? Size nämede hormat gazanmak gerek? Kimiň size üns bermegini isleýärsiňiz? Nähili baýlyga eýe bolasyňyz gelýär? Siziň üçin üstünlik näme? Ilki bilen, şu soraglara jogap tapyň, şeýlelikde siz «Durmuş» deňzinde ýüzmek üçin takyk ýol görkezijä eýe bolarsyňyz. Ol hem size islendik ýagdaýda tutanýerliligiňizi, güýçlüligiňizi, ynamyňyzy saklamaga kömek edip, sizi ähli apy-tupanlardan sag-aman geçirer we «Arzuw» atly arzyly kenara ýetirer.
Arzuw näme? Arzuwsyz ýaşamak kyn. Ol kynçylyklara garamazdan, öňe hereket etmäge ruhlandyrýan zat.
Arzuwyň bolmagy näme üçin zerurlyk bolup durýar? Sebäbi ahyrky netijäni doly göz öňüne getirmän, öňe hereket edip bolmaýar. Eger adam kellesinde maksadynyň ahyrky netijesini görmese, birinjiden, ol bolmajak zat hasaplanýar.Ikinjiden, beýni meseläniň çözülmeli ýollaryny tapyp bilmeýär.
Hemme zat örän aňsat. Ähli dörediji adamlar öz zähmetiniň netijesini görmegi başarýarlar. Meselem, suratkeş hyýalynda çekip bolan suratyny görýär, heýkeltaraş daşyň çuňlugyndan üýtgeşik heýkeli görýär.
Adamyň arzuwly bolmagy hökmany zatdyr. Ýöne arzuw bilen hyýaly tapawutlandyryp başarmaly. Hyýal bu arzuw däl. Hyýal bu siziň görmek isleýän, ýöne hakykata degişli bolmadyk zatdyr. Arzuw bolsa siziň isleýän we şonuň mümkindigini takyk bilýän zadyňyzdyr.
Arzuw ediň! Goý, arzuwlaryňyz hasyl bolsun!
▶ PIKIR ÝÜZE ÇYKDYMY — ÝAZYŇ!
Her gün biziň kellämizde birnäçe arzuwlar döreýär. Olaryň arasynda gyzyklylary we peýdalylary hem bar. Kä wagt bolsa olar peýda bolşy ýaly çatlyk bilen ýadymyzdan çykýar. Şonuň üçin kellämize gelýän pikirleri kagyza geçirip ýetişmegi başarmaly.
Gündelik bolup geçýän wakalaryň arasynda pikirleriňiziň ýitip gitmezligi üçin özüňize ýörite depderçe dörediň. Eger-de siz depderçä bellik edip bolmajak ýagdaýda bolsaňyz, onda eliňiziň aşagyndaky zatlardan peýdalanyň. El telefonyňyza bellik edip bilersiňiz. Hatda eliňiziň ýa-da endamyňyzyň bir ýerine hem bellik edip bilersiňiz. Esasy, pikiriňizi ýatdan çykarmazlykdyr. Şol bellikleriňizi soňra kagyza geçirmekligi hem unutmaň.
Pikirler adama hiç hili ýok ýerden gelýän däldir. Her bir özboluşly pikir adamyň içki aňynyň, isleginiň, arzuwynyň netijesidir. Adamyň içki aňy bolsa öz pikir edişinden has köp maglumatlary saklaýar.
Köplenç, içki aňymyz biz bilen düýşleriň üsti bilen gürleşýär, biziň soraglarymyza jogap berýär, pikirlerini paýlaşýar. Şonuň üçin gije sagat 3-de oýanyp, kelläňe gelen pikiri başga adamlary oýarman kagyza belemek üçin ýanyňyza depderçäňizi alyp ýatyň.
Bolgusyz, ýerliksiz görünse hem kelläňize gelýän ähli pikirleri ýazyň. Kagyzlaryny ýyrtmaň we üstlerini çyzmaň. Bu gün siziň pikiriňiz ajaýyp görner, ertir ondan göwnüňiz geçer, bir hepdeden soň bolsa ol size bereketini eçiler! Seniň pikirleriňden haýsysynyň gerekli boljakdygyny sen anyklap bilmersiň. Wagtal-wagtal depderçäňize seredip, köne ýazgylaryňyzy okap görüň. Belki olar size häzir o diýen ýerliksiz görünmez.
Pikirleriňizi şu wagtdan ýazyp başlamaga girişiň. Siziň pikirleriňize üns bermeýänligiňiz sebäpli, belki, dünýä hemişelik hereketlendirijiniň nädip ýasalyşyny ýa-da ähli dertleriň dermanyny bilýän däldir. Bu bolsa adamzat üçin örän uly ýitgidir.
▶ SAGDYNLYK
Sagdynlyk bilen üstünlik biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Her bir adam üçin sagdynlyk, özüňi gowy duýmak iş öndürijiliginiň we üstünlikli ýaşaýşynyň kepilidir. Sagdyn adam işjeň, öňünde goýlan meseleleri çözmek üçin güýji-kuwwaty ýeterlik bolýar. Ol has öndürijilikli işlemegi başarýar we şol hem onuň zähmetiniň netijesine oňyn täsir edýär.
Şeýle hem sagdynlyk adamyň özüne bolan ynamyny, hormatyny artdyrýar. Daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşygyna hem onyň täsir edýär. Nädip? Örän ýönekeý. Ýeňil ýöreýişmi ýa aýagyň biri-birine çolaşmagy, dik ýöremekmi ýa egrelmek? Şularyň haýsysy adamyň özüne bolan içki ynamyny artdyrýar? Mundan başga-da, häzirki wagtda fiziki taýdan sagdyn bolmak aýratyn dereje hasaplanylýar.
Sagdynlyk — üstünligiň kepili. Şeýlelikde, siz üstünlige ýetmek isleýän bolsaňyz we öňüňizde çözülmegine örän köp güýç-kuwwat talap edýän meseleler bar bolsa saglygyňyza üns bermelisiňiz. Fiziki taýdan hemişe sagdyn bolmak üçin bolsa şu aşakdakylar ýerine ýetirilmelidir:
— Sport bilen meşgullanmak, maşk etmek. Günüň iň gowy başlangyjy irdenki maşkdyr. Ol günüň dowamynda ýerine ýetirilýän işlere, gelinýän netijelere onyň täsir edýär;
— Dogry iýmitlenmek. Nahar täze bişirilen bolmalydyr we her gün belli bir wagtda iýip-içmelidir. Aşa köp iýmek hem zyýanlydyr. Ol adamda agyrlyk, ýadawlyk döredýär we iş öndürijiliginiň peselmegine getirýär;
— Ýaramaz endiklerden daşda durmak. Ýaramaz endikleriň zyýany hakda şeýle bir kän kitap ýazylan, olary Ýer ýüzündäki ýaramaz endiklere baş goşýan adamlara paýlap bereniňde, olaryň hersine birnäçe kitapdan ýetjek.
Sagdynlyk we üstünlik ýaranyňyz bolsun!
▶ MAKSADYŇY SAÝLAMAK
Aňyňdaky arzuwlaryň hökman amala aşyrylmalylary ýuwaş-ýuwaşdan maksada öwrülýär. Adamyň durmuşdaky maksatlary onuň geljegini kesgitleýär. Maksat hereketiň we ýaşaýşyň ýolgörkezijisidir. Ol uzakwagtlaýyn, ortawagtlaýyn we gysgawagtlaýyn bolýar. Maksat tejribeleýin, ýaşaýyş-durmuş ýa-da zähmet bilen baglanyşykly, hatda häsiýetiň belli bir böleklerine ahlaky ýa-da ruhy taýdan gönükdirilen hem bolup bilýär. Adamlar öz öňlerinde durmuşyň ähli çygyrlaryna gönükdirilen birnäçe maksatlary goýýarlar. Emma olaryň esasysy, adamyň ýaşaýyş-durmuş maksady bolup durýar. Ol hem iň esasy we ýokary derejeli uzakwagtlaýyn maksatdyr. Sebäbi onuň düýbünde durmuşyň manysy ýatyr. Şol maksat hem ynsanyň durmuşda diňe öňe hereket etmegine ruhlandyryjy güýç bolup durýar.
Adama onuň ýaşaýşy üçin belli bir maksady saýlamak aňsat düşmeýär. Onuň sebäbi hem öz şahsy duýgularyňa, pikirleriňe takyk düşünip bilmezlikdir. Duýgularymyzy diňlemän, öz içki menimiz bilen gapma-garşylyga sezewar bolýarys. Onuň netijeleri bolsa adama özüniň ters täsirini ýetirýär.
Eger adam belli bir maksada ýetmek üçin kän güýç sarp edýän bolsa, fiziki mümkinçilikleri agyrlaşan bolsa, ruhy taýdan çökgün hala gelse, bedeni düşnüksiz keseller bilen keselleýän bolsa, onda ol galp maksada tarap barýandyr. Galp maksada kowalaşýan adam hiç hili üstünlige eýe bolmaz ýa-da şol maksada ýeteninden soň onuň hiç hili gereginiň ýokdugyna düşünip galar. Bular durmuşyň saňa beren pursadyny ýitirip, gymmatly wagtyňy ýalňyşlaryň üstünde işlemeklige sarp etmegiňe degermi? Durmuş nähili uzak görünse-de, ol çalt we duýdansyz geçýär. Hut şonuň üçin hem diňe özüňe degişli bolan, bagt getirýän maksadyňy tapmak zerurdyr.
Taýýarlan: Sähra JUMAÝEWA.
# adalat
Edebi makalalar