10:30 Utopiýa adasyndaky kitaplar | |
UTOPIÝA ADASYNDAKY KITAPLAR
Edebi makalalar
Ýewropada diýdimzor hökümdarlyk sürýän korollaryň zulumy barha artýarka, Utopiýada korolsyz erkinlik bar. Ýewropada ýykgynçylykly urdumşalyk dowam edýärkä, Utopiýada ideal tertip-düzgün bar. Tomas Mor birnäçe ýyllap sudýalyk eden ýyllarynda dogruçyllygy we garyp-gasarlara görkezen mylakatlylygy, eden ýagşylygy bilen Londonda giňden tanalýardy. Onuň iňlis halkyna iň gowy ýaraýan taraplarynyň birem güler ýüzlüligidi. Moruň meşhur “Utopiýa” eseri 1516-njy ýylda çap edilende gyzgyn seslenme döredipdir. Ýazyjy “Utopiýada” hyýaly adanyň-ýurduň hyýaly güýji arkaly ýola goýan tertip-düzgünini gürrüň berýär, adamzadyň taryhy ýaly iňňän gadymy bolan jennet telwasyny suratlandyrýar. Utopiýadaky tertip-düzgün bilen öz ýurdundaky we bütin Ýewropadaky ýagdaýy deňeşdirmek arkaly näderejede weýrançylykly hala düşendiklerini görkezmäge synanşypdyr. Ol okyjylaryň “Bir-ä şü utopiýalylaryň, birem biziň günümize serediň” diýmeklerini isläpdir. Utopiýa sözüniň “hiç ýerde ýok ýer” manysynyň bardygyny hemmeleriň bilýändigine garamazdan, Mor ony hakykatda bar ýaly we Rafael Hizlodaý atly gämiçiniň gözi bilen görüp beren gürrüňlerini ýazga geçiren ýaly beýan edipdir. Rafael Hizlodaý baryny-ýoguny doganlaryna galdyryp, jahany keşt etmek hyýalyna münýär, Amerigo Wespuççiniň ekspedisiýalaryna goşulýar, soňra Wespuççiden aýrylýar, birnäçe ýoldaşy bilen täze ýurtlary gezýär. Mor bu gämiçini Peter Gilesiň üsti bilen tanadýar. Özara gürrüňe gyzýarlar. Mor alys ýerleri gören jahankeşdeleriň başdan geçirmelerini diňlemäge ilgezik kişiler ýaly döwler, mahluklar, aždarhalar we ş.m täsin zatlar hakynda hiç zat soramaýar, çünki Mory esasy gyzyklandyrýan zat – bu deňizçiniň “kem-köstsüz we oýlanşykly düzülen jemgyýete” sataşyp sataşmandygydyr. Rafael bütin dünýäni syýahat edip çykanam bolsa, diňe we diňe Utopiýa adasynda ideal döwlete duş gelendigini gürrüň berýär. Mor ondan bu bagtly ýurduň iň bir ownuk jikme-jikliklerine çenli aýdyp bermegi haýyş edýär. Ýewropada diýdimzor hökümdarlyk sürýän korollaryň zulumy barha artýarka, Utopiýada korolsyz erkinlik bar. Ýewropada ýykgynçylykly urdumşalyk dowam edýärkä, Utopiýada ideal tertip-düzgün bar, Ýewropada din azatlygyndan zerre nyşan ýokka, Utopiýada dini taýdan hoşniýetlilik bar, Ýewropada az sanly etniki toparlar çakdanaşa bol-telkilikde we halkyň aglaba bölegi ýetde-gütdelikde ýaşaýarka, Utopiýada hemmeler döwletiň baýlygyndan gyradeň peýdalanýar. Utopiýada sözüň doly manysyndaky gumanizm, ýagny, ynsanperwerlik söýgüsi we hormat-sylag höküm sürýär. Döwlet häkimiýeti demokratik prinsipler esasynda gurulan. Orta asyrlaryň düzgünlerinden nam-nyşan ýok, Renessansyň ähli özboluşly aýratynlyklaryna duşmak mümkin. Orta asyrlar döwrüniň hristianlary adamlaryň eneden doglanda günäli bolup dogulýandygyna ynanan bolsalar, Utopiýada adamlaryň ýaradylyşdan ýagşy adam bolup dogulýandygyna we olaryň sagdyn jemgyýetde kämillige ýetip biljekdigine ynanýarlar. Orta asyrlar döwri rysarlyk ruhuny we jeňbazlygy mazamlan bolsa, Utopiýada urşuň islendik dürlüsi diňe hakynatutma esgerlere buýrulýan hapa iş hökmünde ýigrenilýär. Orta asyrlar döwrüniň ruhuny beýgeltmek maksady bilen ähli şer islegleriň çeşmesi hasaplanýan ten ýenjilýän bolsa, Utopiýada tene we ten isleglerine uly üns berilýär. Orta asyrlar döwrüniň adamlary hakyky bagtlylygy diňe ölümden soňky o dünýäden gözlän bolsalar, Utopiýada adamlar bu dünýäde, ýer ýüzünde nähili bagtly bolup bolýandygynyň göreldesini görkezýärler. Orta syrlar dini yňdarmalygyň tümlüginde çaýkanýarka, Utopiýada söz azatlygy bar we ähli dinlere hoşniýetli çemeleşilýär. Tomas Moruň bize bagtly durmuşyň nusgasy hökmünde görkezen ýurdunda kitabyňam öz orny bar: “Utopiýa dördünji gezek gidemde niýetim yzyma dolanmazlyk bolansoň, satlyk harytlary äkitmegiň deregine ep-esli kitap äkitdim. Äkiden kitaplarymyň arasynda Platonyň ähli eserleri, Aristoteliň birnäçe eseri, Teofrastyň ösümlikler baradaky eseri bardy. Gynansam-da, bu kitap ýyrym-ýyrtykdy. Gäminiň bir çüňküne oklanan bu kitaby maýmynlaryň biri tapypdyr-da, meniň edişim ýaly sahypalaryny waraklap eňňeresini çykarypdyr. Utopiýalylara grammerçilerden diňe Laskarisiň kitabyny tapybildim. Teodorisiňkini äkitmändim. Sözlük üçinem diňe Gesihiý we Disokoryňky bardy. Plutarhy diýseň halaýarlar. Lukianyň hoş sözlerine hezil edýärler. Ozan hökmünde Aristofany, Gomeri, Ýewripidi we Aldusyň Sofokly okaýarlar. Olarda taryhçylardan Fukididiň, Gerodotyň we Gerodianyň kitaplaryny goýdum. Lukmançylyk boýunça Gippokratyň birnäçe eseri bardy, birem ýoldaşym Triklus Apinasyň getiren kitaby: Galeniň “Mikrotehno” eseri bardy. Bu iki hekimi utopiýalar diýseň halaýarlar. Ylma we sungata sarp edýän wagty bilen aňlaryny ösdürýän utopiýalylaryň tehnologiýada uly üstünlikleri gazanmagyna, has oňaýly şertleri döredýän oýlap tapyşlara ilgezik bolmalaryna haýran galyp oturasy iş ýok. Olar kitap çap etmegi, kagyz önümçiligini bizden öwrenmesine öwrendiler, emma biz olara bu babatda diňe şony öwredip çäklendik, çünki biz bu iki sungatyň inçeliklerini bilemzokdyk. Olara diňe “Aldus”-yň neşirlerini görkezdik, kagyzyň nähili taýýarlanşyny, kitap çap edýän enjamyň nähili işledilişini hil bir zat öwredýän ýaly öwretdik. Galan işleri gysga wagtyň içinde özleri etdiler. Öňler der1, agaç gabyklaryna, papirusa ýazar ekenler. Derhal kagyz önümçiligine we çaphana işlerine girişdiler. Ilkinji synanşyklary o diýen şowlam bolmady, muňa garamazdan arman-ýadaman eden müňlerçe synanşyklaryndan soň şowly netijeleri gazandylar. Eger olaryň eline grek dilindäki edebiýatlary berseň, barsyny çap edip çykarmaga döwtalapdylar. Häzir olarda meniň beren kitaplarymdan başga kitap ýogam bolsa, olary müňlerçe ekzemlýarda köpeldipdiler”. Tomas Mor adamzadyň gelejegine umytly garaýardy. Onuň pikiriçe, adamyň ýaradylyşynda hiç hili erbetlik ýokdy. Adam ogly akyl-paýhasyny oýlanşykly ulanybilse, haçanam bolsa bir gün garşysyna dikilen ähli päsgelçilikleri aşmaga, sagdyn jemgyýetleri gurmaga ukyplydyr. Tomas Mor Renessansyň we gumanizmiň tarapdarydy. Reformasiýa, ýagny dini reformalara garşy çykmagy onuň alnyna “watan dönügi” ýarlygynyň ýelmenmegine we ölüm jezasyna höküm edilmegine sebäp boldy. Çap edilen badyna gyzgyn seslenme döreden, ýewropa dillerine terjime edilen, zyly-yzyna neşir edilen “Utopiýa” diňe 1551-nji ýylda, ýagny ýazyjynyň ölüminden on alty ýyl geçenden soň iňlis diline terjime edildi. Çünki Mor diňe Angliýanyň syýasy-jemgyýetçilik düzgünini suratlandyrmak bilen çäklenmän, haýsam bolsa bir ýurtda döwletiň baýlygynyň umumylykda paýlanyşynyňam oňyn tekliplerini edipdi. Mor dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren we häzirem söýlüp okalýan eserini şu sözler bilen tamamlapdy: “Utopiýa döwletiniň birnäçe aýratynlyklaryny şäherlerimizde görmek islärdim. Bu meniň hyýaldan zyýat baş arzuwymdyr.” Orhan TÜLEÝLIOGLY. otuleylioglu@hotmail.com 02.01.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |