00:24 Filosofyñ iti | |
FILOSOFYÑ ITI
Filosofiýa
Añ we dil pelsepesi boýunça ýazylan kitaplaryñam awtory Raýmond Gaýta “Filosofyñ iti” kitabynda haýwanlar hakyndaky hekaýatlary gürrüñ berende, bu hekaýatlar bilen baglanyşykly pelsepewi düşünjeleri-de berýär. Durmuşdaky möhüm zatlaryñ barsy many-mazmunyñ çäginde emele gelýär, hut şol sebäpli-de edebiýat durmuşa düşünmekde iññän ähmiýetli bolupdyr. Edebiýat bolmasa, durmuşyñ meseleleriniñ üstünde kelle döwýärkäk nämäni pikir etmegiñ gerekdigi we bularyñ añladýan manylary barada bilýän zadymyz bolmazdy. Edebiýat we has giñ manyda sungat many-mazmun çäginiñ hüý-häsiýetleri bolan görme we añlama şekilleridir. Haýwanlara we olar bilen gatnaşyklarymyza düşünşimiz köplenç hekaýatlaryñ üsti bilen şekillenýär. Ylym pelsepe bilen utgaşýar, biri beýlekisini çuñlaşdyrýar. Añ we dil pelsepesi boýunça kitaplary-da ýazan awtory bolan Raýmond Gaýta “Filosofyñ iti” kitabynda haýwanlar baradaky hekaýatlary gürrüñ berende bu hekaýalaryñ gapdalyndan özboluşly pelsepewi garaýyşlary beýan edýär we belli bir derejede pelsepe bilen durmuşyñ arasyndaky baglanşygy aýdyñlandyrýar. Totyguş Jek, it Gypsy we köçe pişigi Toska ýaly haýwanlar bilen birlikde, başga-da birnäçe haýwanlar baradaky oýlandyryjy we gülküli hekaýalary gürrüñ berýän Raýmond Gaýta haýwanlaryñ duýgy we düşünje dünýäsinde biri-birinden täsin syýahata çykýar, pelsepäni we hekaýalary beýan edende hekaýatlary irizdiriji pelsepewi takallara öwürmezden we gowy hekaýatyñ hatyrasyna pelsepäni ýoýmazdan utgaşdyryp berýär. Haýwanlary söýgi, wepalylyk, gaýgy-gussa, batyrgaýlyk ýa-da dostluk ýaly düşünjelerde, añ duýgulary bilen birlikde şekillendirmek dogrumy? Itler ölümi duýýarmy? Käbir haýwanlary eý görüp, nämüçin käbirlerine pisindem edemzok. Şu we şuña meñzeş soraglar bilen Jon Makswell Kutzeeden Hanna Arendte, Lýudwig Witgenşteýnden Rene Dekarta çenli birnäçe ýazyjy we filosof bilen gaýybana jedelleşýän Gaýra birnäçe hekaýasynda dostluga we tesellä mätäçlik duýýandygy üçin adamlaryñ itler bilen gurýan dostlukly gatnaşyklaryndan söz açýar. Raýmond Gaýta mätäçlik sözüni aýratyn nygtaýar. Mätäçlik hakykatyny kabul etmegimiziñ köp zada has dogry göz bilen seretmegimize ýardam etjegini aýdýar we "Özüni başgalara mätäç däldir öýdýän kişi - hiç kimsäniñ hasratyny we alada-gaýgysyny paýlaşyp bilmeýän kişidir. Haýwanlara mätäçlik duýmaýan kişi bu mätäçligi duýýan adamlary ýañsylaýan ýa äsgermeýän bolsa, onda ol, adamlar bilen haýwanlaryñ arasyndaky gatnaşyklaryñ döretjek real mümkinçiliklere düşünip bilmez" diýýär. Gaýta mätäçliklerimize haýran galdyryjy duýguçyllyk bilen jogap berip bilýän haýwanlaryñ özüni alyp baryşlarynyñ köp dürli jandarlaryñ biri-birlerini juda çylşyrymly görnüşde täsirlemelerinden döreýändigini aýdýar. Onuñ pikiriçe haýwanlaryñ bagtyýar durmuşda agaýana ýaşamalary bilen içgin gyzyklananymyzda olara bolan hakyky hormatymyz döräp biler. Şuny unudýandygymyz üçinem haýwanlara garşy diñe rehim-şepagatsyz çemeleşmek bilen çäklenmeýäris, olaryñ mätäçlik duýýan zatlaryny-da unudýarys. Raýmond Gaýta kimdir birine ýamanlyk etmegi, sebäpsiz haýwanlary, mör-möjekleri, hatda ösümlikleri ýok etmegi, olara garşy rehim-şepagatsyz bolmagy maksat edinýän garaýşyñ dürli ahwallaryny suratlandyrmaga synanyşýar. Beýleki bir tarapdan bir adama ýa-da bir haýwana garşy rehim-şepagatsyz çemeleşmegiñ we käbir hereketleri gereksiz, käbirlerini-de gerekli kylýan gadyr-gymmatlylygyñ näme many añladýandygyny görkezýär. Añ we düşüniş ukyby babatda täsin maglumatlary berýän awtor kitabyny şu pikirler bilen jemleýär: “Tebigatda bilýän başga hiç zadymyzyñ bolmandygy üçin gymmatlydyrys we bu ýagdaýy "biziñ adamkärçilikli nukdaýnazarymyzdan" diýen ýaly boş sözler bilen nygtamagyñ hiç hili manysynyñ bolmazlygy, meniñ çynlakaýlyga berjek ahlaky jogabymdyr. Beýleki bir tarapdan tebigata, hatda jansyz tebigata gönükdirilen bitarap söýgi ýaly zat - ajaýyplyk bardyr we bu söýgi hak-hukuklar babatda söz açanda adamlaryñ añyndaky çäklendirmä meñzeş görnüşde eradamyzy çäklendirip biler. Agaçlaryñ, hatda möýleriñ hak-hukugyndan söz açmagymyñ akmaklyk boljagyny bilýärin, emma munuñ sebäbi, belli bir derejede bu ýagdaýda adamlaryñ hak-hukukkaryndan söz açmagyñ ýalñyş boljagyny düşünmegimdir.” Haýwanlaryñ kellesindäkiler biziñ üçin hemişe manysyny tirip bolmajak syr bolup galjagam bolsa, Raýmond Gaýta haýwanlaryñ syrynyñ biziñ durmuşymyza saýrydygy baradaky düşünje bilen ylalaşmaýar, hem-ä biziñ olar bilen meñzeşliklerimizi, hemem bizi olardan tapawutlandyrýan zatlary orta goýýar. Okyjysyny syzyş, kabul ediş we pikirleniş ukyby ýaly meseleler bilen adam añynyñ üstünde oýlanmaga mejbur edýär. Orhan TÜLEÝLIOGLY, otuleylioglu@hotmail.com 11.06.2014 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|