23:21 Haýsy meşhur ýazyjy Puşkiniñ aryny aljak boldy? | |
HAÝSY MEŞHUR ÝAZYJY PUŞKINIÑ ARYNY ALJAK BOLDY?
Edebi makalalar
Şahyr öldürilmän sag-salamat ýaşap ýörenliginde ummasyz uly işleri bitirip biljek çäksiz zehiniñ eýesidi XX asyr Russiýada ýoñ bolan duel nysagynyñ iñ giñden ýaýran asyrydy. Rus edebiýatynyñ iñ meşhur şahyry hasaplanýan Aleksandr Puşkin erkin pikirliligi we döwrüniñ progressiw okyjy gatlagynyñ arasynda giñden ýaýran kämil eserleri bilen monarhiýa režiminiñ astynda ýaşaýardy. Puşkiniñ 1937-nji ýylda daşyndan seredeniñde dildüwşüge-de meñzeýän duel netijesinde ömür tanapy üzülende, bary-ýogy otuz sekiz ýaşapdy. 1836-njy ýylyñ gyşynda peterburgly dworýanlaryñ arasynda şahyra görübilmezçilik edýänler onuñ aýaly barada ýakymsyz gep-gybat ýaýratdylar. Onuñ aýalynyñ adyny rus patyşasynyñ, soñam patyşanyñ ýakyn adamlaryndan bolan baron Dantesiñ ady bilen çykardylar. Ýalan myş-myşa güpbe ynanan beýik şahyr namys astynda galmajak bolup, Dantesi ýekme-ýek atyşyga (duele) çagyrýar. Puşkiniñ Dantes bilen arasyndaky atyşygy onuñ gysgajyk ömrüniñ ýigrimi birinji we iñ soñky duelidi. Duel 1837-nji ýylyñ 27-nji ýanwarynda bolup geçdi. Duelde agyr ýaralanan şahyr iki günden soñ ömürlik gözüni ýumdy. Duelde Dantesiñ şahyry atmajak bolup asmana atandygy, Puşkini patyşa bilen öñünden dil düwşenleriñ tüpeñländigi öñe sürüldi. Puşkiniñ ölümi patyşa maşgalasy we onuñ ýakyn adamlary tarapyndan şatlykly garşylandy, emma bu tragiki waka şahyryñ muşdaklarynyñ we ýakynlarynyñ arasynda çäksiz gynanjyñ we gahar-gazabyñ döremegine sebäp boldy. Dueli dildüwşük hasaplanlaryñ käbiri Puşkiniñ aryny almagyñ we Dantesi öldürmegiñ kül-külüne düşdi. Russiýadan kowulan Dantes Fransiýa gaçyp gitdi. Galan ömrüni matlapsyz syýasatçy bolup ýaşady. Ol Puşkini öldürendigi üçin hiç haçan ökünç duýgusyny başdan geçirmändir. Ençeme ýyl geçensoñ şahyryñ aryny ýerine salmak islän ýene bir beýik ýazyjy bardy. Dünýä belli bu ýazyja Maksim Gorkiý diýýärdiler. 1895-nji ýylda Ýewropa syýahata çykan Maksim Gorkini Parižiñ eteginde uzyn boýly, geýnüwli goja bilen tanyşdyrýarlar. Dantesiñ ýylgyrjaklap uzadan eli howada galýar, Gorkiý "Bagyşlarsyñyz, jenap, men beýik rus şahyryny atan eli gysmaryn" diýýär. Dantes oña öýkeli garap: "Meniñ elim öz abraýyny saklady, mäşäni ony öldürjek bolup gysmady" diýip jogap berýär. Mundan soñky bolup geçen wakalary Kanşabiý Miziýew şeýle gürrüñ berýär: "Gorkiý şahyryñ duelini aristokratlaryñ gurnan pyrryllagy hasaplaýandyklaryna garamazdan, Dantese duele çykmaga hemişe taýýardygyny aýdypdyr, salgysyny aýdyp, gaharly yzyna öwrülip gidipdir. Ertesi ir bilen ýazyjynyñ bolýan oteline Dantesiñ hatyny getirýärler. Hatda senator aralaryndaky ýaş tapawudyna seretmezden öñ mosýony jezalandyrmak isländigini, ýöne tanyşlarynyñ özüne ýazyjynyñ eserlerini getirendigini we olary okap diýseñ täsirlenendigini ýazypdyr. "Hususanam siziñ goşgularyñyzy haladym we terjime nusgasynda-da öz tagamyny saklap galan bu ajaýyp goşgularyñ garşysynda ikirjiñlenip durdum. Ýok, men rus poeziýasyny dogup gelýän Güneşinden mahrum goýmakçy däl! (Ýagny, onuñ "rus edebiýatyndan iki uly pida meniñ üçin çökder bolar' diýip düşünen bolmagy-da ahmal) Şonuñ üçinem aramyzdaky düşünişmezligi soñlandyrmak baradaky teklibimi kabul edersiñiz diýip umyt edýärin. Hormatlamak bilen Georges Dantes." Şeýlelikde, bu meselä nokat goýulýar. Gorkiniñ aýtmagyna görä, ol bu hatdan soñ goşgy ýazmasyny goýýar. Proza geçip, düýpli kyssa eserleri bilen dünýä derejesinde beýik ýazyjy bolup ýetişýär." Başdan geçiren duelleriniñ täsirlerini eserlerine siñdiren Puşkiniñ otuz sekiz ýyllyk gysga ömrüniñ iñ bagtly pursatlary Nataliýa Nikolaýewna Gonçarowa bilen ýaşaşan alty ýylydy. Eger, şahyr öldürilmän sag-salamat ýaşap ýörenliginde ummasyz uly işleri bitirip biljek çäksiz zehiniñ eýesidi... 21.08.2013 ý. Orhan TÜLEÝLIOGLY, otuleylioglu@hotmail.com Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |