14:28 Wagtyñ gymmaty | |
WAGTYÑ GYMMATY
Edebi makalalar
– Sagada seredip halys bolýaryn. Wagt geçenok. – Hawa, örän dogry aýdýarsyň. Hakykatdan-da, wagt geçenok. Biziň özümiz geçip barýarys. Ömrümiz, durmuşymyz, iň esasy zat hem ýaşlygymyz geçip barýar. – Ýaşlygymyz diýdiňmi!? – Elbetde. Wagt – bize berlen hazynadyr. Bize berlen baýlykdyr. Ol hemme kişä hem deň-derejede paýlanýar. Her gün saňa-da 24 altyn, maňa-da 24 altyn, oňa-da 24 altyn berilýär. – Eýsem, men-ä bu ýerde altyn göremok. – 24 altyn – 24 sagat – 86 400 sekunt. Wagt biziň ömrümizdir. Ömrümiz bolsa biziň üçin iň gymmatly baýlykdyr. Wagtyň gyzyla barabardygyny görüp, duýup we syzyp bilýänler ömrüniň, durmuşynyň, ýaşlygynyň hem gadyr-gymmatyny duýup bilýärler. Ony netijeli ýaşamagy başarýarlar. Şeýlelikde, ýaşlygyny halas edýärler. Hakykatdan-da, wagt däl-de, ýaşlygymyz geçip barýar. Mähriban Prezidentimiz biz–ýaşlara ýüzlenip, “Wagtyňyzy bisarpa geçirmäň, her sekundy, minudy netijeli peýdalanyň. Bu biziň kosmiki tizlikli eýýamymyzda hem-de maglumatlar tilsimatlary asyrymyzda iň gymmatly zatdyr. Her bir adamyň durmuş kitabyny özüçe ýazýandygyny unutmaň” diýip, ählimize çyn ýürekden ýüzlenýär. Entek ýaňy jägildäp dünýä inen bäbek bilen bilelikde onuň durmuş kitaby hem dünýä inýär. Her bir sahypasy ak gar ýaly täp-tämiz, syýa degmedik durmuş kitabynyň daşky jildine baş harplar bilen onuň ady ýazylýar. Durmuşynyň ilkinji gününde durmuş kitabynyň ilkinji sahypasy, ikinji günüde ikinji sahypasy, üçünji gününde üçünji sahypasy... ýazylýar we şeýle hem dowam edýär. Ömrüniň her bir gününiň gymmatyny duýup, ony netijeli ýaşaýan adamyň durmuş kitabynda belki-de şeýle baplar bardyr: Çagalyk, Ýaşlyk, Jahyllyk, Kämillik, Garrylyk. Netijede, bu durmuş kitaby biziň ýüzümizdir. Ömrümizi nädip ýaşaýan bolsak, durmuş kitaby hem şeýle ýazylýandyr. Aslynda, ol keseki tarapyndan ýazylmaýar. Ony biziň hut özümiz öz elimiz bilen wagt atly öçmejek syýa bilen ýazýarys. Durmuşyň ajaýyplyklaryny şol kitaba ýerleşdirmek üçin syýa gerekdir. Ol syýa bolsa–wagtdyr. Wagtyny bisarpa ulanan kişiniň durmuş kitabynyň many-mazmunynyň hil taýdan pes boljakdygy subutsyz hakykatdyr. Ajaýyplyklary, gözellikleri duýup ýaşamak üçin wagtymyzy tygşytly ulanmalydyrys. Oýlanyp göreliň, her gün biziň serişde hasabymyza yzyna gaýtaryp berilmesizden 86400 manat geçirilýän bolsun. Emma ýekeje şert bilen. Ol hem biziň hasabymyza geçirilen puluň ulanylman galan möçberi şol günüň ahyrynda hasabymyzdan öçürilýär. Eger şeýle bolsa, siz näderdiňiz?! Elbetde, şol puly iň soňky teňňesine çenli sowardyňyz. Hatda geçirilen pul 86400 manatdan köpräk bolan bolsady diýerdiňiz. Hakykatda, ölçerip görsek, biziň her birimiziň hasabymyzda her gün şol möçberde pulumyz bar. Dünýädäki her bir adama her günde 86400 sekunt wagt berilýär. Wagt bolsa bu dünýädäki iň gymmatly baýlykdyr. Wagt bilen pul gazanmak bolar, emma pul bilen wagty–asla. Wagtyň gadyr-gymmatyny duýmaklyk, ony tygşytly we netijeli peýdalanyp bilmeklik biziň özümize baglydyr. Durmuşda üstünlik gazanmaklygyň iň möhüm şerti wagtyňy netijeli peýdalanyp bilmeklikdir. Çünki wagt–nagtdyr. Wagty tygşytly we netijeli ulanmak üçin ony meýilnamalaşdyrmak wajypdyr. Gadymy medeni mirasymyz “Gorkut ata” şadessanynda “Gar ýaza galmaz, gök–güýze” diýilýär. Bu pelsepäniň örän çuňňur manysy bardyr. Her bir işi öz wagtynda amala aşyrmaklyk, “Galan işe gar ýagar” diýlişi ýaly, ony ertire galdyrmazlyk wagt atly gymmatlygy netijeli peýdalanmaklygyň hut özüdir. Wagtyň gymmatlygy ony ulanyp bilşimize baglydyr. Adam bütin ömrüniň dowamynda öňde goýan baş maksadyny amala aşyrmak ugrunda göreşýär. Biziň üçin kän bir ähmiýeti bolmadyk işlere baş goşmazlyk, ýaşlygyň ýelginine kowalaşmazdan, özüňi nälaýyk işlerden çeträk saklamaklyk, ýaşulularymyzyň öwütlerinden netije çykarmaklyk esasy zatdyr. Çünki mähriban Prezidentimiz bu babatda “...akyl käsesi paýhasdan doly, parasatly ýaşulularymyzyň öwüt-nesihatlaryna eýerip, öz öňüňizde belent maksatlary wezipe edip goýuň, nazary bilimleri we durmuş tejribelerini berk ele alyň, biziň ajaýyp ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekiň, mertebäňizi ýaşlykdan goraň” diýip nygtaýar. Durmuş kitabymyza ilki ownuk işleri ýazmak üçin syýa sarp etsek, onda uly işleri ýazmak üçin syýa–wagt tapylmaz. Haçan-da, bir gaba ilki uly daşlary salsak, soňra oňa kiçi daşjagazlar hem ýerleşýändir. Emma ilki kiçi daşjagazlary salyşdyrsak, soňra uly daşlara ýer galmaz. Edil ulagyň işläp duran halatynda ýangyjy sarp edişi ýaly, biz hem ähli işler üçin gymmatly wagtymyzy sarp edýäris. Käbir hasabatlara ser salanymyzda ömrümiziň dowamynda aýakgabymyzy geýmek üçin–8 gün, dişlerimizi arassalamak üçin–3 aý, nahar iýmek üçin–4 ýyl, ýolda ýaşyl çyranyň ýanaryna garaşyp–1 aý, awtobusyň gelerine garaşyp –5 aý, liftde ýa-da basgançaklarda–3 aý, işläp zähmet çekmek üçin–9 ýyl, telewizor görmek üçin–10 ýyl, uklamak üçin–20 ýyl wagtymyzy sarp edýändigimizi kesgitlemek bolýar. Diňe şu durmuş hakykatlarynyň özi hem ynsan ömri üçin–60 ýaş diýmeklikdir. Bu bolsa ähli babatda wagtymyzy örän tygşytly ulanmalydygymyzy görkezýär. Biziň üçin örän gysga bolup görünýän wagt, başga biri üçin tükeniksizlikdir. Wagty gysgaldyp hem bolýar, uzaldyp hem bolýar. Bu barada meşhur fizik alym A.Eýnşteýn (1879–1955) “Söýgüliňiziň ýanynda geçiren bir sagadyňyz bir minut ýalydyr. Emma eliňizi gyzgyn peje basyp duran bir minudyňyz, bir sagatdan hem uzaga çeker” diýýär. Wagtyň gymmatyny duýmak üçin onuň gymmatyny duýandan soramak gerek. Bir ýylyň gadyryny bileýin diýseňiz, gutardyş synagyndan geçip bilmedik talypdan soraň. Bir aýyň gadyryny bileýin diýseňiz, wagtyndan öň doglan çaganyň ejesinden soraň. Bir hepdäniň gadyryny bileýin diýseňiz, hepdelik gazetiň redaktoryndan soraň. Bir günüň gadyryny bileýin diýseňiz, resminamalaryny tabşyrmak üçin bir gün gijä galan dalaşgärden soraň. Bir sagadyň gadyryny bileýin diýseňiz, duşuşyk wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan aşyklardan soraň. Bir minudyň gadyryny bileýin diýseňiz, bir minut gijä galyp otludan, uçardan ýa-da awtobusdan galandan soraň. Bir sekundyň gadyryny bileýin diýseňiz, birdenkä ulagyny sowup, ýol-ulag hadysasynyň öňüni alan sürüjiden soraň. Bir millisekundyň gadryny bileýin diýseňiz, dünýä olimpiadasynda bir millisekuntlyk tapawut bilen altyn medala ýetip bilmän, kümüş medal alandan soraň. Çagakak wagtymyzy oýnap geçirýäris. Çünki ol çagalygyň hakydyr. Ýaşlykda wagtymyzy okap geçirýäris. Çünki ol ylym-bilimiň we hünäriň binýadydyr. Sport bilen meşgullanyp geçirýäris. Çünki ol saglygyň özüdir. Jahyllykda wagtymyzy söýüp we söýlüp geçirýäris. Çünki ol bagtyýarlyga alyp barýan ýoldur. Kämillikde wagtymyzy işläp geçirýäris. Çünki ol üstünligiň açarydyr. Garrylykda wagtymyzy oýlanyp, pikirlenip, seljerip geçirýäris. Çünki ol ömrümiziň hasabatydyr. “Ýaşlygymy yzyna gaýtaryp berseler, hatda sekuntlaryň hem hasabyny ýörederdim” diýýän meşhur rus ýazyjysy F.M.Dostoýewskiý (1821–1881) hem bu sözleri ýöne ýere aýtmandygy köre hasadyr. Mähriban Prezidentimiziň “Kimiň ýürek urşy biziň ýurdumyzyň döredijilikli zähmetine goşulyşýan bolsa, şol adam bagtlydyr” diýen çuňňur pähimli sözlerini özümize ýol-ýörelge edinip, Türkmenistan diýarymyzyň geljegi bolan biz–ýaşlar öz gymmatly wagtymyzyň birje sekundyny hem yrýa etmän ony diňe Watanymyz we halkymyz üçin bähbitli, peýdaly işlere gönükdirmelidiris. Okap, ylym-bilim almalydyrys. Hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyny aňry ýany bilen ödemelidiris. Şageldi ÝABANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |