WATAN TOPRAGY
Ir döwürler bir serkerde bolupdyr. Ol bir gezek goňşy oba ýagy dökülende agyr ýaralanypdyr. Ony öýüne getirip, näçe em etseler hem bäri bakybermändir. Ol bir gün säher çagy hamyladar aýalyna: «Eger oglum bolaýsa, ol meniň kesbimi ýöretsin. Ony pylan ýurtdaky serkerdeden tälim almaga ugrukdyr. Ýöne nirä gitse-de, göbek gany daman mukaddes topragyndan bir gysym toprak alyp, düwünçege düwüp, ony ýanynda götersin» diýip, sargyt edipdir.
Aýy-güni dolup, serkerdäniň ogly bolupdyr. Oglan ýedi ýaşyna ýetende dulda asylgy duran gylyjy eline alyp, her hili hereketleri edip başlapdyr. Muny gören gelin adamsynyň sargydyny ýerine salmak üçin, onuň salgy beren serkerdesiniň ýaşaýan ýurduna gidýän kerwen bilen ogluny ýola salmagy ýüregine düwýär. Ol oglunyň ýüküni kemsiz tutýar-da, howlusyndan bir gysym topragy ýaglyjaga düwüp, oňa şol topragy hiç haçan ýanyndan aýyrmazlygyny berk sargaýar.
Ymgyr çölüň içi bilen ýol söküp barýan kerweni galtamanlar talapdyr. Kerweniň ähli ýüküni olja alypdyrlar. Oglanjygyň goşlaryny näçe dökdürselerem, meňki bolsun diýer ýaly zat tapmandyrlar. Agşam düşüpdir, oglanjyk ýany bilen göteren düwünçegini çykaryp, kellesiniň aşagynda goýup, özi hem ýurduna tarap bakyp gyşarypdyr. Onuň kellesiniň aşagyndaky düwünçek barada derrew galtamanbaşa habar ýetiripdirler. «Sen näme üçin pully düwünçegiňi bizden gizlediň? Getir bärik ony!» diýip, galtamanbaşy düwünçegi oglanyň elinden alypdyr. Açyp görse, onuň içinde bir gysym gumdan başga zat ýokmuş. Ol: «Sen näme, bizi oýnajak bolýaňmy?» diýip, oglanjyga topulypdyr. Onda oglanjyk batyrgaýlyk bilen: «Düwünçegiň içindäki gum siziň üçin hiç zat bolsa-da, meniň üçin gyzyldanam gymmatly. Ol meniň göbek ganymyň daman, pederlerimiň ruhy siňen toprakdyr. Men mukaddes topragymyzy goramak üçin bir serkerdeden tälim almaga barýaryn» diýip, pert jogap beripdir. Oglanjygyň aýdan sözleri galtamanbaşa ýiti täsir edipdir. Kerweni azat edip, özi-de şol kerwen bilen gidip, oglanjygy tälim berjek halypasyna elin gowşuryp gaýdypdyr. Ol şondan soň ýaman pälinden gaýdyp, ýagşy işler bilen meşgul bolupdyr.
Mämmet BADAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Halk döredijiligi we rowaýatlar