15:51 Wirus has howplumy ýa pitne? | |
WIRUS HAS HOWPLUMY ÝA PITNE?
Publisistika
Kyn döwri başdan geçirýäris. Şeýle bolandygyna ynanýarys: başy ölümli adam hiç haçan ölmejek ýaly duýga özüni aldyryp, kalbyndanam merhemeti çykardy weli, ylahy tokmak depesinden indi we bu tokmak tä ol hetdini tanaýança güzap berip durjaga meñzeýär. Biz iman edenleriñ öñünde durýan wezipe: edýän doga-dileglerimiz bilen beýlekilerden tapawutlanyp, ejiz we pakyr gullardygymyzy boýun almakdyr. Eger wirus belasyny sapak edinsek, onda şeri haýra öwrübem bileris. Emma şerlikde ýaka tanadanlar (bu belanyñ sebäpkäri-de şolar) ýagdaýy hasam gorkuly hala getirmek üçin ellerinden gelenini gaýgyranoklar. Ýewropa we Amerika darwinist çemeleşme bilen öz adamlaryny tebigy seleksiýa uçradyp, gartaşan we näsag raýatlarynyñ ölümine göz ýumýar. Diri galanlara bolsa morg tölegi, meýdi görme tölegi, meýdi jaýlama tölegi ýaly degnaña degiji tölegleri salýar. Olar şeýtmek bilen wirusyñ wagşy egoizmi we kapitalizmi soñlandyrmagyna päsgel bermäge çytraşýarlar. Sosializmiñ ýagdaýy mundanam wehim. Olar adamzat ösüşiniñ kanunalaýyklygyna garşy bolandyklary üçin külli adamzady howp-hatarlaryñ garşysynda ejiz ýagdaýda goýýar. Koronawirusyñ öñünden näme çyksa ýalmap-ýuwdup barýan sosialist režimli Hytaýdan çykmagy-da tötänlik däl. Her näme-de bolsa, wirusa garşy göreşse bolar, emma ideologik wiruslara garşy göreşmek kyn. Bularyñkam edil nesilden nesle geçýän wirusdyr. Ol öýkeni däl, beýnini we ýüregi berbat edip taşlaýar. Bejermesi-de kyn. Birgiden mähelledir. Ymamlary şeýtan, ilkinji agzasy-da Kabyldyr. Dinleri dürüşde ideologiýalardyr. Umumy meñzeşlikleri erbetlikdir. Adamzady ýok edip biljek ýaraglara, bulutlara ýeteñkirleýän binalara, dünýäniñ daş-töweregine dünýäden çalt aýlanyp bilýän tehnologiki enjamlara eýedirler. Emma bularyñ hiç biri olary göz bilen görüp bolmaýan kinniwanja wirusdan gorap bilmeýär. Ideologiýalara bukulan ýagşy bilen ýamanyñ göreşi dowam edýär. Koronawirus ýagşynyñam, ýamanyñam ganym duşmany, erbetligiñ hyzmatkärleri koronawirusy ýagşylardan ýakyn görendikleri üçin bir zatlar edişdirip, wirusyñ arka tarapyna geçip, onuñ ýagşylara ýetirýän zyýanyny keýp edip synlaslary gelýär. Aslynda wirus gepläp bilýän bolsa, olar özara dil birikdirse birikdirerdem welin, beýle zadyñ mümkin däldigi üçin wirusyñ öz duşmanyny ýeñmesi bilen çäklenmeli bolýar. Şeýle mysal bereliñ: käbir kinofilmlerde gabat gelýändir. Nijeme asyrlap uklap ýatan erbet ruhuñ üsti gazylyp ukudan oýarylýar. Meselem "Mumyýa" kinofilmler tapgyrynda şolar ýaly ruh (Imhotep) bar. Ady agzalan ruh şeýle bir güýçli welin, hiç kim oña garşy söweşip bilmeýär. Şol ikiarada bar işi-pişesi erbetlik bolan käbirleri erbet ruh bilen meñzeş taraplaryny görüp, ýagşylar bilen güýç birikdirmegiñ deregine, erbet ruha hyzmatkätlik edip, özleriniñ howpsuzlugyny kepillik astyna alýarlar we ýagşylara garşy söweşýärler. Ynha, wirus bilen ýaman niýetli betpälleriñ bolşy şular ýalydyr. Bularyñ nähili adamdygyna göz ýetirmek isleseñiz, her kim öz ýurdunyñ ekwiwalentine seretsin. Hökümet koronawirusa garşy jan aýaman göreşýär, bir gapdaldan messebini ýitiren toparjyklar hökümete garşy göreşýär. Käbirleri "näme üçin adam az ölýär?" diýip aglaýjak bolýar. Bilelikde hereket etmegiñ deregne münbere çykyp, wirusa garşy göreşýänleri ýepbeklänlerini gowy görýärler. Her gün ýüzlerçe kemçilik tapyp, wirusyñ öñüme bent bolmaga çalyşýanlaryñ elini-aýagyna baglamak üçin ellerinden gelen ýamanlygy edýärler. Gözlegiñ kemçilik bolsa, elbetde taparsyñyz. Bardy-geldi hiç hili kemçilik bapyp bilmedik wagtlary bolsa, ýalana ýüz urup, jemgyýetiñ añyny bulaşdyrmaga synanyşýarlar. Şonuñ üçi wirus olaryñ özlerine baryp ýolukýança, wirusyñ gutarmagyny islemeýärler. Ýagdaý şeýlekä, bir gämide bolunam gämini gark etmäge synanyşýanlara has agyr sanksiýalary bermek gerek. Ýalan-ýaşryk habar ýaýratmagyñ we wirusa garşy göreşe päsgelçilik döretmegiñ hökman bir jogapkärçiligo bolmaly. Adatdan daşary ýagdaýyñ adaty kada-kanunlary ýeterlik däl. "Bakara" süresiniñ 191-njo aýatynda aýdyşy ýaly, "Pitne - adam öldürmekden has erbetdir". Hakykatdanam wirus adamy ýa öldürýär, ýa keselledip taşlaýar. Emma pitne çykarýanlar şeýle bir köp zyýana goýýarlar welin, diñe adamlar däl, jemgyýetlerem ölýär. Ine, dünýäde we ýurdumuzda şular ýaly wirus bar. Wirus erbetlik ýaýradýandygy üçin onuñ ýok bolup gitmegine garaşmak bidereklikdir. Ýeke-täk çäre bar - olam olaryñ düşünjelerini-de, elindäki bar bolan mümkinçiliklerini-de izolirlemekdir, soñra hem dezinfeksiýa etmekdir. Ibrahim KARATAŞ, ibratas@gmail.com Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |