12:44 Ýagşy niýet – ýarym döwlet / özbek halk ertekisi | |
ÝAGŞY NIÝET - ÝARYM DÖWLET
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken, niýeti bozuk, hemmeleri özünden bizar eden bir ogry bar eken. Ol ýigit ogurlap tapan puluny kart oýnap, utdyrýan eken. Mydama alan sözleýän eken. Birnäçe wagtdan soň, onuň işleri ugruna bolman başlaýar. Daş-töweregindäki hemme adam ondan çetleşipdir. Günlerde bir gün adamlardan şu ýurtda Hatam Taýa meňzeýän bir adamyň bardygyny, onuň kim näme sorap barsa, gypynçsyz soran zadyny berip goýberýändigini eşdip, onuň öýüne barýar. Barsa, ak sakal, nurana ýüzli goja düşekçede oturan eken. Salam berip gapydan girýär. Sahy adam ol ýigidi ornundan turup garşylaýar. Nahar-çaý berip, garnyny doýuransoň, näme hyzmat bilen gelendigini soraýar. Ogry ýigit: - Men sizden üç müň som pul sorap geldim, wagty gelende yzyna gaýtararyn – diýýär. - Üç müň diýseň, üç müň bolar, balam! – diýip, ýigide puly sanap berýär. Ýigit puly alandan soň: “Indi puly gowja gaýtaryp alarsyň!” diýip pikir edýär-de, çykyp gidýär. Biraz wagtdan soň, puluny sanap görjek bolup, jübüsini barlap görse, hiç hili pul ýok eken. “Gaçyran bolsam gerek” diýip oýlaýar we özüne meňzeş bir dostuna gürrüň berýär. Dosty: “E, ýene bar, ol bilip durmy näme?” diýip, maslahat berýär. Ýigit ýene sahy adamyň ýanyna barýar. - Maňa ýene üç müň som pul gerek, wagty gelende öňki bilen goşup gaýtararyn. - Bolýar, ine ýene üç müňi al – diýip, sahy adam ýene üç müň somy sanap uzadýar. Ýigit ýaman niýetini özüne ýoldaş edinip, içinden sögünip çykyp gidýär. Bir näçe wagt ýol ýöräp, puluny sanajak bolsa, ýene-de pulunyň ýoklugyny bilýär. Haýran galýar. “Ne döw çaldyka, puly sanap alyp, jübüme salanymy bilýän, indiki ikinji gezek şu güne düşdüm” diýip oýa batýar. Ýoluny dowam edip gidip barýarka, özüniň ýanyna gelen dostlaryna ýüz bermän, deňlerinden geçip gidýär. Näme etjegini bilmän halys kelebiň ujuny ýitirýär. Bir garry adamyň ýanyna baryp, başdan geçirenlerini bolşy ýaly, gürrüň berýär. Ol garryja adam ýigide: - Oglum, “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Niýetiň ýaman bolsa, eliňdäkini hem gidirersiň. Sen hemme erbetlikleri ýere göm-de, diňa ýagşy adamlar bilen tirkeş. Diňe şonda sen bagtly bolarsyň. Şol adamyň ýanyna baryp, ýene-de pul sorap bilersiň. Emma niýetiň päk bolsun – diýip, maslahat berýär. “Barsammykam, bramasammykam” diýip biräçe gün pikirlenip, ýigit ýene-de şol sahy adamyň ýanyna ýene-de pul sorap barýar. Nurana ýüzli adam “Gel oglum, gel, geç. Maňa bir kömek etseň gowy bolardy” diýýär-de sanap bermegi haýyş edip, ýigidiň öňüne bir näçe müň puly oklaýar. Özi bolsa goňşy otaga çykyp gidýär. Ýigit munça maly-dünýäni öz öňüne goýup gidendigini, ogurlar diýip güman hem etmändigini geň görýär, pullary sanap, desselap goýýar. Ýeke dirhemini hem jübüsine atmaýar. Halal sanajak bolup, niýetine hiç hili bozuklygy getirmeýär. Birnäçe wagtdan soň, öý eýesi gelip: “Hoş gelipsiňiz, oglum nahar iýiň, çaý içiň, dem alyň” diýip, ýigidiň garnyny doýurýar, soňra habaryny alýar. -Ata, azajyk mätäçlik çekýärin, maňa karz pul gerekdi. Soňra gaýdyp bererin – diýýär. Onda sahy adam: - Oglum, isläniňi aýt-da, geregiňi sanap alaý – diýýär-de, öňüne bir desse pul goýýar. Dört müň som puly alýar-da, hoşlaşyp gaýdýar. “Bu adamyň öýüne üç gezek geldim, üç gezegem isledigimçe puly aldym. Hijisinde-de meniň adymy, ýaşaýan ýerimem soramady. Bular ýalam sahy, gowy adam bolar ekeni. Eger ýaşap ýörsem, alan on müň som pulumy hem sowgady bilen gaýtararayn. Bu nurana adama mundan soň çagasy ýaly hyzmat hem ederin” diýip, pikir ýöredýär. Birnäçe wagtdan soň, gorky-ünji bilen jübüsine elini sokýar. Pul bar eken. Begenjinden ýaňa, bazara baryp bir ädikçiniň ýanyna barýar: - Mende dört müň som pul bar, maňa bir hünär öwrediň, öz hünärimi ele alýançam, şu pullary peýdalanyň – diýýär. Onda ädikçi ussa: - Seni bir kilim dokaýana şägirtlige bereýin, emma puluňy özüm ulanaýyn. Bir ýylyň dowamynda şu puluňdan näçe peýda gazansam, özüňe gaýdyp bereýin – diýýär we ony dokmaçynyň ýanyna eltýär. Ýigit bir ýylda kilim dokamagy birkemsiz ele alýar. Hälki ädikçi bolsa, dört müň somdan ýigrimi bäş müň peýda gazanýar. Günlerde bir gün ýigidi ýanyna çagyryp, bir ýylyň dowamynda ýigrimi bäş müň peýda gazanandygyny aýdyp, oňa şonça mukdardaky puly yzyna berýär. Ýigit ýarysyny alyp, ýarysyny yzyna gaýdyp berýär, eger kilimçä şägirtlige bermedik bolanynda hünär öwrenmejekdigini, häzir şäherdäki ökde dokmaçylaryň birine öwrülendigini, halkyň arasynda hormat goýulýan adam bolandygyny aýdýar. “Şonuň üçinem maňa ýarysy hem bolýar” diýýär. Ýigit puly alyp, özüniň el hünäri bilen dokan kiçiräk kilimini hem goşup, sahy adamyň ýanyna barýar. - Men sizden üç gezek pul aldym, jemi on müň som amanadyňyzy menden alyň – diýýär. Nurana ýüzli sahy adam: - Menden dört müň som aldyň, beýleki alty müň som puluň heniz sen gapymdan daşary ätlemänkäň, howlymda gaçyp galdy. Diňe soňky alan puluňy yzyna alýaryn – diýip, jogap berýär. - O nähili beýle bolýar?! Men sizden alyp jübüme salanymy, şondan soň gapyňyzdan çykyp gidenimi anyk bilýärin, nädip gaçyp biler?! - Oglum, başdaky iki gezek pul alanyňda niýetiň ýamandy, ýaman niýet ilen geleniňiz üçin pul saňa nesip etmedi. Soň ýüregiňde gowy niýet bilen geldiň, şonuň üçin alan puluň saňa peýda berdi. Niýetiňden bereket tap, hemişe biriniň howlusyndan ätläniň-de, ýagşy niýet bilen gadam basgyn – diýýär we diňe dört müň somy gaýtaryp alýar. Öz eli bilen dokan kilimini sowgat berýär. Nurana ýüzli ol goja sowgady kabul edip alýar we ol ýigide ak pata berýär. Niýetini ýagşylyga öwüren ýigit wagtyň geçmegi bilen baýapdyr we hemmäniň hormatyna sezewar bolupdyr. Ol häzir hem halal zähmet çekip, gowy ýaşaýan eken. Özbek dilinden terjime eden: Serwi REJEPOWA. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||