00:43 Ýakup Annanurow hakynda | |
ÝAKUP ANNANUROW HAKYNDA
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
(Maral Annanurowanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurow baradaky kitabyndan) Sen diýp ozal-ahyr ýazmaly bolsa Paýhas ummanyny gulaçlap boýlap Men saňa bir agyz Adam-diýerdim Manylaň içinden maňzyny saýlap... ANNANUROW Kuliýewiç, Aşgabat ş. 1942 ý. çagyrylan, uly 1-t, «Watançylyk urşy ordeniniň» 2-nji derejesi, «Gyzyl ýyldyz ordeni», «1941-1945 ý.ý. Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykanlygy üçin» we ýubileý medallary bilen sylaglanan. Ulanylan maglumatlar: Aşgabat şäheri «ŞÖHRAT» kitaby, III tom, Aşgabat 2007 ýyl. Kakam mydama kitaby kän okardy. Onuň bilesigelijilikli häsiýeti ýaşy gidişen soňam gowşamandy. Ýüregine düwen her bir işini temanuň ululygyna – kiçiligine garamazdan, çigit çigitlän ýaly derňeýänçä, şol işiň başyna barmazdy. • Sungaty bilen özüni, özi bilen döwrüni bezän adam Ýaşaýan döwrüne garamazdan hudožnik mydama sungaty bilen özüni ykrar etmeli bolýar. Wagtyň hem sungatyň synagyndan geçen eserleriň «pylanyň işi», «planyň eli» diýip tanalýança hudožnik bu ýowuz synagyň içinde gezmeli bolýar. Döredijilikde diňe tutanýerli, gaýratly adamlar zähmeti bilen tanymallyga ýetip, öz adyny möhür edip goýýarlar. Men meşhur hudožnik Walentin Serowyň hudožnik M.Wrubel barada: «Wrubeli öwmegiň zerurlygy ýok, diňe onuň barlygyny boýun almaga gaýrat tapmaly» diýen sözleriniň, durmuş ýoly kyn döwre gabat gelen hudožnik Ýakup Annanurowa hem degişlidigini duýýaryn. Şeýle bir adamlar bolýar, araňda gezip ýörendir welin, ol özgelerden kän bir tapawutlanmaýan ýalydyr. Gaýtam has sada, has kiçigöwünlidir. Ýöne, az salym hemdemlikden soňra,olardan ýaýraýan ygtybarlyk duýgusyndan dünýäň giňäp, durmuşa bolan ynamyň artýandygyny duýarsyň. Onsoň bu ynsanyň ykbaly bilen gyzyklanyp, onuň ömür ýolunyň durşy bilen garpyşykly çatryklardan düzülendigine gözüň ýeter. Şonda, munça kynçylyklara döz gelen bu kişiniň pikir päkligini, göwün joşgunyny saklap bilendigine haýran galarsyň. Biz tebigaty şähdaçyk, gaýratly ýasalan kakamyň, ýekeje gezegem durmuşdan zeýrenen wagtyna duşmandyk. Indi-indiler juda köp adamlaryň: «Ýakup aga, ýagty göwünli, gaýratly kişidi. Onuň bilen kän gezek duz-emek boluşypdyk» ýa-da «Ýakup aga irmez-armaz zähmetkeş adam, ol ir bilen taýynlan holstyny agşam gutaryp bilýän işjanly hudožnikdi» diýen sözlerini eşidip, şol sarpaly derejede ýatlanmak üçin kakama, gör näçe kynçylyklara döz gelip, gör näçe ýerde mertebesini saklamak zerur boldukan diýip pikir edýärin. Pikirlendigiçe-de hakyda meni ýatlamalaryň başlanýan dünýesine- çagalygyma alyp gidýär. • «AK ŞEKEREK» ÜZÜMLI DALBAR» О döwür meniň çagalygymyň irki döwürleridi. Ol wagtlar sen ýaş ýigitdiň. Syrdam boýly, agajet keşbiňe gelşikli döwrebap geýinerdiň. Yza gaňtarylyp daralan şar gara saçyň, ýonulyp ýasalan ýaly at ýüzüňe üýtgeşik gelşik berýärdi. Soň-soňlar men daşary ýurt filmlerindäki aktýorlary görüp, olaryň saňa juda meňzeşdigine geň galyp hemem buýsanyp synlaýardym. Ýok, sen diňe üsti-başyna serenjam berip ýören titije adamlaryň hilinden däldiň. Daş keşbiň, geýnüwiň sypaýylygy ilki bilen seniň içki dünýäň, häsiýetiň täsiri-talaby bilen taplanan asyllylykdy, intelligentlikdi. Şol ýokary intelligentligiň barynda men seniň eliňden tutup, dürli muzeýdir teatrlara mana düşerden has ir aýlanyp çykypdym. Şol günler men özümi äpet çynaryň saýasynda biten aladasyz çopantelpek güli ýaly duýýardym. Men-ä seniň ýanyňdan galmak islemerdim, senem meni goýjak bolubam durmazdyň. Şonuň üçinem men beýik Sungat diýen zady gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşidip ulaldym. Ol zatlar soň-soňlar akyl eleginden geçip, öz hakyky manysyna еýe bolmaly ekeni. О döwürler sen teatrda sahna hudožnigi bolup işleýärdiň. Seniň döreden Şasenem, Garyp, Zöhre, Tahyr, Mahym, Akja gelin, Baba han, Aldar Köse... ýaly birgiden sahna obrazlaryň soňra takyk artistleriň keşbi bilen janlanyşy meniň üçin düşnüksiz bir täsinlikdi. Hudožnik hökmünde repetisiýalara gatnaşamak seniň üçin adaty ýagdaýdy. Meni bolsa ýolda-yzda duşup ýören adamlaryň sähel wagtdan Zöhredir Mahym ýaly personažlara öwrülmegi başga bir jadyly dünýeleriň bardygyna ynandyrýardy. Yogsam ol obrazlary döredýän Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Bäşim Artyk... ýaly adamlary men seniň arkaňdan tanaýardym ahyryn. Ýöne ol mahal meniň çaga aňym durmuş bilen teatryň tapawudyny seljererden has sadajady. О döwür bolsa... О döwürler bolsa daşy pessejik haýatly, gapysy mydama açyk, içi üzüm dalbarly howlymyz bolup meniň hakydama siňipdi... О döwürler tiz-tizden Moskwa gidilip gelinýän döwürdi. Her gezegem biziň üçin geň-enaýy zatlary sowgat getirerdiň. Elbetde, sowgat almak adam üçin mydama-da hoş ýakýan zat. Ýöne men ol sowgatlardan has beter seniň özüňe garaşardym. Sen öýde bolan wagtlaryň howlymyzyň orta gürpünde salnan depesi aýna gümmezli ussahananyň gapysy hemişe açyk durardy. Biziň öýümiz mydama-da myhmanlydyr welin, göwnüme bolmasa о mahallar myhmanlar öýmüzden asla gitmeýän ýalydy. Şolar ýaly pursatlarda men köplenç dalbardan asylan ýekebat hiňňildige münüp güýmenerdim. Gyýkym-gyýkym üzüm ýapraklarynyň arasyndan jyklaýan salkymlaryň çalaja çaň siňen dykyz-owadan keşpleri şu güne deňiç göz öňümde saklanyp galypdyr. Olar akşekerek üzümidi. Hawa, hiňňildik az-kem ünsümi sowsa-da meniň iki gözüm seniň gapyňdady. Ussahananyň ilerki ganaty mellege tarap bolansoň gyrymsy ot-çöpdür üzümçiligiň arasyndan zordan geçerdim. Ol ýoda meniň ömrümde özbaşdak ýasanan ilkinji ýodam bolansoň, men ony hemme kişiden, hat-da sendenem gizlin saklasym gelýärdi. Elimi-aýagymy çöp-çytyra çyzdyryp, men ahyry ussahanaň penjiresine ýeterdim. Diwara çyrmaşyp gidýän üzüm gollarynyň arasyndan kelläme sähelçe ýer tapardym-da, seniň uly gümralyk bilen surat çekişini synlamaga durardym. Ýaprakdyr şahalaiy ala şagyrdy edip gelenimi duýsaň-da sen meni görmediksirän bolardyň. Şojagaz ýodadan hiç kimsiz ýeke geçmegim elbetde, ol wagtlar meniň üçin uly edermenlikdi. Senem meni şol buýsançly duýgudan mahrum etmejek bolup, şujagaz oýny kabul edipdiň. Ep-esli wagt geçenden soňra sen meni göterip içeri salardyň-da enemiň tiken gurama ýorgançasy düşelen sekiniň üstünde oturyp, maňa erteki ýa-da aýdym aýdyp bererdiň... «Kemine diýr hiç adamdan ýüz görmen Ýagşa ýagşy diýr men ýamanga-ýaman...» Her bir hudožnigiň döredijiliginde onuň ömrüne ýoňsuz täsirini ýetirýän, ykbalgöteriji eseri bolýar. Ýakup Annanurowyň hem döreden ajaýyp işleriniň arasynda halkyň söýgüli şahyry Keminäň portretini şeýle eserleriň hataryna goşmak bolar. 1972 – nji ýylda TKP MK tassyklamagynda Keminäniň portretini döredeniligi üçin hudožnik Ýakup Annanurow Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Mundan başga-da Ýakup Annanurow türkmen halkynyň nusgawy şahyrlary bolan Magtymguly we Mollanepesiň portretlerini döredýär. «Portret çekemde- men edil özümi tanaýşym ýaly tanyş, ýakyn adamlaryň portretini çekýärin. Meniň örän oňat dostlarym bar, men olary gowy tanaýan, ýöne men olary suratlandyrmaga gorkýan...» Ýakup Annanurow. Ýazyjy Ata Gowşudowyň keşbini döretmäge Ýakup Annanurow birnäçe gezek ýüzlenipdir. Ol her gezekde ýazyjynyň çylşyrymly häsiýetiniň täze alamatlaryny açyp görkezenem bolsa, bu işler hudožnigi kanagatlanmandyr. Ýakup Annanurow: «Ýagly žiwopis usulunda ýerine ýetiren işimde maňa ýazyjynyň ýiti garşylykly häsiýetini doly bermek başartmady. Şonuň üçin men bu kompozisiýany linograwýura geçirdim. Grawýurada onuň häsiýetiniň ýitiligini göni çyzyklaryň üsti bilen has gowy beýan etmek başartdy». • Sungaty bilen döwrüň hakydasynda galan hudožnik Ýakup Annanurowyň üç bölümden ybarat bolan bu eseri, mazmuny boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän polotnolardyr. Ol türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen dartgynly taryhy wakalaryň birini beýan edýär. Bu triptih 1861-nji ýylda bolup geçen “Mary-Gajar urşynyň” taryhyny suratlandyrýar. Kartinadaky bütin gömüş ýetip gelýän gazaply hadysanyň garşysynda berk duruljakdygyndan we duşmandan üstün çykmaga ruhubelentlikden, hyjuwdan hem ählihalk gahrymançylygyndan habar berýär. (Şu kartinadaky gyz-gelinleriň şekilinde kakam meniň bilen gyz jigimiň keşbini ulanypdy). Hudožnik «Otuzynjy ýyllar» eserinde, türkmen zenanynyň täzeçil keşbiniň döremegi we kemala gelmegi bilen bagly, çaknyşykly döwri-Türkmenistanda sowet medeniýetiniň kemala gelýän zamanyny täsirli keşpler arkaly janlandyrýar. Eseriň çuňňur many- mazmuny, keşpleriň çeýelik bilen suratlandyrylmagy real-žiwopis çözgüdine laýyk gelýär. Bu eserde Ýakup Annanurow ilkinji gezek professional kompozisiýa tärlerini, sungatynyň milli tärleri bilen sazlaşykly ulanmagy görkezýär. Eseriň sýužetinde Sowet häkimýeti türkmen daýhanlaryna suwdan we ýerden müdümi peýdalanmak hukugyny berýän pursady. Eserde zähmetkeş daýhanlar we oba häkimýetiniň wekilleri şekillendirilen. Olar- ilkinji kolhoz gurujylardy. • Hudožnigiň işlerinde Watanyň waspy «Meniň Watanymyň gyzlary» atly toparlaýyn portret hem örän özboluşly häsiýete eýedir. Onda 60-njy ýyllaryň aspirant gyzlary-geljekki alymlar şekillendirilen. Olar hudožnigiň «30-njy ýyllar» eserindäki zenanlaryň agtyklary bolmaly. «Meniň Watanymyň gyzlary» eser täzeçil hakykatynyň beýanydyr. “Arka berip daýandygym Goja daglar ýerindemi.” “Görogly” halk dessanyndan. • Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyň “Görogly düşelgede” atly kartinasyna edebi-çeper syn Şekillendiriş sungaty tomaşaly sungata degişli bolup, aňa täsir etmekde döredijilik ugurlarynyň iň inçesi hasaplanýar. Çünki, saz, edebiýat, teatr ýaly beýleki döredijilik ugurlaryna düşünmek üçin adam wagt sarp etmeli bolsa, surat eserine gözi düşenden, gözüň beýnä habar bermegi bilen adam eseriň näme barada barýandygyna düşünýär. Şonuň üçin bu sungat birek-birege düşünmekde adamzadyň ilkinji ulanan serişdesi hasaplanýar. Gadymy durmuşa degişli dürli sýužetli sadaja suratlaryň köne gowaklardan tapylmagy onuň aýdyň subudydyr. Aň-düşünjäň ösmegi bilen bu ajaýyp sungatam beýik derejede kämilleşýär. Uzak asyrlaryň dowamynda şekillendiriş sungaty beýik-beýik şalyklaryň, döwletleriň tanymal ymaratlarynyň bezegi bolup hyzmat edip gelýär. Hawwa, haýsy tarapdan garanyňda-da bu sünnäli ajaýyp sungat, ynsan tarapyndan, ýokdan bar zady döredibilýän gudrata meňzeýär. Gudrat bolsa diňe Ýaradanyň rugsat bermeginde döräp bilýän keramat...Diýmek, Hudožnik Ýaradanyň ýardamy bilen keramata ulaşyp ýaşap ýören Ynsan bolmaly. Onuň zähmetine kembaha garamak beýik Ýaradana kembaha garamakdyr diýip düşünýärin... Adam öz asylly işleridir, häsiýeti bilen özüni bezýär. Özi bilen bolsa döwrüni bezeýär... Adamlar köplenç ümmülmez zähmetdir yhlas siňdirilip ýazylan (şekillendiriş sungatynda kartina ýazylýar) surat eseriniň gutarnykly netijesini görýär. Ýöne her eseri şol görnüşe ýetirmek üçin hudožnik köp taraplaýyn öz-özüni sarp edip ýaşaýar. Iň esasy ýeri-de bu ýagdaýa onuň bütün ömri sarp bolýar. Hawwa, kalbyňda beslän ähli etsem-goýsam, pikir-hyýalyň eser bolup dünýä inmegi üçin şu sanalan gymmatlyklardanam has kän zatlar siňen soň, şol eseriň hut şeýledigine köpçüligi ynandyrmak üçin professional ussatlyk zerur bolýar... Eger-de her esere aýratyn sahna hökmünde garalanda, onda, beýan edilýän wakada durmuşyň togtadylan bir pursadyny görmek bolýar. Bu babat-da ezber hudožnik Ýakup Annanurowyň “Görogly düşelgede” atly kartinasyna çeper seljerme berip, bu kartinanyň sungat, taryh, edebiýat, etnografiýa ýaly düşünjeleri bir ýere jemlän ägirt uly milli maglumat çeşmesidigine göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde klassyky realizmiň usullaryny professional derejede, ýagny, kartina gatnaşýan adam obrazlaryndan başlap ähli zatlaryň- tebigy gurşawa çenli, taryhy döwrebaplyk bilen ýerine ýetirilişi. reňkleriň milli röwüşde saýlanyp alynmagy, bolup geçýän wakany has-da ynandyryjy görkezýär. Bu eserde hiç bir adam, ýa göwrüm, hiç bir reňkdir hereket biri birine garşy çykmaýar, dartgynlyk döretmeýär. Wakanyň umumy sazlaşykly çözgüdi onuň çeperçilik agramyny artdyrýar. Beýan edilen waka, döwür, egin-eşik, dürli esbaplaryň, at-ýaragdyr tebigatyň hakykata laýyk getirilmegi tomaşa edýän adamda bu ýagdaýyň hut şeýle bolandygyna gyzyklanma we çuňňur ynam döredýär. Bu hili eserler, gözleriň bilen çintgäp okalýan hem-de adam ruhuny baýlaşdyrýan çeper kartinalaryň hataryna girip, görkezýän maglumaty boýunça halkyň medeni miras goruna öwrülen sungat eseri hasaplanýar. ...Ine, umumy gözýetimde ala-daglar bilen gurşalan türkmen ýaýlasy... Tomaşaça hödürlenýän sýužetden, ýagny, at torbasydyr, şaý-ýaragyň bir ýan düşürlendiginden, töwerekde ýaý berip, direnişip duran ýigitlerden we siňe synlap ýene köp zatlardan netije çykaraňda, hudožnigiň Göroglynyň kyrk ýigidi bilen düşelge pursadyny suratlandyrandygyny görmek bolýar. Kartinanyň merkezinde, gün şöhlesine duwlanan Görogly begiň gaýratly syraty güberçekleýin öňe çykarylan. Ol goly dutarly, kyrk ýigidine nesihat-nama aýdyp duranam bolsa, manyly, ýiti nazary tomaşaça, ýagny il-halka tarap gönügendir. Bu ýerde Göroglyny halk bilen ýüzbe-ýüz goýan hudožnik, näme diýmek isledikän?.. Elbet-de, türkmen halkynyň aňyna, Görogly owwal-ahyr halk hossary, mert-watançy, serkerdäniň obrazy bolup siňensoň, türkmen intelligensiýasynyň çuň sowatly wekili bolan Ýakup Annanurow hem, ilki bilen şu düşünjelerden ugur alyp, bu tema ýüzlenen bolmaly. Halka gaýratly, dana howandaryň zerurdygyna, urş apatyny öz başyndan geçiren hudožnik gowy düşünýärdi. Şonuň üçinem ol bu ýerde, ilki bilen Göroglyny serkerde-howandar ornunda, halk köpçüligine maslahat salyp duran pursadyny öz ynanyşy ýaly, ynamly suratlandyrýar. Bu kartina, il-günüň ömür boýy kalbynda göterip ýören gahrymanynyň halk bilen agzybirligini görkezmek isleginde dörän eser bolmaly. Görogly bu ýerde halkyň psihologiýasyna laýyk gelýän häsiýetde, ýagny her bir işi geňeşli, maslahatly çözýän serkerde hökümünde görkezilýär. Hudožnik beýtmek bilen, gahrymanyň derejesi halkyny sylap, onuň ynamyny ödäp bilişine baglydyr. Çünki, halkyň jümmüşinden çykanlygy sebäpli, hiç bir gahryman öz halkyndan beýik bolup bilmez- diýýär. Hudožnik, öz tapan bu hili jaýdar psihologik tilsimi bilen, Görogly begiň ähli babatda, ýagny başyndaky akgaýma tahýasyndan başlap, reňki göwşüllän gyrmyzy donundan (türkmençilikde ýiti gyzyl reňkli dony kyrk ýaşa ýetmedik ýigitler geýipdirler) gara dutarydyr, agras ýüz keşine çenli hut halkyň jümmüşinden çykan türkmen kişisidigini tekrarlaýar. Kartinanyň sýužetinde jaýdar ornaşyp, eýesiniň owazyna maýyl bolup duran Gyr atyň keşbi-de örän ýerlikli hem häsiýetli berilen Gyr at bilen Göroglyny umumy obraza birleşdirmek bilen hudožnik, bu iki gahrymanyň ruhy birligini görkezmek isländir. Kartinanyň sýužtinde töweregi gurşap duran kyrk ýigidiň, merkezde başy ak telpekli Öweziň hanyň keşbi suratlandyrylan. Bäri başda çaýdyr-owkadyň aladasy bilen oturan Sapar kösäniň ýerleşdirilmegi, eseri diňe bir many taýdan baýlaşdyrman, eýsem, çeper şekillendiriş sungatynyň esasy kadalarynyň biri bolan, kompozisiýa babatynda hem gutarnykly çözülen eserdir. Bu uly göwrümli, çylşyrymly eseri synlap, onda hiç bir tötänligiň ýokdugy, iň bir ownuk zatlaryňam öz ornuny tapyp, umumy kompozisiýany düzenligi, Ýakup Annanurowyň ezber kompozitor-hudožnikdigini subut edýär. Ýakup Annanurowyň “Görogly düşelgede”-kartinasyna, milli taryhy-etnografiki taýdan gutarnykly, nusgalyk eser diýip bolar. Çünki, bu ýerde türkmen halkyna mahsus ähli milli düşünjeleriň biri-birine utgaşdyrylyp, jemlenendigi aýdyň görünip dur. Kartinanyň giňişligine ussatlyk bilen garylan tebigatdanam, ony gurşap alan ala-daglardanam, Görogly begiň “Arka berip daýandygym, goja daglar ýerindemi” diýen namasynyň owazynyň duýulup durmagy, Ýakup Annanurowyň halkyň durmuşyna we düşünjesine juda belet bolandygyny subut edýär. Elbet-de. halk döredijiliginde Göroglyny köplenç halatda kakabaş, aýlawsyz gönümel, kä ýerde has gödegräk häsiýetler bilen mahabatlandyrylan obrazyndan tapawutlylykda, Ýakup Annanurow öz Göroglysyny, ýagny, özünde bar bolan, duýgulary jemläp öz görmek isleýän obrazyny ýasaýar. Çünki, her kim özünde bar zady, özüne mahsus zady döretmäge ukyplydyr. Şonuň üçin ol Göroglydan il başynda oturan han, patyşa, ýa ýene bir jeňbaz hökümdar däl-de, daşky durky, egin-eşigi, dutary, kalba ýakyn daş keşbi bilen türkmene has ýakyn hem düşnükli bolan milli obrazy döredipdir. Hudožnigiň oýlap tapan bu jaýdar keşbi, halk döredijiligindäki aşa mahabat, pöwhe haýbat ýaly howaýy sypatlardan saplanyp, gözümiziň juda öwrenişen adamsyny ýatladýar. Bugdaýreňk, ýüzüne ýaraşyp duran, ýaşyna laýyk gyrçuw sakally başy tahýaly, goly dutarly Görogly, tüýs türkmentöwra kişi. Görogly begiň keşbini şu derejede halka ýakyn edip görkezmek bilen, watançy hudožnik, öz halkyna juda göwni ýetýändiginiň beýan edýär. Halk howandarynyň hut il-günüň içinden döreýändigini we halkyň arkasynda öz howandarynyň durmalydygyny tekrarlamakda, ýaşuly hudožnigiň öz halkyna, milletine bolan ägirt sylag- sarpasyny duýmak bolýar. Ol ýeke söz aýtmazdan, öz ajaýyp sungatynyň üsti bilen geljekki nesillere beýikligi, pähim-paýhasy ilki bilen öz milli mirasyňdan gözläp tapmalydygyny, ony öwrenip, dünýä ýaýmalydygyny nygtaýar. Şeýtmek bilen, Ýakup Annanurow, ähli beýik hem bütewi zatlaryň iň owunjak zatlardan düzülýändigini töweregine düşündiresi gelýär.Çünki, uly çapyşyga meňzeş durmuşda öz-özüň bolup saklanmakda, özboluşlylygyňy goramakda çuň sowatly, erkli bolmagyň adam üçinem, halk üçinem, millet üçinem ýeke-täk şertdigine ol örän gowy düşünýär. Hawwa, örän kyn hem çylşyrymly döwürlerde ömrüni il-günüň medeniýetine, sungatyna bagş eden inçe hem giň dünýägaraýyşly, sada göwünli. uly sowatly gumanist Ynsan-Ýakup Annanurowyň zehini sowady, sungaty hem ömri onuň gaýtalanmajak eserlerine siňip, hakyda öwrülip dowam edýär. Halkyň hakydasyna ajaýyp Sungat bolup siňmek bagty, Türkmeniň ilkinji milli hudožnigi bolan Ýakup Annanurowa, beýik Ýaradandan ýeten iň mukaddes peşgeş bolupdy! Maral ANNANUROWA, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji, hudožnik. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |