12:33 Müñkürlik, bahyllyk, göriplik... | |
MÜÑKÜRLIK, BAHYLLYK, GÖRIPLIK...
Jemgyýetçilik tankydy
"Müňküriň göwnünden gitmez gümany…” Mollanepes • Meniň pikirimçe: Müňkürlik, bahyllyk, göriplik ýaly pes häsiýetleriň diňe bir durmuşda ýazgarylman, eýsem, esasy dinlerde zyna kylmak, ýalan sözlemek, ogurluk etmek… ýaly geçilmeýän günäleriň hataryna girmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ogrulyk adamy maddy taýdan kösese, göriplik onuň kalbyny talaňa salyp köseýär. • Injil hekaýaty … Bir gezek Isa pygamber ýol bilen barýarka, onuň dini garşydaşlary- fariseýler: «Saňa pygamber diýýärler, hany, onda, gudrat görkez-dä!» diýip gygyrýarlar. Isa pygamber, sesini çykarman, deňziň üsti bilen ýöräp gidiberýär. Bu ýagdaýa kenardaky märeke geň galsa, bahyl fariseýler: – Aý, ol-a ýüzüp bilmeýänligi üçin ýöräp barýar – diýip pitjiň atypdyrlar… Gömülgenler gömgä sümýär, güne göriplik edip, Öz göwnüne gözün ýumsa, günem öçýändir öýdüp. Güneş bolsa al-asmanda aga-ýana ýüzüp ýör – Päli ýaman gömülgene tylla täjin göz edip… • Tanalmadyk Perişdä Ýeriň-gögüň sepgidi, ho:l arşyň degresinden, Saňa mürehet gelmiş Hudaýlaň meýlisinden, At tutanmy, kül atan, sübsegärler kowumy – Gulakly ker, gözli kör – turuzyp uly dowuly, Hudaýlara ýetirmän, daşyňdan üýşüp-üýşüp, Saňa baha kesdiler, bize meňzänok- diýşip. Hudaýlaram bolsa meýlis eýesi, Tobasyz törlere gadam ätmäwer. Gel, eý, meniň tanalmadyk Perişdäm, Beg başyňy bendilige satmawer!.. Maral ANNANUROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||