20:36 Ýangyn bar | |
• Nazym HIKMET
Edebi makalalar
Türk halkynyň sadyk perzendi, görnükli şahyr, rewolýusioner, halklaryň dynçlygy ugrunda irginsiz göreşen Nazym Hikmet diri gezip gören bolsa, düýn 65 ýaşardy. Dirikä legenda öwrülen bu adamyň ýalkymly ömri köp hupbatlary başdan geçirdi. Janyna kast edilmek, uzak wagtlap bendilikde oturmak, reaksion sud tarapyndan öňli-soňly 50 ýyl tussaglyga, iki gezegem ölüm jezasyna höküm edilmek – bular Nazym Hikmetiň gören görgüleriniň bir bölegi. Emma şahyr ýan bermedi, iň soňky demine çenli göreşdi. Bu ýalkymly şahyryň azat hem batyr sesiniň güýjüni diňe dostlary däl, hatda duşmanlary-da boýun alýardylar. Türk generallarynyň birinden eger Nazym eliňe düşäýse näderdiň diýip soranlarynda ol: “Men ony kommunist bolany üçin dardan asmaga höjküm ederdim, bu beýik şahyryň mazarynyň üstünde bolsa aglardym” diýipdir. Nazym Hikmet ölmeziniň öň ýany beýik Magtymgulynyň ýubileýinio geçirenimizde Aşgabada-da gelipdi. Şahyr hemme halklar dogandyrlar diýmegi halaýardy. Biz okyjylara rus ýazujysy, Hikmetiň dosty A.Twerskoýyň şahyra bagyşlap ýazan “Bosforyň üstünde ýaňlanan aýdym” atly kitabyndan bir parçany hödürleýäris. • ÝANGYN BAR Gadym Stambulyň ýedi depeleriniň ýedisi-de, dürli milletlerden ýaňa goh berýän gykuwly şäheriň ähli köçeleri-de tomus gijesiniň ýakymly asudalygyna ediljek ýeňil duman kimin dargap, rahat tapdy. On üç ýaşly Nazym irmän kitap okap otyrdy. Ol başga bir dünýä – mertler hem gahrymanlar dünýäsinde gaýýardy. Ol dünýä uçmaklyk üçin oglanjyga “Togsan üçünji ýylyň” jadyly sahypalary ganat berýärdi. Iňňän ýiti garaýyşly, çal sakgally belli ýazyjy Wiktor Gýugo ony Burbonlar dinastiýasynyň şa tagtyndan düňderilen döwürndäki Fransiýa alyp gidipdi... Nazym ahyry kitabyny ýapdy-da, ullakan penjiräniň öňüne bardy. Aýlagdaky suwuň ýüzi ylla diýersiň taplanyp tämizlenen polat galkany ýadyňa salýardy. Dört minaraly Aýasofýa metjidiniň sudury garamtyl mawy asmanyň näzik düşeginde çala saýgardýardy. Penjiiräniň tutulary göni gelen ýeňiljek şemakla yrgyn atdy. “Bu şemal nireden geldikä? Belkem, ol Fransiýada, Gýugonyň gahrymanlarynyň ýaşap, azatlyk üçin mert söweşen alys Bretan kenarlaryndan gelendir?” diýip, Nazym oýlandy. Ýöne welin, bu näme boldugyka?.. Birden gözýetim ülje mürepbesiniň köpükleri ýaly gyzylymtyl öwüşgin berdi. Nazym tisginip gitdi. Göz açyp ýumasy salymdan soň tümlügiň arasyndan Aýasofýa mese-mälim göründi. Ol göýä diýersiň ökjesine galyp, duran ýerinde elewräp, zowwam minaralaryny galgadyp, haraý isleýän ýalydy. Ýakynjak bir ýerde bihaýa çypar ýalynlar asmandaky ajap aýyň küýki ýagyrnysyny hajraw kimin ýalap başladylar. Ine-de jaýlaryň üstünden gykylyklar ýaň berip ugrady. - Ýangyn ba-a-ar! Stambulda-a! Munuň ýaly gykylyk bilen stambullylar öwrenişipdiler. Ine bu mahalam adamlar gaýda-gaýmalaşyk bolsalar-da, dowla düşýän ýokdy. Ýangyn söndürijilerem edil göwünleri bir ýaly boýunlaryny uzadyşyp, diňe gykylygyň haýsy tarapdan gelýändigini bilmek üçin diňşirgenýärdiler... Nazym bökjekläp, kakasynyň otagyna ylgady. Daşarda bolsa adam bary yzan-da-çuwandy. Ertesi gün Nazym öz mekdep ýoldaşy Nyýazylaryň hem öýleriniň ýanandygyny eşitdi. Nyýazy oňa kiçijik jigilerini zordan halas edişlerini, ýogyn bir pürsüň ýüz ýaşly kempiri basyp öldürendigini gürrüň berdi. Ýangyn zerarly ençeme pukaralar öýsüz-öwzarsyz galaýan bolsa nätjek... Indi olara metjitleriň hemem kerwensaraýlaryň agzynda gelene-geçene ellerini serip, köprüleriň aşagynda ýatyp-turmadan gaýry alaç ýok. Nazym ýangyn barada aýdylýan gürrüňleri sypdyrman diňleýärdi. Onuň ähli zady bilesi gelýän akyljygy täsir baryny ýygnaýardy. Ol täsirler iny ne bir arkaýyn ýatyrýardy, ne-de başga zatlar barada pikirlenmäge maý berýärdi. ...Nazym bir gezek ir bilen oýananda näme üçindir-de diňşirgendi. Onuň durlanan beýnisinde ýeň bermän... şygyrlar seslenýärdi... Ýanýar ol, ýanýar ol... Hem hyňranýar ol... Nazym gözüni açdy. Dik oturdy. Bu nämäniň şygyrlary? Kimiňkiňä? Birdenem düşündi oturyberdi; bulary onuň özi düzdi! Şondan soň oglanjygyň ýüregi ynjaldy, şatlandy, dünýesi giňeldi. Ol: - Simuş! – diýip gygyrdy... Nahar iýip otyrkalar, Nazymyň bäş ýaşly gyz jigisi Samuş: - Kaka, men täze goşgy öwrendim – diýdi. Samuşyňam edil doganynyňky ýaly mawy gözleri, altynyň suwy sepilen dek akjyk-goňras saçlary bardy. Gyzjagazyň ol goşgyny gara çyny bilen aýdasy gelýärdi, ýöne kakasy: - Ghany, otursan-a! – diýdi. Şonda Samuş aglady, kakasy bolsa oňa dözmedi. Gyzjagaz ýerinden turdy, döşjagazyny gaýşartdy, onuň altyn saçlarynyň ujy ýere ýetdi. Ol eljagazlaryny arkasyna gowşurdy-da, ýürejigio bilen goşgyny aýtmaga başlady: Ýanýar ol, ýanýar ol... Hem hyňranýar ol... Ha-ha! Aýdyň, bu ne aýylganç gülki?.. Ýowuz duşman – ot uzadyp gollaryn Hiç kimi gaýgyrman ýanjakdyr belki?.. - Sen-ä, Samuş, tüweleme ekeniň! - Muny saňa kim öwretdi? Gyzjagaz hondan bärsiräp: - Ony Nazymyň özi goşdy – diýdi. - Birinjiden-ä Nazym däl-de, agam diýerler. Ikinjidenem, kim saňa şeýle sammyk gürrüňleri et diýdi – diýip, Nazym jigisine çawuş çakdy hem-de saçyndan çekip goýberdi. Ejesiniň ussahanasynda Nazymyň ýeke özi otyrdy. Bu otag ony mydama özüne çekýärdi. Bu ýerde ähli zatlar göwünnden turýardy. Ussahana giren wagty ol hyýalbende öwrülýärdi. Nazym “Pagta meýdany” atlandyrylan suratyň öňünde köp durdy. Bu suratda Nazymyň ejesi Aýşe Jelile ýüzleri ak esgä dönen, hor, üç eplem bolan pukara aýallary görkezipdir. olaryň biri assyrynlyk bilen ýüzünden gar ýagýan çal sakal nadsmotrşige äňedýärdi. Onsoň Nazym özüniň iň gowy görýän “Deňiz söweşi” atly suratyň öňüne bardy. Oglanjyk ony her gezek synlanda deňiz marşynyň merdemsi sesini mese-mälim eşidýärdi. Ine birden Nazymyň özüniňem surat çekesi geldi. Tizräk, tizräk!.. Akwarel niredekä? Ine olar, gözüňi alyp barýan reňkler. Agam bar, sarysam bar, her hilisi bar! Çotgajyk zarňyllap bulguryň gyrasyna degdi. Indem haý diýmän kagyza!.. Altyn öwüsýän sary gün... Apelsin reňkli şöhleler. Dury gök asman hem-de garamtyl-mawy deňiz... haýbatly hem gaharly agyr tolkunlar. Indi bolsa korabl. Gazaply harby korabl. Toplaryň nilleriniň agzy köwelişip dur. Emma gün welin dynman nur saçýar. Gün olardan gorkmaýar. Hon-ha, korablyň burun tarapynda deňizçiler görünýär. Nazym öz suratynyň üstünde köp wagtlap galman otyrdy... Iň soňy onuň gözi sagada düşdi. - Baý-bow, daşmekdepden* gijä galypdyryn!.. – diýdi-de, Nazym syçrap ýerinden turdy, howul-hara kitap-depderlerini ýygnaşdyrdy hem-de ýüzüniň ugruna ylgap gitdi. Onuň stoluň üstünde goýup giden suratyna ejesi bilen kakasynyň gözi düşdi. Ejesi: - Nazym hudožnigem bolup biljek – diýdi. Nazymyň kakasy Hikmet-beý – Züne göwni ýetýän çinownik, ýumry-ýumşak oňat adam hasaplansa-da, hiç haçan Aýşeniň pikiri bilen razylaşmaýardy. - Hawa-la! – diýip, ol göwünýetmezçilik bilen ýylgyrdy – Arap dilinden sapak berýän mugallym “ogluň düýbünden gömük” diýip ýöne ýere aýtmabn eken. Bu suratyň manysy başga – oglumyz deňze dyzaýar. Ine bu tüýs bolup biläýjek zat. Şonuň üçinem ony harby-deňiz uçilişesine bermek gerek. Aýşe ellerini daldalatdy: - Hudaý saklasyn! Eýsem sen indi ogluň esger bolanyny isleýärmiň? - Onuň başga bir oňarybiläýjek zady bardyram öýdemok... – diýip. Hikmet-beý aýalyna garşy çykdy. – Ýeri onuň başarjaňlygyny näme bilen subut edersiň. Ýok, onuň başga oňarjakl zady ýok. - Ýene-de mugallymyň pikirimi? - Şeýlemişem-dä. Onsoňam mesele diňe mugallymda däl. Erkek adam üçin esasy zat mertlikdir. Oglanjyga ýaşlygyndan başlap ilki bilen mert bolmaklygy öwretmeli. Rast atasy deňizçidi gerek, goý agtygam deňizçi bolsun. Nazymyň ejesi gaýga batyp başyny ýaýkady. Äriniň raýyndan gaýdyp bolmajagyny ol bilýärdi. Hikmet-beý “Aýalyň maslahaty aýallara ýagşy” diýip gaýtalamaguy oňat görýärdi. Şeýdip, Nazymyň ykbaly çözüldi. ______________ *Daşmekdep – ýewropa tipli mekdep. “Edebiýat we sungat” gazeti, 21.01.1967 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |