12:43 Ýaş dramaturglara maslahat | |
ÝAŞ DRAMATURGLARA MASLAHAT
Teatr we kino sungaty
Gowşutgeldi DAŇATAROW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg: - Dramaturgiýanyň edebiýatyň iň bir çylşyrymly, gyzykly, hem kyn žanrlarynyň biridigini ýatda saklamaly. Ýaş dramaturg üçin diňe höwes ýeterlik däl, çeper eserleri, taryhy maglumatlary, ylmy-populýar edebiýaty, folklor mirasy köp okamak, irginsiz zähmet çekmek gerekdir. Şeýle hem, dramaturgiýanyň amallaryny, kanunlaryny, düzgünlerini, terminologiýasyny bilmeli. * * * - Ilki bilen örän gowy bilýän, özüňi gyzyklandyrýan hem okyjylary tolgundyrjak, belet, belki, durmuşda gabat gelen waka zerarly ýüze çykan mowzugyňy saýlap almaly. Ol maşgala durmuşyna, söýgä, pederler we perzentler, nesilleriň arasyndaky meselelere ýa-da şolaryň islendigi zerarly ýüze çykan halallyk, ynsap, ahlak päkligi meselelerini gozgaýan mowzuk bolup biler. Mowzugy gyzykly waka ýa-da wakalaryň, dartgynly sýužet ýordumynyň üsti bilen beýan etmeli. Wakalaryň gitdigiçe dartgynlaşmagyny, çylşyrymlaşmagyny gazanjak bolmaly. Dartgynlylygy gazanmak üçin gahrymanlary dürli ýagdaýlarda synap görmeli, olary çylşyrymly hilelerden we oýun-hokganyň “odundan” geçirip görmeli. Gyzykly ýeri olaryň hemmesem çyn ýa çyna berimsiz bolmaly. Drama eseriniň, asla sungatyň özüniň, ýek ýigrendigi ýalandyr. * * * - Drama eseri gapma-garşylyk zerarly döreýär, gapma-garşylyk bilenem başlanýar. Gapma-garşylyk nähili uly, dartgynly, çözmesi kyn bolsa şonça gowudyr. * * * - Eseri döredýän awtor taraplaryň hiçisiniň hem tarapyny tutmaly däldir. Awtor hakykatyň tarapynda durmalydyr. Awtoryň jogap tapmaýan wagtam bolup biler. Şu ýagdaýda okyjylaryň garamagyna berip bolar. * * * - Dramaturg eserde häsiýeti döretmäge çalyşmalydyr. Häsiýet özboluşly garaýşy, pikiri, hereketleri, dili, garaz, esasy alamatlary hiç kime meňzemeýän şahs bolmalydyr. Ony döretmek üçin awtor dürli gapma-garşylykly ýagdaýlarda gahrymanyny yzarlamagy, onuň aýratynlyklaryny diliniň, hereketiniň üsti bilen ýüze çykarmagy başarmalydyr. Çeşmesi: https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/743. 27.03.2023ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||