21:44 Ýazyjy, dramaturg Gowşutgeldi Dañatarow bilen söhbetdeşlik | |
TÜRKMENISTANYÑ HALK ÝAZYJYSY, DRAMATURG GOWŞUTGELDI DAÑATAROW BILEN DÖREDIJILIK SÖHBEDI
Söhbetdeşlik
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe päkize söýgüsi gursaklaryna dolan medeniýet we sungat işgärleriniň ylham guşy asuda Watanymyzyň parahat asmanynda ganat ýaýyp, keramatly söz mülkünde mukaddesliklerimizi wasp edip, şirin-şirin saýramaga belent hyjuw-hyruç aldy. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň döredijilige bolan belent sarpasy öz halkyna söýgüsinden gözbaş alýar. Munuň şeýledigine edebiýaty, sungaty bilen gözellik döredýän adamlaryň özleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, has-da aýdyň göz ýetirýäris. Biziň söhbetdeşimiz «Habyl-Kabyl», «Aşyk-Peýker», «Şäher ertekisi», «Yşgyň gämisi», «Yşgyň gämisi kenarda», «Süýji durmuşyň gapysy», «Nusaý söýgüsi», «Seljuk söýgüsi» we «Täze maşgala» atly eserleriň awtory bolan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow. — Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen türk- men milli edebiýaty we sungaty indi dünýä ýüzüne ýaň salýar. Döredijilik işgärlerimize goýulýan hormat-sylag Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet - adam üçindir!» diýen mübärek sözleriniň bir mysaly. Gowşutgeldi aga, sözümiziň başyny eserle- riňiz baradaky gürrüňiňiz bilen başlaýalyň. — Ýurdumyzyň beýleki medeniýet işgärleri bilen bir hatarda meniň hem birnäçe ýyllaryň dowamynda döreden eserlerim hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldy. Begendirýän ýeri, sungata sarpa goýulýan ajaýyp diýarymyzda eserlerimiň tomaşaçylar tarapyndan ykrar edilmegine hem sebäp boldumyka diýýärin hem olaryň žanr örüsiniň giň bolmagy hem sebäp boldumyka diýýärin. Bularyň içinde taryhy eserlerem bar, mifiki temadan ýazylan eserlerem bar, çagalar üçin ýazylan eserlerem, häzirki zaman dramasam, türkmen halk döredijiligimiziň esasynda ýazylan komediýa-da bar. Bäsleşige görnüşi taýyndan uly çäklerdäki eserlerimi saýlapdyrlar. Bu eserleriň birnäçesi, mysal üçin, «Habyl-Kabyl» Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly drama teatrynyň, paýtagtymyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnalarynda goýuldy. Şol bir wagtda bu spektakla rus, tatar, özbek, nemes tomaşaçylary hem tomaşa etdiler. Ýeri gelende aýtsam, «Nusaý söýgüsi» we «Söýgi hem hasrat» spektakllarymyz Türkiýede geçirilen teatr festiwallarynda baýraklara mynasyp boldy. Gazagystanda geçirilen Türkmenistanyň medeniýet günlerinde gazak tomaşaçylary tarapyndan hem gyzgyn garşylandy. — Her bir sahna eserinde dramaturgyň öňe sürýän pikiriniň esasyny düzýän zatlar bolýar... — Elbetde, dramaturgiýa bilen gyzyklanyp başlan ilkinji ýyllarym- da halkymyzyň arasynda gadymdan bäri ýaşap, ýaýrap gelen mifiki rowaýatlaryň esasynda birnäçe eserleri ýazdym. Şolaryň iň şowly çykanlarynyň biri hem «Habyl-Kabyl» boldy. Türkmen folklory-da mifologiýasy-da, hemme halklaryň edebiýatynda bolşy ýaly, öz gözbaşyny halk döredijiliginde alyp gaýdýar. Dünýä halklarynyň arasynda meşhur bolan belli-belli sýužetleriň esasynda dörän rowaýatlar türkmen halk döredijiliginde, folklorynda-da bar. Aýdaly aadamzadyň ilki döreýşi hakynda Habyl bilen Kabyl atly rowaýat dürli halklaryň mifologiýasynda bar. Ýa aýdaly, Depegöz hakyndaky rowaýat dürli halklaryň arasynda saklanyp galypdyr. Ýa-da «Gorkut» ata» we «Görogly» eposlaryndaky belli-belli sýužetler türkmen halkymyzyň taryhynyň iňňän gadymydygyny, bäş müň ýyllyk taryhymyzy görkezýär. Ol sýužetler özüniň çuňlugy, çeperçiligi boýunça dünýä halklarynyň arasynda meşhur. Rowaýatlar gadymy greklerde, rim edebiýatynda, rus edebiýatynda, ýewropa edebiýatynda soňra ýazyjylar tarapyndan işlenip, çuňlaşdyrylypdyr, çeperleşdirilipdir. Şeýdibem, halkyň ullakan ruhy baýlygyna öwrülip gidipdir. Ine, menem şol maksatdan ugur alyp, Habyl bilen Kabyl hakyndaky, Şyrak hakyndaky, Tomiris hakyndaky halkymyzyň arasynda bar bolan eserleri teatr sahnasyna çykarmaga synanyşdym. Olarda her bir agyr pursatlarda-da ýaşaýşyň dowam edýändigini görkezmäge synanyşdym. — Tomiris, Şyrak — bular türkmeniň has gadymy meşhur şahsyýetleri... — Gadymyýetde Türkmenistanyň çäklerinde ýaşap geçen zenan patyşa hakynda taryhy eser ýazdym. Ony Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda režissýor Gurban Hotjyýew sahlalaşdyrdy. Watany gorap, ýeke özi çölüň içinde rim goşunlaryny ýeňen Şyrak hakyndaky, şeýle-de rowaýat esasynda Depegöz hakda eserleri ýazdym. Şular esasynda-da türkmen taryhynyň hem edebiýatynyň örän gadymdan gelýändigini tomaşaçylarymyza ýetirmek maksadyndan ugur aldym. — Gowşutgeldi aga, «Teatr birnäçe sungatlaryň birleşmesi» diýilýär. Dramaturgyň eseri onuň esasyny düzýär. Şu ýerde ony soň sahnada goýujylar hakda-da aýdaýsaňyz? — Umuman-a, dramaturgiýa ilkibaşda pýesa görnüşinde edebiýata degişli bolup durýar. Sebäbi, entek ol kagyz ýüzünde. Emma sahnada janlandyrylandan soň, ol sungat eseri hasap edilýär. Oňa-da «Spektakl» diýilýär. Işlän döwrümde maňa-da türkmen sahnasynyň örän gowy režissýorlary bilen zähmet çekmek nesip etdi. Goçmyrat Bekiýew, Öwlüýäguly Hojagulyýew, Handurdy Berdiýew, Baýram Seýdullaýew ýaly režissýorlaryň eserlerimiň şowly çykmagynda uly paýy bar. Ussat teatr suratkeşi Batyr Bekmyradow «Nusaý söýgüsi» spektaklynyň sahna bezegini şowly ýerine ýetirdi. — Dramaturg artistdir režissýora belet bolsa, eseriniň şowly çykmagyna ýardam edýär... — Uly-uly ýazyjylaryň kyssa eserlerindenem sahna eserlerini goýup bolar. Ýöne diňe dramaturgiýa bilen meşhur bolan adamlaram az däl. Dünýä edebiýatynda Wilýam Şekspir, Bernard Şou ýörite sahna eserlerini ýazan dramaturglardyr. — Nusgawy şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligi barada ýazan eserleriňizem bar. Olaryň durmuşy bilen bagly wakalardan söhbet açýan eserleri beýan etmegiňem-ä zähmeti bardyr? — Nusgawy edebiýaty öwrenmek bilen, türkmen durmuşynyň gaty köp taraplaryny, türkmenleriň XVIII-XIX asyrda, ondanam birneme irräk XVI asyrdaky taryhy ýagdaýyny giňden öwrendim. Men öz bilimim boýunça birneme ol ugurlardan belli bir derejede habarly. Şeýle beletlik esasynda ýazylan eserlerimiň arasynda Mämmetweli Kemine hakynda «Kemine» eserim bar. «Yşk mülküniň şasy» atly Mollanepesiň ömri-döredijiligi, durmuşy hakynda, Garajoglanyň ykbaly baradaky eserlerim teatrlarymyzyň sahnasynda goýuldy. Nurmuhammet Andalybyň eserleri boýunça ýazan «Söýgi hem hasrat» atly pýesam Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda U.Meläýewa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda režissýor A.Batyrow dagy tarapyndan sahnalaşdyryldy. Şolaryň içinde Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda Mollanepes barada merhum halypa režiss- ýor Baýram Seýdullaýewiň goýan «Yşk mülküniň şasy» atly spek- taklymyzyň hem tomaşaçysy köp boldy. — Ýene-de täze-täze maksatlaryňyz bardyr? — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşlary hakynda, olaryň Watanymyza, tebigatymyza, söwer ýarlaryna, maşgala durmuşyna söýgüsi, ylma-bilime teşnelikleri, durmuşda eýeleýän orny tomaşaçylarymyzy juda gyzyklandyrýar. Ýaşlary gyzyklandyrýan zat, olaryň özleri hakyndaky söhbet. Ýagny olaryň öz durmuşlarynyň çeper beýanyny sahnada göresleri gelýär. Ine, men bagtyýar döwrümizde olar barada birnäçe eserleri ýazyp otyryn. Olar häzir sahnada goýulmagyň öňüsyrasynda dur. Sözümiň soňunda ýüregi «Halkym» diýip urýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň hemişe sag, tutumly beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. — Bizem size döredijilik rowaçlygyny arzuw edýäris! Toma- şaçylarymyzy täze sahna eserleriňiz bilen begendirip duruň! — Sag boluň! Batyr ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |