20:38 Ýatdan çykmajak gün | |
ÝATDAN ÇYKMAJAK GÜN
Goşgular
Çap bolupdyr goşgyñ suratyñ bilen, Synladym, okadym, duýdum şobada. Eşidildi onda meniñ owazym, Hem onda kalbyñ bar dogumly, sada. Gül ýüzüñe nur çaýylan, mähriñ bar, Meñzäp dur ýaglygyñ gyzyl lebiñe. Gyzyl köýnegiñde gyzyl çog ýaly, Meñzäp dursuñ yşkdan çabran demime. Keşdesi ajaýyp owadan ýakañ, Gülýakañ dur serhedinde lezzetiñ. Gözleriñde maña bolan umydyñ, Az görýän deý şunça edýän hezzetiñ. Çap bolupdyr goşgyñ suratyñ bilen, Ýaz eýledi ol göwnümiñ köşgüni. Men-ä okap, ony ýazansyñ öýdýän, Şol ýatdan çykmajak garly gyş güni. Batyr ÇARYÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||