12:39 Kän ýyldan soñ | |
KÄN ÝYLDAN SOŇ
Goşgular
Düýşüme giripsiň daň golaýlanda, Begenäýdim kän ýyldan soň duşanma, Goýnuňda, boýnuňa gol aýlanymda, Ýylgyryp bagtyňa guwandyň şonda, Duýdim: “Göz öňümde gussaly keşbiň, Göz öňümde goýy ýaşyl köýnegiň. – - Diýipdim: “Çekerin söýginiň keşgin”, Diýipdiň: “Özüňe dert bor köýmegiň”. Ondan bäri oýum sen hakda, bilseň, Gideniňsoň söýgiň bilen jadylap. Belki, bagtly borduk saklaýan bolsam, Şol armanly günde yzyňdan ylgap. Bolýarmy gaýtaryp geçen pursady, Ýatda hem ýürekde galýar ol diňe. Garaz, şeýdip düýş-de bagtly men, senem Käte öz göwnüňi dola düýnüňe. Düýşüme giripsiň daň golaýlanda, Begenäýdim kän ýyldan soň duşanma. Goýnuň-da, boýnuňa gol aýlanymda, Senem biraz maňa buýsandyň şonda... Batyr ÇARYÝEW. "Beýik Türkmenbaşy nesli" gazeti, 2006. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||