06:05 Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -1 | |
ATAJAN ANNABERDINIÑ DEGIŞMELERI
Degişmeler
▶ "Nirede ýatarys?!" Bir obadaşy Atajan Annaberdilere oturmaga gelipdir-de, turar ýerde turmandyr. Gije ýarymdan agyberensoñ, Atajan: "Obadaş, bu gün nirede ýatarys, öýdemi ýa daşarda?" diýipdir welin, ýañky: "Be, eýýäm sagat bir bolaýypdyrmy-aý" diýip, turmak bilen boluberipdir. ▶ "Yzyna salmak üçin..." Atajan Annaberdiniñ Italmaz atly bir aýdymçy tanşy bar eken. Atajan ony toýuna çagyrypdyr-da: "Almaz jan, şu gün hezil bereweri!" diýipdir. Oturanlar: "A-how, Atajan akga, sen oñ adynyñ öñündäki "itini" aýraýdyñ-la" diýşipdirler. Şonda Atajan: "Şu gün hezip bermese, "Itini" munuñ yzyna salmak üçin aýyrdym" diýip ýylgyraýypdyr. ▶ Ekizler Atajan Annaberdiniñ Hydyr, Ylýas atly ekiz obadaşlar bar eken. Olar şeýle bir meñzeşmiş welin, asyl, aýdyl-saýyl eder ýaly dälmiş. Hydyr diýeni Ylýas, Ylýas diýeni çykyp duransoñ, olaryñ haýsy duşup salam berse-de, Atajan: "Gurgunçylykm-ow, Hydyr-Ylýaslar" diýip, geçip gidiberýär eken. ▶ Bäbeksiz "bäbekhana" Atajan Annaberdiniñ bir husyt obadaşy bar eken. Kim barsa, ol diñe ýumurtga çakyp berýär eken. Bir gün obadaşlary Atajandan nireden gelýändigini sorapdyrlar welin, şol husytlaryñ öýüni görkezipdir-de: - "Bäbekhanadan" gelýän. Dogry-da walla, ýañy bäbeklän gelinlere ýumurtga, çabady berilmeýändigini bilmeýän barmy? - diýip, öz ugruna gidiberipdir. ▶ "Kesel nireden gelýärkä?" Atajan Annaberdä belent howluly, demir derwezeli "galada" ýaşaýan obadaşynyñ näsaglandygyny aýdypdyrlar welin, ol: "Be, il-gün, it-guş girip bilenok, onuñ howlusyna kesel nireden girýärkä?" diýip haýran galypdyr. ▶ "Ýolum düşende" Ýolda duşan bir obadaşy Atajan Annaberdä: "Ertir toý edýändiris, barybermelidir!" diýipdir welin, Atajan: "Oñ bolsun obadaş, ýöne men-ä ýolda aýdylan toýa ýolum düşende görnäýýändirin" diýen. ▶ "Nuhtumburiýa" Atajan Annaberdiniñ Annamuhammet Nutyýew diýen bir şahyr dosty bar eken. Nutyýewler gatlada ýaşansoñlar Atajan Annaberdi dost-ýarlary bilen balyk iýmäge barypdyr. Myhmanlaryñ biri gowrulan, buglanan balyklary synlap: "Bular skomburiýamy?" diýipdir welin, Atajan: "Ýok, skomburiýa däl, "nuhtumburiýa" diýip, Annamuhammet Nutyny görkezipdir. ▶ "Gorkan maşyn" Atajan Annaberdi bir ýagyşly gün inisi bilen ýeñil maşynly barýar eken. Maşyn köneje bolanson obadan çykyberenlerinde, tapyr-tupur ýatyberipdir. Ony köne-küşül maşynlary söküp-satýan hojalygyñ gabadyna eltip, biraz garaşypdyrlar welin, ol işläp başlapdyr. Inisi: "Be, Atajan kaka, muña ne döw çaldyka, ýañ-a ýatdy, ynha, indem gül ýaly işläp dur" diýipdir welin, Atajan: "Söküp-sataýarlar öýdüp gorkandyr bir, ýogsam, işlemezdi" diýen. Toplan: Batyr ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |