13:34 Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -3 | |
ATAJAN ANNABERDINIÑ DEGIŞMELERI
Degişmeler
■ "Müñ manatlyk golaýynda" Atajan Annaberdi bilen agtyjagy Akpamyk şähere gezelenje gidipdir. Şäherde suw satýan nätanyş aýal gyzjagazyñ dillijeligine haýran galyp: "Sizem şäherde ýaşaýañyzmy?" diýen. Akpamyk bolsa: "Ýok, daýza, biz şäheriñ müñ manatlyk golaýynda ýaşaýarys" diýipdir welin, suw içip duranlar hezil edip gülüpdirler. ■ "Şol ýerde öwretdilermi?" Bir naskeş Atajan Annaberdiden: "Ýazjanhñ ýagdaýy neneñ, bu günler görnenok-la?!" diýip, öz ülpetiniñ ýagdaýyny sorapdyr. Atajan Annaberdi bolsa: "Aý, Ýazjan-a nasyny goýjak bolup, nas goýdurylýan ýere gitdi" diýipdir welin, ýañky naskeş: "Haý, işi gaýdan, öñ nä saña ony şol ýerde öwretdilermi?" diýip, başyny ýaýkapdyr. ■ "Pyrlanýan zadyny tapyp bolsa-ha..." Atajan Annaberdi çykyş etmek üçin, dikuçarly çöle - gazçylaryñka gidipdir. Ol oba gelensoñ, dikuçary taryplap: "Aý, ulag dagy däl ekeni, islän ýeriñde uçup-gonup ýörmeli. Ýagdaýyny tapsañ, hojalyk üçinem birjigini edinmeli şonuñ diýipdir welin, öwünjeñräk oba ussalarynyñ biri: "Aý, şoñ ýokarsyndaky pyrlanýanyny tapyp bolsa-ha, uzyn gutusyny-ha ýasasa-da bor-la" diýip, özüne göwni ýetýänden bolupdyr. ■ "Çäçdepe-de geçer-le" Iki sany çäçdepeli nahal oturdyp ýören eken. Olaryñ biri Atajan Annaberdä: "Atam, şu syrgyna derek oturdyp çykaýsam diýýän, näder, bolmazmy?" diýen. Atajan hem: "Bolub-a bolar-la, ýöne munçasyny näme etjek sen?" diýýär. Ol: "Aý, ýetişer welin, oñatja edip, ýylmaşdyryp, araba ýasajak-da, Mara äkidip satyberjek, geçmezmi?" diýende, nahar oturdyp ýörenleriñ ikinjisi Atajan Annaberdiniñ berjek jogabyna-da garaşman: "Aý, oñatja edip, ýylmaşdyryp ýasasañ-a Çäçdepede-de geçer-le" diýip, ýoldaşy bilen ugurdaş gopupdyr. Toplan: Batyr ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |