18:39 Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -2 | |
ATAJAN ANNABERDINIÑ DEGIŞMELERI
Degişmeler
▶ "Dişleýär eken" Atajan Annaberdi täzelikde satyn alan sygryny satmak üçin bazara eltipdir. Muny gören sygyr gassaplary: "Näme, şahyr, geçen bazarda alan sygryñy yzyna getiräýipsiñ-le" diýşip gülşüpdirler. Muny gören Atajan: "Wah, muny depegenräkdir diýip satdyñyz welin, asyl bu ahmal bolsañ dişleýän eken-ä" diýip jibriniberipdir. Atajanyñ tanyş gassaplary üýşüp, bu dişlek sygry soýup satmaly edipdirler. ▶ "Pul barmydy?" Warak maşynyny söküp, bejerip bilmän oturan goñşusy Atajan Annaberdä: "Wah, goñşy, şo-ol maşynyñ bol döwründe bulañ birki sanysyny alyp taşlamaly eken" diýipdir. Atajan Annaberdi onuñ aýdýan sowet döwrüni ýatlap: "Aý, goñşy, seniñ aýdýan ol döwrüñde maşyn alar ýaly pul barmydy? diýen. ▶ "Ikimiz bilen ýaşamaz" Bir goñşusy aýalyndan zeýrenip, Atajan Annaberdä: "Hudaý bulary syratly, görmegeý, owadan edib-ä ýasapdyr. Nämüçin, akyllyrak edip ýasaýmadyka?" diýipdir. Atajan Annaberdi şonda: "Aý, goñşy, akyllyrak edilip ýasalan bolsa, olar ikimiz ýaly alasamsyk bilen ýaşamaz-a" diýip, aýallaryñ tarapyny tutupdyr. ▶ Göwün Atajan Annaberdi bir daýhan ýigidiñ toýunda aýdym aýdyp, goşgy okap, hezil beripdir. Toýdan gelýärkäler, Atajanyñ söwdagär dostlary: "Atam, biziñ toýumyzda şeýdip, hezil berip, göwnümizi götereñok" diýip igenipdirler. Atajan bolsa: "Siziñ göwnüñizi baýlygyñyz göterýär. Ýañky ýigidiñ göwnüni bolsa, aýdym, goşgy göterýär. Goşgynam diñlenilýän ýerde okasañ ýagşy-da" diýen. ▶ "Haçan ýazmaly?" "Goşgyny haçan ýazmaly, gijemi, gündiz?" diýip, bir ýaş şahyr Atajan Annaberdiden sorapdyr. Atajan Annaberdi oña: "Ýaşkañ, gije ýatmaly-da, gündiz ýatmaly. Gartaşansoñ bolsa, gije ýazybermeli" diýip, degişme äheñinde jogap beripdir. ▶ Galtakly Atajan Annaberdiniñ goñşularynyñ biri: "Toýa bir özümi atyp bilsem, ulagly getirip gidýärler" diýip, öwnüp oturan eken. Oturanlar muña ynanmajak bolupdyrlar. Şonda Atajan: "Goñşyñ aýdýanlarynyñ jany ýok däl, how, adamlar!" Şuny galtakly alyp gelýänlerini gözüm bilen gördüm" diýip, goñşusynyñ tarapyny çalypdyr. Batyr ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |