17:54 Watan goragy mertlere ynanylýar | |
WATAN GORAGY MERTLERE YNANYLÝAR
Edebi makalalar
Watan, watançylyk, mertlik, dostluk hakynda halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda, halk döredijiliginde, edebiýatymyzda beýik-beýik şahsyýetler, döwlet işgärleri, akyldarlar, serkerdeler, şahyrlar tarapyndan köp aýdylypdyr. Olaryň her biri bu düşünjelere öz döwrüniň garaýşyna görä baha beripdirler. Mysal üçin beýik Magtymguly mertlik hakynda: Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, Namart özün gizlär myhman ýoluksa — diýen bolsa, Seýitnazar Seýdi Watan hakynda: Watan üçin çykdym gyrat üstüne, Tä janym çykýançа, dönmenem begler! — diýipdir. Watan gullugy — uly borç. Bir zady gaýta-gaýta nygtasym gelýär. Watanda hemme zat jemlenýär. Watan biziň öýümiz, ene-atamyz, uýalarymyz, doganlarymyz, çagalarymyz, ezizlerimiz, ýaşaýşymyz, aýdymlarymyz, kalbymyz, saglygymyz... Garaz, ol biziň hemme zadymyz, biziň barlygymyz, bolmagymyz. Diňe Watanymyzyň bolmagy bilen ömür many-mazmuna eýe bolýar. Garaşsyz ýurdumyzda Watanyň, il-ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny goramak Türkmenistanda ýaşaýan, ýaşy on sekize ýeten raýatlara hökmany borç hökmünde ynanylýar. Bu Konstitusiýamyzda hem öz beýanyny tapýar. Bu syýasy, durmuşy zerurlykdyr. Watany goramak, harby borçlulyk hökmany zat we ol watançylyk, mertlik diýen belent düşünjelere daýanýar. Türkmenistan Watanymyzy goramak diýen düşünjä her bir raýat öz Watanymy, öz obamy, enemi-atamy, maşgalamy, ezizlerimi goraýan diýip düşünmeli. Çünki Türkmenistan ösen, dünýewi demokratik şertlerde ýaşaýan, türkmenistanlylaryň hemmesiniň Watanydyr, Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir raýaty öz goragy astynda saklaýar, özü-de bu Türkmenistanyň halkynyň isleg-erkidir. Şu zatlaryň özi bu düşünjeleriň örän düýpli, jogapkärli duýgy-düşünjelerdigini, olary kiçi dilden bärde aýdyp, olar hakda uly-uly gürläp ýörmegiňem, olara düşünmedik, duýmadyk bolup ýörmekligiňem, özgeleriň egnine atjak bolmagyňam peslikdigini aňladýar. Watan goragy hökmany borç. Munuň hötdesinden gelmek üçin mert bolmak gerek. Mertlik diňe Watan, ar-namys, dostuň janyny halas etmek üçin edilýän başa-baş söweşde görkezilýän minnetsiz batyrlykdyr. Beýik türkmen şahyry Baýram hanyň duşmany köр bolupdyr. Emma onuň örän mert dostam bar ekeni. Günleriň birinde bulary ýesir alan duşmanlar Baýram hany öldürmekçi bolup: — Haýsyňyz Baýram han — diýip soranlarynda dosty gözüni gyrpman: — Baýram han men — diýipdir. Dosty Baýram hanyň hut özüniň: «Beýtme, meniň üçin sen ölme» diýip eden töwellasyna-da gulak asman janyny bermekden gorkmandyr. Ana, hakyky mertlik, hakyky watançylyk. Sebäbi ol Baýram hana: — Sen Mogol döwletine menden has gymmatly, has zerur, şonuň üçinem men öleýin — diýipdir. Watanyň nähili belentdigi Parfiýa döwletiniň şasy Senaturk Ärsak öz şazada ogullaryna, perzentleri ýurduny bölüşjek bolýan Gilgameş şanyň wesýetiniň üsti bilen düşündirýär: «Gadym eýýamlarda, bir uly ýurtda, goja Gilgameş diýlen soltan bar eken. Günleň bir gününde, Soltan Gilgameş, Çagyranmyş üç ogluny ýanyna. Diýenmiş: — Gara ýere girmezden öň, Ataňyz sizi уrza etjek. Uly oglum, meýliňi aýt. «Bolýan bolsam, üçüň biri, Bölde beräý ýetýän ýeri». Ortanjy oglum sen aýt! «Maňa beräý galan ýeriň gylla ýaryn». Üçünjisi garaşmandyr, Atasynyň soraryna. «Menem razy, ýeriň galan mukdaryna». Gama batan Gilgameş şa, Paýlapdyr ýurduny üçe. Hoş bolupdyr mülk edinen ogullar. Her haýsy öz ýeri bilen başagaý. Аrаçäk çеkýämiş, garym gazýamyş, Ol biri daşyna gala gurýamyş. Muny görüp, Gilgameş şa diýenmiş: «Ýurdy bölüşdiňiz, has kiçeldiňiz, Öň-ä ýolbarsdyňyz, syçan indi siz! Öň sizden gorkanlar tutup iýerler, Öň sizden gaçanlar ýetip iýerler. Netije çykaryň şundan, ogullar. Elbet, Partawnisan bölüp bolar ýerini, Ýöne nädip böljek onuň howasyn? Nädip böljek, üstündäki asmany? Suwlaryny serpip bölüp bolarmy? Guşlaryň owazyn neneň bölersiň?» Diýmek Watan, Watan goragy ömrüň manysy. Şonuň üçinem ol mukaddes, mukaddes zadyny gorap bilmeýän adam diňe namardam däldir, ol asla ynsanam däldir. Watan goragyny agyr jebir, ýük görýän, ony kimdir biriniň üstüne ýüklejek bolýanlar namartdyr. Watanyň üstüne howp abananda, onuň abraýyna çirk ýetiriljek bolnanda janyny bermäge taýyn adamlar hakyky mertlerdir. Watan serhedini goramak diňe mynasyplara ynanylýar. Eger saňa Watan serhedini goramak ynanylan bolsa oňa buýsanmaly, guwanmaly hem gözüň göreji ýaly goramaly. Gowşutgeldi DAÑATAROW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy, dramaturg. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |