23:06 Perişde / hekaýa | |
PERIŞDE
Hekaýalar
“Eneş, Eneş-ş!” diýseler, diýibýersin iller. On dört ýyl bäri diýe-diýe dilleri syryldy. Ejesiniň bagry, kakasynyň ýüregi ezildi. Diýenlerinde näme, ol eşitmese, gürläbilmese... Özüniň haýwan däldigine-de akly ýetenog-a ol biçäräň. Aýgyt bilemok, ýöne ýetýän däl bolmaly. Üme düşünýär. Adam-gara gelende dagy ejesiniň bolşuny gören bolsadyňyz!... Ýüregiňiz gobsunyberer. Öňürt-ä öýde şolar ýaly çagaň bardygy bilinmese gowy. Niçikmi, däbşeneklägeden myhmanlaryň üstüne giräýse-de, duýdurmanjyk elini salgap: “Bar çyk!” diýer goýberer. Ýa daş çykyp, iş buýrar. Baý, heleýlerem ýaramazdyr-a! “Wah-wah-eý, şojagaz gyzmy şü?” diýip, derrew ýarasyna duz seperler. Kemiň bor-da, kemsidilmän galarmyň? Öňi bilen şol ýeriňi gözleýärler-ä. Ýeri gelende bagryndan atmak üçin şeýdýäler. Bilip goýaýmalydyr, bir-ä ajalyň ýaýy, bir-de ýamanlygyň ýaýy gaýym çekilgi durandyr. Haçan atylsa atylaýmalydyr. Eneş güň, ýöne düşnüksiz däl. Üşügi bar, diňe sabyr gerek. (Bu-da, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, dillileriň köpüsinde ýok.) Dodaklaryňa seredip dur, eliňi kelewletseň-ä baýaky. Öýlerinde-de iş bilen örňäp, eli işli irkilýär. Sygry sypap sagýar, hamyry eýläp edýär. Bişіren çöregini galyň-galyň dili uzyn heleýler şapbyldap iýip doýup bilenoklar. “Dili bolaýsa bolmaýamy” diýen bolup. Siziň ýaly bolardy-da. Açylan syrtyň gürrüňini öňýeten ýerde aýdyp ýörmegi hil bir bagtlylykdyr öýdýäler. Edil beýle-de däl ol. Eneş toýy aňşyrýar. Jigisi kürtäniň çetini tutan kişi bolup, sülmürän bolýa weli, “bä-bä-bä” edip böküberýär. Bol biçilen ýanly köýnegini, ýüň ýaglygyny, gülýakasyny ýygşyryp goýan ýerinden derrew tapyp alýar. Ýaglyk daňnyşam bir gülkünç. Hemişeki eýýamyň gyzlary ýaly, manlaýynda düwüp daňýar. “Meň gyzyma görki gerek däl, berki gerek” diýip, Dürje garry onam delile getirýär käte. Ondan geň görüp duranoklar-la. Häzirki gyzlaryň moda eýerip, ýaglygy ýeňselerinde çigýändigini, saçlarynam şoň üçin arkalaryna atýandyklaryny Eneş bilenok. Ol toýda çelpek ýaýmalydygyny, hamyr etmelidigini bilýär. Toýa bagşy gelmese, soramany unudanok. Başga-da bir hyruç edýän zady bar. Olam toý eýesiniň telpegini zyňmak. Şo zatlar-a düşünýär ol. Her kim bir hili görýär Eneşi. Kim degşip gaharyny getirýär. Hereketiň bilen “bir murtly ýigide Eneşi gelin edip berjek” diýibilseň bolany, işini sen eder. Üns bermän ýörenem bar, “Üýşmeleňe gelseň, şundan ýaňa-da bizar bolaýýaň” diýip hossa görýänem. Barybir köpçülikde Eneşe garaşyk edýän gerek-le. Nurjemal – doganoglan uýasy – şoňa ýaltananok. Eneşem göni şonuň gözüne garap, yşarat etdigi düşünip otyr. Nurjemaldan özüne ýamanlygyň ýokdugyny aňýamy, nämemi. Özgeleriň hajyk-hujugyna ynanyp duranok. Hasam Gülendamyň eden oýnundan soň. Toýda özüne göwni ýetýän oglanlaryň biri Gyçja diýilän gyzy çete çagyr diýende, aldap, Eneşi iberipdir. Gümürtikligi syzyp, ýüregi ýarylara gelen Eneş walalaýlap jaýa kürsäp urandan Nurjemal bir bolgusyzlygyň bolandygyny duýdy. Eneş Gülendama öýkünip bir gözüni gympaýtdy. Elini ýokarky dodagyna ýetirip, egninden gujaklamagy Nurjemal üçin düp-düşnükli. Nurjemal Gülendamy bejit tapdy. “Ejeňi çykar duşuşyga, eşitdiňmi, eşek gyz?!” Nurjemalyň gahary gelmesin, onda sylanyşyk diýýlýän zatdan nam-nyşan galanok, dodagyny tibirdedip. Eneş aýyň-günüň aýlanyp durşunda adam üçin bir biwepalygyň bardygyna düşünenok. Wagt geldі, ol Nurjemalyndan jyda düşdi. Gaýdyp gelende indi gitmez öýtdi, tamasy çykmady. Soň bir gezek eli çagaly gelende, geňler galyp, gözlerinden many anlajak boldy. Bolmady. Çagany ýüzüne syldy, gülüşdiler, gaty gördi. Näme aýby bar? Hemmäňiziňem ýetip bilmeziňiz şol ahyry. Eneş ikligiň nämedigini bilenok. Töweregindäkiler bolsa özgeler-ä däl, özlerinem aldajak bolup azarda. Bu zatlaryň başyny Nurjemal başlanok ýa soňy gelip şoňa diränok. Beýleki gyzlaram bagtlary açylyp, taýlaryny tapyp gitdiler bardylar. Eneş üçinem birlän-ikilän gudaçylyga gelen-ä bolmanam durmady. Ýöne göwneşmediler. Eneşe kim ony aýtjak? Şeýde-şeýde ýigrimi bäş-ä ýaşady. Gyz çaky – gulpak çatary diýilýän ýaşlar yzda galdy. Muny jigisiniň gygynyň ajap ugranyndanam aňsa boljakdy. Ýa-da çagalaryň agzyna öýkünmeleriniň artýanlygyndan. Köçede görseler, “bä-de-bä” bolşup gün berenoklar. Täze össürim Eneş bilen “gepleşmäni” oňaranokdy. Öňküler bolsa iň bolmanda “keseki” hataryň garagollaryndan “Eneşlerini” goraýardylar. Eneşiň iş-ä ýeňlänok. Garry enesi ýanyny ýere berdi. Oňa göz-gulak bolmagy Eneşiň öz-özi boýun aldy. Ak guş ýaly saklady. Enesini işikdäki kepbä geçirenlerini halamasa-da, alajyny tapyp bilmedi. Eneş bolmadyk bolsa, bit-sirke basyp, täretiniň üstünde gatap galjakmydy, o-da belli däl. Gelninden-ä oňa ýedi ýat ýakyn. Bütin ömurlerini basda-tut bolup geçdiler. Daň bilen turup pejinde ot ýakar, soň iki sany ýassygy ýeňsesine söýäp, ýukalan saçlaryny darap berer, daş çykarar. Özge mahal patanaklap ýörşüni göreniňde enesiniň dähedem-dessemine kanagat edip bilşine haýran galaýmaly. Şonda-da garry agtygyna kagyz ýa kesek getir diýip düşündiribilmän, özüni şü “dileduşmeziň” eline berenlerine nägile bolýar. Wah, beýlekilere galsa, gözünde guş guzlatjaklar-la weli... Bir günem kazasy dolup, öldi ol kempir. Tagyrdadyp, uly tama geçirdiler jesedini. Gelni: “Waý, käbäm, hossarym, armanda goýduň-eý!” diýip, ili ynandyrjak bolýar. Eneşem ätmer-sätmer edip, aýallaryň ortasyna girägeden ýüzünden penjeläp-penjeläp alyberdi weli, basym sesini kes-dä. “Heý, göhert, mana düşmez ýerçeken!” diýip, soň-soňam käýindi ýördi. Eneşiň özünden kiçi doganyny öýerermen boldular. Guda ýerleri belli. Aljakdanda-geljekden. Ýöne... “Şo däli gyzlaram bar-da...” diýen habaram bile geldi. “Bolýar” diýen habar bilen bile geldi. Eneş ýoldan sowulmasa, ol geljek dälmiş. Şondan soň-a Eneşi halys ýekirip ugradylar. Ol doganam alasamsygyň barypýatany. Eneş saňa gelinjik aljak bolýas diýip süýji seçen kişi bolsa, utanman: “Ýeseriň ýedi ýere kessi deger” diýen bolup, bar gürrüň tapybilşi şol. Bu ýyl düýelerine ýandak ýygyp bilmediler. Hemişe kakasy hiç kime ýetirmezdi, olam şu günki gün aşgazanym diýip gerkildäp otyr. Asyl birki hepde düşeklem ýatdy. Eneş enesiniň ýatan kepbesini paty-putudan dolduryp goýdy. Işiginem gulplap, açarynam bir ýere ýitirim etdi. Aňmadyk boldular. Ýandaga Eneş gitmeli boldy. Jigisi ony motory bilen obadan garagörnüm gunortadaky ýandakly-syrkynly meýdana düşürip gaýtdy. Galan iş Eneşe bagly. Girdi ýandaklaň çetinden, kätmenini dik asmandan inderip. Guşlukda guşagyna gysdyran eliň aýasy ýaly çöregini suwa basyp-basyp iýdi. Toweregine garaý-garaý, köýneginiň bagjygyny çözüp, döşüne sowuk suw çaldy. “Bä-bä-bä-ä!” Ýene-de işe başlady. Baldaklary barmak ýaly-barmak ýaly ýandaklar kirza ädigiň aşagynda mum-helim bolup topbak tutýar. Geçen ýeri goýun ýatan ýaly. Çal eşegiň üstünde dünýäni unudyp, aýdyma hiňlenip gelýän ýigit towuşsyz geçip bilmedi: “Arma!” “Armaň diýýän-ä!..” “Aryp-açmaň!!!” Eneş ýeňsä öwrülip, agzyny öweldibräk ýaňky eşeklіni synlady. Dodaklaryna seredip, zelellikli gürrüň däldigine düşündi. Baş atdy: “Bä-bä-bä!” - Wiý, sen asyl beýlemidiň?! Ýar-r sen-eý, ýarr, sen-ow; neýleýin, ah-h, bir-r salatyn boýlym... Ertesi geçende eşekli ýigit Eneşe lak atjak bolup durmady. Köneje horjunyndan bir hoşa “gelin barmak” çykaryp, ýabyň raýyşynda goýup gitdi. Eneş onuň yzyndan garap galdý. Üzümi ysgap-ysgap gördi. Suslandy. Öýleden soň kätmen seýrek galyp düşdi. “Eje, Eneş-ä bu gün düýnküsiniň ýarysyça-da çapmandyr”. “Ýogsamam Eneşe galan günüň”. Eneş birki hepdeläp ýandagyň ugrunda boldy. Eşekli ýigidem günde şol ýerden geçip gidýär. Onuň Eneşiň oda gaçyp ýöreninden habary ýok. Günortana golaý ýol ýaka bilgeşlin golaý suýşýänini ol nireden bіlsіn? Pilini eşeginiň gaňňasyna kese basyp, hiňlenip geçýä-de gidiberýär. Bu günem şeýtdi. Eneş kätmeni bulap urdy. Suwly ýapdan säginmän böküp geçdi. Guşagynam ylgaşlap barşyna çözüp, eşekliniň yzyna düşüberdi. Ýigit weli ýeňsesinden habarsyz, barha sesine nyzam berýär: “Ýar-r sen-eý, ýar-r senem-ow, neýleýinn-ä..” Goňşy oba uzakda däl. Eşekli üçin suw içimlik, pyýada üçinem şonçarak ýol. Oglan eşegini daňdy. Öňüne galan-gaçan çöpli çaýry oklady-da, öýüne girdi. Ýandak çapyp ýören gyzyň yzyndan öýe girenini ilki aňmady. Ine, birdenem gördi. “Wiýý... Näme? Näme gerek? Ejem ýok öýde, ho-ol – elini salgady – gitdi, “düww”, maşynly. Düşündiň?!” Eneş düşünmedi. Törde, telewizoryň öňünde aýagyny gapdal salyp oturdy. Ýüzüni aşak sallady. “Näme gerek, gyýw gyz? Ejemem ýok, kakamam. Gitdiler. “Düww”. Maşynly. Gepe düşmez. Näme-e?” Eneş onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Oglan gözüni tegeläp duransoň, nätsin, utansa-da, gelin bolup görkezdi. “Äý, biý-ä bejer-dow!” Eneşiň habary basym geldi. Diňe öýlerine däl, ikі oba-da doldy. Ol oglanam sadarakmy, nämemi – şeýle bolmagam mümkin, şu zamanyň ýaş oglanlarynyň arasynda eşek münüp ýöreni ýok – öňünden çykanyň ýanynda gürrüň edip ony. “Bagtyň getiripdir zaňňar!” diýibilýän-ä ýok. Diňe Nurjemal içiniň ýangynjyna: “Binesip, Hudaý öz eli bilen at berende-de, eşegine ýapyşyp ýatyşyna gara” diýipdir. Eneşiňkiler, baý, namys etdiler-ä. Jigisi indi men öýlenip bilmen, özümi otlaryn diýip arlady. Kakasy içurnuk boldy. Şondan soň Eneş enesiniň kepbesinden girip-çykyp başlady. Ony kepbä “gaçyp gideni” üçin salypdylar. Soňam özi-hä uly tama dyzamady, öýdäkilerem mürähet edip durmadylar. Jigisi öýlenende Eneş toý geýimlerini geýmedi. | |
|
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |