04:42 Ýatan ýeriñ ýagty bolsun köne türkmen däp-dessurlary | |
Ýatan Ýeriñ Ýagty Bolsun Köne Türkmen Däp-Dessurlary
Jemgyýetçilik tankydy
Türkmende toýlar özboluşly bir şatlyk we bagt getirýän dabaralardyr. Durmuş-nika toýlary, bäbek boldy toýy ýaly dürli dürli toýlarymyz bar. Hemmesiniň maksady şatlygy, begenjiňi agyny-garyndaşlaryň, gonşylaryň, halkyň bilen paýlaşmakdyr. Ýagşy habarlary paýlaşmak adamlarda ýagşy duýgulary oýaryjy täsiri bar. Elbetde şadyýan günlerimizde biziň bilen ýanymyzda adamlar, gynançly günlerimizde hem bize goldaw-göwünlik berip bizi ýaşaýşa täzeden ymtylmaga itergi bererler. Betbagtçylyklarda, bela-beter gelende berilen sadakalarda, ýaslarymyzda adamlar daş-töweregimizde jemlenişýär. Görüp otursak, biz öz medeniýetimizdaki dürli sebäpler arkaly jemlenişýan jemgyýetimizi, hadysalaryň manylaryny we olaryň netijelerini unudýan ýaly. Meselem, durmuş toýlarymyz. Bir wagtlar toýlary daşarda bererdik, dutarly gyjakly aýdym sazy dinlemäge gelerdi märeke. Soňra “toý mekanlary” gurup toýlary içeride berip başladyk. Şatlygymyzyn sesini köçelerimizden, obadyr şäherlerimizin açyk meydanlaryndan daşlaşdyryp, bir ýere gabadyk. Indi köçeden geçen adamlar eşidilip duran sazy duýup, wagtyny hoşal geçirýän halky görüp bilmeýärler. Olaryň begenjini görüp, gowy zatlara şaýatlyk edip bilmeýärler. Şeýdibem jemgyýetiň içinde daşy diwar bilen örülen toýlarymyzy ýola goyduk. Bir wagtlar, toýlarda saçak bezelende jübüňdäki puluňa göre hereket edilerdi. Maşgalanyň adaty durmuş ýagdaýyndan, hal ahwalyndan habarly adamlar, köp zada garaşmaýardy. Gara çorba ýa-da palow bilen monça bolup öýlerine dolanýardylar. Sebäbi, hemme kişi maşgalanyň nädip gün-güzeranyny aýlaýanyny bilýärdiler. Artykmaç basgy, hantamaçylyk maşgalanyň geljegine zyýan berip bilerdi. Ýöne beýle düşünjeli adamlaryň nesli azaldy. Toýda orta “original” kola ve fanta goýmak uly aýratynçylykdy we olaram goýdurdyk. Öňlerem häzirki ýaly gyz tarapy oglan tarapyndan galyň sorardy. Emma, ynsaply hossarlar, il ýaşulylary bardy. Akdepede (meniň dogduk depäm), mysal üçin, “mal kesişme” diýen däbimiz bar. Iki maşgalanyň ýaşulylary we köpi gören adamlary jemlenişip gyz tarapyna geçiriljek galyňyň mukdaryny kesgitleýärler. Hemme zada maslahatlaşmak we makullyk esasynda karar berilýär. Häzirki döwürde, galyňyň jemgyýetdäki esasy manysy unudylyp, jemgyýetde gatlaklary ýitileşdirýän täze galyňy oýlap tapdyk, täze normlar kesgitledik. Goparyp bilen zadyny goparmaly. Talap etmegiň çäklerini bilmezlik, garşy tarapyň maddy ýagdaýynyň parhyna barmazlyk köp ýaýrady. Gepiň gysgasy, jemgyýetimizde “Ynsap” bardy, indi aramyzdan aýryldy, sebäbi ony ýitirdik. Gadry bilinmeýän baýlyklaryň elimizden sypyp gidişi ýaly. Bularyň ýiteni bilen hem gynanyp özümize gelip bilmedik. Toýlarymyzyň alnyp barlyşyny, görnüşini üýtgetdik. Mysal üçin, import edilen tanslary oýnaýan türkmen tansçylaryny sokduk märekäniň ortasyna. Daşary ýurtlary telewizordan görüp, ýa-da gidip görüp ýene import endikleri däp-dessur edindik. Şeýlelik bilenem toý bermegiň özenindäki manysyny unutdyk. Eýsem, toý iki sany şahsyň durmuşlaryny birleşdirýändiklerini halka ýetirmek, jar etmekdi ahyryn. Bu begençli ädimi we şatlygy özüňi zorluga salman halk bilen paýlaşmakdan ybaratdy. Emma döwür üýtgemedi, adamlar üýtgedi. Döwür şol bir döwür. Toýumyzy im aýratyn, tapawutly, ýatdan çykmajak we özboluşly etmek üçin ýaryş başlanda biz ýüpi elimizden goýberdik. Ýatan ýeriň ýagty bolsun köne türkmen däp-dessurlary. Jemgyýetimizde üýtgeşiklikleriň girizilmegi, täzeçilligiň ýer tapylmagy bilen ylalaşýaryn. Emma bärde biz däp-dessuryň döremegindäki sebäbi, ýerine ýetirilişindäki maksada laýyklygy we birnäçe zady göz önünde tutmalydyrys. Toý etmek maddy ýagdaýyňy bäsleşdirmek, jemgyýetdäki statusyňy kesgitlemek üçin ulanylýan bir ulgama öwrülmeli däl. Jemgyýeti bozup, ony kadaly işleýşine zeper ýetirjek ähli täzelik girizmelerden we özgerişlerden gaça durmalydyrys. Bularyň (üýtgeşiklikleriň, täzeçilligiň) zyýanly ýa-da peýdalydygyny kesgitlemek uly ähmiýete eýe ýumuşdyr. Bu ýumuşlary berjaý etmek başda jemgyýetiň tejribeli, akyl-paýhasly intelligensiýasynyň, jogapkärçiligindedir. Bu bolsa başga makalanyň mowzugy. Gaýgysyz AŞYR | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |