16:39 Ýazyjy Aşyrberdi Kürti ýatlap... | |
ÝAZYJY AŞYRBERDI KÜRTI ÝATLAP...
Ýatlamalar
• Annaş Ballyýew, Serdar şäheri: Aşyrberdi agany ýatlap, onuň gecen durmuş we döredijilik ýoly barada bilýänlerimizi okyjylar bilen paýlaşmak meniň üçin diýseň ýakymly. Sebäbi zehine sarpa goýulýan döwürde halkyň hakydasynda ýaşaýan adamlary ýatlamak sogap iş. Aşyrberdi agany ýatlap, arhiwime ser saldym. Öten-geçenleri ýatladym. Şeýdibem galama ýapyşdym. Aşyrberdi Kürt, kakam Bally Annaş bilen doganoglan. Agam bilen tanyşlygym şeýle: ol köp ýyllap Aşgabatda, Moskwada ýaşansoň, jahyllyk döwrüme çenli diňe onuň adyny eşidýärdim. Talyp döwrümde uniwersitetiň umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýardym. Bir gün giçlik gelsem, işikde oturan nobatçy gyzlar: “Annaş, bagyşlaň bir zat aýtmakçy” diýdiler. “Aýdyberiň, bagyşlap bagyşlamaz ýaly näme bolupmyşyn” diýdim. “Ýaňy salyhatly, gelşikli, geýnüwli bir kişi seni sorap geldi. Senem şu jelegaýlardan tapmadyk. Onsoň bir bölejik kagyza hat ýazyp, goýup gitdi. Takatymyz ýetmän, gidensoň, aýybam bolsa, açyp haty okadyk. Ol-a Aşyrberdi Kürt eken. Gyzlaň biri muňa ynanmadam. Ýerli-ýerden çekeläp, kagyzy düýt-müýt etdiler” diýip, bölejik kagyzlary elime tutdurdylar. Ýerbe-ýer goýup, şu aşakdaky aňlatmalardan zordan okadym: “Annaş! Geldim, tapmadym. Seniň Aşgabatda okaýanyňy ýaňy bildim. Ertir komandirowka ugraýan. Dogar aýyň 1-lerine gelerin. Telefon belgim 52-07. Aşyrberdi Kürt” Şahsy gündeligimde saklanyp galypdyr, bu waka 1968-nji ýylyň güýzünde, ýagny II ýyl talyp wagtym bolupdy. Bir günem çaklaňja ýumoreskalar ýygyndym çykypdy. Begenip, ýüzüne ýazgy ýazyp kitabymy agam Aşyrberdi Kürte sowgat berdim. Kitaby eline aldy-da: “Men, aýalym we gadymkylaryň biz barada aýdanlary” diýip, adyny okady. - Be, bu kitabyň ady nähili. Bally Annaş Zawdan Gyzylarbada göçüp gitdi – diýen ýaly-da – diýdi. Indi käte hekaýa ýazýaryn, “Näme at goýsamkam?” diýip, pikirlenýän welin, agamyň şol aýdany ýadyma düşüp ýylgyrýaryn. *** Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň arhiwinden: “Kürt barada meniň söz açmagymyň özüne ýeterlik sebäpleri bar. Hernä döredijilik komandirowkasyna baran ýerimizde okyjylar Aşyrberdini soraýarlar. Birküç ýyllykda ol ýazmasyny birneme gowşadaýdy welin, “Kürt näme az ýazýarka?” diýip, soraýanlar gaty köpeldi. Dogrusyny dogry aýtmaly: gazetiň ýa žurnalyň täze sanyny eline alan dessine ilki bilen Aşyrberdiniň ýumoreskasyny tapmaga umyt edýänler-ä köp. Ol özüne giň okyjylar auditoriýasyny toplap bilipdir, onuň şol auditoriýasy barha giňelýär, beýle bagt hemme edebiýatçylara ýetdirip durýan bagt däl. Kürt turuwbaşdan öz saýlap alan ýoluna, öz žanryna gaty wepadar adam. Biz bir zady berk bellemelidiris: häzirki zaman türkmen edebiýatynda satira we ýumor žanryny Aşyrberdi Kürtsüz göz öňüne getirmek mümkin däldir”. Abdylla Myradow, belli tankytçynyň arhiwinden: “Soňky ýyllarda türkmen edebiýatynda satira we ýumor žanrynda döredilen zehinli eserler örän seýrekdir. Aşyrberdi Kürtüň edebiýata gelip girmegi bilen türkmen edebiýatynda bu žanryň ösüşinde özboluşly janlanma peýda boldy. Mundan başga-da soňky döwürde Aşyrberdi Kürtüň döredijiliginiň täsiri bilen köp sanly ýumoreskalar çap edildi. Ýaş ýazyjylaryň belli bir derejede Aşyrberdi Kürte eýermäge ýykgyn etmeklerini diňe gutlamak gerek. Onuň iňňän ýiti we batyrgaý eserleri onuň ägirt uly zehine eýedigine güwä geçýär”. • Aşyrpur Meredow, edebiýatçy alym: - Men onuň bilen 1947-nji ýyldan bäri tanyş. Şol ýyllarda biz paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birinde bile okaýardyk. Biziň aramyzda ol iň kiçimizdi. Şol ýyllarda biz alty oglan bolup Eýrandan Aşgabada gelipdik. Hemmämiz institutda okaýardyk. Aşyrberdem aramyzda bile okaýardy. Olar soň alym bolup ýetişdiler, ylmy işleri ýazyp çap etdirdiler, ylymlaryň doktory, kandidatlary boldular, käbirleri döwlet baýragynyň eýesi boldular. Okuw ýyllaryndan soň biz Aşyrberdi bilen dogan ýaly gatnaşykdadyk. Ol maňa parslaryň aýdyşy ýaly “Emu” diýerdi. “Emu” diýmek “aga” diýmekdir. Ýyllar geçdi, Aşyrberdi ilki Marynyň mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işleýärkä, birnäçe gezek onuň ýanyna barypdym. Aşyrberdi mert ýigitdi, dogryçyl we ýüz görmezekdi, diýjegini, öz pikirini çekinmän aýdyp bilýärdi. Ol Moskwada aspirant bolup okaýarka, menem şol ýerdedim. Wekilhanada iki ýyla golaý bir jaýda ýaşadyk. Onuň ylmy ýolbaşçysy Sewortýandy. Ol Aşyrberdiden köp bilmekligi talap ederdi., oňa öwrederdi. Netijede öz wagtynda dissertasiýa goramasa-da, Aşyrberdi kandidatlardan-da köp bilýärdi. Ol ökde terjimeçi bolubam ýetişdi. Soň-soňlar Kürt, köp ajaýyp çeper ýumoreskalary-da ýazyp ýadygär galdyrdy. Meniň kalbymda Aşyrberdiniň mydamalyk orny bar, ony men asla unudyp bilmerin. • Baýram Hojammaýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri: - Ýaşlykdan Eziz Nesiniň hemem Aşyrberdi Kürtüň hekaýalaryny köp okardym. Aşyr aga bilen dostlugymyza onuň kitaba bolan söýgüsi sebäp boldy. Elime pul düşse, kitap alardym. Bir gezek ol tanyş suratkeşiň ýanyna gelipdi. Ol meniň kitaplarymy görüp: “Sen kitaby gowy görýän ekeniň-ä” diýip tanyşdy. Soň-soňlar: “Baýram jan, kitaphanaň açaryny goý” diýip, ussahanamda galardy, bellik ederdi. Aşyr aga duýguçyl, hossarçyl, gönümel, ýöne ýüregi şeýle päk adamdy. Onuň bilen tirkeşmek, meniň üçin uly mekdep boldy. Men ony köplenç Mara äkiderdim. Ýolda bir ýerde kitap dükan bolsa aýlardym. Bir gezek kiçiräk kitap dükanyň agzynda garaşyp durduk. Köçede iki sany oglanjyk oýnap ýör. Biriniň aýagy maýybrak. Aşyr aga: - Baýram jan, sen dur. Häzir gelýän – diýip gitdi. Ýaňky oglanlaryň ýanyna baryp gürleşdi, soňam maýyp oglanjygyň başyndan sypap gaýtdy. “Häk, şojagaz oglanyň aýajygyny bejeribem boljak eken. Onuň ýalylary Moskwada bejerip bolýar, ýöne o ýerlere gidip gelmek üçin harç gerek-dä – diýip, gözüne ýaş aýlap gynanýar. Ünsüni sowjak bolup: - Aşyr aga, birden puluň köpelse, näme ederdiň? – diýdim. - Ýaňky ýaly çagalary bejerderdim – diýdi. *** Bir günem Aşyr agany öýüme çagyrdym. Gapydan girenden, salam berip, aýalym garşylady welin: - Be, Baýram jan, aýalyňmy şu? - Hawa. - Geçen gezek “aýalym” diýip, ussahanaňda tanyşdyranyň-a bu däldi – diýenden, aýalym ýylgyraýdy. - Hak, degişmä düşünýän eken. Arada birine oýun edip diýsem, çyndyr öýdüp telim gün öýkeleşipdirler – diýdi. *** Bir günem günortan tüp yssyda ulagly barýas. Daşarda kän adam görnenok. Diňe üç-dört gat jaýly bir bende, Günüň aşagynda ýeke özi kerpiç göterip, howly örüp ýör welin, Aşyr aga: - Bäh, bu bende şu dünýä hemişelik gelen bolmaly – diýdi. Pahyr, beter garanebsiň ugrunda, janyňdan iren ýaly bolmagy halamazdy. *** Talyp döwrüm, käwagt degişme surat çekip, redaksiýa barardym. Çary Aşyr, Pomma Nurberdi, Aşyr aga ýene-de köp ýazyjylar bardy. Öz aralarynda degşerdiler. “Pylan ýazyjy paraşýutdan böküp bilýan eken” diýenlerinde, Aşyr aga: - Ýeri bökeni bilen, Ýazyjylar soýuzynyň üstünden düşäýmelimi – diýipdi. Mämi kaka diýen kitaby köp okaýan degişgen ýaşulymyz bardy (häzirem bar). Aşyr aganyň “Biler bolsaňyz” atly kitabyny okapdyr. Dilinden düşürmän ýördi. Şonuň bilen tanyşdyrdym. “Görsem” diýip arzuw edip ýördüm. “Ykbal duşurar” diýip pikir edemokdym-diýip, gowy gatnaşykda boldular. Aşyr aga türkmençiligi gowy bilýärdi. • JEMLEME Bir ýyl mundan öň redaksiýada kompýuteriň başynda hat ýazyp otyrdym. Gapydan salam berip, belli mirasgär Ümür Esen geldi. “Giriberiň, ýaşuly. Bölümde gyzlar bardyr” diýip, iş otaglaryň birine elimi uzatdym. Ýarym sagada golaý oturyp, hat ýazyp boldum-da, bölüme bardym. Ümür aga maňa: - Şu ýerde akgamyň uýasy bolmaly, ýörite görmäge geldim – diýip habar gatdy. - Kim ol? – diýsem asyl ol, agamyň hatyrasy üçin meniň bilen tanyşmaga gelen eken. Täzeden görüşmekçi boldum. Ümür aga sag eliniň çermelgi ýeňini aşak goýberip, türkmen ýaşulusynyň edebi bilen elini uzatdy. Ol şonda: “Türkmen aga gowy zady aňsat elinden gaçyrýan däldir. Eger atdanlykda gaçyraýanda-da çöpläp alýandyr. Akgam Aşyrberdi jan, senem türkmen edebiýatyna, sungatyna az-küje goşant goşan dälsiň” diýip, gözüne ýaş aýlap oturdy. Soňam: “Aşyrberdi jan maňa: “Men öläýsem, ýetişmedim diýip gynanmagyn. Eşiden ýeriňde aýat okasaň bolany, ýyldyrym kimin alnyma barar” diýipdi diýip aýat okady. Göwnüm monça boldy. Nesibe, ykbal, gör, meni nirelerde, nähili tanymal adamlar bilen duşurdy. Hakydamda Aşyr kakam hakda ýene-de täze-täze ýatlamalar peýda boldy. Hawa, maňa köp adamlar Aşyrberdi Kürtüň jigisi diýýärler. *** Aşyrberdi Kürt diýen ýazyjy agamyň bardygyny bilýärdim. Ýöne ýeke gezegem ne suratyny, ne-de özüni görüpdim. Ýogsa onuň degişgenligi hakda köp zatlar eşidýärdim. 1984-nji ýylda doganym öýlenip, toý tutupdyk. Ýapdan suw almaga bardym. Garşymdan eli diplomatly, ak köýnekli, syratly adam gelýär. Daş-töweregi synlap, ýitiren zadyny asmandan-zeminden, daglardan gözleýän ýaly ýöräp gelşi üýtgeşikdi. Öz-ä döredijilik adamsy, geýnişem toýa gelýäne meňzeýär. Obamyzda şu gün, erte bizden başga toý edýän ýok. “Aşyr kakam bolaýmasa” diýip, içimi gepledip çakladym. Deňime gelenden: - Salam – diýdim. - Gurgunçylykmy? - Siz Aşyrberdi kakammy?—diýenimden: - Bilemok, sen kim? – diýdi pahyr. Agamam bolsa, şol gezek ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görşümdi. Toýa çagalary hem geldi. 1973--1974-nji ýyl doglan ogullary bardy. Biriniň ady Oguzhan, beýlekisiniňki Togrulbegdi. O wagt sowet döwrüdi. Atlaryny geň görüp: “Bu nätüýsli at boldugyka?” diýip geňirgendim. Pahyr: “Aňryňy bilmezlik ýata suw ýaly bir zatdyr” diýip düşündiripdi. Akgül SAPAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||