13:33 Annageldi Jülgäýew | |
ANNAGELDI JÜLGÄÝEW
Aýdym-saz sungaty
Ýazyjynyň ady we familiýasy: Annageldi Jülgäýew Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasy Doglan senesi: 1929-njy ýylyň 7-nji maýy Aradan çykan senesi: 2018-nji ýylyň 1-nji iýuny Bilimi: 1951-1954ý.ý. Türkmen döwlet sazçylyk üçilişesi. Hünäri: umumy bilim beriji mekdebiň aýdym mugallymy, horuň dirižory. 1980-1985 ý.ý. Türkmen döwlet pedagogik sungat instituty. Hünäri: konsert ýerine ýetiriji mugallymy, halk saz gurallary orkestoryň dirižory. Gysgaça maglumat: 1940-1971-nji ýyllarda Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň Pürli Saryýew adyndaky at gazanan «Halk saz gurallary» orkestrinde ilki sazanda, soň dirižor bolup işleýär. 1971-1981-nji ýyllarda şol edaranyň Türkmenistanyň Döwlet halk tans ansamblynyň dirižory, 1981-2001-nji ýyllarda Mylly Täçmyradow adyndaky türkmen döwlet filarmoniýasynyň Pürli Saryýew adyndaky at gazanan «Halk saz gurallary» orkestrinde dirižor bolup işleýär. Döredijiligi: Annageldi Jülgäýew diýlende onuň gyjak saz guralynda çalan, on iki süňňüňi bogun-bogun yzarlap barýan ajaýyp sazlary gulagyňda ýaňlanyp başlaýar. Bu ýagdaý onuň sazlaryny diňlän her bir adamda-da şeýledir. Ine, oňa ýekeje mysal. Ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewiň «Ussat» atly kitabyndaky: «Seň gyjagyň ýaňlanyp durka, «Ýalançy dünýä» diýip gep urasyň gelenok, Annageldi. Seniň sazyň ýagty jahanyň owazy, ýagty jahanyň waspy. Ylaýta-da ol türkmeniň ýüregine däri, hem teselli. Sen hergiz il-günüňe bergidar bolmarsyň. Sebäbi başyň dikkä ula-kiçä saz çalyp bermek seniň her günki höwesiň. Şunça ýyllar geçdi, hünäriňem özüň bilen goşulyşyp gitdi. Özüňi görsek sazyňy eşidýäs, sazyňy eşitsek özüňi görýäs. Türkmen topragyndan duzuňy şeýle derejede halallamak her kişä nesip etsin» diýen sözler bilen berlen bahanyň özi ýeterlik. Ussat gyjakçynyň döreden «Toý aýdymy», «Ýara garaşýan», «Gözel», «Ýaşlara salam», «Türkmen ýaşlarynyň milli marşy» ýaly ajaýyp aýdym-sazlary onuň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň üstüni ýetirýär. 2007-2018-nji ýyllar aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda mugallym bolup işledi. Onuň halypa mugallym hökmünde ýetişdiren şägirtleri sanardan kän. Halkymyzyň asyrlar aşyp gelen ajaýyp sazlaryny gyjak saz senedi bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynda saýradan ussat gyjakçy degişme dünýäsinden hem daş däldi. Ol diňe saz çalmak bilen çäklenmän, toý-dabaralarda özüniň çuň manyly täsirli gürrüňleri bilenem märekä hezil bermegi başaran köpi gören, durmuş tejribesi baý halypady. Ol sportuň dürli görnüşleri bilen türgenleşmegi gowy görerdi. Her gün ir bilen uzak aralyga pyýada ýöreýändigine köpler şaýat bolandyrlar. Ussat sazanda hakynda dürli ýatlamalar halkymyzyň hakydasynda ýaşaýar. Çeşme: Hudaýberdi Durdyýewiň «Ussat» atly kitaby Taýýarlan: Akgül SAPAROWA. Taýýarlanan senesi: 06/05/2022 Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/annageldi-julgayew/. 17.10.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |