15:21 Orazmyrat Gummadow: gözelligiň aşygy | |
ORAZMYRAT GUMMADOW: GÖZELLIGIŇ AŞYGY
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadowa tanyş-bilişleriniň köpüsi «Oram kaka» diýip ýüzlenýärler. Onsoň menem oňa agam Aşyrberdi Kürtüň ýakyn dostlarynyň biri bolansoň Oram kaka diýip endik edipdirin. Agamyň arhiw suratlarynyň arasynda suratkeşleriň biri tarapyndan onuň «dostluk degişmesi» diýlip çekilen suraty bar eken. Orazmyrat aganyň köplenç kärdeşi Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew bilen tirkeşip ýörendigini bilemsoň, bir gün oňa şol suratyň bardygyny aýtdym. Ol: «Howlukma, Oram kakanyň 80 ýaş toýuna şol suraty ulaldyp sowgat bereli!» diýdi. Men ondan Oram kakanyň haçan segsen ýaşaýandygyny soradym. Ol: «Oram kaka1941-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Keseýap obasynda doglan. Nesip bolsa sentýabryň 25-ine doglan güni. 1958-njy ýylda Mary şäherindäki 10-njy mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlapdyr. Okuwçy wagtlary Marynyň «Kemine» adyndaky drama teatrynda çagalaryň, ýetginjekleriň keşplerini döredip Gulkişi Gulmyradow, Gulluk Hojaýew, Meret Atahanow ýaly ägirtleriň elinde terbiýelenýär. Öte sowatly halypa. Özem iki ýokary okuw mekdebi tamamlan. Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky Teatr sungaty institutynda «Kino we drama aktýory» hünärini ele alýar. Soň Moskwanyň Bütinsoýuz kinematografiýa institutynyň «Çeper filmleriň kinorežissýory» bölümine okuwa girip, 1973-nji ýylda tamamlaýar» diýdi. Nesibe ýokdur-da, Orazmyrat aga 2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde dünýeden gaýtdy-da, şol surat oňa gowşurylman galdy. Şonda Anna Meläýew: — «Adamyň içki dünýäsem, daşky keşbem owadan bolmaly» diýen söz bar. Oram kaka içki dünýäsem, daşky keşbi ýaly owadan, hemişe gözellige aşyk bolup ýaşan halypa. Meniň pikirimçe hiç bir ynsan «Oram göwnüme degdi» diýer öýdemok. Ol ynsansöýer adamdy. Döredijilik bilen ýaşady. Tebigat gözelliklerinden lezzet alyp, bakan ýerinden tema tapyp bilýärdi. Şeýlebir fantaziýa baý adamdy. Onuň bilen ilki gaýybana tanyş boldum. 1979-njy ýylda Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe baranymda, kinorežissýorlar Meret Atahanow bilen Hojadurdy Narlyýew ikisi Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany esasynda «Uzuk» atly kinofilmi surata düşürýärdiler. Filmiň gahrymanlarynyň biri «buljuň» keşbinde Orazmyrat Gummadow surata düşýän eken. Şol wagtky demirýol klubynda filmdäki Uzuga sud edilýän pursat surata düşürilmeli boldy. Oram kaka bolsa, Moskwada iş saparyndady. Onsoň maňa şol gahrymanyň sahna lybaslaryny geýinip Oram kakanyň deregine dublýor bolup surata düşmek ynanyldy. Şonda 18 ýaşymdadym. Soň onuň bilen tanyş bolduk. «Howlymda erik baglarymyň miwesi ýetişdi. Ýeke özüme erik ýygmak kyn, kömek ediň!» diýip Hojaberdi Narlyýew ikimizi öýüne äkidipdi. Howlusynda erik kakyşypdyk. Ol kinorežissýor hökmünde «Bäşinji hazyna» atly üç seriýaly filmi surata düşüripdi. Şol filmde radio habarçysynyň keşbinde surata düşdüm. Gysgajyk degişme sahnalarda bile işleşdik. Ol «Mollanepes» atly filmiň edebi esasyny özi ýazyp surata düşürdi. Şol filmi bilenem özboluşly nusgalyk ýoluny goýdy. Oram kaka keşp döredende-de nusgalyk derejede oýnaýardy. Anyk ýadymda däl 2003-nji ýyldy öýdýän Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanow «Gök böriniň aýdymy» atly filmi surata düşürdi. Şonda maňa-da baş keşpleriň biri ynanyldy. Emma daşary ýurtda iş saparda wagtyma gabat geldi-de, maňa derek Oram kaka surata düşmeli boldy. Ikimiziň ýüz keşbimiz gabat gelýäni üçin köplenç dublýor bolýardyk. Kä wagt şol filme tomaşa edýän welin, kinonyň bäş sany baş gahrymanlary bar. Bäşisem häzir aýatda ýok welin, eger menem şo filmde surata düşen bolsam…diýip oýlanýan. Oram kaka bilen soň Türkmen döwlet medeniýet institutynda bile işledik. Halypalyk etdi. Ol hormatly Arkadagymyzyň eserleri esasynda gowy oýunlary sahnalaşdyrdy. Onuň şol sahna oýunlary baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ol başga-da kän sylaglaryň eýesi.1978-nji ýylda Russiýa federasiýasynyň Ýewropada iň uly bolan «Мосфильм» kinostudiýasynda «Ýaşlar eksperimental — synag» studiýasy açylýar. Şol kinostudiýa ýaş kinorežissýor wagty Oram kaka-da çagyrylýar. Ol şol studiýada «Meniň uly söýgim — Ergonomika» — diýen çeper filmi goýup, uly synagdan üstünlik bilen geçýär.1990-njy ýylda ol Türkmenistanyň kinematografiýaçylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. 1991-nji ýylda Russiýa federasiýasynyň kino akademiýasynyň «НИКО» baýragyna üç ugur boýunça dalaşgäri bolýar. 1992-nji ýylda-da ol Atageldi Garýagdyýew ikisi hemme sungat eserleriniň içinde tapawutlanandyklary üçin «Şol ýylyň ýyl Gahrymany» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, birnäçe Halkara kinofestiwallaryň abraýly baýraklarynyň eýesi boldy. 1997-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. 2009-njy ýylda ikimizem bile «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolduk. Awazada gowşurylan döwlet sylagymyzy bile alyp geldik. Oram kakanyň ogly Tahyrdan, gyzy Jennetden agtyklary bar. Ilki-ilkiler entek maşgala agzalary bilen tanyşmankam ol iki sözüniň birinde Maral diýip biriniň öwgüsini ýetirýärdi. Soň bildim, ol ýanýoldaşy Maral gelnejäni öwýän eken — diýip gürrüň berdi. Oram kaka hakykatdanda zehinli halypalaryň biridi. Ol pikirlenmegi gowy görýän artistdi. Täze detallary tapmaga ökdedi. «Kemine» filmini surata düşürdi. Ol özboluşly ýol goýan zehindi. Halkymyzyň söýgüli artisti. Türkmenistanyň halk artisti kinorežissýor Muhammet Söýünhanowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň eseri esasynda surata düşüren «Ajaýyp» atly çeper filmindäki döreden «Gara gijen» keşbi onuň edebi lakamyna öwrüldi. Bu mysallar onuň köptaraply zehininiň hemem ýokary derejedäki ussatlygynyň subutnamasy. Oram kaka bilen kä wagt jaňlaşyp hal-ahwal soraşýardyk. Baýramçylyklarda ony jaň üsti bilen gutlaýardym. Bir gezek Täze ýyl baýramçylygynda agamyň gatnaşan dostlarynyň aýatda barlarynyň ählisini diýen ýaly gutlap çykdym. Şonda Oram kakany jaň edip gutlanymda ol: «Köküňiz berkden maşgalanyň dowamysyňyz» diýip alkyş sözlerini aýdypdy. Bir günem onuň bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde zehinli suratkeş doganlar Jöwza hem Hoşgeldi Şahberdiýewleriň ýatlama sergisinde çykyş etdik. Şonda Orazmyrat aganyň: «Hoşgeldi Şahberdiýew gysga ömründe kalbymda uly ýatlamalar galdyrdy. Ol hiç wagt özi üçin bähbit gözlän adam däldi. Şeýlebir ýüregi ýuka, dözümsiz, arassa ýürekli adamdy. Köçäniň ugrundan ýöräp barýarka biri ýeňil geýinip ýagyşda galan bolsa, egnindäki penjegini berip, özi sowuga döz gelip bilýärdi. Oba ýerlerindäki saglyk öýlerine lukmançylyga degişli surat eserleri gerek diýseler, nyrhynyň gürrüňini etmän öýünde duran eserlerini sowgat beräýerdi. Öz ýanymdan «şahsy arhiwindäki eserlerini beýdip dargatsa, soň sergi guramaly bolanda özünde üýtgeşik eserleri galmaz» diýip pikir ederdim. Ýalňyş pikir eden ekenim. Hoşgeldiniň dünýeden gaýdanyna näçe ýyllar geçdi. Emma onuň şol saglyk öýlerine, mekdeplere beren sungat eserleri häzirem miras dur» diýipdi. Bir gezegem Oram kaka jaň edip, ýazyjy dramaturg, terjimeçi Oraz Akmämmedowyň terjimeçilik sungaty bilen bagly bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol: — Oraz Akmämmedow bilen ýaş tapawudymyz bolsa-da dostduk, gowy gatnaşykda bolduk. Kino terjimeçiliginde kän iş etdi. 200-den gowrak filmi terjime etdi. Soýuz döwri dünýä ýurtlarynyň kinolaryndan köp terjime edilerdi, ilki bilen diýlen ýalam türkmen telewideniýesinden berlerdi. Oraz Akmämmedowyň dili gowy, ýeňilden ýiti dili bar. Komediýa žanrynda hem gowy ýazýardy. Onuň A. D. Ilowaýskiniň hindi ertekisi esasynda ýazan «Çandunyň başdan geçirenleri» atly pýesasyna terjime eserini ussat režissýor Durdymämmet Oraýew öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda sahnalaşdyrypdy. Erteki esasynda ýazylan eser bolansoň, çagalar üçin oýun diýilýär, ýöne ol oýna uly ýaşly tomaşaçylaram höwes bilen tomaşa edýärler. Şol sahna oýunda men maýmynyň keşbini janlandyrdym. Häzir ol oýun Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda täze režissýorlaryň sahnalaşdyrmagynda täze artistler bilen tomaşaçylara ýetirilýär. Türkmen diline terjime edilen kinofilmleriň 70 göterimi Oraz Akmämmedowa degişli diýip arkaýyn aýdyp biljek — diýip, Oraz Akmämmedowyň terjime eden kinolarynyň atlaryny sanaşdyrdy. Ol kinolar häzirki wagtlarda-da teleýaýlymlarda görkezilende hezil edip tomaşa edýän filmlerimiz bolansoň, her birindäki pursatlar göz öňümizde janlandy. Makala «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň 2020-nji ýylyň 2-nji sanynda «Terjimeçi, dramaturg hem ýazyjy» at bilen çap boldy. Orazmyrat aganyň aýdan gürrüňlerini öz ady bilen makalamda ýerleşdirdim. Ol: «Mazaly aýdan gürrüňlerimi aýdyşym ýaly kagyza geçiripsiň. Begendim, özüm ýazan ýaly edibem adymy goýupsyň, sag bol, gyzym!» diýip jaň etdi. Onuň režissýor hökmünde-de, artist hökmünde-de, mugallym hökmünde-de bitiren işleri az däl. Birden gyssagly ýagdaýda sowal ýüze çykyp, bilmeýän zadyň bolsa, haýyş bilen jaň etdigiň bilýänini öwrederdi, bilmeýän bolsa bilýänleri salgy bererdi. Orazmyrat aga kino sahnasyndaky döreden «Gara gijen» keşbi bilen tanalansoň, uly ýaşdaky adamlaryňam oňa «Gara gijen» diýýän pursatlaryna kän gabat gelmek bolýar. Bir gün «Miras» teleýaýlymynda agam Aşyrberdi Kürt hakynda «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanan gepleşik berildi. Gepleşikde Orazmyrat aga-da çykyş etdi. Ol: — Aşyrberdi Kürt hakynda söhbet açylanda kän-kän ýatlamalar bar. Sebäbi men ony has ir tanaýan. Öň biz oňa Aşyrberdi Gurdow diýerdik. Geçen asyryň ortalarynda ylymy sowady bilen dünýä belli akademik Baýmuhammet Garryýew şol döwürde Moskwanyň bütin dünýä gündogary öwreniş institutynda işleýärdi. 1959-njy ýylda men Moskwanyň dünýä belli Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty institutynyň kino we drama aktýorlygy taýýarlaýan bölüminde okap ýördüm. Şonda Baýmuhammet Garryýew biz — talyplaryň dilimizi barlaýardy. Günlerin birinde Garryýew maňa: «Men seni öte sowatly bir adam bilen tanyşdyrjak. Ol adam Aşyrberdi Gurdow» diýdi. Menem oňa uly höwes bildirdim. Şeýdip akademik Garryýew bilen gitdik. 18 ýaşymdadym. Aşyrberdi Gurdow hakynda öň eşidýärdim. Meniň öň eşidýänligimiň sebäbi başlangyç mekdepde okap ýörkäm meni okadan mugallymlarym şo wagtam ýaşuly mugallymlardy. Şonda mugallymlarymyz Aşyrberdi Gurdow diýip kän ýatlardylar. «Aý, oň bilmeýän zady ýok. Aý, ol dünýäň hemme ylymlaryndan habarly, gepiň tümmek ýeri bizi haýran edýär» diýip, her sapaga girenlerinde gürrüň ederdiler. Onsoň adyny eşidýärdim, özüni göremokdym. Baýmuhammet mugallymdan: «Olam siziň ýaly professormy ýa-da doktormy?» diýip soradym. «Ýok, oň derejesinden beýik» diýdi. Şeýlelik bilen 1959-njy ýylda Baýmuhammet Garryýewiň hemaýaty bilen Aşyrberdi Gurdow bilen tanyşdyk. Garryýew Moskwada işläp ýörkä Türkmenistana çagyrýarlar. Ol Türkmenistana gaýdanda-da, öz ýerine Aşyrberdi Gurdowy goýup gaýdýar. Biziň dilimizi barlamak üçin. Türkmeniň çeper, owadan, eziz dilinde gürlemegi ýitirmez ýaly. Ana, şol pursatlarda-da biz Aşyrberdi Gurdow bilen gaty ýakyn ysnyşdyk. Dünýäde möçberi, kitaplaň sany, baýlyk hazynasy boýunça 2-nji kitaphana hasaplanýan Lenin adyndaky kitaphana bardy. Şol kitaphanada köplenç onuň bilen duşuşýardyk. Kä wagtlaram başga bir kitaphanany salgy bererdi. Gepiň gysgasy biziň duşuşýan ýerimiz hemişe kitaphanalardy. Okuwymy tamamlap Aşgabada geldim welin, geläýen badyma «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň baş ýolbaşçysy: «Ynha, şu ýerde seniň mollaň bar» diýdi. Hiç zatdan habarym ýok. Kim ol mollam? — diýdim. «Aşyrberdi Gurdow» diýdi. Siz meniň mollamdygyny nädip bilýäňiz? — diýdim. «Siz hakynda köp zatlar gürrüň berdi » diýdi. Şo wagtlaram «Naýza» atly on minutlyk kino žurnal hereket edýärdi. Içinde bary-ýogy dört sanjak waka bolup geçýär. Ýöne uçursyz, gaty çylşyrymly, kyn sungatyň kinodaky görnüşi. Şo ýerde iki minudyň içinde uly meseläni çözmeli. Özem çeper dilde, kinoň dilinde. Ägirt uly jogapkärçilik. Oňa-da halk garaşýar. Ana, seň mollaňa şoň baş redaktory, senem onuň baş režissýory» diýdi. «Baý, men bagtly adam» diýdim. Şeýdip 1959-njy ýylda başlan ysnyşyk indi has ýitileşdi. Has döredijilik täsire eýe boldy-da, köp zatlary ondan öwrendim. Aşyrberdi Kürtden öwrenenimiň sebäbi şo wagtlar ol ürç edip gysgajyk, gülküli hekaýalar ýazýardy. Şoňa-da halk garaşýardy. Bilemok ol meşhurlygy näçe wagtyň içinde gazandy. Köplenjem hekaýalary «Edebiýat we sungat» gazetinde çykardy. Onuň gülki hakynda maňa diýýän zatlary bardy. — Bilýäňmi, gülkiň nämedigini? — diýdi. Aý, gümana edýän welin, bilemok diýdim. — Güman edýän bolsaň eýýäm bir zatlar aňýaň. Hany, aňýan bolsaň aýt — diýip sözümi böldi. Bir gülki bar, halky akyl paýhas bilen güldürýäň. Gülki bar, ol hakyky gülki. Öz tebigaty gaty baý. Ýene bir gülki bar. Şo gülkini ýasajak bolýaň, halka ýetirjek bolýaň welin, şony oňarmanlygyň sebäpli öz üstüňden güldürýäň diýdim welin: «berekella, düşünişen ekenimiz» diýdi. Oňa nusgawy beýikleň romanlaryny, hekaýalaryny terjime edende hany, mollam, menem bir zatlar aýdaýyn diýdim. Uly şygryýeti bir dilden başga bir dile terjime etmek mümkin däl. Prozada-da şeýle. Taryhy başga, dili başga, hemme zat bar. Nädip ony beýleki dile asyl nusgasynyň çuňlugyny, giňligini, belentligini peseltmän terjime etjek?— diýdim. «Şoň üçin beýikleň beýik işlerini terjime etjek bolsaň, birinji nobatda beýikleri gaty çuňdan beýiklerçe öwrenmeli» diýdi. «Öwreneniňden soň, oň dil aýratynlyklaryny öwrenmeli» diýip, onuň döwrüni, häsiýetini, hemmesini sanaşdyrdy. Ol mugallymçylyk eden döwründe okuwçylarynyň hemmesem özünden uly eken. Onuňam öz sebäbi bar. Uruş döwri okap bilmedikler wagt geçip bilesi gelýänler, okasy gelýänler, ylym alasy gelýänler Marydaky üç ýyllyk başlangyç mugallymlary taýýarlaýan mekdepde okamaga gelýärler. Bir günem iki bolup otyrdyk welin: «Orta Aziýada ilkinji Gahryman Gurban Durdyny tanaýaňmy?» diýdi. Baý, Gurban Durdyny bilmeýän barmy? — diýdim. «Ýör, onda, bile gideli, şolar myhmançylyga çagyrýarlar» diýdi. Sizi çagyrýar, men näme — diýdim. «Tanyşdyrjak» — diýdi. Bardyk. Olaram professor Mäti Kösäýewler bile bir ýerde ýaşaýan eken. Görüp otursak Aşyrberdi Kürt Marynyň üç ýyllyk başlangyç synp mugallymlary taýýarlaýan mekdebinde Gahryman Gurban Durdynam okadan eken. Bir günem öýümizde gowy görýän adamlarymyzyň ikisi otyrdy. «Ylham» seýilgähi hakynda gürrüň çykdy. Seýilgähiň açylyş dabarasy wagtynda men iş sapary bilen gidemsoň, paýtagtda däldim. Seýilgähde kimleň heýkeli goýuldy? — diýip soradym. Ikisem bu zatlara belet adamlar. «Ilki bilen seň mollaň heýkeli goýuldy» diýip aýtdylar. Soň gije sagat dört töweregi daň ataryna-da garaşman ýeke özüm seýilgähe gitdim. Gördüm welin, mollamyň heýkeli seýilgähde otyr. Bilemok welin, bir sagat dagy seredip durdum. Hiç hili gürläbem bilemok, dilimem ysanok. Gözümem aýryp bilemok, seredip durun» diýip, gürrüň berip durka tolgunmadan gözlerini ýaşlap durşy gaty täsir etdi. «Türkmeniň şöhratyna şöhrat goşan söwer ogullaryna, söwer gyzlaryna şeýle ýadygärlikleri goýmak hormatly Arkadagymyzyň parasadyndan» diýip alkyş sözlerini aýtdy. Şol gepleşigi gören tomaşaçylaryň käbirleri jaň edip, käbirleri ýüzbe-ýüz: «Agaň hakynda Gara gijen şeýlebir gowy gürrüňler aýtdy. Özem agaň heýkeliniň oturdylanyna begenip aglap çykyş etdi» diýip, onuň kinodaky keşbi bilen gazanan lakamyny hakyky ady ýaly aýtdylar. Muny aýtmak bilen olaryň ählisiniň Orazmyrat aganyň kino sahnasyndaky döreden azajyk pursatlyk gysgajyk keşbi bilen baş gahrymanyň keşbi ýaly ýatda galyp, gazanan lakamy bilen ýatlanmagy onuň artistlik ussatlygyndan habar berýär. Saýlan hünäri bilen özüni halkymyz hem döwletimiz tarapyndan ykrar etdiren halypa Orazmyrat Gummadowyň ýetişdiren şägirtleri sanardan kän. Olar öz mähriban halypalaryny ýagşylykda ýatlaýarlar. Şu ýerde Oram kakanyň zehinli şägirtleriniň biri Ýagmyr Türşekowyň halypasy hakynda ýazan makalasyndan parçalary mysal getirmekçi. Ol: «Hereketiň nyşany diýlende, ilki bilen aýlawly, göni, ýokaryk-aşak, gapdala ýol-ugur görkeziji şekiller göz öňüňde janlanýar. Meniň üçin bolsa, eli torbaly işe tarap, özi hem, edil toýa barýan ýaly şähdi açyk, güler ýüzli, gadamlary hem batly adamyň şekili göz öňüme gelýär. Ol adamyň şekilini bolsa, halypa Orazmyrat Gummadowyň teatr sahnasyna belki-de, kino surata alyş meýdançasyna tarap, torbasynyň içinde hem täze dörejek kino ýa-da spektakl eseriniň küt-küt edebi esasy ýazylan sahypalaryny göterip barýan pursatlary aňymda aýlanýar. Onuň saýlan ýol-ugry adaty ugurly ýol däl. Ol, egrem-bugram, aýdyň hem aýan bolmadyk syrly ýol. Bu ýol belgilerden, çelgilerden, simwollardan, metaforalardan, öwrümli, tilsimli, alamatly, gudratly-keramatly täsinliklere baý ýol. Ol, täze ýol görkeziji nyşan». Söz sungaty bilen şöhlelendirilýän bu jümleler Orazmyrat aganyň keşbini bada-bat göz öňüňe getirýär. Ýagmyryň ýürek goýup, juda beletlik bilen ýazan makalasynda halypa-şägirtlik gatnaşygyndaky ýakynlyk bar. Ol: «Halypanyň sahnada döreden keşpleriniň, drama režissýory hökmünde goýan spektakllarynyň, surata düşüren kino eserleriniň, ýazan ssenarileriniň we pýesalarynyň sanawyny diňe agzap, barmak büküp sanap, belläp geçmek üçin, bir makalanyň möçberindäki gerimi darlyk edýär. Onuň her bir döreden eseri barada durup geçmeklik üçin, kitap geriminde uly göwrümi talap edýär. Bu babatda, medeniýet-sungat ugrundan ylmy iş ýazjaklara dissertasiýa goramaga ýa-da medeni aň-bilim ugry boýunça gollanma hökmünde, küti kitaplary ýazmaga maglumat gaznasyna baý döredijilik gory bolup biljekdigini ynamly aýtsa bolar. Onuň gaýtalanmajak, hiç kime meňzemeýän keşbi bar. Dünýä modelleriniň okuwyny alan ýaly, geýinişidagam täsinligi bilen tapawutlanýar. Boýdan başa reňk saýlap, haýsy penjek bilen haýsy jalbary geýinmeli… Onuň geýim-gejimleri bir otagyň içine sygmasa gerek. Ol, şu gün egnine atyp gelen geýimini gaýtalaman, birnäçe aýlaw başga-başga täze görnüşlerde ýalkym saçýar. Onuň özi eginbaş barada şeýle diýýär: — Aý menä dogrymy aýtsam, gatybir egin-eşige üns berýän adamam däl. Ýöne, ynsanyň daşky lybasy diýmek, adamynyň dünýäni duýuş, dünýäni syzyş, dünýäniň hemme zatlaryna baha beriş, täsir ediş ýaly, inçe duýgularynyň hemmesi göni onuň içki dünýäsine gönümel salgynamadyr. Sebäbi, onuň egin-eşigi saýlap alyşynda, geýinişinde içki dünýäsi edil, aýnada gören ýaly, onuň häsiýetini açyp görkezýär — diýerdi. Dogrusy halypany synlap, oňa meňzäsiň gelýär. Orazmyrat halypa sungat barada «Edebiýatyň we sungatyň hemme žanrlarynyň bar maksady, nämäniň başyny agyrdýan bolsa, ilki bilen ol eserde öz döwrüniň diňe ýürekden ýürege eltýän ýürekdeş temalaryny gozgamalydyr!» diýýärdi. Haçanda hünär bilen hünärmeniň arasynda aşyk-magşuklyk bolanda, diňe şo ýagdaýda beýik-beýik halypalar, beýik-beýik şägirtler, beýik-beýik eserler döreýär… Men bu makalama başlamazdan ozal, halypa, siz barada syn ýazasym gelýär welin, ýöne başlap bilemok! Belki, sizi, sungatyňyzy ýeterlik derejede öwrenip ýetişmändirin ýa-da nämedir bir zat meni saklaýar. Inçe sungatyňyza bolan uly hormatymy kagyza geçirip, halka ýetiresim gelýär — diýip, halypanyň özünden maslahat soradym. Ol, uludan demini alyp: — Men bir ýönekeýje adaty adam, ýöne bu zatlaryň has beterrägine duçar boldym — diýip, köpmanyly pikire çümüp, gürrüňe başlady: — «Kemine» çeper filmi bilen dünýäniň ençeme kinofestiwallaryna gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldum. Otuz ýyl mundan ozal, Germaniýada geçiriljek Halkara kinofestiwalyna barýarkam, Moskwanyň üsti bilen gitmeli boldum. Myhmanhanada gijäniň bir wagty dynç alyp ýatyrkam, ine, şeýle bir öte üýtgeşik syrly ahwalata gabat geldim. Birden göz öňümde duýdansyz düşnüksiz ýagdaýda yşk mülküniň şasy, türkmeniň saýrak bilbili Mollanepes şahyr peýda boldy. Bu hadysanyň has geň ýerem, türkmeniň juda özboluşly, dünýäde hiç bir suratkeşe meňzemeýän, Bäşim Nuralynyň çeken Mollanepes şahyryň ölmez-ýitmez portreti janlanyp, ýatan otagymyň penjiresiniň öňünde edil diri adam ýaly, meniň bilen ýüzbe-ýüz duruberdi. Oýaly-ukuly, alasarmykdym. Bu bolýan zatlar düýşdür öýdüp, gözlerimi açalak-ýumalak edip, ellerimi-aýaklarymy çümmükläp gördüm. Ýöne bu ýagdaýa düşünip bilmedim, ol edil diri ynsan ýaly, gözlerime dikanlap ýöne ýylgyryp durdy. Ör turup öňünde uly hormat bilen baş egdim. Birdenem, onuň nazary otagyň bir burçunda duran «Kemine» filminiň kinoplýonkalary salnan gutulara düşdi. Men gorka-gorka müýnürgäp, Mollanepes şahyra: — Bagyşlaň! Kemine halypaňyz barada düşüren filmim göwnüňizden turmandyr öýdýän?! diýdim. Ol mähir bilen minnetdar ýylgyryp, «ýok-ýok» — diýen yşarat etdi. Oňa «görüp otursak film halkyň garaşan keşbinden başgarak zat bolup çykaýdy-da» — diýsem ol, öňküdenem beter ýylgyrmagyny dowam edip, «yok-yok» — diýen manyda kellesini ýaýkady-da, gözlerime has mähirli dikanlap durdy. Birdenem şahyra «Sizem özüňiz hakynda film döretmegimi göwün edýärsiňizmi? — diýenimi duýman galypdyryn. Ol, edil günäsiz çagajyk ýaly utanyp, gyzaryp, «Hawwa» — diýen yşarat etdi. Şo pursadam gözden gaýyp bolan ýaly boldy-da, ol ýene peýda bolup, ýylgyryp baş egip gitdi. Şu ahwalatyň has geň hem syrly ýeri, bu ýagdaýyň düýşmi ýa-da huşdugyny şu güne çenli aýyl-saýyl edibilmän gelýärin. Ana, şol pursatdan başlabam, bar döredijilik oýum-küýüm, matlabymy diňe Mollanepes filminiň döredilmegine gönükdirdim. Şonuň üçinem inijigim gördüň-ä, biziň hünärimizde çekinjeňlige, ýaýdanmaga maý ýok. Ýaýdanmak duýgusy bize ýedi ýat bolmaly! Tutdyňmy bir maksady, ýüregiňe daş baglap, dogumly daraşmaly. Işleriň ugruna bolsun! – diýip, meni gürlemäge goýman, sözlerini soňlady. Halypa maňa-ha ylham berip, ganatlandyrdy-da, özi bolsa, şobada gününe goýmaýan şübheleri hakda zeýrenip başlady: — Aňymda görýän, duýýan we bolup geçýän harasatlary ekrana geçirip bilmän ejir çekýärin. Günüme goýmaýan duýgularyň ýüzden on göteriminem tomaşaça ýetirip bilemok. Ana, şol halka ýetirip bilmeýän duýgylarym meni gara kösem edýär. Aýtjak bolýan zadymy doly beýan edip bilmeýänligim üçin, öz öňümde, döwrüň öňünde özümi agyr günäli duýýaryn — diýdi. Haýran galaýmaly. «Mollanepes» filminde hut şahyryň beýnisine girip, beýniňi gorjalaýan ýaly agyr duýgulary başdan geçirýärsiň. Sazyň täsirini diýsene! Şekilleri sözsüz öz labyryna dolap, seni yzy bilen alyp barýar. Mollanepesiň eser döredýän pursatlarynda başdan geçirýän ejir-hupbatlary, şahyry gysyp-gowrup barýan eseriň içindäki her bir gatnaşyjy keşbiň darkaşy juda ötgür täsirli. Küşt tagtasynyň üsti bilen ol, keşpleri, häsiýetleri ýerbe-ýer goýmaklyga dalaş edýän şahyryň kelebiň ujuny ýitirip, näderini bilmän, düşýän gününi görüp, oňa duýgudaşlyk bildirýärsiň. Ekranda hiç hili ýasamalyk ýok. Özüňi şolaryň içinde duýýarsyň. Adam bilen Arşyň arasynda bolup geçýän ahwallara içgin aralaşýarsyň. Özüňi olaryň ýerinde goýup, dürli çözgütleri agtarýarsyň, şahyr bilen çykalga gözleýärsiň. Şol sanda hem ederiňi bilmän, el-aýagyňy ýitirýärsiň. Gara basyp ýatan Mollanepesiň teň halyna ýüregiň awaýar. Eseri eser edýän, aňda bolup geçýän darkaşyklary açyk we aýan görýärsiň, duýýarsyň. Elbetde, muny tomaşaça ýetirmek diňe ussat režissýorlara başardýar. Mollanepesiň çykalga tapman burça gysylyp oturyşyny göreniňde nebsiň agyrýar. Oňa, ýerli-ýerden özlerine berlen häsiýetler üçin nägilelik bildirip, daşyna geçip, şahyry enter pelege öwrüp, «It alan sanaja» döndürýärler. Şahyr çykalga-sypalga gözläp, her dürli göçümler edip, bu demkötel ýagdaýdan çykmanyň yşyny, ebeteýini gözleýär. Adalatlylyk hatyrasyna, dünýäni düzetjek bolup, ýykyp-ýumrup täzeden gurup däl-de, şol öňki duran ýerinden, dürli-dürli göçümler bilen adyl ýoly gözleýär. «Mollanepes» filmi hakynda kän-kän synlar ýazyldy, döredijilik duşuşyklarynda birnäçe çykyşlar edildi — diýip, ol «Mollanepes» filmine kino bilermenlerinden düzülen çeperçilik Geňeşiň agzalarynyň resmi ýagdaýda geçirilen maslahatynda beren bahalaryny ýazgy edipdir. Ynha, olaryň çykyşlary. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (Kino we ses režissýory) Sapar Mollanyýazow: — Film meni durkum bilen özüne bendi etdi. Bir pursadyň üsti bilen şahyryň geçmişi, geljegi, döredijilik matlaby we özüniň özüne bolan çakdanaşa ýokary ahlakdyr-ynsap talaplary, çeperden-çeper beýan edilipdir. Film bir demde başlap, bir demde-de gutarýar, başdan-aýagam edil jady ýaly gözüňi gyrpman seretmäge-de mejbur edýär. Bu täsin eser hemmetaraplaýyn iň ýokary sungatdan aýdyň nyşan! Türkmenistanyň Halk artisti (Kompozitor) Daňatar Hydyrow: — Meniň pikirimçe bu kämil film kinematografiýa äleminde uly täzelik, uly açyş. Režissýor Beýik şahyryň ömrüniň göz açyp-ýumasy salymynda, ýagny bir pursatynda onuň bakylyga barabar döredijiligini ezberlerçe suratlandyryp bilipdir. Bu özboluşly täsin film hiç hili sýužetsiz aňk edip, özüne seretdirýän hakyky liriki kinoroman bolupdyr. Görnükli kino we teatr tankytçysy Farida Gylyjowna Ýemelýanowa: — Men bu filme kän gezek tomaşa edenimden soň, adaty bolmadyk, iňňän zehinli eseriň dörändigine açyk göz ýetirdim. Her gezek şu filme tomaşa edenimde men özüm üçin täze-täze gatlaklary açýanymy mese-mälim duýdum. Muny näçe gördügiňçe şonçada ýene täze gatlaklar açylyp başlaýar. Meniň pikirimçe hakyky ýokary derejedäki sungat eseriniň ykbaly, tebigaty diňe şeýle bolmaly! Türkmenistanyň halk artisti (Kinorežissýor hem-de kinooperator) Osman Saparow: — Döredijilik şahsyýeti barada film etmek hemişe adatdan daşary kynlygyna galýar. Gummadow bu kyn meselede has çylşyrymly, has töwekgelçilikli, has çarkandakly ýoly saýlapdyr. Birnäçe waka ugurlaryny üsti-üstine ýükläp, olaram iň soňky şirwan perdedäki dartgynly haldaky çäksiz, serhetsiz, beýik ösüşe gönükdiripdir. Şol ugur-gatlaklary agsatman, büdretmän filmiň baş maksadyna tabyn edip, ahyryna çenli alyp çykmak mümkin däl! Režissýor şol mümkindäl zatlary özüniň ýiti zehini bilen mümkinleşdiripdir. Bu eser biziň kino baradaky öňki gözümiziň, aňymyzyň öwrenişen kada-kanunlaryny döwüp, bozup olaryň çygryndan çykyp, soňuny saýmaz gaýduwsyzlyk bilen täze, entek ýörelmedik ýodasyz, tarp ýoldan ýöräpdir. Elbetde bu film dünýä kinematografiýasynda uly açyş! Filme tomaşaçylaryň togsan göterimi düşünmezlikleri mümkin. Bu inçe senediň hak aşyklary wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan geler, hökman geler! Çünki durmuşyň mizemez tebigy kanuny boýunça, hemme täze kämil senetler hemişe wagtyň geçmegi bilen özüniň mynasyp ornuny eýeläp gelýärler. Filmi ýazyjylara, şahyrlara, suratkeşlere görkezmeli. Geňeş agzalarynyň ýene biriniň çykyşy: — Dogrudanam bu eser kino sungatynda täzelik, açyş! Film döredijilik şahsyýetiniň jemgyýetdäki wajyp orny baradaky düýpli filosofiki oýlanma. Gaýnap duran gyzgyn tempramentde bir demde edilen bi film bir sekundam ünsüňi biparh goýmaýar. Eser meniň pikirimçe iň ýokary baha mynasyp!… «Arsenale» Halkara kinofestiwalynyň baş hünärmeni, kino öwreniji Žanete Winere: — Awtor-režissýor Orazmyrat Gummadowyň «Mollanepes» filmine uly gyzyklanma bilen tomaşa etdim. Režissýoryň kino sungatynyň özüne mahsus täze-täze dil gözlegleri, bu babatda obrazly baý tapyndylary, garaşylmaýan sýužet öwrümleri, original stili, çeper obrazly çözgüdi meni haýran galdyrdy. Bu film kinematografiýa sungatynda örän seýrek gabat gelýän «Awangard» akymynyň ýagny, ertirki nesilleriň paýyna düşýän eserleriň hataryna şübhesiz goşup bolar diýip hasap edýärin. Sungat ylymlarynyň kandidaty, dramaturg Aşyr Mämiliýew: — Gummadow ile meňzemeýän üýtgeşik artist, üýtgeşik režissýor, üýtgeşik adam. Tebigatyň tebigy kanunyna görä islendik döredijilik şahsyýeti öz eserinde öz içini döküp, özüni beýan edýär. Gummadowyň eserlerem edil özi ýaly üýtgeşik! Onuň sungatynyň esasy häsiýeti, çuňluk! Biz öň Kemine şahyr hakda ýüzleý pikirde ekenik. Hat-da Kemineden alymlyk dissertassiýasyny goran alymlaram, Keminä gynansagam ýeňil, ýalňyş garaýan ekenler. Gummadow özüniň «Kemine» filminde şahyry bütinleý täzeçe açyp, türkmeniň milli ruhy emläginiň biri bolan akyldar, weli Keminäniň hakyky ýüzüni türkmene gaýtaryp berdi… Onuň «Mollanepes» filmi dünýe we adam temasyna düýpli aralaşan tükeniksiz kän syrly, kän gatlakly film bolup çykdy. Biz Mollanepesi uly Tähran Halkara kinofestiwalynda dünýä meşhur bolan Polýak kinorežissýory Zanussa görkezdik. Ol filmi gördi-de, haýran galyp Gummadow hakda: «Dogrusy men türkmeniň beýle ýokary hilli kinosynyň bardygyny bilmeýärdim. Bu film Sergo Paradjanowyň meşhur «Naryň reňki» atly filminiň belent derejesini ýatladýar. Bu oglan örän zehinli, ýiti režissýor. Siz bu ýigidi ýitiräýmäň, goraň, goldaň!» diýip menden haýyş etdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Gummadowyň şägirtleriniň biri, (Suratkeş) Gurbangeldi Gurbanowyň halypasy hakynda aýdan sözleri: — Orazmyrat Gummadowyň daş-töweregine bolan täsir ediş ukyby, edil jada barabar diýsemem ýalňyşmazmykam diýýän. Ol meniň çagalykdan sazanda bolmak arzuwymy uly üns bilen diňläp, maňa birnäçe diýseň jaýdar, diýseň ýerlikli soraglary yzly-yzyna ýagdyrdy-da, özüniň ynandyryjylyk keramaty bilen, ýarym sagadyň içinde meniň sazanda bolmak arzuwymy bütinleý başga tarapa, suratkeşlige öwürdi oturyberdi. Indi görüp otursak, wagtyň, durmuşyň ykrarnamasyna görä, ol ýalňyşman ekeni. Meniň ýene bir üýtgeşik wakany ýatlasym gelýär. «Mollanepes» filminiň gyzgalaňly taýýarlyk döwrüdi. 2-3-günden filmi surata düşürip başlamalydyk. Şol günleriň biri gije sagat üçde halypa maňa jaň edip, tizden-tiz ýanyna gelmegimi haýyş etdi. Menem uly dowula düşüp ýanyna barsam, ol uly ylham bilen ýanyp duran gözlerini uçganakladyp «Men kinony öňki ýazan ssenarimiz boýunça aljak däl, ol sungatda ýörelen, geçilen ýol. Sungatda ýörelen ýoldan ýöreseň aýyp bolar, gören-eşiden näme diýer?! Kelläme täze pikir, bütinleý täze ter çözgüt geldi» diýip, öňki tassyklanan ssenarini bir gijäniň içinde ýüz göterim başga tarapa öwürdi oturyberdi. Ertesi ol ala-daňdanlar, döredijilik toparymyzy söm-saýak aýaga galdyryp, özüniň täze meýilnamasy bilen tanyşdyranda, döredijlik toparymyz aňk bolup, ep-esli wagt agyzdan-dilden galdy». Gummadowyň kino ylymlarynyň kandidaty, ilkinji kino alymy, meşhur kino hem-de teatr dramaturgy, kinorežissýor merhum Baýram Abdyllaýew hakda ýatlamasy: — Baýram Myradowiç Abdyllaýew bilen biz «Kemine» filmini halk köpçüligine hödürledik. Şondan soň ol, meniň hakyky bahamy öz ýanyndan çendenaşa ösdürip, hemişe maňa «sen genial režissýor» — diýer ýörerdi. «Mollanepes» filmi dünýä inensoň Baýram aga filmi görüp ol maňa «Men häzir aladalyrak, meň özüm saňa jaň ederin, duşuşarys, gürleşeris» diýdi-de, zym-zyýat bolup ötägitdi. Şondan soň ol ýarym ýyla golaý dürli bahanalar bilen, bilmedim nämüçindir, menden gaçyp başlady… Meniň bolsa, onuň «Mollanepes» filmi barada pikirini bilesim gelýärdi. Baýram agaň kino sungatyna baha berişi köplerden düýpgöter üýtgeşikdi, düýplidi, çuňňurdy. Çünki ol türkmen kino sungatynyň taryhynda ilkinji we ýeketäk hakyky kino alymydy, kino tankytçysydy. Men onuň bilen duşuşyga garaşa-garaşa ahyry Baýram Myradowiçiň pikirdeş, galamdaşy Lora Grigorýewna Stepanskaýa ýüzlenmeli boldum: — Siz oňa aýdyň, men onuň film baradaky pikirini diňlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» – diýip, sözümi soňlap-soňlamankam Stepanskaýa hezil edip güldi-de, gürrüňe başlady: — Baýram agaň «Mollanepesi» kän gezek çintgäp-çintgäp gözden geçirendigini maňa aýtdy we filmiň onuň halys howuny basýandygynam menden gizlemedi. Esere doly düşünmän birden o hakda tagaşyksyz bir zatlar ýöňkäp ýalňyşaýmaýyn — diýip, onuň şol ýaýdanyp, çekinip ýörşi — diýdi. Men Stepanskaýa: — Siz oňa meň adymdan berk duýduryň! Goý ol birjikde çekinmesin, şol adam film hakda ýagşydan-ýamandan bir zat diýse men razy, onuň islendik ýalňyş pikirem meň üçin örän gymmatly diýip aýdyň — diýdim. Edil şol günüň ertesi Baýram aga maňa jaň edip: — Men seniň görejiňe göni seredip ýüzüňe diýdigim hasap edäý! Sen «Kemine» filmiňden soň genial režissýordyň, indi Mollanepesden soň sen iki gezek genial režissýor bolduň! Gönimden gelsem, men bu düýpsiz, çuňňur pelsepeli filme durkum bilen çümüp, ony doly boýlap, ondan başymy alyp çykyp bilmedim… ýöne… bu Beýik eseriň ölmez-ýitmezligine weli açyk göz ýetirdim, mese-mälim duýdum — diýip, telefony goýdy — diýip aýdan gürrüňini makalasyna ýerleşdirmegi-de Orazmyrat aganyň döredijilige özündenem, özgelerdenem juda talapedijiligini görkezýär. Onuň döredijiligi hakynda Sungat ylymlarynyň kandidaty, alym tankytçy Sähragül Janmämmedowanyň ýazan uly göwrümli makalasyndan bolsa, Orazmyrat Gummadowyň döredijiligi, halypalyk ussatlygy hakynda ýene-de kän-kän zatlary bilip bolýar. Esasanam onuň kärdeşi bilen Orazmyrat aga hakynda film taýýarlandyklary diýseň begendirdi. Onuň makalasyny okyjylar öň okandyrlar. Şeýle-de bolsa, ol makalany şu ýatlamamyza näler goşasym geldi ýöne, makalamyzyň has uly bolmazlygy üçin saklandyk. Oram kaka hakynda biri-birinden gyzykly, täsirli ýatlamalar juda kän. Olary bir makalada ýerleşdirmek asla mümkin däl. Halk içinde gazanan abraýyň bilen ýagşylykda ýatlanmak welin, uly mertebe, ömürlere bakylyk bagyşlaýan bagtdyr. Akgül SAPAROWA Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/orazmyrat-gummadow-gozelligin-asygy/. 13.10.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |