17:28 Salyh Aýdogdyýew: şygryýetiň täsin owazy | |
SALYH AÝDOGDYÝEW: ŞYGRYÝETIŇ TÄSIN OWAZY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Islendik adamyň döredijiligi hakynda gyzyklanma döredýän sebäp bolýar. Bu ýagdaý şahyr, mukamçy kompozitor, ussat sazanda, özboluşly labzy bilen gaýta-gaýta diňledip bilýän mahmal owazly bagşy Salyh Aýdogdyýewiň döredijiligi dogrusynda-da şeýle. Aslynda men onuň geçen asyryň segseninji ýyllarynda metbugat neşirlerinde çykýan goşgularyny okaýardym. Şu pursat kitap tekjämde duran bir kitap ýadyma düşdi. Birnäçe tanymal ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň ýygyndysy ýerleşdirilen «Şatlyk gözleginde» at bilen 1988-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan kitapda-da Salyh Aýdogdyýewiň «Bir gözellikde däl, zähmetde gaýym, Dokan halysyna, ähli il maýyl, Goý! — artsyn dabaraň, gün geldik saýyn, Ezberligi! — hemmä, nusga eden gelin» diýip jemlenýän «Halyçy gelin» hem-de «Dillen, läläm» atly goşgulary bar. Şol kitaby çap bolan wagtlary satyn alypdym. Diňe şu mysaldan çen tutanymda-da, men bu şahyryň döredijiligi bilen tanyşlygyma eslije ýyl bolýar. Ýöne onuň «Ozan» lakamynyň bardygyndan habarym ýokdy. Arada «Türkmen owazy» teleýaýlymynda zehinli estrada aýdymçymyz, dutarçy bagşymyz Gülşirin Geldimyradowa bilen taýýarlanan gepleşigi diňläp otyrkam ol: «Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň birnäçesi «Ozan» şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar» diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol «Bagşy gyzyň hyzmatyňda dur Watan!» diýip häzirki beýik derejelere ýeten ýurdumyzyň waspyny taryplaýan buýsançly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Onuň bu aýdymyny öňem Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda guralan uly dabarada diňläpdim. Ajaýyp zamanaly eziz Watanymyzyň hyzmatyna çagyryş ýaly ýaňlanýan bu aýdymyň Salyh Aýdogdyýewiň goşgusyna dörän aýdymdygyny welin, şol gepleşigi diňlänimde bildim. Aslynda «Ozan şahyr» diýip eşitsemem, nusgawy edebiýatyň şahyrlarynyň biridir öýdüp ýördüm. Onsoň bir gün goşgularyny uly höwes bilen okaýan kärdeşim Dürnabat Aşyrowa: «Joram, «Ozan» lakamly şahyr Salyh Aýdogdyýewiň döredijiligi hakynda gyzyklanýan. Oňa näme üçin şonuň ýaly lakam berildikä? Onuň ýaly lakamyň eýesi bolmak oýun zat däl» diýip geňirgenip başymy ýaýkadym. Ol: «Sen onuň aýdym ýazgylaryny diňläp gördüňmi? Ol alym hem bagşy, ökde sazanda hem gowy sazlar döreden ussatlaň biri. Kän kitaplary çap bolan halypa. Özüm-ä onuň aýdym ýazgylaryny şeýle gowy görüp diňleýän. Her gezek diňlänimde-de kakam pahyryň aýdymlaryny diňleýän ýaly bolup aglaýan. Arhiw ýazgysy galmadyk bolsa-da, kakam pahyram dutar çalyp aýdym aýdardy. Owazam edil «Özan» şahyryň sesine juda meňzeşdi» diýip gürrüň berdi. Söz sungaty bilen iş salşyp ýören kärdeşimiň bu gürrüňi hasam täsir etdi. Onda näme maňa bu barada şu çaka çenli aýtmadyň?— diýsem, «mirasy öwrenip ýöreňsoň özüň bilýänsiň öýtdüm-dä» diýdi. Haýyş bilen ondan tarypy ýetirilen aýdym ýazgylary diňlemäge alyp, maşgalamyz bolup diňledik. Diňläniňe degýän aýdym bolanda gaýta-gaýta diňledýär. Halkymyzyň kalbynda ýaşaýan meşhur aýdymlaryň sazyna sanalýan täze goşgularyň sözleriniň özboluşly täsin owaz bilen ýaňlanmagy bar ünsümizi özüne örkledi. Öwran-öwran diňledik. Her aýdymyň heňine görä sözleriniň many-mazmunynyň sazlaşykly owaz bilen aýdylmagy, sazynyň ussatlyk bilen çalnyşy diýseň jüpüne düşüpdir. Sanardan kän şol aýdymlaryň sazynyň ussatlarça çalnyşy gyzyklanmamy artdyrdy. Tanyş-bilişlere jaň edip, bu barada soraşdyrdym. Ahyry onuň özüniň hemem aýalynyň 2018-nji ýylda 63 ýaş «akgoýun» toýy mynasybetli Gökdepäniň Ýaňgala obasyndan Sylap Atdaýew atly ildeşimiziň surata düşüren dokumental filminiň ýazgysyny tapdym. Şol ýazgynyň üsti bilenem «Ozan» şahyryň döredijiligi, maşgala durmuşy barada kän zatlar bilmäge mümkinçilik döredi. Tüweleme, Salyh aga türkmeniň gol doly maşgala diýýän döwletli maşgalasynyň eýesi eken. Giňden ýazylan toý saçagynyň başynda ýan ýoldaşy bilen oturan Salyh aganyň daş-töwereginde jemlenen ogul-gyzlaryny, agzy ýaşmakly gelinlerini, agtyklaryny synlap hakyky türkmençiligiň edep-terbiýesi bilen terbiýelenen deňli-derejeli, döwletli maşgalany synlap ýüze syldyk. Onuň goşgusynda: «Dört çynarym, üç deregim, Bilbil saýrar üçegimde» diýip aýdyşy ýaly dört ogul, üç gyz perzendinden ýaýran agtyklary-da eslije bar. Pygamber ýaş toýy her kimiň arzuw bilen toýlaýan toýlarynyň biri. «Ozan» şahyryň bu toýy mynasybetli gutlamaga baran tanymal, döwletimiz tarapyndan uly-uly sylaglaryň eýesi bolan sungat wekilleriniň gutlag sözlerini diňläp başladym. Çykyşlar kän, ýöne men käbirleri hakynda gysgajyk durup geçjek.Türkmenistanyň halk artisti, 60-dan gowrak meşhur aýdym-sazlary döreden mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýew Salyh aganyň Bäherdenlidigi, onuň ilki paýtagtymyzdaky 5-nji orta mekdepde, soňra Türkmen döwlet politehniki institutynyň «inžener-gurluşykçy» fakultetinde ýokary bilim alandygy, kop ýyllar organ işinde işländigi, belent adamkärçiligi, ýiti zehini hakynda kän gowy sözleri aýdyp, özüniň «Mähirli» atly döreden sazyna onuň goşgy ýazandygyny, şol aýdymam ilkinji gezek Türkmenistanyň halk bagşysy Mäne Garaýewiň ýerine ýetirendigini gürrüň berdi. Arhiwden Akmyrat Çaryýew bilen kimdigini gözüm saýgarmady bir gyjakçynyň sazandarlyk etmeginde Mäne bagşynyň şol aýdymy ýaş mahalynda ýerine ýetiren ýazgysy berildi. Görüp otursak şahyryň 1996-njy ýylda ýazan goşgusyna aýdylýan bu aýdymyň döredilenine 30 ýyl bolup barýar. Dogrusyny aýtsak köpler ol aýdyma halk aýdymdyr öýdýärdi. Esasy ýeri şol aýdym häzirki wagtda-da ýaşlar tarapyndan uly höwes bilen aýdylyp, teleradio ýaýlymlarda, baýramçylyk dabaralarda halkymyza ruhy lezzet bagyşlap gelýär. Bu aýdym «Türkmen owazy» teleýaýlymy tarapyndan şekilli görnüşe-de geçirildi. Salyh Aýdogdyýewiň «Hormat», «Gojalar», «Watan», «Ezizim», «Sergin şemallar», «Kararym», «Gabanma meni» we başga-da teleradioýaýlymlarda häli-şindi ýaňlanyp duran gowy aýdymlary kän. Ol aýdymlaryňam birnäçesi şekilli görnüşe geçirildi. Salyh aganyň goşgusyna Türkmenistanyň halk bagşysy Aman Gowşudow hem (jaýy jennet bolsun) aýdym döredipdir, birnäçe aýdym-sazlaryny nota-da geçiripdir. Ol öz gutlag sözünde: «Bir mahal çagalar neşiri bolan «Mydam taýýar» gazetinde Salyh Aýdogdyýew diýen bir awtoryň «Aşgabat» atly goşgusyna gabat geldim. Şol goşga aýdym döretjek bolanymda ýene-de iki bent köpeltmeli boldy. Şeýlelik bilenem goşgynyň awtoryny gözledim. Şonda Salyh Aýdogdyýew bilen ilkinji gezek tanyşdym. Ol aýdyşym ýaly edip, gözümiň alnynda derrew goşgynyň ýene iki bendini düzdi» diýip, şol döreden aýdymyny özi sazandarlyk edip ýaşajyk şägirtleri bilen ýerine ýetirýär. Salyh aganyň Pygamber toýy kän adamlaryň arhiw ýazgysynyň miras galmagyna sebäp bolupdyr. Ol ýazgyda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Geldi Bäşiýewiň, Türkmenistanyň halk artistleri Juma Ýazmyradowyň, Gurbannazar Atakgaýewiň, Gülşirin Alyjanowanyň başga-da kän ussatlaryň biri-birinden täsirli çykyşlary bar. Sungatyň içinde gaýnap, ýiti zehinleri bilen özlerini halkymyz tarapyndanam, döwletimiz tarapyndanam ykrar etdirip, bakyýete göç edensoňlaram sungatlary bilen hakydalarda, ýüreklerde ýaşap ýören halypalaryň ählisiniňem ilki bilen Salyh Aýdogdyýewiň belent adamkärçiligine, galyberse-de onuň «Ozan» tahallusy bilen tanalýandygyny aýdyp köptaraply döredijiligine beren bahalary oýlandyrdy. Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydowyň ynha, şeýleräk mazmundaky gürrüňleri bolsa, biygtyýar şu makalany ýazmagyma sebäp boldy. Ol: «Özan» lakamy bilen tanalýan halypamyz Salyh Aýdogdyýewiň maşgala ojagyna kän barardym. Onuň goşgularyna köp aýdymlar aýdýaryn. Şu günki toý gününde gynançlyrak bolsa-da, halypamyň 33 ýaşynda biwagt aramyzdan giden nowbahar ogly Şawelini ýatlamagy ýerlikli hasap etdim. Sebäbi her gezek şu mukaddes ojaga gelenimde ilki bilen gapyny açyp garşy alýan Şawelijandy. Şol sebäpli halk aýdymlarymyzyň gamgynyrak heňine «Ozan» halypamyň «Perýat» atly goşgusyna aýdym taýýarlap getirdim» diýip, ogullary Han bilen Owazgeldiniň sazandarlyk etmeklerinde: «Jigerbendim, janym ogul, Çekem ahy-zaryň seniň. Arkadagym, hanym ogul, Çekem ahy-zaryň seniň. Şum ajala duşsaň zaman, — Amanada bermez aman, Ömrüň gysga, kysmat ýaman, Çekem ahy-zaryň seniň. Göz guwanjym merdikärim, Hoşniýetli namys-arym, Ýas baglady toýly törüm, Çekem ahy zaryň seniň. Güler ýüzüň görebilmen, Halyň sorap barabilmen, Köňli birýan biçäre men, Çekem ahy-zaryň seniň. Ýylgyryp bakýar suratyň, Sen üstünde bedew atyň, Ir goýduň çagalaň ýetim, Çekem ahy-zaryň seniň. Käbäň eneň bagrygirýan, Dynman aglar ýortup her ýan, Biribardan diläp iman, Çekem ahy-zaryň seniň. Ozan, bagtyň güli soldy, Özüňden öň balaň öldi, Aňymda armanyň galdy, Çekem ahy-zaryň seniň» diýip aýdym aýtdy welin, goşgynyň sözleri bagyr awusynyň yzasyny çekip oturan «Ozan» şahyryň ýürek agysy bolup eşidildi. Tolgunmadan ýaňa bogazym dolup gözýaşlarymy saklap bilmedim. Kerim şahyryň: «Öz balaňy eliň bilen jaýlama»… diýen setirlerini gaýtalap, salanyna gaýrat bersin, eziz Alla — diýip doga-dileg etdim. Şaweli neressäniň bedew atyny gujaklap duran, at çapyp barýan suratlaryny, Salyh aganyň söhbedini edip duran çapyksuwar, seýis ogly bilen düşen suratlaryny film arkaly synlap durşuma nädip galama ýapyşanymy-da duýmadym. Entek hiç wagt ýüzbe-ýüz görmedik bolsam-da, il-günüň sylaýan ojagynyň eýesi bolan «Ozan» şahyrymyzyň maşgalasyna duýgudaşlyk bildirip başardygymdan pikirimi kagyza geçirdim. Soňra-da kärdeşim Dürnabada jaň edip okap berdim. Ol: «Ozan» şahyr hakynda menem bir zatlar ýazypdym» diýdi. Oňa «Kyn görmeseň şol ýazanyňy maňa beräý-dä!» diýip haýyş etdim. Ol öz pikirini şeýle beýan edipdir. Şahyryň birnäçe şahalara bölünýän döredijiliginiň haýsyna ýüzlenseňem täsinlikler dünýäsine düşen ýaly bolup, şygyrýet ýolunda edilen täsin açyşlara, täze öwrümlere gabat gelýäň. Söýgi temasyna köp ýüzlenýänem bolsam şahyryň diňe yşky liriki goşgulary hakynda gürrüň edip, çäklenip bilmerin. «Ozan» ady bilen tanalýan ussat halypamyz Salyh Aýdogdyýew hakynda gürrüň gozgalanda ilki bilen bir waka ýadyma düşýä. Ir döwürler — ýaňy bir sözüň asyl manysyny seljerip ugran wagtlarym Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýewiň «Musulman» diýen aýdymyny söýüp diňlärdim. Goşgynyň ahyrynda: «Ozan, nesip ömür kändir, Amanadyň—şirin jandyr. Soragy nury-imandyr, «Alla» diýp öler musulman» diýen setirlere gulak asyp, nusgawy şahyrlarymyzy ýatladyp duran bu agramly, agras, çuň manyly setirleriň awtorynyň hut şu günki günlerde-de aramyzda ýaşap ýörendigini göz öňüme-de getirip bilmezdim. Okanyňda dürli ahwallara salyp, kalbyňy joşa getirýän pikirleriniň juda agraslyk hemem çuň many bilen ýürege emir edişi, her bendiň ýa-da goşgynyň ahyrynda täsirli jemlenişi ussadyň söz baýlygynyň, ylymynyň nä derejede ýokarydygyny äşgär edýär. Şygyrlardaky many birikmeleriniň goşgynyň düzgünine ussatlyk bilen salnyşy, awtoryň ýüregindäki ruhy ahwalyň, duýgularyň şygryň üsti bilen diýseň owadan hem näziklik bilen beýan edilişi, iň esasam goşgynyň manysynyň kalbyňy bogun-bogun söküp bilmegi aklyňy haýrana goýýar. Onuň «Yhlasym» atly goşgusynda: «Ýüregmiň urgusyn gönezlik edin, Goruň akylymdan bolmasyn çetin, Çaka bil baglama zehinden bidin, Dürs pikir ummanna dolgun yhlasym» diýişi ýaly goruny akyldan alan dürs pikirler, ýürek urgusyndan edilen gönezlik, çaka bil baglanman, hakykata ýugrulan umman ýaly sazlaşykly setirler ajaýyp şygyrlara teşne kalbyňy heýjana salýar. «Ozan» halypanyň türkmeniň ýatdan çykyp barýan gadymy dil baýlygyny yzygiderli ulanyp, milli dilimizi ör boýuna galdyryşy we her goşgynyň aşagynda okyjy üçin söze düşündiriş berişi, onuň buýsanjymyz bolan ene dilimize hormatynyň çäksizdigini subut edýär. Şahyryň goşgularynda türkmeniň ganyna siňen haýyr-sahawata, alkyşdyr keramata, sogaba we sabyr-kanagata gadyr goýmak, ynsany bezeýän merdi-merdanalyk, mähremlik, rehimdarlyk, adalatlylyk, ahlak arassalygy, maşgala mukaddesligi ýaly häsiýetlere eýermek terbiýeçilik ähmiýetli wesýet hökmünde seriňe dolýar. Şeýle-de şahyr şygyrlarynyň üsti bilen ýaramaz häsiýetleri berk ýazgarýar. Iň esasy zat bolsa Hakdan içen, tebigy zehinli şahyrymyz Salyh Aýdogdyny ýakyndan tanaýan adamlar onuň goşgularynyň ählisiniň özünden üzňe däldigine, goşgularynda gönüden-göni öz gylyk-häsiýetleriniň suratlanyp durandygyna göz ýetirýär. Çyn şahyrlaryň şygry hiç haçan öz häsiýet-gylygyndan üzňe bolup bilmeýär. Şahyryň beýik şygryýet dünýäsine aralaşanyňdan soň ýaşaýyş düýpgöter üýtgeýär, dünýägaraýşyň özgerýär. Megerem şonuň üçin bolsa gerek şahyryň şygyrlarynyň ýüzlerçesi bu günki eşretli zamanamyzda teleradioýaýlymlarda we toýlarda Türkmenistanyň Halk artistleri Pälwan Hamydow, Parahat Şyhymow, Läle Begnazarowa, şeýle hem Şadurdy Baýjykow, Rahman Rahmanow, Gurbanmyrat Annanepesow, Gülşirin Geldimyradowa, Aýgül Ýagşyýewa ýaly ýurdumyzyň belli-belli tanymal bagşylarynyň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar. Salyh Aýdogdynyň kitaplaryny okaýan wagtyň daşyňy gurşap alan barlykdaky bolup geçýän wakalaryň ählisi öz manysyny ýitirýär. Çünki, ruhuň, kalbyň eýýäm has ajaýyp ýerde — şygryýetiň jadylaýjy şähristanynda seýran edýär. Teşne kalbyňy köwser suwy kimin gandyrýan, ruhuňy baýdak ýaly al-asmanda galgadýan sözüň jadysy muşdagy bendiwan edip, onuň erk-ygtyýaryny şol şygyrlaryň örüsine salýar. Seriňi sämedýän ajaýyp şygyrlaryň yşky aň älemiňdäki barça pikirleriň, ownuk-uşak aladalaryň üstüne atanak çekýär. Şol pursat gülüň daşynda perwaz urýan bal arysy, ýa-da oda owsun atýan perwana kysmy şol şygyrlara maýyl bolýarsyň. Öňki okap geçen sahypalaryňa gaýtadan onlarça gezek dolanyp baranyňy soň-soň bilip galýarsyň. Şahyryň «Saýlanan eserler I we II tomy», «Jenneti-nury iman», «Bir gözel gelin», «Ynsap ata», «Teşnelik mukamy», «Şamçyrag», «Serwer», «Alkyş aýdýas Arkadaga!» atly birnäçe kitaplarynyň gözümiň öňünde hatarlanyp durandygyna garamazdan köp wagtlap onuň hut birinden hem çykyp bilmän oturyşymyň sebäbi hem şunda bolsa gerek… Her gün säher bilen asuda, abadan Watanymyzyň täze daňyny garşylap, Watan gözelliginden gözleriň ganman, säher şapagyny ýüze sylýan wagtyň «Ozan» halypamyzyň aýdym bolan «Watan» atly şygry aň älemiňde ýaňlanyp başlaýar: «Diýaryny şirin jandan eý görýän, Bagşy ogluň hyzmatyňda dur Watan! Zehin siňen yhlasyny gaýgyrman, Bagşy ogluň hyzmatyňda dur Watan! Arkadagyň öwüt-pendine daýym, Güýç aýaman zähmet çekmäge taýyn. Mübärek alkyşym—ülüş serpaýym, Bagşy ogluň hyzmatyňda dur Watan!» Öz aýdyşy ýaly hakykatdan hem halypamyz güýç gaýgyrman zähmet çekýär. Ussadyň Watana, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza milli buýsanjymyz bolan Tugumyza, Tugramyza, türkmen halysyna, ady äleme dolan ýelden ýüwrük bedewlere, görüm-göreldesi nesillere nusgalyk gojalarymyza, mährem enelermize, sungata, tebigata, zenan gözelligine we mukaddes söýgä bagyşlan goşgularynyň hem agramly bölegi bagşylarymyzyň dilinde aýdym bolup, döwletli-döwranly döwrümizde halkymyzyň toý-baýramlaryny bezeýär: «Ýaşyl tug dünýäde parlap, Saçyp dur ýalkym, Arkadag! Gahryman oglun hormatlap, Guwanýar halkyň, Arkadag!» diýip, halkymyzy bagtyýar döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyzy alkyşlap ýazan onlarça şygryny aýdym edip halkyna serpaý eden şahyr türkmen bedewine bolan söýgüsini şeýle beýan edýär: «Dagda keýik, çölde jeren, boz maral deý bakyşly, Balaman, laçyn kowuşly, tursa towşan böküşli, Kişňeýip, çar paýa galsa, täsin toýnak kakyşly, Jylawy, eýer-esbaby göwher zerbap nagyşly, Türkmeniň uçar ganaty-buýsanjym bedew atym! Ozan aýdar, saba-säher kümüş ýalyn daranym, Her nalyna altyn çaýyp, gül görküne garanym, Ýaşyl Tuguň saýasynda Tugra keşbin bezänim, Milli baýram-şan-şöhratyň, ady arşa uzanym, Türkmeniň uçar ganaty-buýsanjym, bedew atym!» Şahyr türkmeniň göz guwanjy dutar hakynda-da birnäçe şygyrlary döredipdir. Olar hem bu günki ajaýyp zamanamyzda bagşylaryň dilinde sena: «Beýik türkmen halkynyň göz guwanjy, Zeminiň ak süýdün emenim dutar. Babagammar pirdir sungatyň genji, Sowgadym, serpaýym, çemenim dutar». Ussadyň türkmen halysy hakynda: «Pederleň Watana çuňňur söýgüsin, Zenan ýüreginiň näzik duýgusyn, Geçmişiň beýanyn, şatlyk-gaýgysyn, Türkmen halysynyň keşbinde gördüm…» diýmegi onuň Watana, halkymyzyň milli baýlyklaryna bolan guwanjynyň bimöçberdigini äşgär edýär. Aýratyn bellenilmeli zat bolsa, ussadymyzyň müňlerçe goşgularyny kagyza seretmän, ýatdan aýdyp bilýänligidir. Aklyňy haýran edýän zehiniň eýesi haýsydyr bir goşgusyny agzan wagtyň şol goşgyny şol bada tapyp, öňüňde goýýar. Halypanyň döredijilige aýratyn sarpa goýmagy, eserlerini aýap-ýygnap, apalap saklamagy, onuň aşa ykjamlygy, işine ussatlygy, döredijilige çemeleşende özünden-de, özgelerden-de juda talapedijiligi köplere göreldedir. «Ozan» halypanyň nakyla öwrülip kalbyň jümmüşine siňýän setirleriniň güýjüni bir söz bilen beýan etmek çetin… «Ajal — algyr laçyn, jan bir kepderi, Hiç kese okatmaz täleý depderi. Aň aýlasaň öz başyna ylymdyr, Her bendäň dünýewi durmuş mekdebi» diýmek bilen ol ynsanyýet kowmunyň «täleý depderini» ylyma esaslanyp, ýiti aň arkaly, ýürek duýgulary bilen beýan edýär. Onuň ejizlän göwnüňe aram berip, ýaraly kalbyňa melhem bolýan şonuň ýaly müňlerçe baýlygy özünde jemlän kitaplary akyl hazynasy kimin tutuş aňyňy, durkuňy özüne baglap durandyr. Muşdagy bendiwan eden goşgular islendik ýagdaýda ýürek mukamyň bolup hüwdüleýär-de, binjalyk duýgularyňy rahatlandyrýar. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä gadymy döwürlerde dünýä inen oglana tä ol ulalyp, il-gün tarapyndan öz mynasyp adyny alýança at dakylmaz eken. Haçanda ol belli bir ýaşa ýetip, görnükli, il bähbitli iş bitirip, halk tarapyndan at alandan soň ol ýigit adyna mynasyp — at eýesi hasap edilýän eken. Gürrüňini edýän halypamyza hem il-gün tarapyndan «Ozan» adyny beren ýaşuly nesillermiz juda mamla. Çünki, Ozan şahyryň şygyrlary türkmeniň ölmez-ýitmezliginiň nusgasy. Ussat halypamyz Salyh Aýdogdynyň goşgularynda akyldar Magtymguly Pyragynyň aýdyp ýetişmedik agras, asylly, goýazy we paýhasly setirleri häzirki döwrümiziň ajaýyp durmuşynda belentden ýaňlanýan owaz bolup eşidilýär. Watansöýüjiligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, maksada okgunlylygy, ruhubelentligi, mertligi beýan edende Seýdini, Zelilini, Mätäjini tirsegine galdyrýan Ozan halypanyň yşgy-liriki şygyrlary yşk mülküniň şasy Mollanepesi, Mämmetweli Keminäni ýatladýar. Halypamyzyň şygyrlary ähli nusgawy şahyrlarymyzdan bogulan çemendir. Salyh Aýdogdynyň goşgularyny okan adamlar onuň her setiriniň alymlar üçin ylmy iş bolup biljekdigine-de göz ýetirerler. Çünki, ol şygyrlardan öwrenmeli zatlar sanardan kän, olaryň asyl manysyna düşünmegiň özi hem okyjydan ummasyz uly zehin başarnygy talap edýär. Şygyrlaryny okanyňda ýüzlerçe kitaplaryň içinden kalby-ýüregi, aňy bilen ýüzüp geçen Ussadymyzyň ylym taýdan diýseň kämil şahsyýetdigine, onuň dünýägaraýşynyň örän çuňdygyna göz ýetirýäň. Il şahyra ýöne ýere «Ozan» diýmeýär. Piri Babagambar bolan keremli dutara bolan söýgüsi çäksiz ussadymyz ajaýypdan-ajaýyp sazlaryň hem 14 (on dört) sanysyny döredip, halka serpaý edipdir. Olardan halypanyň: «Ýalkym», «Serpaýym», «Şasuwar», «Türkmen şuglasy», «Bedew atym» ýaly meşhur sazlaryny çalan wagty göýä diýersiň gülüň üstünde uçganaklaýan kebelegi ýatladyp duran barmaklary tara degmezden owaz döredýäne çalym edýär. Halkymyzyň ýürek mukamy bolup ýaňlanýan şol sazlar bu gün döwürdeş sazandalarymyzyň höwes bilen çalýan sazlaryna öwrüldi. Salyh Aýdogdyýewiň aýdymlaryny hut özüniň ýerine ýetirmeginde diňlän adamlar bir ynsanda sungatyň dürli ugrundan zehiniň jemlenendigine göz ýetirerler. «Ozan» halypanyň aýdym aýdyş aýratynlygy hem ýokary derejede. Aýdymlarda bagşynyň gaýadan gaýdýan ýaly inişleri, goşgynyň manysyna görä akyp bilişi, aýdymlaryň içine siňişi, ýugrulyşy, goşgulardaky ruhy ahwallary öz ýüreginiň üstünden geçirip, gaýnatmasy, beýan edilýän wakalaryna görä aýlawlary duýguçullyk bilen diňleýjä ýetirip bilişi, sözüň doly manysynda şygryň aglan wagty aglap, şatlanan wagty joşup, ýürekden çykýan mährem ses birikmelerine sazlamagy diňleýjini durky bilen özüne kökerýär. Pessaýdan ýognas ses bilen däne-däne edilip, düşnükli we akgynly aýdylýan aýdymlar diňleýjä goşgynyň manysyny doly tirip ýetişmäge mümkinçilik berýär. Ozan halypanyň öz döreden şygyrlaryna aýdýan aýdymlaryny bolsa, diňe gözüň bilen görüp, gulagyň bilen eşidäýmeseň söz bilen beýan etmek başartmaýar. Salyh Aýdogdyýew milli bagşyçylyk sungatymyzyň sütün halypalary Sahy Jepbara, Magtymguly Garla — (Çuwal bagşa), (Sygan bagşy) adyny alan—Orazgeldi Ylýasa, öz işleşen halypasy Mäne Gara şeýle-de türkmeniň ussat sazandalary Pürli Sary, Mylly Täçmyrat, Jepbar Hansähet, Çary Gurban, Döwran Täçmämmet ýaly halypalara hem uly hormat hökmünde şygyr döredip, şol şygyrlaryň aýdym bolup halka ýetmegini gazandy. Aýdym meselesinde-de, ägirtlerimizi tirsegine galdyryp bilýän Salyh aga duýgy bilen zehin sazlaşanda kalba has ýakyn bolýan aýdymlaryň emele gelmek keramatyny hem aňryýany bilen görkezmegi başarypdyr. Şonça ylym we düşünje, pikir we duýgy siňdirilen, şygyrlardaky wakalaryň oduna tutaşyp, bulagynda gaýnaýan, şygryýetiň giň asmanynda ganat gerip uçýan şahyryň, sazandanyň — bagşynyň aýdymlaryny diňlemek bilen biz ýene bir zada doly göz ýetirýäris. Sungat — beýik gudrat! Täsirli goşgulary bilen ynsan kalbyny gozgalaňa salýan şahyr Salyh Aýdogdyýewiň sözlerine Rejep Rejebow, Rejep Gutlyýew, Aman Gowşudow, Akmyrat Çaryýew, Orazmyrat Annanepesow ýaly birnäçe halypalar, Kerwen Aýdogdyýew, Gurbanmyrat Baýjykow ýaly ençeme zehinli ýaşlar ýüzlerçe aýdymlar döretdiler. Şahyr Salyh Aýdogdynyň binýady berkden gurulan maşgalasyna guwanjymyzyň çägi ýok. Ussadyň ýanýoldaşy Abat gelnejemize bagyşlan «Abadym» atly aýdym bolan şygry bolsa, şahyryň tutuş türkmen zenanlaryna, olaryň ene kesbine, öý-ojagyna, mähir-yhlasyna goýýan hormaty we sarpasy bolup ýaňlanýar. Onuň ýürek kelamy bolan bu aýdymy: «Neslimiň buýsanjy Kybla — käbesi, Altyn hazynasy, at-owazasy. Ozanyň ojagnyň ary-namysy, Göwher göwün, ýürek bagym Abadym!» diýip jemlenýär. Men hem şägirt hökmünde gaýtalanmajak zehiniň eýesi, halypamyz — (häzirki) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» atly medalyň eýesi, aýdym-saz sungaty boýunça dürli ýyllarda geçirilen halkara bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi, zähmet weterany, «Ilkinji aýdym», «Düýş ýorgudy», «Bu dünýä gelmek bilen» ýaly birnäçe kitaplary daşary ýurt dillerinde terjime edilen — «Ozan» şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan şu makalamyň dowamynyň dowam boljakdygyny uly ynam bilen aýdyp, türkmen şygryýetiniň beýik wekilleri, edebiýatyň synmaz sütünleri bolan Türkmenistanyň Halk ýazyjylary, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow ýaly ägirtlerden ak pata alan «Ozan» aga mundan buýana-da galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýärin» diýip, makalasyny şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň Salyh Aýdogdyýewyň ylahy zehinine «Biziň ömrümiziň köp bölegini Garagum çölünde ýaşap, ol hakda uly göwrümli eser-roman ýazyp, doly suratlandyryp bilmedik gözelligimizi, «Ozan» şahyr bir goşgusynda çuňňur mazmunly çeper suratlandyrmagy başarypdyr» diýip aýdan jümlesi bilen jemläpdir hemem Salyh Aýdogdyýewiň şol goşgusyny dolulygyna ýazgy edipdir. Makalanyň has uly bolmazlygy üçin goşgyny aýyrmaly bolduk. Şol goşgyny «Ozan» şahyryň 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň binasynda ýokary derejede geçirilen döredijilik agşamynyň wideoýazgysynda onuň öz okamagynda, şeýle-de şol dabarada onuň ezberlik bilen çalan sazyny diňläp, sazanda hökmünde-de, ussatlygynyň gözli şaýady bolduk. Şahyr bilen dürli ýyllarda teleýaýlymlar üçin taýýarlanan söhbetdeşliklerde onuň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň ýazgylaryny diňledik. Gyjakda çalýan sazlaryny welin, belki ýeneki toý-baýramlarda diňläris. Akgül SAPAROWA Çeşmesi:https://www.atavatan-turkmenistan.com/salyh-aydogdyyew-sygryyetin-tasin-owazy/. 12.10.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |