12:39 Ybraýym pygamberiñ asyl watany | |
HEZRETI YBRAÝYM PYGAMBERIÑ (a.s) ASLY TÜRKMENISTANLYMY?
Taryhy makalalar
B.e.öñ 20-nji asyrda Yrakda doglan Hezreti Ybraýym halkynyñ gepleşik dili bolan şumer dilinde gepleýärdi. Şumerologlaryñ aglabasy bu dili türki dillere degişli hasaplaýarlar. Her iki diliñ arasynda anyklanylan 300-den gowrak meñzeş sözler (esasanam dini adalgalar) bardyr. "Udug" bilen "Iduk", "Tengri" ("Tañry") bilen "Dengir" sözleriniñ meñzeşligi ilki bilen ünsüñi çekýän aýratynlykdyr. Munuñam üstesine edil prototürk dilinde bolşy ýaly şumer dilinde-de "Tañry" adalgasynyñ ikinji manysy "Gökdür". Şumer dini tekstlerinde hem "Ösümlikleriñ ruhy" hökmünde, hemem tomsuñ ortaky aýyny añladýan "Dummuz" sözüniñ bütin türki dillerde "Temmuz", "Tomuz/ Tamuz" görnüşinde ulanylýandygy-da diýseñ ünsüñi çekýär. Hezreti Ysmaýylyñ üsti bilen arap diliniñ, Hezreti Yshagyñ üsti bilenem ibrany diliniñ atasy hasaplanan Hezreti Ybraýymyñ bu dillere beren "Kudsi" we "Mukaddes" sözleriniñ prototürk dilinde "Kut, "Kutsal" (türkmen dilindäki "gutlamak, "gutly bolsun" sözlerine üns beriñ, terj.belligi - H.T) sözleri bilen ýakynlygy-da üns çekiji aýratynlyklaryñ biridir. Hatda käbir dilçi alymlar sami dillerindäki "Adem/Adom" sözüniñ "Atam", "Hawwa/Ýewa" (How ene, terj.belligi - H.T) sözüniñ "Ýawa" (prototürk dilinde "bitewiligiñ parçasy" manysyny berýär), "Şeýtan/Satan" sözüniñ "Jaýtgan" (prototürk dilinde "jaýdyran", "azaşdyran" manysyny berýär) sözüne meñzeşligine hem ünsi çekýärler. Dünýä atçylyk taryhy boýunça işleýän alymlaryñ aýtmagyna görä şumerler Merkezi Aziýanyñ Günbatar sebitlerinden (Änew töwerekleri, terj.belligi) Mesopotamiýa barypdyrlar. Gadymy şumer çeşmelerinde we häzirki Türkmenistanda Mary, Özbegistanda Semer ýaly birmeñzeş ýer-ýurt atlarynyñ gabat gelmegi, Hezreti Ybraýymyñ kakasynyñ ady bolan Azeriñ Merkezi Aziýada müñlerçe ýyllap ulanylyp "azeri" sözüne esas bolmagy bu garaýşa goşmaça delildir. Heniz çaklama etabynda bolan bu garaýşa görä Hezreti Ybraýymyñ Ýafetik (Merkezi Aziýaly) kökli bolaýmagy juda ähtimaldyr. "Gurhanda" agzalmaýanam bolsa, "Töwratda" agzalýan Hezreti Ybraýymyñ üçünji aýaly Kanturadan (Kantorah) bolan ogullarynyñ "uly ýaýlalar bilen gurşalan, derýalaryñ añyrsyndaky bir ýurda gitmegini" bu çaklamalary öñe sürýänler Hezreti Ybraýymyñ ata-babalarynyñ gelen ýerine (Türkmenistana) "hanif dinini" (ýekehudaýlylygy) wagyz etmäge gidipdirler diýip düşündirýärler. Ýa-da romanyñ (Ahmet Turgutyñ "Türk pygamber Bozgyryñ syry" romany, terj.belligi - H.T) öñe sürmegine görä bu sebite Hezreti Ybraýymyñ töresine bagly prototürk dilinde gepleýän pygamberler gelipdir. Şol sanda şamanizmiñ tersine, paganiki däl - ýekehudaýly "Gök Teñri" ynanjynda doñuz etini iýmek beýleki ybraýymçy dinlerdäki ýaly haramdyr. Hatda bu jandary gargyş siñen haýwan hasaplaýarlar, towşany iýmegem halanylyp durulmandyr. Gurbanlyk düşünjesi hem edil yslamdaky ýalydyr. Bu nukdaýnazardan "Gök Teñri" ynanjynyñ "Gurhanda üç ýerde (2/62, 5/69, 22/17) agzalýan "sabi dinidigini" aýdýan alymlaram bardyr. Hezreti Muhammet (s.a.w) tarapyndan hem birnäçe gezek agzalan "Kantura ogullary" diýlen halkyñ türk(men)lerdigi eýýäm birnäçe asyr bäri aýdylyp gelinýär. Özüne "Arab-y Müstarabe" (araplaşan) diýen Hezreti Muhammedi (s.a.w) mekgeli müşrikleriñ süteminden goramaga çalşan agasy Ebu Talyp öz ýazan goşgularynda alys illerden kömege geljek garyndaşlaryndan söz açypdyr. Onuñ goşgularynda "Eftalit" ýaly hun taýpalarynyñ ady-da geçýär. Hatda Kerbela gyrgynçylygynda Hezreti Hüseýiniñ (r.a): "Goýberiñ, derýanyñ añyrsyndaky illere (Mawerennahra) gideliñ" diýip häzirki Türkmenistany göz öñüne tutandygyny arap-yslam taryhçylarynyñ özleri aýdýar. Şeýle-de Hezreti Hüseýiniñ (r.a) şehit edilmeginden soñ Ehli-Beýtden birnäçe adam Emewi süteminden gaçyp, gürrüñi edilen ýurda (Türkmenistana) gelipdir. Şol wagtyñ şertlerinde Türkmenistana gitmekden has amatly bolan Kawkaza we Anadola gitmän, ala-böle Türkmenistana gidilmegi ýokarda agzalan maglumatlardan Ehli-Beýtdäkiler habarly bolmaly diýip düşündirýärler. Ak hunlaryñ (eftalitler, abdal türkmenleri, terj.belligi - H.T) ýurdy bolan häzirki Mazary-Şerif şäherinde (häzirki Owganystanda, terj.belligi - H.T) Hezreti Alynyñ (r.a) mazarydygyna ynanylan zyýaratgäh hem bardyr. VIII asyra degişli abbasy çeşmelerinde Merkezi Aziýadan gelen türk(men) ilçileriniñ özlerini tanadanda: "Ybraýym Ýalawaç atamyzdyr, Ysmaýyl bolsa agamyzdyr" diýendikleri hem göz ýumup bolmajak delilleriñ biridir... Ahmet Turgudyñ "Türk pygamber Bozgyryñ syry" romanyndan bölek", "Profil" neşirýaty, Stambul-2011, 241-242-nji sahypalar). | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||