ÝENE-DE ÝAGŞYLYK ET!
Ykbalyň eçilýän ajaýyplyklaryny görüp, durmuşda bagtly, asuda ýaşamaklyk ýaşaýyşyň manysy. Emma kä halatlarda duýdansyz ýagdaýlarda kimdir biriniň saňa dogry düşünmezligi zerarly böwrüňe dürtmesi, sapaly pursatlaryňa ýakymsyz täsir edýär. Seniň gazanýan üstünlikleriňegyýa seredip, sähel amatly pursat tapsa, ajysyny pürkýän adamlara-da durmuşda gabat gelmek mümkin. Näme üçindir olar özgeleriň bagtyýarlygyna buýsanmakdan geçen, gaýta erbet pikir-hyýallara gulluk edýärkäler?! Dogry. Beýle pursatda jana nähoş ýakýanýakymsyz sözleri eşideniňde seniň göwnüň ynjar hem-de bada-bat gaharlanmak bilen bolarsyň. Ýöne beýle ýagdaýda özüňe çydam, erk edip saklanyp bilen halatyňda, egsik düşünjä eýerýänlerseniň maksadyňdan el sowduryp bilmezler. Öz bähbidini ileri sürýänlere gahar-gazap bilen özüňi gynaman “daş bilen urany aş bilen ur” diýilişine edeniňde seniň hoşgylawly artykmaçlygyň emele geler. Onsoňam şowsuz diýen pursatlaryňda hem göze görünmeýän nähilidir bir bähbit ýatandyr.
Gahar-gazabyň dörän halatynda ýagdaýa dogry düşünmeklik, dogry seljerip gowy netije çykarmaklyk üstünlige eltýän ýollaryň biridir. Bu ýagdaýda “namys” atly ata atlanmak gerek. Çünki namysjaň adamlarda gahar-gazap dörän ýagdaýynda,üstünlige tarap aýlanýan çarh tizligini has-da artdyrýar. Netije-de ýetilmeli, öňde goýlan maksadyňa, üstünlik atly pellehanaňa tiz ýetmeklige ýardam edýär. Munuň üçin erki elden bermän, sabyr edip, nämäniň-nämedigini sessiz aýan etmeknetijeli hereketiň özenidir.
Islendik kişiniň saňa bolan garaýyşy möhüm däl. Esasy seniň kimligiňdedir. Sen durmuş atly meýdanda her-hili şowly we şowsuzlyga uçrap bilersiň. Emma islendik pursatdaözüňe erk edip ýagdaýy dogry seljermek wajyp. Esasy zat öz bolşuňy saklamagy başarmaly. Näsaz matlappällä başardygyňça ýagşy häsiýetleriň bilen olaryň pikiriniň nädürsdigini aýdyňlaşdyr. Ýa-da olar bilen jedele girip tutaşdyrberseň nädogry düşünjeliniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan pursadyny alyp göterdigiň bolar. Sen jedel odyny tutaşdyrma-da, gaýta uçgunlan ýagdaýynda ýagşy ahlak häsiýetleriň bilen söndürmegi başar! Halk arasynda şeýleräk söz bar: “Ýagşylyga – ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga – ýagşylyk är kişiniň işidir”.
Saňa kemsidiji sözler aýdýanlar bilen deň bolup, hatda kiçiräk gozgalaň döretmeklikdüýbünden ýalňyş hereketleriň biridir. Sen onuň ýaly dawagäriň sözüne gulak gabartma-da sen özüň bol, beýle ýagdaýda saklanmagy başar! Bimany sözleýänlerden mümkingadyr daşda durmaklyk bagtdyr we üstünlikdir. Ýakymsyz garaýyşyny syçradyp maksadyňa zeper ýetirýänleriň pirimlerinden böküp geç!
Şeýleräk bir tymsaly ýatlalyň. Ir döwürlerde bir daýhanyň eşegi guýa gaçypdyr. Eşek aňňyryp, töwerek-daşy ala-goh edip, eýesini kömege çagyrypdyr. Daýhan guýynyň ýanyna gelip eşegi çykarmagyň alajyny gözleýär. Emma daýhan şeýle pikir edipdir: “Eşek garry. Indi uzak ýaşasam ýok. Mengowysy başga eşek edineýin. Guýyda-da idili suw hem ýok. Öňdenem ony gömüp, başga ýerden täze guýy gazaýyn diýip ýördüm. Ynha amatly pursat. Porsap ýatmaz ýaly, eşegem gömüp dynaýyn” – diýipdir.
Ol guýyny gömmek üçin goňşy-golamlaryny kömege çagyrypdyr. Kömege gelenler ýerli-ýerden pilini dolduryp, guýa gum oklap başlapdyr. Eşek nämäň-nämedigini derrew akylyna aýlap, aňňyrmaga başlapdyr. Birdenem tapba sesini kesipdir. Hemme kişi muňa geň galypdyr. Ýene üç-dört pil gum oklansoň, daýhan guýynyň erňegine baryp, aşak seredip görüpdir. Ol özüniň gözlerine ynanmandyr. Üstüne düşýän gumy silkip aýryp, eşek barha ýokary galyp barýarmyşyn. Basym eşek guýynyň agzyndan görnüp başlapdyr, derrewem böküp guýydan çykypdyr.
Ýandepderçämde bir akyldaryň şeýle sözleri bar:
“Saňa ýamanlyk edýänlerden ar almagyň iň gowy usuly – olaryň özi ýaly bolmazlykdyr!”
Guwanç MÄMIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyñ talyby.
Edebi makalalar