17:25 "Ýeñilmezek" lakamly Napoleony yeñen togsan bir ýaşly goja | |
"ÝEÑILMEZEK" LAKAMLY NAPOLEONY ÝEÑEN TOGSAN BIR ÝAŞLY GOJA
Taryhy makalalar
Adatça, sowet döwrüniñ taryh kitaplarynda 1812-nji ýylda bolup geçen söweşde Ýewropany basyp alan beýik fransuz serkerdesi Napoleony ilkinji gezek ruslar ýeñen ýaly görkezýärdiler. Ruslaryñ aýdylan senede Napoleona agyr zarba urandygy hak. Ruslaryñ fransuz basybalyjylaryna garşy şol aýgytly söweşi barada meşhur şahyr Mihail Lermontowyñ: "Aýtsana, eý daýy, pereñlilere, Goýup, çykmansyñyz siz ýöne ýere Ýangyn gaplan Moskwanyñ içinden. Şol söweşde asman-zemin gapyşyp Bolanmyş şeýlebir eýmenç garpyşyk! Borodino güni bolan çaknyşyk Rossiýañ ýadyndan çykanok şindem..." - diýip, başlanýan "Borodino" goşgusyny uly ýaşly okyjylarymyz gowy bilýändirler. Emma Osmanly türkmen döwletiniñ togsan bir ýaşly serkerdesi Jezzar Ahmet Paşanyñ ruslardan has öñ, 1799-njy ýylda ony it masgarasy edip ýeñendigi barada welin, häli-häzire çenli bilýän adam az. Napoleon Bonapart soñ-soñlaram Jezzar Ahmet paşadan ýeñleni ýadyna düşse, "Akkada öñümden çykylmasady, tutuş Gündogary basyp alardym!" diýip, ahmyr çekipdir. "Ýeñilmezek" lakamly Napoleony bilýänler, bu günki-gün Ysraýylyñ çäklerinde galan Akka galasynyñ eteginde onuñ eýmendiriji adyny ýere sokan togsan bir ýaşly goja Jezzar Ahmet Paşanyñ adyny kän eşden däldirler. • Jezzar Ahmet paşa we Akka galasy Müsüri we Palestinany añsatlyk bilen basyp alan Napoleon Akka galasyny birküç günüñ basyp alaryn öýdüpdir we Jezzar Ahmet paşanyñ salgysyna hat ugradypdyr: “Ynha, galanyñ etegine geldim. Bir aýagyny göre sokup oturan garrynyñ galan birnäçe günlük ömrüni almak maña hiç zat gazandyrmaz. Seniñ bilen urşup ýörmäli. Iñ gowsy, meniñ bilen dost bol-da, galanyñ açaryny getirip ber!” Jezzar Ahmet paşa gelen hata şeýle jogap ýazýar: "Hudaýa şükür, güýç-kuwwatymyz ýerinde, elim ýarag tutýar. Galan birnäçe günlük ömrümi jeñ meýdanynda geçirsem, oña ýetesi näme bar!” Meşhur fransuz serkerdesi Ahmet paşanyñ jogabyny okap, ýanyndakylara: - Düşnükli. Bu akly çaşan garry biziñ birnäçe günümizi biderek harçladasy gelýär. Zyýany ýok, iki güne ýetirmän şäheriñ depesinde baýdagymyzy dikeris! Napoleonyñ Akka gabawy tegelek altmyş dört güne çekýär. Her gezek öñküsinden artdyrylyp edilen çozuşlar hiç hili netije bermändir. Fransuz basybalyjylarynyñ her çozuşy yza serpikdirilipdir. Fransuzlar agyr ýitgä sezewar bolýar. "Ýeñilmezek" lakamly Napoleon galany goraýjylaryñ görlüp-eşdilmedik gahrymançylygyna haýran galypdyr. Ol ýokary wezipeli bir ofiserini ilçi hökmünde ugradyp, garşylygyñ peýda bermejekdigini, eger şäher boýun egse, Ahmet paşanyñ otrýady we ýaraglary bilen bile şäherden çykyp islän ýerine gitmegine idin beriljekdigini aýdýar. Emma Jezzar Ahmet paşa gelen teklibe gabagynam galdyrmaýar, gaýtam: - Döwlet bizi bu galany kesekiniñ eline ber diýip wezir etmedi. Men Jezzar Ahmet paşa - şehitlik mertebesine ýetmän, ýeke garyş topragy size bermejegim hak! - diýýär. • "Akkada öñümden çykylmasady, tutuş Gündogary basyp alardym!" Paşanyñ jogaby Napoleonyñ sabyr käsesini agdaryp taşlaýar. Ol täze çozuş meýilnamalaryny taýýarlap, topçulara gije-gündiziñ dowamynda Akka galasyny bombaladýar. Ýöne açylan gädiklerden şähere aralaşyp bilenler osmanly tüpeñiniñ tygyndan añry ýeke ädimem geçip bilmändirler. Bu masgaraçylykly ýeñlişe çydaman “Ykbal meni bir garrynyñ oýunjagyna öwürdi!” diýip gygyran Napoleon goşunynyñ ýarsyny ýitirip, 21-nji maýda yza çekilýär. Napoleon agyr toplaryny gömüp, Kaire dolanýar. Kairde-de işi ugruna gitmedik Napoleon 1799-njy ýylyñ 25-nji iýulynda iki gämi bilen gizlinlikde Müsürden gaçýar. Şeýlelikde, taryhyñ iñ meşhur serkerdeleriniñ biri hasaplanýan "Ýeñilmezek" lakamly Napoleon ömrüniñ iñ uly şarpygyny Osmanly türkmen döwletiniñ serkerdesinden alýar. Taryh bolsa, Napoleonyñ: "Akkada öñümden çykylmasady, tutuş Gündogary basyp alardym!" diýen sözüni hemişelik sahypasyna ýazypdyr. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||