15:40 Ýer titreme temaly goşgular | |
ÝER TITREME TEMALY ŞYGYRLAR
Edebi makalalar
Gynansak-da, öz geljegini kesgitlemekde şindizem belli pikiri bolmaz ýaly edilen, milletparazlygyñ, fanatizmiñ batgalygynda, gumanizmden, parahatçylykdan, dost-doganlykdan uzak durmuşda ýaşamaga mejbur edilen jemgyýet bolmagynda galýarys. Ylym-bilimi, akyl-paýhasy öñe tutmagyñ ýerine "takdyra ten bermegi", peýdakeşligi, harsal jaý gurluşygyny saýlap alanlary ýolbaşçy edip, geljegine dahylly kararlarda rol oýnama jogapkärçiligini janypkeşligini görkezmeýän jemgyýetde adamlaryñ pida bolmagyna, ýaralanmagyna, maýyp bolmagyna, öýsüz galmagyna, arzuw-hyýallarynyñ, umytlarynyñ tükenmegine ýol açan ýer yranmasy-da, heý, undularmy? Ýene bir gezek hernä ýaralaryñyzy gozgan däldirin-dä diýen umyt bilen şu ýazgymda ýer yranmasy bilen baglanyşykly şygyrlary ýatlap geçdim. • HASRATLY KARTINA Sümmaniniñ: "Bu gama şärikdeş ölüler, saglar, Görenler ah çekip, ýürekden aglar, Sarsyldy dereler, söküldi baglar, Her tarap gaplandy toza-dumana" setirlerini-de öz içine alýan şygyry 1893-nji ýylyñ Erzurum-Tortum ýer yranmasyndan söz açýan eserdir. Tewfik Fikret ogly Halygyñ dünýä inişini-de beýan eden 1895-nji ýylyñ Stambul ýer yranmasy baradaky ölmez-ýitmez "Zenzele" şygryndan başga-da "Biçärelere beriñ" ("Verin Zavallılara”) şygrynyñ soñunda bialaçlyga garşy döş geren adamy suratlandyrýar (1897-nji ýylyñ Balykesir ýer yranmasy): "Çuñ, zaryn ses bilen topragyñ göwsi, Gynanjyny söýlär ajy kartina. Siziñem ýüregñiz awaýar, elbet, (Şeýle dälmi näme?!) Goýuñ, garyp galan ýetimiñ, duluñ, Nokat goýuñ perýadyna, dadyna, Şu bir topar adamyñ!" • "ERZINJANDA GUŞ BAR" Aşyk Weýseliñem 1939-njy ýylyñ Erzinjan ýer yranmasy hakda ýazan şygrynda: Dyman bilbilleri, güller perişan, Gark bolmuş topraga, galmandyr nyşan. Kükrediksaý tolkunlara garyşan, Hany Ýewfrat bilen joşan Erzinjan" diýen setirler bar. Nazym Hikmetiñ Bursa türmesindekä "Kisämde berere zat ýok. Ýüregimden berdim" belligi bilen 1939-njy ýylyñ Erzinjan ýer yranmasyndan soñ ýazan: "Erzinjanda bir guş bar, ganatynda kümüş ýok. Gitdi, ýarym gelmedi, gaýry munda bir iş ýok. Oý, daglar, daglar, daglar... Aldy ellerine ganly başyny garyñ ortasynda Erzinjan aglar..." setirleri bilen başlaýan "Şum habar" şygry ýer yranmasy hakdaky ýatdan çykmajak şygyrlaryñ biridir. Nurullah Aýtaç bu şygyr hakda "Käte ýeke setir bilenem, bäş-üç sany söz bilenem ullakan surat çekmegiñ, bize birin-birin añ ýetirmegiñ diñe beýik senetkärleriñ işidigine şek-şübhe bolup bilmez" diýýär. Mustafa Seýit Sutüwen “Erizgan” atly şygrynda: "Şu ojak, şu jan alany Şu taryh güni" - diýýär. Zeki Ömer Defnäniñ şygrynyñ ady-da "Bu ýurt şeýdip aglaýardyr" ("Bu Memleket Böyle Ağlar”). • GYNANSAK-DA... Ryfat Ylgazyñ: Her kim ýene iş-güýjünde, Her kim ýene öz ýerinde setirleri bilen gutarýan "Tosýa zenzelesi" (1943) şygry we Nedret Gürjanyñ "Ýer yranmasyndan soñky ilkinji şygyr: Dinar" (1995) atly goşgusynyñ soñundaky: "Maşgalam sekiz parça! Daş daş üstüne bakja. Suprada sahan garaşýar. Merdiwan çykalgany Ýorgan-düşek, otaglar. Ýyljak ýerde ýatmagy... Suwsuz galdy çeçekler. Bükdi, boýnumy bükdi, Bükdi, Allahym bükdi..."[/i] - setirlerindäki adamzat dramasy ýer yranma hakykatynyñ poetiki beýanydyr. Käşgä, ýerem titremesedi, şeýle şygyrlaram ýazylmqsady. Emma bolaýýamy näme... Ýerem titräp dur, şeýle goşgularam ýazylyp dur, ýene-de ýazyljaga meñzeýär. Öner ÝAGJY. "CUMHURIYET" gazeti, 11.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |